Ï “Goý, türkmeniň bu beýik halka bolan mähir ýylysy dowamat dowam bolsun!”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Goý, türkmeniň bu beýik halka bolan mähir ýylysy dowamat dowam bolsun!”

view-icon 778
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen tebigy gazynyň Hytaýyň Guandun welaýatyna berilýän akymyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy

Hytaýda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Şençžen şäherine bardy.

Şençžen Hytaýyň Guandun welaýatynyň günortasynda ýerleşýär we ol Hytaýda erkin söwda we daşary ýurt maýa goýumlary üçin bazar özgertmeleriniň çäklerinde açylan (1980-nji ýylda) ýörite ykdysady zolaklaryň ilkinjisi hökmünde tanalýar. Şondan soň Şençžen kem-kemden häzirki zaman megapolise we dünýäniň ösen düzümli hem-de ulag kommunikasiýaly syýahatçylyk merkezine öwrülýär, şonuň üçin ony köplenç “Täze Gonkong” diýip atlandyrýarlar.

Şençženiň Halkara aeroportunda Pekinden gelen türkmen döwletiniň Baştutanyny şäheriň meri Sýuý Sin, HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopin, HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýao Sinhua, hytaý tarapynyň beýleki resmi adamlary, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni howa menzilinden türkmen Lideri üçin bellenilen “Uçžou” kabulhanasyna tarap ugraýar, şol ýerde gysga wagtlyk dynç alyşdan soň döwlet Baştutany türkmen gazynyň Hytaýyň Guandun welaýatyna gelip başlamagy mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Türkmen gazynyň akymy bu ýere 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilen Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň üstünlikli ulanylmagy netijesinde gelip ýetdi.

Hytaýda türkmen gazyny ilkinji gezek - 2009-njy ýylyň 31-nji dekabrynda Urumçi (Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň dolandyryş merkezi) sarp edip başlady. 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda Pekine we oňa ýanaşyk etraplara ugurda “Szinbýan” gazgysyjy bekedine tebigy gaz akdyrylyp başlandy. Bu waka “Gunbatar-Gündogar” gazgeçirijisiniň günbatar böleginiň doly ulanmaga berilmegini alamatlandyrdy, ol Transmilli gazgeçirijisi bilen birleşdirildi. Şol gazgeçiriji boýunça Samandepe ýatagyndan Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen gaz akdyrylýar. “Günbatar-Gündogar” gaz geçirijisiniň ikinji şahasy Horgosda (Sinszýan) gözbaş alýar we ýurduň günorta etraplaryna, şol sanda Şanhaýa, Guanduna uzalyp gidýär we Gonkongda tamamlanýar. Onuň umumy uzynlygy 8700 kilometre barabardyr. Şeýlelikde Hytaýyň 15 welaýatynyň üstünden geçýän täze gaz geçirijisi dört ýüz milliona golaý adamy “mawy ýangyç” bilen üpjün etmäge, ýurduň bu sebitinde, Merjen derýasynyň hanasynda energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini çözmäge mümkinçilik berer. Bu sebit dünýäde ykdysady we medeni durmuşyň jemlenen iri sebitleriň biri bolmak bilen, bu ýerde iri hytaý megapolisleriniň üçüsi – Guançžou, Şençžen we Siangan (Gonkong) ýerleşýär. Ine, bu gün türkmen gazynyň akymy Şençženden 120 kilometr uzaklykda ýerleşýän Guançžou şäherine baryp ýetdi, ol Şençženden 160 kilometr uzaklykda ýerleşýär hem-de Hytaýyň has gür ilatly (100 milliondan gowrak adamly) sebiti hasaplanýan Guandun welaýatynyň administratiw merkezi, şeýle hem ýurduň günortasyndaky iri söwda—senagat şäheri we daşary söwda porty bolup durýar.

“Şiszeçžiçuan” atly seýilgähiň uly amfiteatrynyň türkmen gazynyň akdyrylyp başlanmagyna bagyşlanan dabaranyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Seýilgähiň ady “Dünýä tarap penjire” diýmegi aňladýar, munuň özi şu günki waka bilen bagly bolan uly mümkinçilikleriň simwoliki nyşany bolup durýar.

“Şiszeçžiçuan” – bu ägirt uly syýahatçylyk toplumy bolup, ol dünýä halklarynyň medeniýetini – meşhur ýerleri, tebigy we taryhy ýadygärlikleri, şeýle hem halk däp-dessurlaryny we beýlekileri şöhlelendirmäge niýetlenendir. Seýilgäh 480 müň inedördül meýdanda ýerleşdirilen dünýäniň belli ajaýyplyklarynyň 130-a golaýyny: 108 metrlik Eýfel diňini, Müsür piramidalaryny, rowaýata öwrülen Täçmahaly, Niagara şarlawugyny we beýlekileri jemleýär. Olaryň hemmesi bu seýilgähde biri-birine ýakyn ýerleşdirilipdir. Emma muňa garamazdan, bu ajaýyplygy synlamak üçin ýarym gün gerek. Bu ýerde her bir gün bolsa feýerwerk we lazer şüweleňi bilen tamamlanýar.

Şu gün seýilgähiň uly amfiteatry aýratyn dabaraly ýagdaýa beslenip, iki ýurduň baýdaklary, dabaranyň ady - “Ilkinji alawyň ýakylmagy” diýip ýazylan dürli reňkli plakatlar we bannerler bilen bezelipdir, hytaý we türkmen aýdym-sazlary ýaňlanýar.

Şu günki waka mynasybetli bu ýere Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň wekilleri, Hytaýyň döwlet energetika gullugynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Guançžun welaýatynyň we Şençžen şäheriniň dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem iri hytaý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşan hünärmenler we gurluşykçylar, žurnalistler, köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar. Şü günki dabara müňlerçe adamlaryň gatnaşmagy wakanyň ähmiýetiniň uludygyny aýdyň görkezýär.

Dabara gaz geçirijisiniň gurluşygy we onuň dabaraly ýagdaýda açylyşy hakynda türkmen we hytaý dillerinde taýýarlanan wideofilmden başlanýar. Täze, möçberi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisini işe girizmek dabarasynyň dört sany dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň dekabr aýynyň ortasynda bolandygyny ýatlap geçeliň. Bu häzirki zamanyň iri möçberli energetika taslamalarynyň biridir. Häzirki ölçegler boýunça gysga möhletlerde, çylşyrymly tebigy we howa şertlerinde ýangyç geçiriji turbanyň 8 müň kilometri çekildi. Bu gazgeçiriji boýunça 30 ýylyň dowamynda, türkmen tebigy gazy akdyrylar.



Dabara ägirt uly monitorda türkmen we hytaý dillerinde wideofilmiň görkezilmegi bilen başlanýar.

Ine, uly elektron displeýde “Türkmen gazynyň Guandun welaýatyna gelip başlamagy bilen!” diýen gutlag ýazgysy peýda bolýar.

Şol pursat “Dünýä tarap penjire” seýilgähiniň Uly amfiteatrynyň Günorta derwezesine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbangýly Berdimuhamedowyň awtoulagy gelip durýar. Döwlet Baştutanyny Guandun welaýatynyň Partiýa komitetiniň sekretary, HKP-niň MK-niň Syýasy býurosynyň agzasy jenap Wan Ýan garşylaýar.

Bu ýere ýygnananlar belent mertebeli myhmany şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde dürli öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlanýar.

Dabarany Hytaýyň “SNPС” milli nebitgaz korporasiýasynyň baş direktorynyň orunbasary Lýao Ýunýuan açýar. Ol HHR-iň halkynyň adyndan we Guandun welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan türkmen Liderini we biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny hytaý topragynda tüýs ýürekden mübärekleýär.

Alyp baryjy giriş sözünde Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň taryhyny we eýeleýän ornuny gysgaça beýan edýär. Bu desga HHR-e daşary ýurt tebigy gazyny getirmek üçin niýetlenen ilkinji transmilli energetika geçelgesi bolup durýar. Gazgeçiriji günbatarda Türkmenistanyň çäginden gözbaş alyp, Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär hem-de Horgos şäheriniň golaýynda hytaý-gazak serhedini kesip geçýär, soňra “Gunbatar-Gündogar” gazgeçirijisiniň ikinji şahasy bilen birigýär.

Bellenilişi ýaly, şeýle taslamalary diňe ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly, öz geljegine ynamy uly bolan, bilelikdäki maksatlary, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň görýän döwletleriň amala aşyrmaga ukyplydyr. Mundan başga-da, ХХI asyryň iri energetika desgasy Aziýa sebitinde energiýa howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Türkmen Lideri bu ýere ýygnananlar bilen tüýs ýürekden mähirli görşüp, Guandun welaýatynyň Partiýa komitetiniň sekretary Wan Ýana, ähli hytaýly dostlara, bu welaýatyň we Şençžen şäheriniň ilatyna iň oňat arzuwlary bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutany biz şu gün uly taryhy wakanyň, Türkmenistanyň we Hytaýyň halkara derejesindäki bähbitleriniň umumydygyny tassyklaýan uly syýasy ähmiýetli wakanyň şaýady bolýarys, munuň özi şu duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip belledi “Türkmenistan—Hytaý” gaz geçirijisini çekmek boýunça häzirki döwürde energetika degişli iri taslamanyň bilelikde üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde türkmen tebigy gazy Guandun welaýatyna-da akdyrylyp ugraldy.

Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, gazanylan ylalaşyklara laýyklykda şol gaz geçiriji arkaly Hytaýa her ýylda 65 milliard kub metre barabar bolan türkmen tebigy gazynyň ýetiriljekdigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň ýokary jogapkärçiligiň, hakyky syýasy ýagdaýlary göz öňünde tutmagyň, ösüş boýunça ählumumy wezipeleriň berjaý edilmegine öňden görüjilikli çemeleşmegiň ajaýyp nusgasyny görkezendigini aýtdy. Bu gaz geçirijiniň geljekde Aziýadaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmegi, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ýagdaýyna öwrülmegi, syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň yzygiderli ýagdaýda bolmagyna badalga bermegi örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu gaz geçirijiniň netijeli ulanylmagy biziň döwletlerimiziň ykdysady ösüşine güýçli itergi berer hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş we senagat infrastrukturasynyň ösdürilmegine ýardam eder we daşary ýurtlardan maýa goýumlarynyň uly möçberlerini çekmek üçin oňaýly mümkinçilikler döreder. Bu ýagdaýlaryň ählisi adamlaryň abadançylygyna, olaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, ýaşaýşyň derjesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň iberilmegini ygtybarly ýagdaýda goramak we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara gurallaryny döretmek babatda öňe süren başlangyçlarynyň Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan işjeň ýagdaýda goldanylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Hytaýyň iki taraplaýyn we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berip, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň berkdigini we mizemezdigini belledi. Döwlet Baştutany biziň gatnaşyklarymyzyň uzak möhletleýin we strategiki ähmiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň we Hytaýyň yzygiderli ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna bilelikdäki örän uly mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, Şençžen şäherinde bolanda, soňky on ýyllyklarda HHR-iň örän uly üstünlikleri gazanandygyna göz ýetirendigini aýtdy. Bu şäher Hytaýyň ykdysady kuwwatyny we ösüşini, onuň ýokary tehnologiýalara degişli ulgamda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýär diýip bellesek, ulaldyp aýtdygymyz bolmaz. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaýyň toplan tejribesiniň öwrenilmegine we biziň ýurdumyza mahsus şertlerde döredijilikli ulanylmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şençžen şäheriniň sport merkezi hökmünde dünýäde ykrar edilmegi-de Türkmenistan üçin möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýar. Şu ýylda bu şäherde Uniwersiada üstünlikli geçirildi. Biziň ýurdumyz bolsa, 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýynlyk görýär. Şunda Hytaýyň uly möçberli halkara sport çärelerini geçirmek boýunça toplan baý tejribesi Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmen Lideri şu günki möhüm ähmiýetli waka blen bagly meselä dolanyp gelmek bilen, Guandun welaýatynyň Türkmenistanyň gaz ýataklaryndan müňlerçe kilometr daşlykda ýerleşse-de, türkmen we hytaý hünärmenleriniň öz ýokary hünär ussatlygyny görkezmegi we yhlasly zähmet çekmegi netijesinde bu uzak aralygy üstünlikli geçilip, hyzmatdaşlygyň we dostlugyň ygtybarly köprüsiniň çekilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşanlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany öz çykyşynda şu günüň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň senenamasyna altyn sahypa bolup ýazyljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz bilelikde uly üstünlikleri gazandyk. Türkmen tebigy gazy Ýuwaş ummanyna ýetdi! Men şu dabara gatnaşyjylaryň ählisini, biziň doganlyk döwletlerimiziň halklaryny şu taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan ildeşlerimize ýüzlendi, olaryň arasynda türkmen talyplary, medeniýet we sungat işgärleri, hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary bar. Milletiň Lilderi özüniň Ýaşulularyň maslahatynda sözlän maksatnamalaýyn sözünde biziň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde duran esasy wezipeleri kesgitländigini ýatlatdy. “Biz diňe öňe gitmelidiris!” diýen şygar öňde goýlan maksatlary amala aşyrmaga ýol görkeziji bolar. Şençžen şäheri şol şygara eýermegiň oňat nusgasy bolup durýar, ol iň täze ylmy taýdan işläp düzmeleri, öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary peýdalanmagyň esasynda yzygiderli we innowasion ösüşiň göreldesini görkezýär. Hut şol öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin hem şeýle köp sanly türkmen wekiliýeti düzüldi, onuň agzalary işde innowasion usullaryň nähili ulanylýandygyny öz ýerinde görmelidirler we şu iş tejribesine eýermelidirler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1998-nji ýylda Şençžende ilkinji gezek bolanda özünde iki islegiň dörändigini aýtdy: olaryň birinjisi biziň ýurdumyzda şuňa meňzeş abadanlaşdyrylan we ajaýyp ymaratlary hem seýilgähleri bolan şäheri gurmak, ikinjisi bolsa Hytaýyň bu ajaýyp şäherine ýene bir gezek gelip görmek islegidi. Häzirki günde şol arzuwlar amala aşdy, biz hem taryhy wakalara gatnaşyjylar bolduk: türkmen gazy bu ülkä gelip ýetdi diýip, türkmen Lideri öz çykyşynyň ahyrynda aýtdy we: “Goý, türkmen topragynyň ýylysy we onuň durmuşy özgerdiji şuglasy bu beýik halk üçin dowamat dowam bolsun!” diýip arzuw etdi.



Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sözlerini oňlap, şowhunly we dowamly el çarpmak bilen, türkmen Liderine türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky doganlyk we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine uly goşant goşýandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Soňra HHR-iň Kompartiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Guandun welaýatynyň partiýa komitetiniň sekretary Wan Ýan söz alýar. Ol bu ýere ýygnananlary şu günki möhüm waka bilen gutlap, şu pursatdan welaýatyň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny nygtady hem-de bu ýere türkmen gazynyň ýetirilmeginiň Hytaýyň şu raýonynyň we tutuş ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşi üçin örän wajyp ähmiýetlidigini belledi.

