Ï Parlamentiň işine halkara tejribesi ornaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parlamentiň işine halkara tejribesi ornaşdyrylýar

view-icon 575
Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynda “Milli parlamenti ösdürmek: halkara ye milli tejribe” atly maslahat geçirildi, bu maslahat Türkmenistanyň Mejlisi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Parlamentiň ösdürilmegine goldaw bermek boýunça maksatnama” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy.

Wekilçilikli maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we parlamentiň komitetleriniň işgärleri, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli demokratiýa we adam hukuklary institutynyň, şol sanda BMG-niň halkara düzümleriniň –ÝUNISEF-iň, Ilat gaznasynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça halkara geňeşçiler Anita Dudinýa (Latwiýa we Fransua Duluk (Fransiýa) geldiler.

Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmek boýunça amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýöredilýän we halkara derejesinde işjeň hyzmatdaşlyk edilmegine gönükdirilen “açyk gapylar” syýasaty kanunçylyk ulgamynda halkara hukugy boýunça hemmeler tarapyndan kabul edilen kadalara we standartlara laýyklykda amala aşyrylýan milli reformalarda ileri tutulýan ugurlary äşgär etdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy edarasy tarapyndan ýurdumyzyň halk hojalygyny ösdürmegiň, döwlet we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hukuk esaslarynyň üpjün edilmegini amala aşyrylýar. Gysga döwürde ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryna we döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy ulgamyna degişli bolup hem-de milli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýadyň bolmagyny üpjün edýän kanunçylyk namalarynyň we kanunlaryň uly toplumy kabul edildi.

Parlamentiň işini kämilleşdirmek, dünýäde kanun çykaryjylyk boýunça toplanan oňyn tejribäni öwrenmek we ornaşdyrmak, daşary ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary, şol sanda BMG we onuň düzümleri bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Mejlisiň işiniň möhüm ugry bolup durýar. Şu jähetden BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilýändigini bellemek gerek, ol adam hukuklary, raýat jemgyýetiniň, bazar ykdysadyýetiniň demokratik esaslaryny ösdürmek boýunça oňyn tejribäniň we bilimleriň alşylmagyna ýardam bermek baradaky maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýerlerde döwlet häkimiýetine degişli ulgamyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirlmegi muňa aýdyň subutnama bolup biler. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda hukuk özgertmeleriniň esasy maksatlaryna laýyklykda, “Ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralary hakynda” täze Kanun kabul edildi, ol ýerli häkimiýetiň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň demokratik özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly gadam urmagyna ýardam bermelidir.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän şu maslahatyň maksady parlamentçilik boýunça ileri tutulýan milli ugurlary we halkara tejribesini göz öňünde tutmak arkaly şu ugry ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginde amala aşyrylmagy çözgütleriň gyssagly, çeýe we gijikdirilmän kabul edilmegini hem-de ýurdumyzda we jemgyýetde bolup geçýän ähli özgertmelere günübirin seslenilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda deputatlaryň we parlamentiň işgärleriniň mümkinçiliklderini artdyrmak we pugtalandyrmak, olaryň kanun çykaryjylyk boýunça işini kämilleşdirmek, parlamentarileriň öz okruglaryna degişli durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegi häzirki wagtda esasy wezipelere öwrüldi.

Iki gezek geçirilen mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň parlamentçilik işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplanan tejribelere we has möhüm ugurlara seredildi we Latwiýa Respublikasynda we Fransiýa Respublikasynda kanun çykaryjy häkimiýetiň ulgamynyň mysalynda şu ugur boýunça toplanan halkara tejribesi, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň çäklerinde milli parlamentiň ösüşine goldaw bermek boýunça türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň netijeleri barada jikme-jik syn berildi.

Türkmenistanda döredilen döwlet häkimiýet we dolandyryş ulgamynyň üstünlikli we netijeli hereket edýändigi bellenildi, şunda bu ulgam dünýäniň ösen ýurtlarynyň döwlet gurluşygy boýunça toplan tejribesine, milli däp-dessurlara we türkmen halkynyň mentalitetine esaslanýar. Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly iş milli kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine, ýurdumyz tarapyndan tassyklanan konwensiýalara we halkara hukugy boýunça ählumumy kadalara laýyklykda kämilleşdirmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen işiniň ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli we çalt depginde ösdürilmegine, onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilendigi bellenildi.

Şunda döwletara we parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, parlament boýunça hünärmenleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde okuwlary geçirmek üçin mugallymlary alyşmak boýunça daşary ýurtly kärdeşler bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryň giňeldilmegine, tälim berýän okuwlaryň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda türkmen parlamentarileriniň tanyşmak üçin Fransiýa sapary şu ugurda netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigini görkezýän subutnama öwrüldi.

Duşuşygyň gün tertibine döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we ýurdumyzda demokratik özgertmeleri giňeltmek, maglumatlar we wagyz etmek bilen bagly işi kämilleşdirmek hem-de jemgyýetçilik we habar beriş serişdeler bilen ysnyşykly gatnaşyklary berkitmek boýunça milli parlamentiň ornuna we wezipelerine degişli möhüm meseleler goşuldy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleriniň we halkara geňeşçileriň gatnaşmagynda geçirilen wekilçilikli çäre kanun çykaryjylyk we hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlän möhüm ähmiýetli ädime öwrüldi.