Şu gün Mekgä we Medinä haj parzyny amala aşyran watandaşlarymyz türkmen paýtagtyna gaýdyp geldiler.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň raýatlarynyň 186-sy musulman baýramy bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar bilen mukaddes Käbä sežde etmek we zyýaratyň ähli dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna uçdular.
Türkmen zyýaratçylary bütin dünýäniň musulmanlarynyň ruhy paýtagty bolan Mekgede, Al-Haram metjidi, Käbe, Zem-Zem çeşmesi we beýlekiler ýaly yslamyň esasy mukaddesliklerine baryp görmek bilen, haj parzynyň hökmany däpleriniň ählisini berjaý etdiler. Soňra Medinede olar Muhammet pygamberiň, onuň eginldeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine zyýarat etdiler, şäheriň meşhur metjitlerinde namaz okadylar.
Biziň watandaşlarymyz mähriban topragymyzda uçardan düşüp, her bir musulmanyň mukaddes borjy bolan haj parzyny berjaý etmäge goldaw we mümkinçilik döredendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny şatlyk we tolgunmak bilen beýan etdiler, haj parzyny amala aşyrmak milletimiziň dowam edip gelýän ruhy hem-de medeni däplerine aýawly çemeleşmegiň ýene-de bir subutnamasydyr. Zyýaratçylar milletiň Liderine berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan köptaraply işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdiler.