Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon ofissiniň taslamasynyň çäklerinde dänäni we ondan işlenip alynýan önümleri goramak boýunça häzirkizaman usullaryna bagyşlanan „Türkmenistanyň hasyly goramak sektorynda metil bromidi ýok etmek üçin tehniki kömek“ ady bilen üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady.
Bu maslahata dänäni öndürmek we gorap saklamaklyk bilen baglanyşykly edara-kärhanalaryň, un üweýän , çörek öndürýän we bu ulgamda ylmy işleri geçirýän edaralaryň, ýagny Türkmenistanyň oba hojalyk, Tebigaty goramak , saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrlikleriniň, „Türkmengallaönümleri“ assosiasiýasynyň welaýat bölümleriniň, Ekerançylyk ylmy barlag institutynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hünärmelnleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi baradaky Maksatnamasynyň halkara maslahatçylary gatnaşdylar.
Däneçilik ulgamy diňe bir bugdaýy ösdürmeklik bilen çäklenmän , eýsem şu döwürde ýurduň bu önümi daşary ýurtlara satyljak önüm bolup duranlygy sebäpli, ony gorap saklamak we işläp önüm öndürmek işini alyp barmaly. Bu bolsa Monreal Beýanyna laýyklykda ulanylyşdan aýrylmaga degişli bolan ozon gatlagyna zyýan ýetiriji serişdeleri we garyndylary çäklendirip ulanmaklyk bilen hem baglydyr.
Monreal Beýanynyň taraplary, şol sanda Türkmenistan hem, metil bromidini ulanyşdan çäklendirmeklik we ondan soň tutuş aýyrmaklyk barada ylalaşdylar. Monreal Beýanynyň bu ylalaşyklaryny ýerine ýetirmeklik maksady bilen Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi baradaky Maksatnamasy bilen ylalaşyga gol çekişdi we onuň esasynda iş meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu meýilnama esasynda milli hünärmenleriň we halkara maslahatçylaryň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny geçirmeklik göz öňünde tutuldy. Şeýle-de Türkmenistanda „Ozon gatlagyny goramak hakynda“ Kanun kabul edildi. Bu kanuna laýyklykda Monreal Beýanynda göz öňünde tutulan brom metiline derek başga zyýansyz serişdeleri ornaşdyrmak babatynda geçirilmeli işler döwletiň galla syýasatynyň ugurlarynyň biri hökmünde hasaplanýar.
Ýurdumyzyň galla önümçiliginiň hünärmenlerinde, bütin dünýäde kabul edilen usullaryň birnäçe ygtybarly görnüşleri, ýagny howa şertlerine we önümçiligiň dürli görnüşine laýyk gelýän öz usullary bar.
Däne hasylyny gorap saklamak üçin, jaýlary, ammarlary, degirmenleri we taýýar önümleriň ammarlaryny gorap saklamak üçin örän netijeli, ýöne ozon gatlagyna zyýanly bolan metil bromid ulanylýardy. Bu döwürde netijeliligi pes bolmadyk we ozon gatlagyna zyýan ýetirmeýän serişdeler bar.
Bu okuw seminary däne önümlerini gorap saklaýan biologiki , himiki goraýyş we öňüni alyş çärelerine, şeýle-de netijeli serişdeleri ulanmaklyga bagyşlandy. Okuw maslahatynda däne önümlerini, ammarlaryň , önümçilik binalaryň , enjamlaryň we desgalaryň abatlygyny gorap saklamak boýunça we arassaçylyk kadalary barada çykyşlar diňlenildi.