Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly we döwlet durmuşyna degişli meseleleriň birnäçesine garaldy. Şeýle hem mejlisiň barşynda birnäçe resminamalara gol çekildi.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçiligindäki desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dolandyryş ulgamyna döwrebap tilsimatlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy häzirki döwürde jemgyýeti hem-de döwleti ösldürmegiň derwaýys we oňyn guraly bolur durýar diýip belledi. Munuň özi serişdeleriň maksadalaýyk peýdalanylmagyny we durmuşa geçirilýän guramaçylyk çäreleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny gazanmaga ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Mundan hem başga, maglumatlar ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýäniň ylmy-tehniki, ykdysady, maglumatlar, medeni giňişligine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertidir, bu bolsa ulgamyň öňünde duran wezipeleriň çözgüdine maksatnamalaýyn çemeleşmeleri üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şeýle hem milletiň Lideri döwlet dolandyryş edaralarynyň gözegçiliginde durýan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň yzygiderli utgaşdyrylmagy hem-de olara gözegçilik edilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň meseleleri barada aýtmak bilen, halkara jemgyýetçiliginde,şol sanda ykdysady diplomatiýa ulgamynda milli gyzyklanmalary ýola goýmak babatda Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri hakynda hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal daşary işler ministri Gido Westerwelle bilen bolan duşuşygyň netijeleri hakynda aýtmak bilen, onuň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde pudagara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip habar berdi.
Şeýle hem şu ýylyň 22-25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleriniň maksatnamasy, döwlet Baştutanymyzyň Pekin, Şençžen we Gonkong şäherlerine baryp görmegi bilen baglanyşykly meseleleri işläp düzmek boýunça jikme-jik hasabat berildi.
Hasabatda milli Liderimiziň döwlet saparynyň barşynda HHR-iň Başlygy Hu Szintao, bu ýurduň hökümetiniň we işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklarynyň meýilleşdirilýändigi hakynda aýdyldy. Ýokary derejede geçiriljek gepleşiklerden we ikitaraplaýyn resminmalara gol çekilmeginden başga-da, türkmen-hytaý işewürlik forumynyň we başga-da birnäçe çäreleriň, şol sanda medeni çykyşlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp halkara hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy Türkmenistanyň we hyzmatdaş ýurtlaryň, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ägirt uly kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini şertlendirýär diýip belledi we Germaniýanyň ägirt uly ylmy we önümçilik kuwwaty häzirki döwürde ýurdumyzda döwrebaplaşdyrmak özgertmeleriniň ýaýbaňlandyrylan pursadynda has-da zerurdyr diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen uzak möhletleýin özara gatnaşyklarynyň çäklerinde Germaniýanyň bu strategik taýdan möhüm sebitde ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň binýatlaryny berkitmekde ähmiýetli ornunyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen döwletiniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmakda eksport ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny Germaniýanyň giňden goldaýandygyna ýokary baha berdi.
Türkmenistan mundan beýläk-de halkara gatnaşyklarynyň işjeň we netijeli ýagdaýda giňeldilmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmaz diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e öňde boljak döwlet saparynyň derwaýys ähmiýete eýedigini nygtady we bu sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-gumanitar ugurlardaky gatnaşyklary täze belentliklere çykarmaga we olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge gönükdirilendir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde meýilleşdirilen dürli derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň mazmunynyň jikme-jik işlenip taýýarlanylmagy we tutuşlygyna iki döwletiň dostluk, doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga bolan meýilleriniň aýdyň nyşanyna öwrüljek saparyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we deputatlaryň ýerlerde durmuşa geçirýän çäreleri hakynda habar berdi. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň we iri halkara guramalary bilen alnyp barylýan işleriň kanunçylyk tejribesine oňyn täsiri bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýa ýoly we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ilerletmek wezipelerini çözmekde Mejlisiň yzygiderli işini pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Mejlisiň deputatlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz türkmen jemgyýetiniň durnuklylygynyň we bitewüliginiň berkararlygy köp babatda halkyň saýlan wekilleriniň ýerlerde durmuşa geçirýän çärelerine baglydyr diýip belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny taýýarlamak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu resminama halkara kadalaryna we ülňülerine laýyklykda gazna bazaryny kemala getirmek, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek üçin täsirli guraly döretmek, şeýle hem bu ulgamda işlemek üçin hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza nebitgaz enjamlaryny we turba önümlerini satyn almagy maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Hytaýyň eksport-import bankynyň arasynda bankara karz ylalaşygyny baglaşmak hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Hytaýyň Döwlet ösüş banky bilen Ylalaşyklara gol çekmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek babatda taýýarlanan döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini belledi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetde maliýe serişdelerini netijeli paýlamaga, daşarky we içerki maýalary çekmek üçin amatly şertleri döretmäge, häzirki zaman maliýe edaralaryny ösdürmäge, bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmaga, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadançylygyny mundan beýläk-de durnukly artdyrmaga ýardam eder diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, bu resminamany makullap, döwlet maksatnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Milletiň Lideri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň esasy banklarynyň arasynda karz ylalaşygyny baglaşmak meselesi barada durup geçip, hödürlenen resminamalara gol çekdi hem-de jogapkär ýolbaşçylara ýüzlenip, olaryň ýerine ýetirilişine ýeterlik gözegçiligiň üpjün edilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow öz gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem bu pudaklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hem-de mümkinçilikleri barada we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiz üçin gurluşyk pudagynyň uly ähmiýete eýedigini nygtap, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli çäginde senagat, durmuş-medeni ähmiýetli täze desgalaryň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň möçberli maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň kärhanalary has işjeň gatnaşýarlar. Olar häzirki zaman, ýokary netijeli tehnologiýalary ornşadyrmak bilen, işleriň ýokary hilini üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, potratçylara işleriň ýokary hilini üpjün etmek we desgalary şertnamalarda göz öňünde tutulan möhletlerde ulanmaga bermek baradaky talaplar hökmany suratda berjaý edilmelidir. Şunda milletiň Lideri raýatlarymyzyň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň ilatynyň bähbitlerini üpjün etmek möhümdir, ýurdumyzda amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň esasy maksady türkmenistanlylaryň abadançylygyny we durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip belledi.
Gurluşyk senagatynda zerur bolan ýokary hilli materiallary özbaşdak öndürmek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak hem örän wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milletiň Lideri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak esasynda ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallaryny öndürmekde ahyrky önümiň hil babatdaky kadalara hem-de ýerli howa şertlerine doly laýyk gelmegini üpjün etmek zerurdyr diýip aýratyn nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz gözegçilik edýän nebitgaz we himiýa toplumlarynyň pudaklarynda, şeýle hem balyk hojalygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça “Türkmenistanyň nebiti we gazy--2011” atly halkara sergisine we “Garaşsyzlygymyzyň 20 ýylynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşan daşary ýurtly kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri barada habar berdi.
Nebitgaz forumy dünýäniň nebitgaz işewürleriniň ägirt uly ýangyç gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bidirýändigini görkezdi. Ýurdumyzyň gündogarynda açylan Günorta Ýolöten—Osman, Minara we Ýaşlar ýataklarynyň toplumy ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwatynyň bardygyny görkezdi. Bu ýataklar toplumy öz serişdeler gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda durýar diýlip ykrar edildi. Häzir bu gorlaryň möçberi 26,2 trillion kub metr gaza barabardyr. Bu maglumatlary “Gaffney, Cline & Associates” (Beýik Britaniýa) halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz halkara barlaglary tassyklady.
Häzirki wagtda bu nebitgaz sebitinde geologiýa-gözleg we buraw işleri dowam edýär, goşmaça barlaglar geçirilýär. Munuň özi täze maglumatlary almaga we degişlilikde bu ýerde bar bolan ýangyç serişdeleriniň artmagy babatda täze baha bermäge mümkinçilik berer.
Şunuň bilen birlikde, türkmen hünärmenleri Günorta Ýolöten—Osman, Minara ýataklarynda ýüze çykarylan tebigy gazyň gorlary, şeýle hem golaýdaky meýdançalarda tapylan gaz känleri ägirt uly ýatak bolup durýar diýmäge esas berýän maglumata eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Baştutanyna şol ýatagy “Galkynyş” diýip atlandyrmak teklibini goldamak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan baý tebigy serişedelerine eýe bolmak bilen, olara türkmen halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň özboluşly kepili bolan milli ykdysadyýetini okgunly ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde garaýar.
Türkmen ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy ýurdumyzda bar bolan ýangyç serişdeleriniň gorlaryna esaslanýar. Türkmenistan şundan ugur almak bilen, häzir özüniň energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazyň çykarylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň we daşary ýurtlara iberilişiniň möçberlerini artdyrmak, ony dünýäniň iri Ýewraziýa bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlary bolup durýar. Häzir Ýewraziýanyň bazarlarynda bolsa energiýa serişdelerine bolan isleg durnukly artýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Günorta Ýolöten—Osman, Minara ýataklaryny we ýanaşyk ýataklary “Galkynyş” gaz käni diýip atlandyrmak hakyndaky” Karara gol çekmegi mejlise gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Soňra milletiň Lideri örän täsin tebigy gorlaryň ýangyç serişdelerini toplumlaýyn we netijeli özleşdirmegiň möhümdigini nygtady.
Dünýäniň esasy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk bu babatda uly mümkinçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şol hyzmatdaşlygyň meseleleri bolsa, hususan-da, golaýda Aşgabatda geçirilen halkara nebitgaz forumynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň amala aşyrýan açyk energetika syýasaty, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanan halkara başlangyçlarymyz, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň ählisi daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär diýip, milletiň Lideri nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, şu ýylyň 28-30-njy noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin we Şençžen şäherlerinde guraljak konsertleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bütin dünýädäki abraýynyň artýandygyny hem-de häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistana bolan ýokary gyzyklanmany alamatlandyrýan halkara çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Türkmen döwleti tarapyndan alnyp barylýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky gazanan beýik üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini dünýä ýüzünde wagyz etmäge, milli medeniýetimiziň ösdürilmegini hem-de baýlaşdyrylmagyny, halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny üpjün etmäge oňyn täsir edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli halkara medeni çäreleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda telearagatnaşyk ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär diýip bellemek bilen, onuň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna we talap edilýän ýokary hiliň üpjün edilmegine aýratyn üns berdi. Hususan-da, milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanda Internet ulgamynyň we aragatnaşygyň häzirki zaman tilsimatlarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär we telearagatnaşygyň yzygiderli ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi. Beýik Galkynyş eýýamynda bu işler döwrüň talaplaryna laýyklykda täze ösüşe eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanda milli emeli hemra aragatnaşygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň meslelerine degip geçmek bilen, milli Liderimiziň “Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamyny döretmek hakyndaky” Karara gol çekmegi ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen garşylandy. Döwlet Baştutanymyz milli hemra ulgamynyň kemala gelmegi ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň ösüşini çaltlandyrar, şeýle hem ol Internet hem-de telewideniýäniň işine oňyn täsirini ýetirer we ulgam Watanymyzyň halk hojalygynyň öňünde goýlan giň möçberli wezipeleri çözmek maksady bilen peýdalanylyp bilner diýip nygtady. Hususan-da, oba hojalyk meýdanlaryna monitoringi alyp barmaga, nebitgaz toplumy üçin barlaglary geçirmäge, ekologiýa gözegçiligini ýola goýmaga kosmos giňişliginden mümkinçilik bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aragatnaşyk pudagyny ösdürmekde ulgamyň kärhanalarynyň tilsimatlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek we häzirki zaman tehnikalaryna ýokary hilli hyzmat etmek hem-de ony netijeli ulanmak boýunça guramaçylykly we sazlaşykly işi üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hasabat bilen çykyş etmek üçin söz berlen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Hususan-da, wise-premýer şu ýylyň 24-26-njy noýabrynda “Bilim beýik Galkynyş eýýamynda” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, öňde boljak foruma interaktiw tehnikalaryň, barlaghana we lingafon enjamlarynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň we maksatnama üpjünçiliginiň önümçiligine ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-dan gowragy, birnäçe halkara guramalary, dünýäniň birnäçe döwletiniň ylym-bilim merkezleri ýurdumyzyň 50-ä golaý bilim edaralary we hususy kärhanalary gatnaşmaga isleg bildirdiler. Şeýle hem ylmy maslahatyň işine esasy türkmen hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň 30-syndan 60-dan gowrak alymyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaş nesilleriň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegi, ýurdumyzyň halk hojalygyny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi diýip belledi. Şunlukda, bu ugur boýunça halkara derejesindäki öňdebaryjy tejribäini öwrenmegiň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Halkara sergisi we ylmy maslahat bu ugurda nobatdaky netijeli ädim bolmak bilen, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikleri aýdyň beýan etmäge gönükdirilendir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz öňde boljak halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygy barada degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer pagta ýygymynyň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny aýtdy.
Şeýle hem M.Nurmämmedow ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynda güýzlük däne ekişiniň tamamlanandygyny we ýakyn günlerde beýleki sebitlerde hem ekişiň tamamlanjakdygy barada habar berip, galla ekilen ýerleriň köp böleginde göwnejaý gögeriş gazanylandygyny we häzirki döwürde olara ideg etmek işleriniň guramaçylykly alnyp barýlýandygyny nygtady.
Hasabatyň dowamynda bag ekmek möwsüminiň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzyň töwereklerinde häzirki döwre çenli 1 million 100 müň düýp agaç nahallarynyň oturdylandygy, bu işleriň guramaçylykly dowam edýändigi habar berildi.
Şeýle hem hasabatda şu ýylyň 21-22-nji noýabrynda “Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler“ atly halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk barada durlup geçildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda oba hojalyk toplumy boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň oňyn netije berýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýlelikde, şu ýyl dänäniň we pagtanyň ýokary hasyly ösdürilip ýetişdirildi, oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda, şol sanda maldarçylykda önümçiligiň möçberleri artdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň geljekki meýilnamalaryna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz oba hojalygyndaky ähli möwsümleýin işleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň derwaýysdygyny belledi we galla ekilen meýdanlarda geljekki bol hasylyň girewi bolan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda toplumlaýyn alnyp barylmagyny talap etdi.
Şeýle hem milli Liderimiz bag ekmek işlerini köpçülikleýin dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu işleriň talabalaýyk geçirilmegi biziň ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň gür baglyga bürenmegini üpjün eder diýip belledi.
Türkmenistanda daşky gurşawyň goralmagyna, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine toplumlaýyn başlangyçlaryň gönükdirilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda iri halkara guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär diýip aýtdy we geljek hepdede boljak halkara ekologiýa maslahatynyň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow öz gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem “EKSPO-2012” atly Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşiniň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu wekilçilikli forum geljek ýyl Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde “Janly umman we onuň kenarýakasy” ady bilen geçiriler. Oňa dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň hem-de esasy halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar. “Awaza syýahatçylygyň merjenidir” atly Türkmenistanyň ekspozisiýasyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiniň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Deňiz-derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öz diwarlyklary bilen “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Wekilçilikli forumyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň milli güni geçiriler. Umuman, “EKSPO-2012” dünýä bileleşigine milli ykdysadyýetimiziň häzirki eýýamda gazanan ähli üstünliklerini görkezmäge ýardam eder, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen täze işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de goşmaça maýalary çekmäge mümkinçilik berer.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary şeýle hem 2011-nji ýylyň 14-16-njy dekabrynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, her ýyl geçirilýän ykdysady gözden geçirilişde Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri ýeňil senagat, gurluşyk materiallary we enjamlar, mebel önümçiligi, durmuşda ulanylýan harytlar we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda öz tekliplerini hödürlärler.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň şeýle ähmiýetli foruma gatnaşmagy halkara bileleşigine öz gazananlaryny we üstünliklerini görkezmäge, şunuň bilen birlikde dürli ugurlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge mümkinçilik berer diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, “EKSPO-2012”-ä taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisiniň üstünde içgin işlmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugur boýunça işleri guramak babatda teklipleriň birnäçesini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini guramak meselesine degip geçip, häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar we milli ykdysadyýetleriň mümkinçiliklerini hem-de üstünliklerini nazara almak bilen ösüşiň täze sepgitlerine ýetýär diýip belledi. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde türk işewürleriniň nobatdaky gözden geçirilişi hem uly ähmiýete eýedir.
Milletiň Lideri bu forumyň üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm orna eýe boljakdygyny belläp, sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan ýollaryň we köprüleriň gurluşygynyň ýerine ýetirilişine hem-de Gurluşyk ministrliginde önümçilik kuwwatlyklarynyň ýagdaýyna we ulanylyşyna, şeýle hem Demir ýol ulaglary ministrliginiň işine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet ösüşiniň maksatnamalary we meýilnamalary tarapyndan kesgitlenen umumymilli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ähli pudaklaryň işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny talap edýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz barlaglaryň netijeleri boýunça düzümlerde ýüze çykarylan käbir kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylardan öz gözegçilik edýän pudaklarynda dowam edýän säwlikleri günübirin düzetmegi talap etdi we degişli ýolbaşçylara şunuň ýaly ýagdaýlaryň döremezligi üçin ähli pudaklarda kabul edilen kadalaryň birkemsiz berjaý edilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly meseläniň üstünde durup geçip, muňa taýýarlyk işlerine häzirki wagtdan başlamagyň, medeni we dynç alyş çärelerini ýokary derejede guramagyň, köçeleriň hem-de meýdançalaryň göwnejaý bezelmeginiň, teleradio gepleşikleriniň baýramçylyk günlerinde täze görnüşler bilen üstüniň ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we munuň özi dabaralara hakyky şatlyk we ruhybelentlik çaýmalydyr diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Täze ýyl arçalarynyň we olary bezemek üçin gerek bolan bezer serişdeleriniň, dürli oýunjaklaryň satuwyny ähli söwda nokatlarynda giňden guramak boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz çagalar üçin dürli görnüşli Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlamak, baýramçylyk arçalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini kesgitlemek, baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak we Täze ýyl mynasybetli geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygynyň şatlyk - şowhuna beslenmelidigini we onuň her bir türkmenistanly üçin ýatdan çykmajak şatlykly waka öwrülmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk abadançylyk we türkmen halkynyň parahatçylykly hem-de bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.