Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Şu gün, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respubliikasyna döwlet saparynyň jemleýji güni bolup, ol iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda täze möhüm ädimi alamatlandyrdy.
Saparyň dört güni hem möhüm wakalara baý bolup, olaryň ähmiýetini Türkmenistan bilen Hytaýyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeldip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we täze gözýetimleri açyp, öz öňlerinde goýýan maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň gerimi bilen deňeşdirmek bolar. Pekinde geçirilen türkmen-hytaý işewürler maslahaty ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny we taraplaryň has ýakyn gatnaşyklara, tejribe alyşmaga özara isleginiň uludygyny tassyklady, Türkmenistanyň Prezidentiniň hytaý dilinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolsa, iki halkyň ruhy ýakynlygyny beýan etdi.
Milli Liderimiziň döwlet saparynyň HHR-iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşygyndan başlanmagy döwlet Baştutanynyň saparyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
eziz Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlaryna uly umyt baglaýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy. Mähirli duýgulara beslenen wu waka döwlet saparynyň resmi, iş böleginiň özboluşly girişi boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, 23-nji noýabrda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Hu Çzintao türkmen-hytaý dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak hakynda Bilelikdäki jarnama, şeýle hem Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň goşmaça möçberiniň iberilmegi hakyndaky Ylalaşyga gol çekdiler. Bulardan başga-da, ikitaraplaýyn möhüm resminamalaryň bukjasy kabul edildi, türkmen-hytaý hyzmpatdaşlygynyň mümkinçiliklerini toplumlaýyn, yzygiderli amala aşyrmaga täzeçe çemeleşmeleriň esasyny goýdy. Bularyň hemmesi, şeýle hem türkmen Lideriniň HHR-iň beýleki ýolbaşçylary bilen netijeli duşuşyklary bu sapary diňe bir uly syýasy ähmiýete eýe bolan sapar däl-de, eýsem, iki ýurduň gatnaşyklaryna hakykatdan-da, taryhy, döwrüň sapary diýip atlandyrmaga doly esas berýär.
Düýn Şençžen şäherinde türkmen tebigy gazynyň Hytaýyň Guandun welaýatyna berilýän akymyna badalga bermek dabarasy hem oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyran bolsa gerek. Bu wakanyň hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň sene ýazgysyna aýdyň sahypa bolup girjekdigi gürrüňsizdir: türkmen gazy biziň gadymy we müdümi topragymyzyň astyndan onuň egsilmez kuwwatyny çykaryp, Jeýhunyň kenarlaryndan Çyn-Maçyna çenli müňlerçe kilometr menzil geçip, Ýuwaş ummanyň kenarlaryna baryp ýetdi. Iki halkyň berkeýän dostlugynyň nyşany bolup duran dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Goý, türkmeniň bu beýik halka bolan mähir ýylysy dowamat dowam bolsun!” diýip, arzuw etdi.
Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Gonkong /Sýangan/ ýörite dolandyryş etrabyna bardy, ol demirazykda Hytaýyň Guandun welaýatynyň düzüminde Şençžen aýratyn ykdysady zolagy bilen çäkleşýär.
Gonkong Gündogaryň dür dänesi hasaplanýar, munuň özi bu şäheri suratlandyrmak üçin has köp ulanylýar. Kä halatda bu şäher—döwlet Aziýanyň Nýu-Ýorky diýlip hem atlandyrylýar. Hytaýyň bu ýörite dolandyryş etraby günbatar, günorta we gündogar taraplardan Günorta—Hytaý deňzi bilen gurşalýan Koulun ýarym adasynda, şeýle hem 260-dan gowrak adalarda ýerleşýär. Şol adalaryň arasynda has ulusy Gonkong adasydyr, şonda bu ýeriň ýokary häkimiýet edaralary we malie merkezleri ýerleşýär.
Bu möhüm ähmiýetli halkara maliýe we söwda merkezi Nýu-Ýorkdan we Londondan soň üçünji orunda durýar, ştab-kwartiralaryň ýerleşişiniň derejesi bolsa, Aziýa—Ýuwaş umman sebitinde iň ýokarydyr (ýurtlaryň konsullykllarynyň sany boýunça ol dünýädäki şäherleriň arasynda birinji orunda durýar). Bu ýerde ýrym milliondan gowrak kompaniýalar hasaba alnandyr. Gonkongda köp sanly banklar, biržalar we maliýe institutlary ýerleşýär, şeýle hem esasy halkara ýuridiki we buhgalterçilik firmalarynyň ählisiniň Gonkongda öz wekillikleri bar, bu ýerde netijeli we döwrebap bank ulgamy ösendir. Şeýle hem Gonkong iri konteýner porty hökmünde Singapur bilen birinji orny paýlaşýar.
Ilaty 7 million adamdan geçýän Gonkong jan başyna düşýän jemi içerki önümiň we jemi şäher önüminiň görkezijileri boýunça HHR-de has baý şäher hasaplanýar. Jemi içerki önümiň Gonkongyň ilatynyň jan başyna düşýän satyn alyjylyk ukybynyň pariteti boýunça hasaplanan görkezijiler Günbatar Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň (Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň), şeýle hem Ýaponiýanyň görkezijilerinden hem ýokarydyr.
Gonkongyň ýörite derejesi oňa kontinente gönükdirilýän maýa goýumlary we serişdeler üçin derweze hökmündäki wezipäni berjaý etmäge mümkinçilik berýär. 1995-nji ýylda ykdysady erkinligiň indeksiniň döredilen pursatyndan başlap, Gonkong 13 ýylyň dowamynda şonda her ýylda birinji orny eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, Gonkongda işläp bejermäge ýaramly ýerler we tebigy serişdeler azdyr, şoňa görä-de ol azyk önümleriniň we çig malyň agramly bölegini başga ýurtlardan satyn almaga mejburdyr. Bu uly we oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan bazar, ondaky ýagdaýlar we mümkinçilikler babatdaky seljeriş Türkmenistanyň eksporta gönükdirilen ykdysadyýeti üçin oňaýly ýagdaýlaryň bardygyny görkezýär. Beýleki ugurlar boýunça hem Gonkongyň we Türkmenistanyň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňaýly şertler bar. Türkmenistanyň Baştutanynyň Gonkonga şu sapary hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bolmagy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirmegi bilen şertlendirilendir.
Irden türkmen döwletiniň Baştutany Şençžen şäherindäki kabulhanasyndan çykyp, Gonkong ýörite dolandyryş etrabyna geldi. Bu ýerde, şäheriň taryhy merkezinde ýerlşýän Hökümet jaýynyň öňünde türkmen Liderini Gonkongyň Administrasiýasynyň Baş ministri Donald Sang mähirli garşylady.
Resmi kabul edişligiň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Sangi Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Donald Sang duşuşygy açyp, türkmen Liderini ýene bir gezek mübärekledi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna şu saparynyň örän möhüm ähmiýete eýedigini we ýurduň, şol sanda Gonkongyň işewür toparlary tarapyndan uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy. Gonkongyň administrasiýasynyň Baş ministriniň nygtaýşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu ýörite dolandyryş etrabyna gelmegi ençeme ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň başyny başlar hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer diýlip hasaplanýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň dolandyryş taýdan kontinental we aýratyn zolaklara bölünýändigini, oňa, hususan-da, Gonkongyň hem degişlidigini habar bermek bilen, Donald Sang bu ýere ýygnananlary ýörite dolandyryş etrabyň gurluşynyň aýratynlyklary we ykdysady taýdan ösüşi bilen tanyşdyrdy.
“Bir döwlet—iki ulgam” diýen ugruň çäklerinde ýerli häkimiýetler
erkin bazara, hususy ulgamyň ösdürilmegine we pes salgyt salynmagyna esaslanýan hususy maliýe-ykdysady nusgasyny döredýärler. Munuň özi hytaý eksportunyň we importunyň akymyna, halkara söwda, maýa goýumlary merkezine, HHR-iň okgunly ösýän ykdysadyýetine gatnaşmaga çalyşýan iri dünýä kompaniýalarynyň jemlenen ýerine öwrülen Gonkongyň okgunly ösmegi netijesinde mümkin boldy.
Donald Sangyň pikirine görä, geljegi uly hyzmatdaş hökmünde Gonkongyň maliýe bazary we bank ulgamy, olary düzgünleşdirmegiň usullary dünýäniň maliýe çökgünliginiň öňünde durnukly bolmagyna ýardam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Ýörite Dolandyryş etrabynyň baştutany biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen Liderine Gonkonga sapar bilen gelendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Munuň özi umumy ykdysady bähbitleri kesgitlemäge we iki ýurduň netijeli işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga gürrüňsiz ýardam berer.
Şol gatnaşyklar üçin oňaýly mümkinçilikleriň, bähbitleriň gabat gelmegi we tagallalary birleşdirmek üçin meýilleriň, Türkmenistanda we Hytaýda senagat taýdan ösüşiň, taraplaryň maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny, milli ykdysadyýetleriň eksporta we täze tilsimatlary ornaşdyrmaga gönükdirilendigini bellemek bilen Donald Sang Gonkongyň dürli ulgamlarda peýdaly täze işläp düzmeler babatda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşyk mahalynda türkmen Lideri Türkmenistanda Gonkonga şu sapara biziň ýurdumyzyň we Gonkongyň arasynda gös-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen ilkinji ädim hökmünde garalýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gonkongyň dünýäde işewürçilik we maliýe işjeňligi barada möhüm ähmiýetli merkez bolup durýandygyny, bu ýerde iri halkara kompaniýalarynyň esasy ofisleriniň ýerleşýändigini belläp, şol kompaniýalar bilen ýakyn işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, Gonkongdan Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine isleg bildirilýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýygnananlary Türkmenistanda maýa goýumlaryna degişli ýagdaýy gowulandyrmak, daşary ýurt telekeçileriniň işlemegi, daşary ýurt maýasyny çekmek we goramak üçin, ilkinji nobatda, kanunçylyk derejesinde oňaýly mümkinçilikleri döretmek ugrunda amala aşyrylýan ädimler we guramaçylyk çäreleri bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda maýa goýumlarynyň çekilmegini höweslendirýän Kanunlaryň kabul edilendigini, telekeçiler üçin salgyt, gümrük we beýleki ýeňillikleriň berilýändigini belledi. Bularyň ählisi maýa goýumlaryna degişli ulgamda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek we bilelikdäki uly möçberli taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýady emele getirýär.
Biz ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda ýangyç-energetika toplumynda, onuň düzüminde döredilen gaýtadan işleýän pudaklarda taslamalaryň amala aşyrylmagyna maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine gyzyklanma bildirýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, biz Gonkongda işleýän halkara derejeli telekeçiler bilen hyzmatdaşlygyň geljegini himiýa we dokma senagaty, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda görýäris diýip belledi.
Häzirki wagtda Türkmenistan ulag bilen üpjünçiligiň döwrebap, köp ugurly ulgamyny döredýär. Gurluşygy alnyp barylýan Demirgazyk—Günorta we Günbatar—Gündogar ýollary, sebitleri we yklymlary birleşdirýän ulag ulgamynyň möhüm ähmiýetli bölegine öwrüler. Şeýle hem ýurdumyzda deňiz ulaglarynyň ulgamy ösdürilýär, port üpjünçiliginiň ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika, port hojalygy we beýleki ugurlarda Gonkongyň oňyn tejribesini nazara almak bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi.
Şeýle hem milletiň Lideri Türkmenistanyň Gonkongyň maliýe—bank ulgamyny döretmek we bu ulgamyň hereket etmegi, syýahatçylyk ulgamynda telekeçiligi ösdürmek boýunça toplan tejribesi babatda gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Hazar deňziniň kenar ýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy--halkara derejeli şypahana döredilýär, Ýörite dolandyryş etrabynda syýahatçylygy guramak boýunça üstünlikli özleşdirilen usullar bu ýerde ulanylyp bilner.
Umuman, döwlet Baştutany Gonkongyň işewürleriniň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleriniň iki tarap üçin hem oňaýlydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň Söwda - senagat edarasynyň we Gonkongyň degişli işewürlik assosiasiýalyrynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň işewür wekiliýetleriniň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada aýdyp, iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda ýa-da Gonkongda telekeçilik maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürüp, şonda uzak möhletleýin we yzygiderli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň we ony ýola goýmagyň ýollaryna jikme-jik garalyp bilinjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Ýörite Dolandyryş etrabynyň ýolbaşçysyna türkmen wekiliýetiniň şu saparynyň ýokary derejede guralandygy, peýdaly we netijeli gepleşikleri geçirmek üçin amatly mümkinçilikleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Hytaýyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bilen has işjeň ýagdaýda hyzmatdaşlyk etmäge taýyndygyny ýene-de bir gezek aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk Halkara täjirçilik merkezinde ýerleşýän kaşaň “Rits Karlton” myhmanhanasynda biznes-lanç görnüşinde geçirildi.
Köp gatly belent binalar Gonkongyň özboluşly ýüzi bolup durýar. Halkara täjirçilik merkezi şolaryň arasynda iň belent bina hasaplanýar (onuň boýy 490 metr) hem-de dünýäde beýikligi boýunça dördünji orunda durýar. Bu bina 2009-njy ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. “Rits Carlton” myhmanhanasy bu merkeziň binasynda 16 gaty (102-nji gatdan başlap, 118-nji gaty) eýeleýär.
Gonkongyň telekeçilik toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygy üçin wekilçilikli duşuşyklar we möhüm ähmiýetli çäreler üçin niýetlenen kaşaň “Daýmond” (“Göwher”) zaly saýlanyp alyndy.
Duşuşygyň barşynda işewür toparlaryň wekilleri bu ýerde guralan kitap sergisinde häzirki zaman Türkmenistan we onuň gazananlary, türkmen halkynyň baý taryhy we däpleri hakynda gürrüň berýän neşirler bilen tanyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, şeýle hem milli mirasymyza, şol sanda ady äleme dolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan işleri aýratyn özüne çekdi.
Bulardan başga-da sergide türkmen nusgawy şahyrlarynyň we häzirki zaman ýazýjylaryň eserleri, Türkmenistanyň sungaty, binagärligi we medeniýeti baradaky fotoalbomlar, garaşsyz, bitarap döwletiň içeri we daşary syýasatyna, onuň ykdysadyýetde, jemgyýetçilik we syýasy durmuşyň dürli ulgamlarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan publisistik ýygyndylar bilen tanyşdyryldy.
Kitap sergisi biziň ýurdumyzda täze Galkynyş eýýamynyň ruhuny hem-de ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda Türkmenistanyň gazananlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Ol ýurdumyzyň keşbini doly üýtgeden ägirt uly özgertmeleriň depgini we Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açan milli Liderimiziň geçirýän özgertmeleri hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Bu ýerde, “Rits Carlton” myhmanhanasynyň “Daýmond” zalynda
Hytaýyň nebitgaz, himiýa, aýna we elektron senagaty, energetika (şol sanda alternatiw energetika) we telekommunikasiýalar, port hojalygy, ulag we logistika, gozgalmaýan elmäk we myhmanhana bilen bagly telekeçilik, söwda we bank işi, gurluşyk we jemagat hojalygy ýaly ulgamlarda işleýän halkara korporasiýalaryň, maliýe we täjirçilik guramalarynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň düzüminiň köpugurly bolmagy Hytaýyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga bildirýän gyzyklanmasynyň köp jähetli häsiýete eýe bolup durýandygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.
Gonkongyň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary ady Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagy bilen bagly bolan, dünýä halklarynyň durnukly ösmegine, howpsuzlygyna we abadançylygyna gönükdirilen ylalaşdyryjylyk başlangyçlarynyň awtory, ýurdumyzda ägirt uly taslamalary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şowşunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, HKP-nyň MK-nyň Syýasy Býurosynyň agzasy Wan Ýanyň aýdan sözlerini ýene bir gezek mysal getirmek isleýäris. Ol düýn türkmen gazynyň Guandun welaýatyna berlip başlanmagy mynasybetli geçirilen dabarada türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň taryhynda beýik döwlet işgäri diýip atlandyrdy.
Gonkongyň Söwdany ösdürmek boýunça geňeşiniň agzasy Tom Tanga hem duşuşykda eden çykyşynda bu pikir bilen doly ylalaşdy.
Tom Tanga türkmen Liderine Gonkongyň iri işewür toparlarynyň wekilleri – telekeçiler bilen duşuşyga gatnaşýandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, şu zalda ýygnananlaryň ählisiniň Türkmenistanyň wekilçilikli topary bilen gelen belent mertebeli myhmanyň kabul edilmegini uly hormat hasaplaýandygyny belledi. Şu çäre Türkmenistan we Gonkong üçin taryhy waka bolup durýar hem-de taraplaryň işewürçilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär.
Ýygnananlaryň adyndan Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllyk baýramçylygy, biziň ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we “Altyn aý” medalynyň gowşurylmagy, şeýle hem Pekin uniwersitetiniň Hormatly professory diýen adyň dakylmagy mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.
Häzirki döwürde abraýly Liderleriň biri hasaplanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňden görüjilikli syýasaty ýöretmegi netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistanyň uly ösüş ýoluny geçip, kuwwatly, ykdysady taýdan ösen döwlete öwrülendigi bellenildi. Milli ykdysadyýetiň ösüşine degişli görkezijileriň ýylsaýyn ýokarlanmagy dünýäde “türkmen gudraty” , “türkmen ykdysady gudraty” barada aýdylmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylyklda, Türkmenistan hem edil Gonkong ýaly dünýä möçberindäki ykdysady çökgünligiň ýaramaz täsirini duýmadyk subýektleriň biri bolup durýar, munuň özi onuň kuwwatly ykdysadyýetiniň hem-de dogry seçilip alnan döwlet ugrunyň bardygyna şaýatlyk edýär diýlip bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda Tom Tanga Gonkongyň işewür toparlarynyň diňe bir uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryny özünde jemleýän iri energetika döwleti bolmak bilen çäklenmän, elektroenergetikanyň ösen ulgamyna, köp ugurly ulag—kommunikasion ulgamlara, döwrebaplaşdyrylan dokma senagatyna, barha kuwwatlanýan gurluşyk pudagyna we telekeçilik hereketine eýe bolan ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.
Gonkongly işewürleriň Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini döretmek, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän we himiýa senagaty we beýleki ugurlar boýunça oňaýly maýa goýumly taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga isleg bildirýändigi nygtaldy.
Tom Tanga şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalaryny halkara marketing guramasy bolup durýan Gonkongyň söwdany ösdürmek baradaky geňeşiniň /NKTDS/ alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. NKTDS dünýäniň söwda merkezi hökmünde Ýörite Dolandyryş etrabyny ösdürmek boýunça uly işler alyp barýar. Ýerli bazarda işjeň orny eýelemek bilen, Geňeş daşary ýurtlarda her ýyl dürli çäreleriň -- seminarlaryň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň ýüzlerçesini geçirýär, dünýäniň köp ýurtlaryndan iri telekeçiler bilen gatnaşyklary ýola goýýar we dünýäniň ähli künjeklerinden wekilçilikli işewür toparlaryny kabul edýär.
Tom Tanga ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e saparynyň we şu günki duşuşygyň Türkmenistan bilen Gonkongyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga möhüm itergi berjekdigini aýtdy. Gonkong--bu bir tarapdan Hytaýyň çäksiz bazarynyň derwezesi bolup durýan bolsa, beýleki tarapdan ol Hytaýyň dünýä penjiresidir diýip bellemek bilen, Tom Tanga Gonkongyň işewür toparlarynyň şu zala ýygnanan wekilleriniň hemmesine Türkmenistan bilen berk we özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly isleg bildirýändigini ýene bir gezek tassyklady.
Biz siziň ýurduňyz hakynda köp eşitdik, onuň gazanýan üstünliklerine we ösüşine aýratyn üns berýäris. Şu gün bolsa Türkmenistan hakynda onuň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özünden has köp zatlary bilmäge we türkmen döwleti bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredi diýip, Tom Tanga sözüniň ahyrynda nygtady.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutanyna söz berildi. Döwlet Baştutany ýygnananlar bilen ýene-de bir gezek mübärekläp, duşuşygy guraýjylara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we taraplaryň öňe süren anyk tekliplerini ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýakymly arzuwlaryny aýdyp, şu duşuşyga iri telekeçileriň gatnaşmagyna Gonkongyň işewür toparlarynyň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirmeginiň, olaryň özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny maksat edinmeginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda amala aşyrylyp ugralan reformalaryň we özgertmeleriň maksatlaryny we wezipelerini häsiýetlendirip, dünýäniň ähli ýurtlary, iri maliýe—senagat merkezleri bilen deňeçerlik esasynda giňden hyzmatdaşlyk edilmeginiň şol özgertmeleri çalt depginde amala aşyrmakda möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy.
Bazary öwrenmek boýunça abraýly halkara guramalary tarapyndan geçirilýän barlaglaryň netijeleri amala aşyrylýan özgertmeleriň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi we netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin oňaýly şertleri döredendigini görkezýär. Milletiň Lideri ýangyç-energetika pudagyny, oba hojalyk toplumyny, dokma senagatyny, bilim we ylym ulgamyny, hususy telekeçiligi halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi.
Şunuň netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän milli önümiň umumy möçberinde maýa goýumlarynyň mukadary we maýa goýumly taslamalaryň sany yzygiderli ýagdaýda artýar, daşary söwda dolanyşygynyň paýy ýokarlanýar.
Döwlet Baştutany munuň subutnamasy hökmünde şeýle sanlary mysal getirdi: 2011-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 114,6 göterime, senagatyň ösüş depgini 124,1 göterime barabar boldy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz dünýäniň 103 sany ýurdy bilen söwda gatnaşyklaryny amala aşyrýar. Şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ABŞ-nyň 19 milliard dollaryna ýetdi. Şunuň bilen birlikde daşary ýurtlara eksporta ugradylýan önümleriň möçberi importa degişli önümiň möçberi bilen deňeşdireniňde ABŞ-nyň 4 milliard dollary möçberinde artdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara-hukuk kadalaryna laýyk getirilen kanunçylyk binýadynyň daşary ýurtly maýadarlary işe çekmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Soňky ýyllarda salgyt salmak, maýa goýumlary, erkin telekeçilik boýunça täze kanunlaryň toplumy kabul edildi, şolara laýyklykda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iş salyşýan taraplara dürli görnüşdäki ýeňillikler berilýär. Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek, ilkinji nobatda bolsa, pullaryň anyk hümmetini kesgitlemek, şol sanda türkmen manadynyň denominasiýasynyň hasabyna milli walýutanyň hümmetini pugtalandyrmak bounça netijeli çäreler amala aşyryldy.
Döwlet Baştutany türkmen bazarynyň özüne çekijiliginiň esasan, serişdeler we çig mal babatda kuwwatly binýadyň hem-de ýurdumyzda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň saklanmagyny kepillendirýän döwrebap hukuk ulgamynyň bolmagy, milli ykdysadyýetiň yzygiderli ýagdaýda ösmegi, maýa goýumlarynyň ygtybarlylygy arkaly kesgitlenýändigini belledi. Munuň özi Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň bilermenleriniň hasabatlary arkaly hem tassyklanýar, olar türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de yzygiderli ýagdaýda ösüşe eýe boljakdygyny, ýurdumyzyň maýa goýumlary babatdaky derejesiniň has-da ýokarlanjakdygyny ynamly belleýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek arkaly ösdürmegiň amala aşyrylýan özgertmeleriň barşynda örän möhüm ähmiýetli wezipe bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda harytlaryň we dürli görnüşdäki önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm şertine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň yzygiderli ýagdaýda artýandygyny aýtman geçmek bolmaz, bular ýurdumyzdaky maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň üçdün bir bölegine barabardyr. Şunda milletiň Lideri olaryň agramly böleginiň Türkmenistanyň önümçilik pudagyna gönükdirilýändigini aýratyn belledi.
Milletiň Lideri sözüni dowam edip, ýygnananlary Türkmenistanda gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek, ýurdumyzyň himiýa, dokma senagatyny, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek, şol sanda Türkmenbaşydaky porty döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Türkmenistan ýokary tehnologiýalar, informatika we kosmonawtika ulgamyny ynamly özleşdirýär, munuň özi geljekki türkmen-hytaý innowasion hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn-da, Awazany mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamy, galyberse-de, maliýe—bank ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň Gonkongyň telekeçilerinde gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gonkongyň telekeçilerini Türkmenistana işewürçilik sapary bilen gelmäge we biziň ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen ýeride tanyşmaga çagyrdy. Öz gezegimizde, biz özara geňeşmeleri we iki taraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin döwlet we hususy düzümleriň wekillerinden ybarat bolan wekiliýeti Gonkonga ibermäge taýyn.
