Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Serdar” kabulhanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sýao Sinhuany kabul etdi.
Diplomat ýüzbe-ýüz duşuşykda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Buştutanymyza HHR-iň Başlygy Hu Szintaonyň mähirli salamyny gowşurdy we sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge Hytaýyň hökümetiniň we halkynyň uly ähmiýet berýändigini belledi. Sýao Sinhuanyň belleýşi ýaly, onuň Watanynda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen berk baglanyşygy bolan hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu aýyň ahyrynda boljak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň häzirki döwürde möhüm strategiki hyzmatdaş bolup durýan Hytaý bilen döwletara gatnaşyklaryny işjeň artdyrmaga meýillidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar diňe bir iki ýurdy bähbitlerine jogap bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy möçberde parahatçylygyň we durnuklylygyň pudgatalandyrylmagynyň aýrylmaz ugry bolup durýar diýip nygtady.
Türkmen Lideri türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedini kanagatlanma bilen belläp, Pekinde geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň uzak möhzletleýin, özara peýdaly esasda ýola goýulýan köp ugurly hyzmatdaşlyga iki dostlukly döwletleriň çemeleşmeleriniň täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini aýtdy.
Birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça özara pikir alyşdylar we gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, ýangyç energetika, ulag -aragatnaşyk we gumanitar ugurlardaky ägirt uly mümkinçiliklerini bellediler. Bellenilişi ýaly, türkmen-hytaý halklarynyň arasyndaky ynanyşmagyň hem-de birek-birege düşünişmegiň ýokary derejesi, döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli we netijeli ýola goýulmagy milli ykdysadyýetiň beýleki möhüm ugurlary boýunça ýygjam hyzmatdaşlyk üçin oňaýly binýat bolup durýar. Bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistan we Hytaý ýokary derejede üns berýär diýip duşuşykda bellenildi.
Söhbetdeşler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ählumumy ösüşiň meýillerine garaýyşlaryň birdigini nazara almak arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Milli we halkara ähmiýetli onlarça bilelikdäki möhüm taslamalar, ilkinji nobatda bolsa asyryň taslamasy adyny alan, dünýäl-de iň uzyn gaz geçirijisi bolan Türkmenistan-Hytaý ugry munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamanyň gurluşygy döwletara gatnaşyklarynyň hakyky ösüşini alamatlandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz netijeli we işjeň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, doganlyk hytaý halkyna bagt, gülläp ösüş we ählumumy abadançylyk arzuw etdi.
Duşuşyga hytaýly žurnalistler hem gatnaşdy. Dostlukly ýurduň Ilçisi bilen bolan söhbetdeşlikden soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň sowallaryna jogap berdi.