Ï Hazarýaka döwletleriň ekologiýa taýdan özara gatnaşyklary üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazarýaka döwletleriň ekologiýa taýdan özara gatnaşyklary üns merkezinde

view-icon 670
Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) boýunça hereket etmegiň milli meýilnamalaryny işläp taýýarlamak baradaky iş toparlarynyň senbitleýin duşuşygy öz işini tamamlady. Üç günlük ekologiýa forumy Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýewropa býurosynyň howandarlygyndaky Tähran konwensiýasynyň, wagtlaýyn sekretariaty (ÝUNEP), “KaspEko” Global ekologiýa gaznasy (GEG) we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM) sebit taslamasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň we Eýranyň daşky gurşaw boýunça döwlet düzümleriniň halkara maslahatçylary we bilermenleri, ÝUNEP-iň, “KaspEko”-nyň, Türkmenistandaky Ýewropa Öýüniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Tähran konwensiýasy özboluşly tebigy we gidrologiki gurşawy bilen dünýäde iň uly içerki suw howdanyny gorap saklamak, kenarýaka çäkleriň geljekki nesiller üçin durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň strategiýasynyň çelgilerini kesgitlän Hazar deňzi sebitinde ilkinji köptaraplaýyn şertnamalaýyn resminama bolup durýar.

Bu sebitde tebigaty goraýyş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Hazar deňziniň tebigy serişdelerini netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz özleşdirmegiň, onuň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň we baýlaşdyrmagyň, ägirt uly mümkinçiliklerini ösdürmegiň täsirli usullaryny hem-de ýörelgelerini kemala getirmek boýunça möhüm halkara merkezine öwrülýär. Geçen hepdede Aşgabatda bolan BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň iri düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen “Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler” atly Halkara maslahaty munuň aýdyň subutnamasy boldy. Maslahat biziň ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda giň möçberde ekologiýa taýdan halkara ugurlarynda halkara gatnaşyklarynyň tebigaty goramak ulgamynda ägirt uly goşandyny beýan edip, häzirki döwrüň uly möçberli meselelerini, şol sanda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan howpsuzlygyna, onuň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga, planetar häsiýetli ähmiýeti bolan tutuş özboluşly ekoulgamy gorap saklamaga degişli meseleleri çözmekde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň täze tapgyryny açdy.

Häzirki sebitleýin duşuşygy degişlilikde Tähran konwensiýasy boýunça hereket etmegiň Milli meýilnamalaryny, meýilnamalaryň düzüm bölegi hökmünde jemgyýetçiligiň gatnaşmagy, Hazar deňziniň daşky gurşawyna gözegçilik etmek boýunça sebitleýin maksatnamalary taýýarlamak baradaky Strategiýalary işläp taýýarlamaga bagyşlanan üç maslahat görnüşinde geçdi.

Birinji maslahatyň barşynda konwensiýa boýunça hereket etmegiň uzakmöhletli milli meýilnamalarynyň taslamalary hödürlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar Hazarýaka ýurtlarynyň her biri üçin anyk wezipeleri we maksatlary, şol sanda milli bähbitleri nazara almak bilen ekologiki institusional we hukuk düzümlerini kesgitleýär, biologiki köpdürliligi gorap saklamak, deňziň balyk we beýleki serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylyk binýadyny güýçlendirmek, goraghana çäklerini gorap saklamak, antropogen işiniň galyndylaryny dolandyrmak, ilatyň ekologiýa taýdan biliminiň derejesini ýokarlandyrmak we başgalar ileri tutulýan ugurlar diýlip ykrar edildi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň we raýatlaryň Hazarda daşky gurşawy goramak we serişdeleri netijeli peýdalanmak boýunça tagallalara işjeň gatnaşmagy konwensiýa boýunça meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu mesele ikinji maslahatda ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy, şonda raýat jemgyýetiniň tebigaty goramak işindäki ornuny güýçlendirmek we ony bu işe çekmek boýunça strategiýalary taýýarlamak baradaky hödürlenen synlara garaldy.

Üçünji jemleýji maslahat GEG we BMG ÖM tarapyndan goldanylýan hem-de Hazar deňziniň balyk gorlaryny dikeltmäge we dolandyryşyň hemişelik tebigaty goramak düzümlerini birleşdirmäge gönükdirilen “KaspEko” sebit taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Duşuşygyň barşynda bu ýere ýygnananlara daşky gurşawyň ýagdaýy hakynda toplumlaýyn çykyşyň we Hazar sebitiniň ähli ekologiýa ulgamyna gözegçilik etmegiň sebit maksatnamasynyň taslamasynyň tanyşdyrylyşy hödürlendi. Bu babatda bioserişdelere hem-de suwuň hiline gözegçilik etmek boýunça kenarýaka ýurtlar tarapyndan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeleri barada pikir alyşmak boldy.

Tähran konwensiýasy boýunça hereket etmegiň Milli maksatnamalaryny, şeýle hem şol maksatnamalaryň bir bölegi hökmünde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramaga raýat jemgyýetini çekmek baradaky strategiýanyň kabul edilmegi dünýäniň bu özboluşly tebigy dürdänesini ekologiýa taýdan ygtybarly goramagy üpjün etmek boýunça Hazarýaka döwletleriniň ylalaşylan tagallalaryny kemala getirmekde iş ýüzündäki nobatdaky ädim bolar.