Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak milli we halkara ähmiýetli wakalara baýdyr. Olar türkmen döwletiniň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol wakalaryň arasynda türkmenistanlylaryň agzybirlikde hem-de bir maşgala bolup belleýän ählihalk baýramçylyklary aýratyn ähmiýetlidir. Şol baýramçylyklar hoşniýetli goňşulary hem-de wepaly dostlary uly we şatlykly türkmen toýunyň sahawatly saçagynyň başynda jemleýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 16 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar-ylmy maslahatlar, çeperçilik sergileri, aýdym-sazly we sahna oýunlary, dürli bäsleşikler, sport ýaryşlary we beýlekiler toý çäreleriniň arasynda aýratyn orun eýeleýär.
Mysal üçin, “Parahat” medeni dynç alyş merkezinde “Bitarap Watanym—Türkmenistanym!”, “Hemişelik Bitarap Türkmenistan-arzuwlaryň wysal bolýan Watany” atly baýramçylyk dabaralary geçiriler. Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň hormatyna Abadan, Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherleriniň sport toplumlarynda aýdym-saz, teatrlaşdyrylan we baýramçylyk çäreleri göz öňünde tutuldy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport merkezinde basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa badalga berildi, şeýle hem ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Ýurdumyzyň muzeýleriniň ählisinde “Galkynyş eýýamynyň muzeýleri” atly amaly-haşam sungatynyň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleriniň baýramçylyk sergileri açyldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde meşhur türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň işleri görkezilýär. Olaryň arasynda A.Hajyýewiň, A.Myradalyýewiň, Ý.Adamowanyň, A.Hydyrowyň, J.Jumadurdynyň, Ç.Durdyýewiň we beýlekileriň eserleri aýratyn orun eýeleýär.
Baýramçylyk günlerinde täze desgalary ulanmaga bermek dabaralary hem bolar. Mysal üçin, Balkanabat şäherinde söwda merkeziniň, Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky “Ýyly suw” şypahanasynyň 200 orunlyk täze binasynyň we Arçman obasynda 500 orunlyk Medeniýet öýüniň, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň “Täze durmuş” geňeşliginde Saglyk öýüniň, Türkmenabat şäherinde ýaşaýyş jaýynyň, Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Gazojak” we “Tallymerjen”, Daşoguz welaýatynda “Daşoguz awtoýollary”, Mary welaýatynda “Serhetabat” gümrük edara binalarynyň açylyş dabaralary bolar. Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda 1500 orunlyk sport desgasy, Mary şäherinde we Farap etrabynda sport mekdepleri, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň S.Çerkezow adyndaky geňeşliginde 320 orunlyk orta mekdep we Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler. Elbetde, Köpetdagyň eteginde Bitaraplyk binasynyň açylmagy baýramçylyk çärelerine özboluşly öwüşgin çaýar.
Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Merdana nesil--2011”atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolar. Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyşy bolar hem-de “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we türkmen ýaşlary täze Galkynyş eýýamynda” atly baýramçylyk dabarasy guralar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ähli teatrlary tomaşaçylary “Ata Watan, eziz ýurdum--Bitarap” atly teatrlaşdyrylan dabaralara çagyrýar.
Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guraljak. “Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi--berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesi” atly baýramçylyk dabarasy bolar.
Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň arasynda okuw dersleri boýunça olimpiýadanyň döwlet tapgyry, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolsa talyplaryň çeper höwesjeňleriniň baýramçylyk konserti bolar. Şanly sene mynasybetli dabaralar Maslahat köşgünde, “Ylham” seýilgähinde, “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, ýurdumyzyň Döwlet sirkinde hem geçiriler.
10-njy dekabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, ýurdumyzyň Mejlisi, Umumymilli “Galkynyş” hereketi tarapyndan guralýan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçiriler.
Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň meşhur aýdymçylary, sazandalary, artistleri we döredijilik toparlary öz çykyşlaryny ýene-de bir şanly waka--Goňşokara baýramyna bagyşlarlar.
Häzirki döwürde myhmansöýerlik, açyklyk we parahatçylyk söýüjilik däplerini alamatlandyrýan hem-de türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň nyşany bolup durýan şol günde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri Aşgabatda duşuşarlar, birek-birege duz-çörek hödürlärler, şowhunly konsertler bilen çykyş ederler.
Her ýyl 14-nji dekabrda bellenilip geçilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýylynda nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler” atly ylmy maslahat we baýramçylyk dabarasy geçiriler. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti bolar.
12-nji dekabrda “Aşgabat” sport toplumy Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň merkezine öwrüler. Şol ýerde uly baýramçylyk çäresi ýaýbaňlandyrylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň teatrlaşdyrylan baýramçylyk çykyşlary we ahalteke bedewleriniň dabaraly ýörüşi bolar.
Şol gün agşam meşhur artsitleriň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky we “Ylham” seýilgähindäki konsert meýdançalarynda baýramçylyk çykyşlary guralar, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda şowhunly dabaralar geçiriler.
Bitaraplyk binasynyň golaýynda guraljak baýramçylyk feýerwerki toý çäreleriniň esasylarynyň biri bolar.
Şanly wakalar mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar”, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny nobatdaky gezek aýdyňlyk bilen görkezer.