Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Emir Muhammed ben Saad ben Halid ben Muhammed Al-Saudy kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelrini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilige hoşallygyny mälim edip, döwlet Baştutanymyza Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we ýakynda bellenilip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli iberen gutlaglaryny we milli Liderimize bagt, ýurduň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan asylly başlangyçlarynda üstünlik gazanmak baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Biz soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän, täze Galkynyş eýýamynyň belent maksatlaryna tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we öz doganlarymyzyň saýlap alan ýolundaky zähmet ýeňişlerine tüýs ýürekden begenýäris diýip, myhman belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we ýagşy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, geografiki taýdan uzakda ýerleşendigine garamazdan iki ýurduň syýasy, ykdysady we medeni- gumanitar ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan berkidilýändigini belledi.
Milli Liderimiz ynanyşmak we birek-birege düşünişmek esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, biziň ýurdumyzyň ähli ugurlar, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Dostlukly ýurduň içeri işler ministriniň geňeşçisi Türkmenistanyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan işjeň çemeleşmesine ýokary baha berip, Türkmenistanda berkarar bolan parahatçylygyň hem-de ylalaşygyň häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň ähli ugurlarynda milli Lideriň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.
Emir Muhammed ben Saad ben Halid ben Muhammed Al-Saud Saud Arabystany Patyşalygynyň uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, iki ýurtlaryň içeri işler ministrlikleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklary, şol sanda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek ulgamynda gazanylan oňyn tejriebeleri alyşmak babatda hyzmatdaşlygy ýola gomagyň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman işjeň we netijeli geçen duşuşygyň ahyrynda iki ýurtlaryň köpýyllyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler we Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Saud Arabystanynyň Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Turki ben Haled ben Faýsal Al-Haşr gatnaşdy.