Şu gün ýurdumyzyň iň bir ýaş etraplarynyň biri bolan Ruhubelent etrabynda harby wekilligiň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.
Täze binada dürli ähmiýetli desgalar toplumy jemlenipdir. Olaryň esasy binasy iki gatly desga bolup, ol iň häzirki zaman mebelleri, kompýuter tehnikalary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Binanyň “Galkynyş otagy” has-da görnükli bezelipdir. Jaýyň merkezleşdirilen ýyladyş-salkynladyş ulgamy binadaky amatly howany üpjün edýär. Şeýle hem harby wekilliginiň täze binalar toplumyna 10 orunlyk esgerler üçin ýatakhana, naharhana, geýim ýuwulýan, dürli ähmiýetli enjamlar saklanýan otag, awtoulag duralgalary bar.
Etrabyň harby komissarlygynyň täze binasy täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda kemala gelen şäherçäniň mekrezi böleginiň binagärlik toplumy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Häzirki döwrüde Ruhubelent etrabynyň merkezi şäherçäniň durmuş üpjünçiligini öz içine alýan guramalaryň we kärhanalaryň ösen düzümli ulgamyny özünde jemleýär. Olaryň hataryna etrabyň harby wekilliginiň jaýy hem goşuldy.
Täze binanyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Goranmak minsitrliginiň işgärleri, Daşgouz welaýatynyň we Ruhubelent etrabynyň häkimlikleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular, zähmetkeşler toparlarynyň, Umumymilli "Galkynyş" hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Oňa gatnaşanlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň harby gullukçylary üçin yzygiderli alada edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bu ýerde geçirilen şanly wakanyň hormatyna, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.