Türkmen döwletiniň Baştutany biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk etmek üçin elmydama açykdygyny aýdyp, şu duşuşygy Gonkongyň telekeçilekriniň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we maýa goýumlar boýunça gatnaşyklary berk we uzak möhletleýin esasda ýola goýmagyna badalga berýän duşuşyk hökmünde görkezdi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gonkongyň işewür toparlaryny iki tarapyň örän uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Ýygnananlar türkmen Lideriniň çykyşyny şowhunly el çarpmak bilen garşyladylar.
Duşuşygy alyp baryjy Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur we manyly çykyşy üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, bu çykyşyň gonkongly işewürlere Türkmenistany täze keşpde görmäge hem-de maýa goýumlaryny gönükdirmek, gatnaşyklary ösdürmegiň oňaýly ugurlaryny äşgär etmäge degerli ýardam berendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň Türkmenistan baradaky çykyşynyň Gonkongyň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy babatda bildirýän gyzyklanmasyny has-da artdyrandygyna söz ýok.
Soňra “Huaweý” /Huaweý Technologies/ kompaniýasynyň wise-prezidenti Fu Şiguan çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, “Huaweý Technologies” telekommunikasiýa enjamlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri – Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Biz aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň taslamalaryny amala aşyrmakda ýurduň hökümetiniň bize bildirýän ynamyna ýokary baha berýäris diýip Fu Şiguan aýtdy. Netijeli hyzmatdaşlyk ýyllarynda kompaniýa Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm taslamalaryň birnäçesini amala aşyrdy.
Türkmenistanyň telekommunikasiýa düzümini üstünlikli ösdürmäge yzygiderli kömek edýän ygtybarly hyzmatdaş bolmaga çalyşmak bilen,
“Huaweý” gatnaşyklaryň geljegine ruhubelentlik bilen garaýar. Şol gatnaşyklara bolsa, tutuş türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy babatda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e nobatdaky döwlet sapary täze itergi berdi diýip, Fu Şiguan aýtdy.
Garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň okgunly ösýändigini, daşary ýurt maýadarlaryny işjeň çekmek üçin kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigini, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini belläp, kompaniýanyň wise-prezidenti öňde Türkmenistana beýik geljegiň garaşýandygyna tüýs ýürekden ynam bildirdi. Türkmen Liderini Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy we Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen ýene bir gezek gutlap, Fu Şiguan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň ykdysadyýetde, durmuş ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzyň durmuşynda we keşbinde bolup geçýän özgertmeler, onda höküm sürýän parahatsöýüjilik we agzybirlik ýagdaýy uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ymtylýan hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky döredijiliek işlerine, ynanyşmagy berkitmäge goşandyny goşjak işewür hyzmatdaşlaryň ünsüni çekmän bilmez diýip, “Huaweý” kompaniýasynyň wise-prezidenti sözüniň ahyrynda aýtdy.
Soňra taraplar we hyzmatdaşlar resmi däl, dostlukly ýagdaýda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar, dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler, tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Bu ýerde görkezilen wideofilm maslahatlaşmalar we söhbetdeşlikler üçin surat mysallary bolup hyzmat etdi. Ol türkmen topragyny özgerden täze Galkynyş eýýamy, täze gurlan desgalar we möhüm taslamalar, öz ajaýyp geljegini döredýän hem-de hoşniýetli dostlar we ygtybarly hyzmatdaşlar üçin açyk bolan ýurdumyzyň iş depginleri hakynda aýdyň gürrüň berdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we “Rits Karlton” myhmanhanasyndan çykdy.
Soňra türkmen Lideriniň ulag kerweni Şençžen şäherine tarap ugrady, şol ýerden döwlet Baştutany Aşgabada gaýtdy.
Şu gün agşam hormatly Prezidentimiziň “Boingi” türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.