Ï Türkmenistanyň we Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň taryhy tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň taryhy tapgyry

view-icon 1004
Pekinde ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleri boldy

Şu gün bu ýerde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleri ägirt uly üstünlik bilen geçirildi, olar iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda ýene-de bir örän möhüm ädime beslendi.

Köp taraply ugurlaryň ählisi boýunça-syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze döwletara ylalaşyklarynyň uly toplumyna gol çekilmegi bilen tamamlanan ýokary derejedäki bu duşuşyk Türkmenistanyň we HHR-iň gatnaşyklarynda uly taryhy ähmiýeti bolan waka hem-de möhüm sepgit boldy, şol gatnaşyklary umumy maksatlaryň-parahatçylygyň, ösüşiň, progressiň we rowaçlygyň hatyrasyna oňyn hem-de netijeli gatnaşyklaryň nusga alarlykly mysaly diýip, doly hukukda atlandyrmak mümkindir.

Şu gün ir bilen türkmen Lideri «Dýaoýuýtaý» döwlet kabulhanasyndan çykyp, Pekiniň merkezi meýdançasy bolan Týananmen meýdançasyna tarap ugrady. Bu ýerde, Halk ýygnaklary öýünde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Halk ýygnaklary öýüniň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy mähirli mübäreklär. Iki döwletiň Baştutanlary dostlukly görşüp, zala barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Başlyk Hu Szintao bir-birini Türkmenistanyň we Hytaýyň hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyryp, bellenilen ýere geçýärler. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy hormat garawulynyň rotasynyň serkerdebaşysynyň raportuny kabul edip, esgerleriň hatarynyň öňünden geçýärler.

Dabaraly çäre tamamlanandan soň Başlyk Hu Szintao hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halk ýygnaklary öýüniň Kiçi günorta zalyna çagyrýar, bu ýerde ýokary derejede kiçi düzümde türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi.

Türkmen Lideri ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Hu Szintao hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-e döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirmek bilen öz ýurdunda bu sapara uly ähmiýet berilýändigini hem-de däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde baha berilýändigini belledi. Başlyk Hu Szintao Hytaýyň Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge çalyşýandygyny aýdyp, häzirki gepleşikler özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer hem-de oňa taraplaryň bähbitlerine we täze döwrüň anyk ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze depgini berer diýip ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hu Szintao Hytaýa sapar bilen gelmek baradaky çakylyk, mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Hytaýya abraýly hyzmatdaş hökmünde garaýar, onuň bilen gatnaşyklar strategiki esasda we uzak möhletli geljek üçin guralýar diýip nygtady.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar we onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, dokma pudagy, saglygy goraýyş, şeýle hem ýokary tilsimatlar ulgamlary görkezildi. Gumanitar ulgamynda özara gatnaşyklaryň möhümdigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Başlyk Hu Szintao Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny berkitmek hem-de giňeltmek barada bir pikire geldiler.

Iki döwletiň Baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara we sebitleýin syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra gepleşikler Uly gündogar zalynda, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy belent mertebeli myhmany we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryny mübärekläp, Hytaýa döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Hu Szintao öz ýurdunyň Türkmenistan bilen uzakmöhletli durnukly esasda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge üýtgewsiz çalyşýandygyny tassyklap, häzirki gepleşikler türkmen we hytaý halklarynyň bozulmaz dostlugy hem-de hoşniýetli erk-islegi bilen berkidilen döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar diýip ynam bildirdi.

Hu Szintao ýakyn wagtlarda Türkmenistan we Hytaý diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyny belläp geçer diýip, şu ýyllaryň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ýokary derejesini saklap galdylar, milli bähbitlere laýyk gelýän möhüm meseleleriň ählisi boýunça birek-biregi goldadylar diýip nygtady. HHR-iň ýolbaşçysy ähli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge we däp bolan özara gatnaşyklary çüňlaşdyrmaga hytaý tarapynyň hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan edip, belent mertebeli türkmen myhmanyna söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa gelip görmäge çakylyk üçin, Hytaý topragynda türkmen wekiliýetine myhmansöýerlik we mähirlilik görkezilendigi, netijeli bilelikde işlemäge döredilen göwnejaý şertler üçin Başlyk Hu Szintao minnetdarlyk bildirip, bu sapara Türkmenistanda iki döwletiň we halkyň gatnaşyklarynyň, ähli ugurlar boýunça işjeň ösýän hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar diýip nygtady.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistana we Hytaýa mahsus bolan özara düşünişmegiň we özara goldawyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Halkara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça ilkinji nobatda syýasy ulgamda iki ýurduň nukdaýnazary ýakyndyr ýa-da gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada köptaraplaýyn bähbitleriň sazlaşygyna we ýüze çykýan meseleleri çözmekde syýasy-diplomatiki usullara ygrarlylyga esaslanan mäkäm ulgamy döretmek babatda ýakyn hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.

“Bu meselelerde biziň ýurtlarymyz özara arkalaşykly hyzmatdaşlyk etmegiň täze usullaryny döretmäge iş ýüzünde uly goşant goşýar we sebitde oňyn ýörelgelere goldaw berip, dünýä bileleşiginiň jogapkär agzalary hökmünde çykyş edýärler” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni dowam etdirip, halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň oňyndygyny aýratyn belledi, munuň özi Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň anyk bähbitlerine laýyk gelýär, Aziýada we bütin dünýäde ýagdaýa oňyn täsir edýär. Bu babatda türkmen döwletiniň Baştutany HHR-iň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, hususan-da, energetika howpsuzlygyny, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge degişli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Şeýle hem, biz geljek ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2013-2015-nji ýyllar üçin agzalygyna geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň hödürlenmegini Hytaýyň goldamagyna ýokary baha berýäris” diýip türkmen Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň depginli ösüşini kanagatlanmak bilen belläp, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň 3 milliard 500 million amerikan dollaryndan hem gowrakdygyny mysal hökmünde getirdi. Bu görkeziji boýunça alnanda Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň örän iri ykdysady hyzmatdaşyna öwrüldi. Biziň ýurdumyzda hytaý maýasynyň gatnaşmagynda 37 kärhana işleýär, umumy bahasy 4 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý bolan we 2 milliard ýuandan gowrak bolan 66 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy.

Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalary nebitgaz we telekommunikasiýa ulgamlarynda, ulaglar pudagynda, oba hojalygynda, dokma, himiýa we azyk senagaty pudaklarynda, saglygy goraýyş ulgamynda we gurluşyk pudagynda işleýärler. Şunda ähli bilelikdäki başlangyçlarda hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň özlerini oňat tarapdan görkezýändiklerini Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlarynda, şeýle hem kosmos ulgamynda özara gatnaşyklar meselelerine ünsi jemläp, tagallalary özara peýdaly birleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdirdi. «Türkmenistan-Hytaý» strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy.

“Bu taslama umumy maksady bolan halkara energetika bazarlaryna ähli gatnaşyjylaryň – energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmegiň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly boldy. Häzirki wagtda biz, Hytaýyň ykdysadyýetiniň artýan isleglerini we Türkmenistanyň, hususan-da, ýurdumyzyň Günorta Ýolöten-Osman toparyna degişli ýataklarynyň serişde binýadynyň mümkinçiliklerini nazara alyp, hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen türkmen tebigy gazyny HHR-e ibermegiň möçberlerini has-da artdyrmagyň meseleleriniň üstünde işleýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hususan-da, şu maksat bilen häzirki sapara degişli döwletara Ylalaşygy taýýarlanyldy.

Şeýlelikde ýakyn geljekde Türkmenistan Hytaýa bir ýylda tebigy gazyň 65 milliard kub metrini ugradar.

Türkmenistan energetika babatda Hytaý bilen özara arkalaşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyr we hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň üpjünçilik ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan taslamalaryna gatnaşmaklaryny goldaýar diýip, türkmen Lideri bu meseläni dowam etdirmek bilen nygtady. Iki ýurduň energetika babatdaky hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir we uzakmöhletleýin geljege niýetlenendir diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşyny dowam etdirip, netijeli syýasy gatnaşyklar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk meseleleri türkmen-hytaý gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär diýip belledi.

Döwlet Baştutany gumanitar ulgamyň ileri tutulýan ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň uniwersitetleriniň we institutlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek barada pikiri aýtmak bilen, hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekin uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky maksatnamany işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň baý medeni we ylmy däplerini, olaryň birek-biregiň sungatyna we edebiýatyna örän uly özara gyzyklanmasyny belläp, Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet günlerini geçirmek hakyndaky gazanylan ylalaşygyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem, iki ýurduň ylmy edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrmagyň zerurdygyny bellenildi. Bu işleriň ählisi iki halkyň arasynda özara düşünişmegiň we hormat goýmagyň ýokarlanmagyna ýardam eder, dostluk gatnaşyklarymyzy has-da berkider.

Döwlet Baştutany öz çykyşyny tamamlap, soňky döwürde Türkmenistanyň Hytaý bilen gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berildi, biziň ýurtlarymyz hyzmatdaşlyk etmegiň düýpli hukuk binýadyny döretdiler diýip nygtady. Bu gün bolsa, täze, möhüm resminamalaryň birnäçesi bilen şol binýadyň üsti ýetiriler.

“Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça biz umumy, özara kabul edip bolar ýaly çözgütleri tapýarys. Biz muňa ýokary baha berýäris we birek-birege goldaw bermäge, arkalaşmaga iki tarapyň hem isleg bildirýändigi biziň gatnaşyklarymyzyň doganlyk we üýtgewsiz häsiýete eýe bolmagynyň, bu gatnaşyklary Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat eder” diýip, türkmen Lideri aýtdy.

(Jarnama bilen ylalaşylar we degişlilikde soňra habar beriş serişdeleriniň öňündäki çykyşa düzediş giriziler).

HHR-yň Başlygy türkmen-hytaý gatnaşyklaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň beren bahasy bilen doly razylygyny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolandygyny nygtady. Şunda Hytaýyň ýolbaşçysy ýokary, şeýle hem hökümetara we beýleki derejelerdäki saparlaryň ähmiýetini nygtady, olar oňyn döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

Başlyk Hu Szintao ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünligi, ýangyç-energetieka ulgamynda, şeýle hem gumanitar ulgamynda özara gatnaşyklar barada söz açyp, bu ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösmeginiň döwletara hyzmatdaşlygyny ýene-de has berkidendigini nygtady.

HHR-iň ýolbaşçysy özara goldawy iki ýurduň arasynda ýyl-ýyldan pugtalanýan gatnaşyklaryň möhüm şertleriniň biri diýip atlandyrdy, häzirki dünýäniň möhüm meseleleri babatda doly özara düşünişmegi görkezip, taraplar halkara derejesinde birek-birege goldaw berýärler. Başlyk Hu Szintaonyň aýdyşy ýaly, Hytaý geljekde hem möhüm oňyn başlangyçlaryň awtory bolup çykyş edýän Türkmenistany ähli hoşniýetli başlangyçlarda goldar. Bu babatda Hytaýyň lideri ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi, munuň özi iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär.

Hytaý Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýär, Türkmenistany ak ýürekli dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýär diýip, Başlyk Hu Szintao nygtady. HHR-iň ýolbaşçysy ýokary we ähli beýleki derejelerde gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada aýdyp, şu gün gazanylan ikitaraplaýyn ylalalyşklaryň we gol çekilmek bellenilen resminamalaryň netijeli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini hem belledi.

Başlyk Hu Szintao ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesini belläp, bu hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin esasda guralmalydyr diýip ynam bildirdi. Söwda maýa goýumlary, ulaglar, aragatnaşyk we teleulgamlar, himiýa senagaty, dokma, oba hojalygy, lukmançylyk, şeýle hem ýokary tilsimatlar we kosmonawtika ýaly ugurlarda netijeli gatnaşyklary hem mundan beýläk-de ösdürmek zerurdyr diýip, hytaý Lideri nygtamak bilen, bu babatda Hytaý köpugurly hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň nukdaýnazaryny we tekliplerini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny nygtady.

HHR-iň ýolbaşçysy öz çykyşynyň dowamynda sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme we serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreş alyp barmak ýaly möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek barada hem aýtdy.

HHR-iň Başlygy gumanitar hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, bilim, ylym we tehnika, medeniýet, habar beriş serişdeleri şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň Halk ýygnaklary öýüniň “Hebeý” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýere ýygananlaryň elçarpyşmalary astynda iki ýurduň Liderleri türkmen-hytaý dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çüňlaşdyrmak hakynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki jarnamasyna, şeýle hem Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň goşmaça möçberiniň iberilmegi hakyndaky Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekdiler.

Uzakmöhletli geljek üçin niýetlenilen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze depgin berjek beýleki birnäçe möhüm resminamalara hem gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk; ykdysadyýetiň käbir pudaklarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin Hytaýda okuw kurslaryny guramak üçin muzdsuz grant berilmegi hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Alyş-çalyş hatlary; bilim we alymlyk derejeleri hakyndaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk; Standartlaşdyrmak, metrologiýa, güwälendirmek we ykrar etmek ugrunda hyzmatdaşlyk hakynda Tükmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2012-2014-nji ýyllar üçin medeniýet ugrunda hyzmatdaşlygyň Meýilnamasy; Bikanun ýollardan gazanylan pullary resmileşdirmek we terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň we Hytaý halk bankynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Hytaý ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň döwlet Daşary ykdysady iş banky bilen Hytaýyň Eksport-import bankynyň arasynda nebit we gaz enjamlaryny satyn almagyň taslamasy ( 4-nji tapgyr) boýunça Hökümet tarapyndan ýeňillikli karz pul Ylalaşygy; Türkmenistanyň döwlet Daşary ykdysady iş banky bilen «Bank of Kunlun Co., Ltd» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk we beýlekiler bar.

Şeýlelikde, häzirki gozgalan meseleler boýunça uly möçberli we mazmuny boýunça çuň gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem gol çekilen resminamalar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini toplumlaýyn amala aşyrmaga täzeçe çemeleşmeleriň esasyny goýdy. Bularyň hemmesi şu sapary taryhy sapar diýip atlandyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär.

Soňra bu ýerde iki döwletiň Baştutanlary metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

HHR-iň Başlygy Hu Zintao şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berdi, şol gepleşikleriň barşynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga degişli düýpli pikir alşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Hu Szintao türkmen Lideriniň şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň şanly senesiniň öňüsyrasynda geçýändigini belläp, Hytaýyň Garaşsyz Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň aýratyn hämiýetini nygtady, şol gatnaşyklar ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Pursatdan peýdalanyp, HHR-yň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýakynda bellenen 20 ýyllyk toýy bilen gutlap, belent mertebeli myhmana we onuň üsti bilen ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdi.

HHR-iň ýolbaşçysy özara goldaw bermegi iki ýurduň arasynda ýyl-ýyldan pugtalanýan gatnaşyklaryň möhüm şertleriniň biri diýip atlandyrdy, taraplar şol goldawy häzirki dünýäniň möhüm meseleleri boýunça özara doly düşünişmegi gökezip, halkara derejesinde birek-birege berýärler. Başlyk Hu Szintaonyň aýdyşy ýaly, Hytaý Türkmenistan tarapyndan ýöredilýän oňyn bitaraplyk syýasatyny we onuň oňyn halkara başlangyçlaryny dolulygyna goldaýar. Bu babatda Hytaýyň Lideri ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlikli ösüşini, munuň iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi.

Hytaý Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýär, Türkmenistany ak ýürekli dost we ynamdar hyzmatdaş hökmünde görýär diýip, Başlyk Hu Szintao nygtady.

Gol çekilen resminamalar syýasy, söwda-ykdysady, energetika, maliýe-bank, medeni, hukuk goraýjy we beýleki ulgamlary gurşap alýar. Şeýlelikde türkmen-hytaý gatnaşyklary berkidildi we çuňlaşdyryldy, munuň özi öz nobatynda ýokary derejede hem, parlamentara, hökümetara, pudaklaýyn we beýleki derejelerde hem gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.

HHR-iň Başlygy ýangyç-energetika toplumy pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň özara gatnaşyklarynyň birnäçe ileri tutulýan ugurlaryny belläp, bu hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin esasda guralmalydygy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiri bilen doly ylalaşýandygyny beýan etdi. Hytaý öz tarapyndan döwletara ylalaşyklary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berk ýerine ýetirer Hu Szintao nygtady.

Ykdysadyýetiň çig mala dahylsyz ulgamynda, hususan-da, ulaglar, teleulgamlar, düzüm gurluşygy ýa-ly pudaklarda, şeýle hem aragatnaşyk we kosmonawtika ugurlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem zerurdyr diýip hytaý lideri aýtdy.

HHR-iň Başlygy gumanitar hyzmatdaşlyga degişli meleleriň üstünde durup geçip, bilim, ylym we tehnika, medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda Hu Zintao gazanylan ylalaşyklar , şol sanda Türkmenistanyň Hytaýda Medeniýet günlerini we Hytaýyň Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmek hakyndaky ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar iki ýurduň halklarynyň däp bolan gatnaşygyna täze okgunly depgin berer diýip ynam bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy sözüniň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligini we üstünligini ýene-de bir gezek belläp, iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, geçirilen gepleşikleri örän oňyn we netijeli diýip häsiýetlendirdi. Türkmen Lideriniň aýdyşy ýaly, özara ynanyşmak, düşünişmek, açyklyk we ýokary derejede gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda geçen häzirki duşuşyk iki ýurduň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz artdyrmaga, islegini we taýýardygyny, şeýle hem iki tarapda munuň üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni dowam etdirip, Türkmenistanyň we Hytaýyň nukdaýnazary dünýä bileleşiginiň öňünde duran häzirki döwrüň esasy wezipeleri, ilkinji nobatda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli meseleler boýunça çalymdaşdygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtady. Şundan ugur almak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara ylalaşylan hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrylýar. Hususan-da, halkara terrorçylygyna, ekstrimizme, seperatizme, guramaçylykly serhetüsti jenaýatçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak, şeýle hem döwletleriň çäkleriniň bütewüligi ýörelgelerine iki ýurduň ygrarlydygy hakynda gürrüň barýar.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, gepleşikleriň barşynda Aziýada ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. «Bu ugurda biz Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen Gündogarda iri hyzmatdaş bolup durýan Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris» diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam etdirip, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda ulgamlarynda, oba hojalygynda, dokma we himiýa senagatynda hem-de beýleki ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýarlar diýip belledi.

Hususan-da, türkmen Lideri energetika ulgamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň üstünde geçip, «Türkmenistan-Hytaý» stategiki gaz geçirijisini onuň netijeliliginiň aýdyň mysaly hökmünde getirdi.

Häzirki wagtda biz özümiziň gaz pudagynda bilelikdäki işimiziň möçberlerini giňeltmek meseleleriniň üstünde iş alyp barýarys diýip, Türkmenistanyň Baştutany soňra habar bermek bilen, şu gün gol çekilen döwletara Ylalaşygyna laýyklykda türkmen gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ibermek 25 milliard kub metr möçberinde artdyrylar diýip belledi.

Ýangyç serişdeleriniň dünýäde iň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň kuwwatly energetiki mümkinçilikleri bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada söz açyp, ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşen Günorat Ýolöten-Osman ýatagyny anyk mysal hökmünde getirdi, şol ýatak öz serişde gorlary boýunça 26,2 trillion kub metr gaza barabar baha berlip dünýäde ikinji bolup durýar. Bu maglumatlary, hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Gaffney, Cline & Associates” halkara konsalting kompanýasy tarapyndan geçirilen Garaşsyz, halkara audity tassyklady.



Medeni-gumanitar ulgamda türkmen-hytaý gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, biziň ýurdumyz bu gatnaşyklary geljekde hem giňelder, Türkmenistanyň we Hytaýyň medeniýet günlerini geçirmegiň, beýleki bilelikdäki çäreleriň bellenilmegi munuň tassyklamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu babatda döwlet Baştutany şu gün baglaşylan, iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjek ylalaşyklaryň we beýleki resminamalaryň toplumlaýyn häsiýetini ýene-de bir gezek nygtady.

«Türkmenistan we Hytaý öz gatnaşyklarynda köp asyrlyk baý taryhy tejribä, biziň halklarymyzyň arasynda ýola goýlan dostluk, hoşniýetlilik, özara hormat goýmak däplerine, şeýle hem häzirki döwrüň şertlerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere esaslanýar» diýip, türkmen Lideri sözüniň ahyrynda aýtdy.

Gepleşikler tamamlanandan soň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna dabaraly nahar berdi, naharyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary çykyş etdiler.

Kabul edişlik tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Hu Zintao biri-biri bilen mähirli hoşlanyp, döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Halk ýygnaklarynyň öýünden çykyp, öz kabulhanasyna gaýdyp geldi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen Lideri «Çžunnanhaý” kabulhanasynda geldi, şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýeri Wen Szýabao bilen duşuşygy boldy.

HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri belent mertebeli myhmany bilen salamlaşyp, üstünlikli sapary we Başlyk Hu Szintao bilen gepleşikleriniň möhüm jemleri bilen gutlady. Jenap Wen Szýabao HHR-iň Türkmenistany diňe bir öz strategiki hyzmatdaşy däl, eýsem, ygtybarly ýürekdeş dosty hasaplaýandygy barada söz açyp, 2007-nji ýylyň noýabrynda bolan we özünde iň hoşniýetli täsirler galdyran Aşgabada sapary hakynda ýatlady. Hytaýyň hökümetiniň Baştutany türkmen paýtagtynyň häzirki zaman keşbine özüniň örän haýran galýandygyny hem beýan etdi, ony ýurtda bolup geçýän ägirt uly progressiw özgertmeleriň aýdyň nyşany diýip doly hukukda atlandyrmak mümkindir. Jenap Wen Szýiabao hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda bellenip geçilen şanly waka bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, bagt hem-de rowaçlyk, şeýle hem progressiw özgertmeler ýolunda täze görnükli üstünler baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözleri üçin HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýerine minnetdarlyk bildirip, Hytaýa sapar bilen gelmäge çagyrandygy we mähirli kabul edendigi üçin hytaý ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmen Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn depginini we ýokary derejesini belläp, iki ýurduň nukdaýnazarynyň halkara syýasatynyň möhüm mesleleri—parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, terrorçylyk, separatizm, ekstremizm, halkara jenaýatçylygy, neşeleriň bikanun dolanaşygy ýaly häzirki döwrüň howply wehimlerine garşy göreş alyp barmak boýunça ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, biz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň ilkinji, nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňelderis diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR bilen söwda-ykdysady gatnaşyklara degişli meseleleriň üstünde durup geçip, olaryň has hyjuwly häsiýete eýe bolandygyny we dürli ugurlar boýunça yzygiderli giňeldilýändigini belledi. Bu babatda türkmen Lideri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň oňyn ornuny, şeýle hem Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we telearagatnaşyk ulgamynda, beýleki pudaklarda işleýän iri hytaý kompaniýalarynyň netijeli işini belledi.

Türkmenistanyň Baştutany işewürlik üçin amatly şertleriň döredilmegi baradaky pikiri aýdyp, Telekeçileriň türkmen-hytaý birleşmesini döretmegiň maksadalaýykdygyny belledi, oňa iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri girer.

Ýangyç-energetika ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir, şonda Türkmenistan we HHR ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisi bu hyzmatdaşlygyň nyşanydyr. Şu gün Türkmenistanda Hytaýa tebigy gazyň goşmaça iberilmegi hakynda gol çekilen Ylalaşyk energetika ulgamynda uzakmöhletli hyzmatdaşlyk hakynda eýýäm bar bolan türkmen-hytaý ylalaşygynyň logiki dowamy bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi hökmünde bilim, medeniýet we ylym babatda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň uly ähmiýeti bardyr diýip, türkmen Lideri aýtmak bilen jenap Wen Szýabao iki döwletiň arasyndaky medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge şahsy goşandy we işjeň gatnaşandagy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegi nazara almak bilen bilelikdäki maýa goýum maksatnamalaryny täze derejä çykarmaga taýýardygyny ýene-de tassykladylar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara häsiýetindäki käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Jenap Wen Szýabaonyň aýtmagyna görä, Türkmenistan birnäçe artykmaçlara eýedir, şol hatarynda amatly geosyýasy ýagdaý, ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikler hem-de içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk bar. Bu şertler bilelkide alnanda köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistana birsyhly artýan gyzyklanmasy bilen düşündirilýär, ýurda sebitde möhüm orny eýelemäge mümkinçilik berip, döwletara gatnaşyklarynyň täze giň mümkinçiliklerini açýar.

Şol gün türkmen döwletiniň Baştutany Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy U Bango bilen gepleşikleri geçirdi. HHR-iň Konstitusiýasyna laýyklykda ýurtda ýokary döwlet häkimiýeti edarasy bolan hytaý parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk ýokary mertebeli myhmanlary kabul etmek üçin Halk Ýygnaklarynyň öýüniň «Fudzýan» zalynda geçdi.

Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti bilen tüýs ýürekden, dostlukly salamlaşyp, türkmen Liderini Hytaý Halk Respublikasyna üstünlikli sapary bilen gutlady. Jenap

U Bangonyň aýdyşy ýaly, onuň ýurdunda döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň ýolunda bu sapara möhüm tapgyr hökmünde garalýar, şeýle hem oňyn özara gatnaşyklar syýasatynyň yzygiderliligi nukdaýnazaryndan örän uly ähmiýet berilýär.

Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Homitetiniň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaýyň Liderleriniň bolan gepleşikleriniň üstünlikli bolandygyny nygtap, Gurbanguly Berdimuhamedow we Hu Zintao tarapyndan gol çekilen, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklan hem-de onuň esasy maksatlaryny we ugurlaryny kesgitlän Bilelikdäki jarnamanyň örän möhümdigini we ähmiýetlidigini aýratyn belledi. Hytaý parlamentiniň ýolbaşçysy bu meseläni dowam etdirip, nebitgaz pudagynda taraplaryň gol çeken Ylalaşygyny hem belledi, şol pudakda özara gatnaşyklar örän peýdaly we geljegi uly bolup durýar. Jenap U.Bangonyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine şu sapary uly netijeleri berdi we gürrüňsiz suratda dogan döwletler we strategiki hyzmatdaşlar bolan Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi we depgin berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jogap hökmünde myhmansöýýer hytaý topragynda mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki duşuşyk iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselesi boýunça pikir alyşmaga, kanun çykaryjylyk işinde toplanan tejribäni alyşmaga oňat mümiknçilik bolup durýar diýip nygtady.

Türkmen Lideri söhbetdeşligi dowam edip, öz söhbetdeşini giň alternatiw esasda, halkara gözegçileriniň we bilermenleriniň, şol sanda Ýewropa döwletlerinden, BMG-den, ÝHHG-den, GDA-dan gözegçileriň we bilermenleriň gatnaşmagynda 2008-nji ýylda geçirilen saýlawlar netijesinde düzülen täze çagyryşdaky Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen tanyşdyrdy.

Nygtalyp geçilişi ýaly, häzirki wagtda ygtyýarlylygy ep-esli giňeldilen milli parlamentiň üstüne ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri hem-de jemgyeýtde demokratizm we halk häkimimýeti ýörelgelerini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň barşyny kanunçylyk we hukuk taýdan goldamagy üpjün etmek boýunça jogapkärli wezipeler ýüklenildi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Konstitusiýanyň kabul edilen täze redaksiýasynyň aýratyn ornuny nygtap, döwlet häkimiýetiniň we öz-özüňi dolandyryşyň Türkmenistanda kemala gelýän köp derejeli ulgamynyň üstünde durup geçdi.

Ynanyşmak we gyzyklanyp pikir alyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar köp meseleler boýunça, şol sanda halkara syýasatyna degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň çalymdaş ýa-da ýakyn nukdaýnazarynyň bardygyny nygtadylar. Türkmen döwletiniň Baştutany we Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy parlamentara gatnaşyklary giňeltmek, parlament wekiliýetlerini yzygiderli alyşmak baradaky pikiri aýtdylar, munuň özi gürrüňsiz suratda netijeli we örän dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komiteiniň Başlygy bilen duşuşyk tamamlanan soň Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý tarapynyň wekilleriniň ugratmagynda Halk ýygnaklary öýüniň Uly Günbatar zalyna geçýär, onuň girelgesinde belent mertebeli myhmany HHR-iň Döwlet geňeşiniň agzasy hanym Li Ýandung mähirli we tüýs ýürekden garşylaýar.

Bu ýere, mejlisler zalyna Hytaýyň saýlama ylmy işgärleriniň we giň jemgyeýtçiliginiň wekilleri Türkmenistanyň döwlet wekiliýetiniň agzalary, köp sanly žurnalistler ýygnandylar. Olaryň hemmesi dik durup, şowhunly elçarpyşmalar bilen türkmen Liderini mübärekleýärler.

HHR-iň iri ylmy-bilim beriş merkezleriniň biri bolan Pekin uniwersitetiniň wekilleri-professorlar dabarany açyp, öz çykyşlarynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň bilimi we ylmy ösdürmäge, bu ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlygyna goşan aýratyn goşandyny nygtap bellediler. Alymlar geňeşiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Pekin uniwersitetiniň hormatly professory» diýen belent ady dakmak hakyndaky çözgüdi okalýar.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhynly elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidentine degişli diplom we döşe dakylýan nyşan gowşuryldy.

HHR-iň Döwlet geňeşiniň agzasy hanym Li Ýandung HHR-iň ýolbaşçylarynyň we bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan türkmen Liderini bu şanly waka bilen gutlap, hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ykdysadyýetde, bilim we ylym, saglygy goraýyş ulgamynda iri möçberli özgertmeler amala aşyrylýar hem-de bu ugurlaryň ählisi boýunça ýurt ägirt uly üstünlikler gazanyldy diýip belledi.

Hanym Li Ýandung häzirki tapgyrda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge Türkmenistanyň Prezidentiniň ägirt uly goşandy barada söz açyp, iki ýurduň intelligensiýa wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi bolup durýar diýip nygtady.

Döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, magaryf ugrunda öz işine şeýle ýokary baha berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunda dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biriniň hormatly professory diýen ada mynasyp bolmagy uly hormat hasaplaýandygyny milletiň Lideri nygtady.

«Bu alymlyk adyny Türkmenistana hormat goýmagyň, biziň ýurdumyzyň ylymda we bilimde gazanan üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň alamaty hökmünde, Türkmenistan bilen Hytaýyň köp asyrlyk dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýärin» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňra nygtap geçişi ýaly, ylym we bilim jemgyeýtiň hem-de döwletiň häzirki zaman ösüşiniň öňdebaryjy sepgitlerine çykmagynda, halkyň rowaçlanmagynda möhüm orny eýeleýär. Alynýan bilimiň hiline uly ähmiýet hem-de abraý bermek, adamlary, ilkinji nobatda ýaşlary häzirki zaman dünýä ylmynyň hem-de tehnologiýasynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna çekmek hem-de olaryň bu ugurda meşgullanmagyna ýardam etmek, giň medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny höweslendirmek döwlet maýa goýumlaryny iň möhüm we geljegi uly ugra-adama, onuň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirmegi göz öňünde tutýar. Munuň özi ýurduň geljegine maýa goýumlaryny goýmakdyr diýip türkmen Lideri aýtdy.

Türkmenistan üçin ylymy we bilimi ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu syýasatyň esasy maksady okatmagyň ýokary ülňülerini ornaşdyrmakdan, amaly ähmiýetdäki düýpli we ylmy barlaglary goldamakdan hem-de höweslendirmekden, ähli ylym we bilim edaralaryny kompýuter bilen üpjün etmekden, ulgamlaýyn tehnologiýalary ösdürmekden, ylym we bilim babatda halkara derejesinde gazanylan üstünlikleri alyşmakdan, esasy daşary ýurt okuw mekdepleri bilen giň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda dürli ylmy ugurlarda meşgullanýan türkmen mugallymlary, alymlary we barlagçylary Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň ýurtlaryndan bolan öz kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdular. Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar, simnoziýumlar we beýleki ylmy çäreler netijeli tejribe alyşmaga, öňdebaryjy ylmy usullary özleşdirmäge ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň kabul edilýän sanyny artdyrmak hakynda ylalaşygyň gazanylandygyny belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany ýakyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekin uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklary, şeýle hem düýpli we amaly ylymlar, gündogary öwreniş, taryh we arheologiýa, dil bilimi we medeniýetleri öwrenmek babatda ösdürmäge çagyryp, şunuň ýaly hyzmatdaşlyk ägirt uly peýda getirer we türkmen-hytaý halklarynyň eşretine hyzmat eder diýip nygtady.

«Türkmenistan we Hytaý ylymy, bilimi we medeniýeti ösdürmek bilen uly belentliklere ýetmek üçin ägirt uly intellektual mümkinçiliklere eýedir. Munuň özi bolsa biziň häzirki wagtda uly üstünlikleri gazanmagymyzyň we durnukly öňe hereket etmegimiziň esasy şertleriniň biridir» diýip türkmen, Lideri sözüniň ahyrynda aýtmak bilen, Hytaýyň ýaşlaryna okuwda uly üstünlikleri, Pekin uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümine bolsa ylymda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy bu ýere ýygnananlar tarapyndan şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Halk ýygnaklarynyň öýünden çykyp, öz kabulhanasyna gaýdyp geldi.

Agşam Halk Ýygnaklary öýüniň Uly zalynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagy bilen baýramçylyk, dostluk türkmen-hytaý konserti boldy. Tomaşaçylar halk aýdym-saz mirasynyň eserlerini, şeýle hem milli operalardan we dünýä nusgawy eserlerinden bölekleri, häzirki zaman estrada aýdymlaryny hem-de ajaýyp tanslary ýerine ýetiren türkmen artistlerini tomaşaçylar uly ruhubelentlik bilen tüýs ýürekden haýran galmak bilen garşyladylar. Hytaý halk sazynyň äheňlerinde ýerine ýetirilen aýdym-saz-horeografiýa kompozisiýasy hytaýly dostlar üçin ajaýyp täsin sowgat boldy. Konserte gatnaşyjylaryň ählisini özüne çeken we tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalaryna eýe bolan “küşt depdi” türkmen tansy bu agşamyň aýdyň, tamamlaýjy çykyşy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna Döwlet sapary dowam edýär. Garaşylyşy ýaly, ertir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şençžen şäherine baryp görer, Hytaýyň Guandun welaýatyna türkmen tebigy gazynyň berlip başlanmagynyň dabarasyna gatnaşar. Gonkongyň işewür toparlarynyň weiklleri bilen hem duşuşyk bellenildi.