Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

view-icon 535
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Moreli kabul etdi. Ol “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2011” atly halkara sergisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Soňky ýyllarda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirmek bilen, Pýer Morel Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany strategik hyzmatdaş hasaplaýar, onuň bilen hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, Türkmenistan hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara sarpa goýýar, olar bu gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir diýip belledi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Ýewropa ugry ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanmak bilen belläp, döwlet Baştutany we myhman bilim we ylym, ykdysadyýet, statistika, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde netijeli işleriň baý tejribesi şol gatnaşyklaryň kesgitleýji şertidir diýip bellediler. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan ýurtlaryň sebit üçin möhüm bolan ugurlaryň birnäçesi, şol sanda Owganystany ykdysady taýdan dikeltmek hem-de serhetleri goramagy we serhetýaka jenaýatçylygy, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy bilelikde göreşmegi hasaba almak bilen howpsuzlygy üpjün etmäge degişli meseleleri çözmekde köp ýyllyk netijeli gatnaşyklary hem ýokary baha mynasypdyr.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin strategiýasynyň çäklerinde giňeltmäge gyzyklanmanyň bardygyny bellemek bilen, Pýer Morel energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny ünsi çekdi. Şonda ol Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny hem-de onuň ählumumy energetika howpsuzlygyny berkitmekde ýokarlanýan ornuny nazara almak bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny belledi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn meýli Türkmenistan we ÝB 2008-nji ýylyň maý aýynda özara düşünişmek we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ýörite Ähtnama bilen berkitdiler. Bu resminama dünýä möçberinde uglewodorod serişdeleriniň ägirt gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň täze möhüm we uly umyt bildirilýän energetika maksatnamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanmagyny alamatlandyrdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barrozu bilen geçiren gepleşikleriniň çäklerinde bu iri möçberli taslamanyň ara alnyp maslahatlaşylmagy degişli ugurda möhüm ädim boldy.

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň belleýşi ýaly, Ýewropada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem türkmen Lideriniň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu goldaw üçin minnetdarlyk bildirip, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge täze çemeleşmeleriň işjeň tarapdary bolmak bilen, Türkmenistan öz eksport kuwwatyny artdyrmaga, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarjak köp ugurly, häzirki zaman we netijeli işleýän ulgamy döretmäge tarap anyk ädimleri ädýär diýip belledi. Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, häzir türkmen döwleti iri möçberli energetika taslamalaryna ägirt köp serişdeleri gönükdirýär, şol taslamalaryň amala aşyrylmagy üstüňe alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berk berjaý etmegiň özboluşly kepili bolup hyzmat edýär diýip belledi.

Öz baý serişdelerini dünýä bileleşiginiň hyzmatynda goýmaga taýýar Türkmenistanyň örän jogapkärli çemeleşmesine ýokary baha bermek bilen, Pýer Morel Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şol taslamalar onuň pikirine görä, Merkezi Aziýada möhüm orny eýeleýän Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge we özara düşünişmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, myhman energetika ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyna ýokary baha berdi. Däbe öwrülen iri halkara nebitgaz maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Oňa her ýylda dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň görnükli wekilleri gatnaşýarlar.

Nebitgaz sergisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatyň işine üstünlikleri arzuw etmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltjekdigine ynam bildirdi.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Pýer Morel Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösýän köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkin bolan ugurlary barada pikir alşyldy. Esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak ertir Türkmenistanyň degişli ministrliklerinde we edaralarynda meýilleşdirilen duşuşyklaryň barşynda dowam etdiriler.