Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” Köşkler toplumynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabada gelen Federal daşary işler ministri jenap Gido Westerwelläni kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistana gelip görmäge we türkmen Lideri tarapyndan geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň miwelerini gözleri bilen görmäge örän şatdygyny nygtady, şol özgertmelere soňky ýyllaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiligi ägirt uly gyzyklanma bilen garaýar. GFR-iň DIM-niň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda bellenen döwlet Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk toýy bilen gutlap, türkmen halkyna abadançylygy we rowaçlygy, ähli başlangyçlarynda täze uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz mertebeli myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Germaniýa bilen däp bolan dostlukly, oňyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady, Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk bolsa taraplaryň tagallalary netijesinde okgunly ösüş depginine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň işjeň garaýşyna minnetdarlyk bildirdi, ol öz wagtyndaÝewropa Bileleşigine başlyklyk edýän ýurt bolmak bilen, ýörite strategiýany işläp taýýarlamagyň başlangyjyny öňe sürdi, şol strategiýa häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen uzakmöhletli özara gatnaşyklarynyň ugurlaryny kesgitleýär.
Duşuşygyň barşynda deňhukukly, özara bähbitli esasda guralýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanylyp pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we myhmanyň biragyzdan gelen pikirine görä, döwletara gatnaşyklarynyň syýasy ýagdaýy, halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça ynanyşmak we özara düşünişmek şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy bolup durýar, olar ikitaraplaýyn görnüşde hem, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde hem oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat edýär.
Gido Westerwelläniň nygtaýşy ýaly, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar we ylmy aragatnaşyklary ösdürmek Germaniýanyň we tutuşlygyna alnanda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandyny belläp, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän möhüm halkara başlangyçlaryny, şol sanda energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyjyny doly goldaýandyklaryny aýratyn nygtady.
Myhman energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny belli bir maksada gönükdirip durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň nukdaýnazaryny goldaýandygyny beýan edip, bu ugurda geçirilýän yzygiderli çärelere, şol sanda Aşgabatda wekilçilikli nebitgaz maslahatlar – tutuşlygyna bularyň hemmesi Türkmenistanyň açyklyk syýasatyna ygrarlydygyny we ählumumy bähbitler üçin halkara hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny belledi.
Milletiň Lideri häzirki wagtda dünýäniň ähli geosyýasy giňişliginiň ýagdaýyny kesgitleýän strategiki energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi barada söz açyp, Türkmenistanyň iri ýewropa, şol sanda german kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady, munuň özi olaryň ägirt uly ylmy we önümçilik kuwwaty, şeýle hem hyzmatdaşlyk borçnamalaryna örän jogapkärçilikli garaýyşlary bilen şertlenendir. Hazaryň türkmen böleginde deňiz ýataklaryny özleşdirmek babatda Germaniýanyň esasy “RWE” konserni bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk bu babatda nusga alarlyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara türkmen-german hyzmatdaşlygy meselesine gaýdyp gelip, iki tarapyň hem möhüm ugurlaryň ählisi boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi, türkmen we nemes halklarynyň arasyndaky ýakyn dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.
Mertebeli myhman Aşgabat baradaky täsirlerini beýan edip, bu şäheriň gözelligine haýran galýandygyny aýtdy. “Aşgabat ajaýyp we örän arassa şäher, elbetde, bu nemeslere ýaraýar. Megerem, biziň durmuşa bolan garaýyşlarymyz gabat gelýändir” diýip, Gido Westerwelle belledi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň daşary işler ministri umumy bähbitlere laýyk gelýän köp taraply döwletara hyzmatdaşlygyny üstünlikli dowam etdirmäge ynam bildirip, birek-birege bagt we üstünlikler arzuw etdiler.
Duşuşyga GFR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Raýner Morell gatnaşdy.
Şu gün Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal daşary işler ministri Gido Westerwelle Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada gyzyklanylyp pikir alşyldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde türkmen-german hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri we möhüm ugurlary barada düýpli söhbetdeşlik boldy.
Duşuşygyň barşynda nygtalyp geçilişi ýaly, “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasaty, biziň ýurdumyzyň işjeň gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklara taýýardygy doly derejede Türkmenistanyň we GFR-iň köp ýyllyk dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli işjeňleşdirmäge, ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Jenap Gido Westerwelle Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetinde hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutda duşuşyklary geçirdi. Şol duşuşyklar mahaly üstünlikli ösýän, köp ugurly türkmen-german hyzmatdaşlygyna we onuň mundan beýläkki mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy.
GFR-iň Federal daşary işler ministri şu günler paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2011” atly halkara sergisine hem baryp gördi, oňa dünýäniň 20-den gowrak kompaniýalaryň 100-e golaýy gatnaşýar. Mertebeli myhman Türkmenistanyň kuwwatly energetika mümkinçiliklerini, ösüşiň depginlerini we Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň geografiýasyny äşgär görkezýän uly möçberli ekspozisiýalar bilen gyzyklanyp tanyşdy.

* * *