Wan Ýan çykyşynyň ahyrynda işçilere, inženerlere, ähli derejedäki ýolbaşçylara edilen ägirt uly iş we onuň häzirki netijesi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagyna we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine goşandynyň ulydygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow siziň ýurduňyzyň taryhynda hakykatdan-da iň görnükli ýolbaşçydyr diýip ol belledi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Guandun welaýatynyň partiýa komitetiniň sekretary Wan Ýanyň çykyşy bu ýere ýygnananlaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Şol ýerdäki uly elektron displeýde Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň ugry şekillendirilýär we biziň ýurdumyzdan akdyrylýan “mawy ýangyjyň” häzir baryp ýeten ýeri görkezilýär.

Teleköpriniň kömegi bilen Guançžou şäheriniň gaz paýlaýjy bekedi bilen aragatnaşyk ýola goýulýar. Bu ýerde CNPC-niň Guandun welaýatynyň şäherlerine türkmen gazyny bermäge hemme zadyň taýýar edilendigi barada buýsanç bilen habar berýärler.

Soňra türkmen we hytaý tarapynyň jogapkär adamlary Türkmenistanyň Baştutanyna we Guandun welaýatynyň partiýa komitetiniň sekretaryna türkmen gazyny welaýata bermäge başlamagyň doly taýýarlygy hakynda habar berýärler we türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy we Wan Ýany düwmä basmaga çagyrýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Wan Ýan bu ýerde oturdylan LED – şarynyň ýanyna barýarlar we Guandun welaýatynyň topragy boýunça “mawy ýangyjyň” akmagyna badalga berýärler. Şonda ekranda Guançžou gaz paýlaýjy bekedinde ýakylan uly alaw görünýär. Bu alaw türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny iki halkyň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň täze sepgidine çykarmagyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen gazynyň Hytaýyň günorta welaýatlaryna gelip ýetmegi bu sebitdäki ýagdaýy gowulandyrar. Bu ýerde gaz ýetmezçiligi duýuldy.

Şu ýylyň ahyryna çenli garaşylşy ýaly, Türkmenistandan akdyrylýan gaz Şençžen şäherine we geljek ýylyň ikinji ýarymynda Gonkonga baryp ýeter. Munuň özi bu sebitleri durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmäge täze itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa düşýän agramy peseltmäge ýardam eder. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, munuň özi bir ýylda daş kömrüniň onlarça million tonnasynyň harçlanmagyny peselder, bu ep-esli derejede tebigy gurşawyň hapalanmagynyň öňüni alar.

Ozal habar berlişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi düýn Pekinde iki ýurduň Liderleriniň bolan duşuşygynyň çäklerinde esasy meseleleriň biri boldy. Hytaýyň türkmen tebigy gazynyň durnukly iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtmak bilen, HHR-iň Başlygy Hu Szintao Amyderýanyň sag kenaryndaky Samandepe meýdançasyndan gözbaş alýan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi iki ýurda we tutuş sebite oňaýly täsir edýän hyzmatdaşlygyň taslamasy bolup durýar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taslamasy bolup durýan dünýäde iri gazgeçirijiniň taslama gatnaşýan ýurtlaryň hemmesine uly peýda getirjekdigini aýtdy. Iki döwletiň Baştutanlary strategik taýdan möhüm energetika ulgamynda, şol sanda gaz ýataklarynyň bilelikde özleşdirilmegi, ugradylmagy we uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilmegi ýaly ugurlarda üstünlkili gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

“Dostluk alawyny ýakmak” dabarasynyň çäklerinde “Dünýä tarap penjire” diýen seýilgähiň amfiteatrynda Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat ussatlaranyň uly baýramçylyk konserti boldy.

Şol gün “Uçžou” kabulhanasynda gepleşikler üçin ýörite zalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Guandun welaýatynyň partiýa komitetiniň sekretary, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň agzasy Wan Ýan bilen duşuşdy.

Türkmen Lideri geçirilen söhbetdeşligiň başynda 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň düzüminde Şençžen şäherine özüniň ilkinji saparyny ýatlady. Şondan bäri bu şäher tanalmaz ýaly özgerdi, Hytaýyň iri senagat we işewür merkezleriniň birine öwrüldi diýip, döwlet Baştutany belledi. Soňky ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşinde, halkyň durmuş we maddy abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünliklerini Guandun welaýatynyň ösüşiniň mysalynda görmek mümkindir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirmek bilen, häzirki saparyň ähli ugurlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeňliginiň ýokarlanýan ýagdaýynda geçýändigini nygtady.

Milli Liderimiz syýasy gatnaşyklara degişli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, bu ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk esasynda amala aşyrylýar diýip belledi. Uzakmöhletli esasda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek ýaly, ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine biziň ýurtlarymyzyň garaýyşy birmeňzeşdir. Halkara gatnaşyklarynda Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almaga esaslanýan adalatlylyk we gyradeňlik ýörelgesine berk eýerýär, ählumumy howpsuzlyk ulgamyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar, iri halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Soňky ýyllarda türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygy kuwwatly itergi aldy. Häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Biziň hyzmatdaşlygymyz ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk, himiýa hem-de dokma senagaty, oba hojalyk, lukmançylyk we ýokary tilsimatlar ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Aziýada iň iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň bilelikde gurulmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkliginiň we bozulmazlygynyň hem-de bu hyzmatdaşlygyň uzakmöhletli geljek üçini niýetlenendiginiň subutnamasy boldy. Bu gazgeçiriji Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazyny 65 milliard kub metr möçberinde ibermäge mümkinçilik berer. Hut häzirki wagtda, biziň wekiliýetimiziň Guandun welaýatyna gelen günlerinde bu ýere türkmen tebigy gazy berlip başlandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Öz nobatynda Wan Ýanyň belleýişi ýaly, häzirki wagtda Guandun welaýaty Hytaýyň has ýokary depginler bilen ösýän sebitleriniň biridir. Bu ýerde ýokary tehnologiki pudaklar ösdürilýär, iri hytaý we halkara kompaniýalarynyň esasy edaralary ýerleşýär. Ykdysady ösüşiň ýylsaýyn ýokarlanmagy daşary ýurtly, şol sanda türkmenistanly hyzmatdaşlaryň üstünlikli işlemegi üçin oňaýly şertler döredýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň işewür bileleşikleriniň wekilleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmga hem-de dürli derejelerde we dürli ugurlarda wekiliýetleri alyşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen täze ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýadyny has-da pugtalandyryp, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigi bellenildi. HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň agzasynyň belleýşi ýaly, şol resminamalaryň we ylalaşyklaryň köp ugurlydygyny we çuňňur mazmunlydygyny belläp, olaryň kabul edilmegi arkaly, hökümet, pudagara we beýleki derejelerde yzygiderli gepleşigiň düýpgöter täze mehanizminiň döredilendigini aýtdy.

Guandun welaýatynyň partiýa komitetiniň sekretary umuman, biziň döwletlerimiziň ilkinji nobatda, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda birek-birekden öwrenmäge mynasyp ýagdaýlaryň bardygyny belledi. Wan Ýan Hytaýyň ýolbaşçylygynyň pikirine görä, ykdysadyýeti üstünlikli ösdürmek üçin üç sany ýagdaýy: hereketlendiriji mehanizm hökmünde reformany, ähli başlangyçlaryň esasy binýady hökmünde durnuklylygy hem-de döwletiň we jemgyýetiň maksady hökmünde ösüşi utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň şu ugurda gazanan ajaýyp üstünlikleriniň beýleki ýurtlary türkmen tejribesini jikme-jik öwrenmäge iterýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň premýeri Wen Szýabao bilen Pekinde geçiren duşuşygynyň barşynda iki ýurduň döwlet syýasatynyň geljekki wezipeleri kesgitlenende, Türkmenistanyň we Hytaýyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, HHR-iň kontinental welaýatlarynyň hojalygyny

Jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki dürli ugurlarynda-da özara arkalaşykly hereket etmek üçin uly mümkinçilikler bardyr.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda sport ulgamy boýunça özara gatnaşyk etmek hakynda gürrüň boldy. Bu babatda Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň üçin tagallalary birleşdirmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Şençžen şäherinde 2011-nji ýylyň tomusky uniwersiadasynyň geçirilmegi welaýatyň ykdysadyýeti, medeni durmuş we sport ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subatnamasy bolandygyny belläp geçmeli. Häzirki wagtda Türkmenistan ýapyk desgalarda geçirilýän Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär, şol oýunlar 2017-nji ýylda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda biziň ýurdumyzyň Hytaýyň oňyn tejribelerine bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şu ýyl Türkmenistanyň wekiliýeti Guandun welaýatyna baryp gördi, şol ýerde iri sport toplumlarynyň işiniň guralyşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şular ýaly ýakyn gatnaşyklary geljekde hem dowam etdirmek zerurdyr diýip bellemek bilen, 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görmekde türkmen kärdeşlerine ýardam bermek üçin Hytaýyň sport babatda maslahatçylarynyň Türkmenistana baryp görmegini guramagy teklip etdi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz Wan Ýany biziň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň, onuň binýatlyk pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şol toplumda ýangyç serişdelerini öndürmek bilen bir hatarda, häzirki wagtda önümleri gaýtadan işleýän önümçilik döredilýär.

Biziň ýurdumyzda himiýa we dokma senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär, ulag üpjünçiliginiň häzirki zaman ulgamy döredilýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada söz açyp, geljegi uly türkmen bazarynda ornaşmaga gyzyklanma bildirýän Guandun welaýatynyň kompaniýalaryny hem-de kärhanalaryny hyzmatdşalyk etmäge çagyrmak bilen, Türkmenistan olar üçin, şeýle hem mümkin bolan maýadarlar we biziň ýurdumyzyň taryhyny hem-de medeniýetini ýakyndan bilmäge isleg bildirýänler üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardyr diýip aýtdy.

Duşuşygyň barşynda medeniýet, ylym we ýokary tilsimatlar ulgamynda, şol sanda aragatnaşyk we telearagatnaşyk babatda hyzmatdaşlyk etmäge degişli meseleleriň topary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda “Huaweý Teknolodžik” kompaniýasy üstünlikli işleýär, Guandun welaýatyndan beýleki hytaý kompaniýalaryny hem türkmen bazaryna çekmek gyzyklanma bildirilýän netijeli hyzmatdaşlygyň görnüşlerini düýpli giňeldip hem-le iki ýurduň özara peýdaly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Guandun welaýatynda syýahatçylyk işewürligini ösdürmekdäki baý tejribä biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigi barada hem aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy döredilýär. Şol ýerde syýahatçylyk senagaty boýunça hytaý hünärmenleriniň işläp taýýarlamalary örän ýaramly bolup biler. Şunuň bilen baglylykda degişli edaralaryň we guramalaryň göni gatnaşyklaryny ýola goýmak maksada laýyk bolar.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň duşuşygyň ahyrynda aýdyşy ýaly, Guandun welaýatyna häzirki sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklap, örän netijeli boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Wan Ýan däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki ýurtlaryň halklarynyň hoşniýetli erkine, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine we olary iki taraplaýyn bähbitler esasynda durmuşa geçirmäge bolan meýillere daýanmak arkaly üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Agşam Guandun welaýatynyň Partiýa komitetiniň sekretarynyň adyndan belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.

Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň Guandun welaýatynda bolmagynyň ahyrynda Şençžen şäheriniň Uly teatrynda iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň uly konserti berildi. Bu agşamda türkmen we hytaý artistleriniň milli öwüşgünli çykyşlary köp sanly tomaşaçylarda ýakymly täsir döretdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e döwlet sapary dowam edýär. Ertir döwlet Baştutany Gonkong (Sýangan) ýörite dolandyryş etrabyna barar, bu ýerde hormatly Prezidentimiz işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşar.