Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň 11 aýyndaky netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine garaldy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary çagyryldylar.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň başynda ýygnananlaryň ählisini we olaryň üsti bilen ähli halkymyzy ýetip gelýän Goňşyokara baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halky öz goňşusy bilen hemişe agzybir ýaşamagy başarypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we goňşular bilen ysnyşykly gatnaşmak däbiniň halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleriniň biridigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary ýurdumyzda giňden bellenýän Goňşyokara baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap we olara berk jan saglyk, abadançylyk, parahatçylyk we bagtyýar durmuş arzuw edip, dostluk, doganlyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan bu gadymy däbiň häzir täzelenen ýörelgelerde ösdürilýändigini hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda öz aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, G.Mezilowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylygy wezipelerini alyp barýandygyny belläp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy we G.Mezilowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Täze bellenen wise-premýeriň üstüne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, täze tehnologiýalar we innowasiýalar meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek ýüklenildi. Milletiň Lideri şeýle hem Ferhat Arjanowy Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz şu günki mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda geçirilen guramaçylyk işleriniň netijeleri, şol sanda dolandyryş ulgamyna elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak, döwlet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle hem buýrujy bolup çykyş edýän desgalaryndaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryşynyň tejribesine häzirkizaman tehnologiýalaryny has işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Häzir olar jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň möhüm guraly bolup durýar, serişdeleri rejeli peýdalanmaga hem-de görülýän guramaçylyk çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, maglumatlar ulgamy Türkmenistanyň dünýäniň ylmy-tehniki, ykdysady, informasion, medeni giňişligine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ulgamda wezipeleri çözmäge maksatlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz mejlisde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna “Mersedes-Bens Sprinter 224” kysymly awtoulaglary bermek hakyndaky buýruga gol çekip, raýatlarymyzyň saglygyny goramak baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli işleri utgaşdyrmak, şeýle hem täze gurluşyklardaky işlere berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişiniň netijeleri, şeýle hem ministlikleritň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt walýutasy görnüşinde gelip gowuşýan serişdeler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň maddy-hal ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasatynyň ýöredilmegi netijesinde ýurdumyzda makroykdysady görkezijiler durnukly ýagdaýda artýar diýip belledi.
Şu ýylyň on aýynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokarlandy, şol sanda munuň özi senagat pudagynda 124,6 göterime, gurluşykda—112,5 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda –107,9 göterime, söwdada—108,8 göterime, oba hojalygynda—100 göterime we hyzmatlar ulgamynda 108,1 göterime deň boldy.
Daşary söwda dolanyşygy boýunça tabşyryk doly möçberde ýerine ýetirildi. 2010-njy ýylyň degişi döwrüne garanyňda, 2011-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda onuň möçberi 1,5 esse artdy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna, özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,1 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer Döwlet býujetini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, hasabat döwründe onuň girdeji bölegi boýunça tabşyrygyň 127,2 göterim we çykdajylar boýunça—91,5 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini habar berdi. Ýerli býujetiň girdeji bölegi 115,6 göterim, çykdajy bölegi 96,2 göterim möçberinde berjaý edildi. 2010-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ortaça zähmet haky 13,5 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem hökümetiň Baştutanynyň orunbasary ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şonda daşary ýurt pulunyň türkmen manady babatdaky ýeke-täk hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, diwersifikasiýalaşdyrmak we höweslendirmek boýunça görülýän çäreleriň toplumynyň milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, munuň ýurdumyzda uly möçberli durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň gazanylmagyny üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmegini hem-de maliýe-ykdysady düzümleriň işini kämilleşdirmek bilen bagly işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow şu ýylyň geçen 11 aýynyň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda daşary syýasata degişli ugruny gyşarnyksyz amala aşyrmak bilen döwletara görnüşinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegini dowam edýär. Muňa, hususan-da, hasabat döwründe milletiň Lideriniň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň dünýäniň 8 ýurduna döwlet, resmi we iş saparlary bilen barmagy, şu döwürde şonça ýurduň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, şeýle hem Ýewropa komissiýasynyň başlygynyň we halkara syýasy toparlarynyň beýleki ýokary wezipeli adamlarynyň biziň ýurdumyza gelmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da, hasabat döwründe daşary döwletlerde ýurdumyzyň 550 wekiliýeti iş saparlarynda boldy, Türkmenistana daşary döwletleriň wekiliýetleriniň 546-sy geldi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda dürli derejedäki we görnüşdäki halkara çäreleriniň 127-si, döwletara hökümet toparlarynyň mejlisleriniň 12-si, Daşary işler ministrlikleriniň ikitaraplaýyn geňeşmeleri we beýleki duşuşyklar geçirildi. Olaryň arasynda golaýda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki döwetleriň BMG-niň Merkezi Aziýada ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejede geçirilen halkara duşuşygy bar. Onuň netijeleri boýunça BMG-niň Merkezi Aziýada terrorçylygyň garşysyna Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki Hereketleriň Meýilnamasy kabul edildi, şeýle hem jemleýji Aşgabat Jarnamasy goldanyldy. Olarda taraplaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge meýillidigi, terrorçylyga garşy göreşmek meseleleri boýunça ysnyşykly, özara ylalaşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýandygy bellenildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, umuman alanyňda, şu döwürde ikitaraplaýyn döwletara resminamalarynyň 107-sine gol çekildi, bular Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça işjeň ýagdaýda ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygynyň giňişleýin şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen hem-de strategiki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanmak boýunça täze çemeleşmeleriň düýbüni tutan resminamalaryň uly toplumy muňa aýdyň mysal bolup biler.
Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklary giňeldilýär we berkidilýär: şu ýylyň 11 aýynda dünýäniň ýene-de alty ýurdunda biziň döwletimiziň doly hukukly wekilleri bellenildi, Türkmenistanda dürli döwletleriň täze ilçileriniň 15-si işläp ugrady.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy öz hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlyk etmeginde hökümetiň wekilýetiniň Malaýziýa döwlet saparynyň maksatnamasyny taýýarlamak, şeýle hem milli baýramçylyga—Bitaraplyk gününe, hususan-da, bu şanly senä gabatlanyp geçiriljek “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna taýýarlyk görmek barada jikme-jik aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan strategiýa ygrarlydygyny hem-de geljekde-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we yzygiderli ösüşiň hatyrasyna sebit we global derejedäki oňyn ýagdaýlara degerli goldaw bermegi maksat edinýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Malaýziýa sapar bilen bagly mesele barada durup geçip, şonuň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň taraplara özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyňlaşdyrmaga hem-de geljek üçin niýetlenen uzak möhletleýin meýilnamalary göz öňünde tutmak arkaly, bu hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigini belledi. Milletiň Lideri dürli pudaklar, şol sanda söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy, bilim we işgärleri taýýarlamak boýunça özara peýdaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleriň döreýändigini nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklary yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirmegiň hem-de özara arkalaşykly hereket etmek boýunça bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutany şu ugra degişli anyk tabşyryklary berip, degişli ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işini utgaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň 11 aýynda alyp barýan işleriniň netijeleri barada habar bilen çykyş etdi.
Şeýle hem ol şu döwürde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň we milletiň Lideriniň başlangyjy bilen hukuk ulgamyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmegiň nukdaýnazaryndan milli kanunçylygymyzy we Mejlisiň deputatlarynyň halkara guramalary bilen alyp barýan işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de Türkmenisranyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek babatda milli parlamentimiziň alyp barýan işleri barada aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýerlerde alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň demokratik we düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini şertlendirýän jemgyýetçilik guramalaryny mundan beýläk-de demokratizasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň D.Orazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda tehniki-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Hususan-da, wise-premýer gurluşyk ministrligi boýunça önümçilik işleriniň we gurluşygyň ösüş depginleriniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 121,3 göterime barabar bolandygyny aýtdy.
Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy. Hususan-da, sement önümçiligi boýunça ösüş depgini 103,9 göterime barabar boldy. Şu döwürde geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende ýyllyk girdejiniň ösüşiniň görkezijisi 112,1 göterime deň boldy diýlip, hasabatda bellenildi.
Aşgabat şäheri boýunça 2011-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aralygynda senagat önümçiliginiň ösüş depgini 119,2 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk pudagyndaky önümçilik görkezijileriniň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýokary depginleri gurluşygyň geriminiň giňeldilmegini, gurluşyk materiallarynyň önümçiliginiň artdyrylmagyny, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär, şeýlelikde, bu çäreler häzirki döwrüň ýokary talaplaryna we degişli ülňülerine gabat gelmelidir diýip aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz täze tilsimatlaryň, ýokary netijeli enjamlaryň we tehnikalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy, pudagyň mundan beýläk-de yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän köp sanly baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şu günler Aşgabadyň baýramçylyk äheňindäki bezeginiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesiniň we ýurdumyzda geçirilýän dabaralaryň türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly laýyk gelmelidigini nygtady. Milli Liderimiz bu dabaralarda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähli gazananlary öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow şu ýylyň 11 aýynda ýangyç-energetika toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgininiň 107,9 göterime deň bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy 42,5 göterim, daşary ýurtlara ugradylan tebigyň gazyň möçberi bolsa 75,2 göterim artdy.
Nebiti gaýtadan işleýän senagatda ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberiniň ösüşi 2,5 göterim, şeýle hem awtomobil benzininiň hem-de dizel ýangyjynyň öndürilişi 2,9 göterim artdy. Içerki we daşary ýurt bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan çalgy ýaglarynyň we beýleki nebit önümleriniň öndürilişi hem ýokarlandy.
Bularyň ählisi hasabat döwründe Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda gazanylan girdejileriň artmagyny şertlendirdi. 2011-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende girdejilerdäki ösüş depgini 195,2 göterime deň boldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça özleşdirilen maýa goýum serişdeleriniň ösüş depgini 75,7 göterim artdy.
Şu ýylyň 11 aýynda himiýa senagatynda mineral dökünleriň ähli görnüşleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,4 göterime, tehniki ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini 105,2 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetinde hem oňat görkezijiler gazanyldy. Bu ýerde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende balyk tutulyşynyň ösüş depgini 3,1 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç çig malynyň çykarylyşynyň depginini mundan beýläk-de artdyrmagyň, hususan-da, dünýä bazarlarynda tebigy gaza bolan islegiň artmagyny nazara almak bilen ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, täze ýangyç ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek, ýangyç- energetika toplumynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek, sebitleýin we ählumumy möçberlerde energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän köp ugurly gaz geçirijiler düzümini ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmak möhümdir diýip nygtady.
Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 16 ýyllygy mynasybetli medeniýet ulgamynyň düzümleriniň ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagy we geçirmegi meýilleşdirýän baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda baýramçylyk çäreleriň maksatnamasyna birnäçe halkara forumlaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik bäsleşikleriniň. aýdym-sazly çykyşlaryň, teatr oýunlarynyň we sport bäsleşikleriniň goşulandygy bellenildi. Wise-premýer şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birnäçe iri durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda uly baýramçylyk hökmünde her ýylda giňden bellenýän we Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda möhüm waka bolan bu şanly senäniň ähmiýetini nygtap, türkmen bitaraplygynyň sebitleýin we dünýä möçberindäki wajyp meseleleri çözmekdäki ornuny hem-de onuň ählumumy utgaşma ýagdaýyna täsirini belledi.
Parahatçylyk söýüji Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda zerur çäreleri görer we adamzat ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ähli bellenilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede örän dabaraly geçirilmelidigini nygtady. Biziň ýurdumyz özüniň Bitaraplyk gününi parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk, öz dostlary hem-de dünýä jemgyýetçiligindäki hyzmatdaşlary bilen birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýagdaýynda belleýär, şonuň üçin hem bu çäreleriň baýramçylyk dabaralarynda öz beýanyny tapmalydygyny döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ýaş zehinli aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen bäsleşik bilen baglanyşykly meselä ünsi çekdi. Bu bäsleşik täze taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, ýaş nesilde ata Watanymyza bolan çäksiz söýgini, ata-enä, milli däp-dessurlarymyza, mähriban topragymyza çäksiz wepalylygy terbiýelemelidir diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz onuň guralyşynyň guramaçylyk taraplarynyň üstünde jikme-jik durup geçdi. Biz ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeltmek bilen bagly köp asylly işleri durmuşa geçirýäris. “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň hem şol işleriň arasynda öz mynasyp ornuny tapmalydygyny aýratyn nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy gurasa, maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbsary N.Şagulyýewe söz berildi, ol özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2010-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýük daşamagyň möçberleriniň ösüş depgininde oňyn netijeler gazanyldy, şol sanda Demir ýol ulaglary minstrligi boýunça 103,8 göterim, Awtomobil ulaglary minitsrligi boýunça 101,6 göterim, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 138,2 göterim, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça 102,1 göterim ösüş gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçy gatnatmak we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri boýunça geçen ýyldaky görkezijilerden ýokary netije gazanyldy.
Aragatnaşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 2,2 essä golaý artdy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat diňläp, ulag ulgamynyň takyk işlemegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmeginiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip belledi. Häzirki wagtda ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda bu ulgama ýokary talaplar bildirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, awtomobil, demir ýol we beýleki pudaklaryň tehniki parkynyň üstüni ýetirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda dünýäniň meşhur önüm öndürijilerinden häzirki zaman tehnikalaryny satyn almaga, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki täzelikleri giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berler. Hususan-da, ýolagçy awiýapeteklerini resmileşdirmegiň elektron görnüşine tapgyrlaýyn geçmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini mundan beýläk-de ösdürmek babatda anyk talaplary bildirdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow çykyş edip, şu ýylyň 11 aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda dokma we halyçylyk pudagynda, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek boýunça işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatda şeýle sanlar bilen tanyşdyryldy: ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli kärhanalaryň öndüren önümleriniň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 24,2 göterime artdy, şunda nah we ýüpek matalary öndürmekde has ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde dokma önümleri 13,8 göterim möçberinde köp ýerlendi. Wise-premýer şu pudagyň düşewüntliligini artdyrmak maksady bilen, onuň önümçilik we maddy-tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigini, birnäçe dokma kärhanalarynyň tehnologik amallaryny täzelemek we öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak üçin degişli çäreleriň görülýändigini belledi.
Şeýle hem çykyşda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüşi 112,2 göterime, bu ministrligiň garamagyndaky kärhanalar tarapyndan öndürilen önümleriň ösüşi 124,7 göterime barabar boldy diýlp bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma we söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine degişli maksatlaryň, ýurdumyzdaky we daşary döwletlerdäki sarp edijileriň bildirýän islegleriniň yzygiderli ýagdaýda artmagynyň öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini köpeltmek, harytlara degişli teklipler bilen bagly wezipeleri şu ulgamlaryň kärhanalarynyň öňünde goýýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport bilen bagly kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda guralýan sergileriň we ykdysady maslahatlaryň wajyp ähmiýetlidigini, şolaryň milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny we mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmek üçin geçirilýändigini we olaryň daşary söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna hem-de pudaga täze tehnologiýalaryň we maýa goýumlaryň çekilmegine gönükdirilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion ösüşe, bildirilýän islegiň we dünýädäki konýunkturanyň öwrenilmegine, bäsdeşlige mahsus şertlerde işlemäge ukyplylygyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen ugruň toplumlaýyn çemeleşmä öwrülmelidigini belledi. Milletiň Lideri ýurdumyzda sarp ediş bazaryny dolandyrmak bilen bagly meseläni orta atyp, harytlaryň we önümleriň hiline, nyrh syýasatyna berk gözegçilik edilmegi tabşyrdy hem-de söwda we hyzmat ediş ulgamyna degişli kärhanalaryň we guramalaryň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýenine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabatda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen önümleriň umumy mukdary 10,3 göterim ýokarlandy diýlip bellenildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak işleri tamamlanyp barýar, galla ekilen meýdanlarda ideg işleri giň gerime eýe bolýar, ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär diýip, wise-premýer habar berdi. Mundan başga-da, oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, şol sanda suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda degişli çäreler alnyp barylýar diýlip hasabatda bellenildi.
Şeýle hem şu ýylyň 6-8-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, obasenagat toplumyny dolandyrmagyň has kämil usullaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny we täze ylmy gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we pudaklaýyn düzümleriň ählisiniň ösüşinde obasenagat toplumynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak möhüm tapgyr bolup durýar diýip belledi.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde oňyn üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, milli Liderimiz Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän we ýurdumyzyň uly ähmiýetli pudagynda gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini beýan etmäge gönükdirilen halkara sergi-ýarmarkasynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşini, Türkmenistanyň dünýä bazarlarynda ýokary hilli pagta we dokma harytlaryny öndüriji hökmündäki ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýän bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň käbir möhüm meselelerine ünsi çekdi.
Ýene-de birnäçe günden biz ýurdumyzda uly we örän möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Milli baýramyny – Bitaraplyk gününi giňden we dabaraly belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy biziň ähli ugurlar boýunça amala aşyrýan daşary syýasatymyzyň esasyny düzýär. Biz Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji ýyllarymyzdan başlap, oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat ugrumyzy yglan etdik. Biz Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlaryny hemişe üstünlikli durmuşa geçirdik we häzir hem durmuşa geçirmegi dowam edýäris. Biziň alyp barýan, oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatymyz harby güýje daýanman, syýasy we diplomatik serişdeler arkaly ählumumy howpsuzlyk ulgamyna ýardam bermekden, hiç bir harby we harby däl bileleşiklere goşulmazlykdan, ykdysadyýetimizde açyklyk ýörelgesinden ugur almakdan, biziň bilen gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen giň gerimli we deňhukukly esasda hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçirýän ýokary derejedäki duşuşyklarymyzda hem şu ýörelgelerden ugur alýarys. Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary biziň alyp barýan syýasatymyza düşünmek bilen garaýarlar we ony goldaýarlar. Biz daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy we özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynda saparda bolýarys diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarymyzyň çäklerinde şu ýylyň ahyryna çenli biz Malaýziýa we Russiýa Federasiýasyna sapar bilen gitmegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz bellemek bilen, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň bu ýurtlara boljak saparlaryna häzirden oňat taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Biziň alyp barýan içeri syýasatymyzyň meseleleri barada aýdanymyzda bolsa, biz ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda demokratik özgertmeleriň gerimini giňeltmäge, ilatymyza giň möçberde ýaşaýyş-durmuş taýdan goldaw bermäge, hususy telekeçilige ýardam bermäge, dünýädäki maliýe çökgünligi täsir etmeýän, kuwwatly we berk ykdysadyýetli ösen döwleti döretmäge gönükdirilen içeri syýasatymyzy yzygiderli durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Milletiň Lideri öňde birnäçe möhüm ähmiýetli çäreleriň bardgyny aýdyp, 15-nji dekabrda ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bolan syýasy çäräniň – Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň gurultaýynyň geçiriljekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka—2012-nji fewral aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary barada durup geçip, öňki geçirilen ähli saýlawlar ýaly, nobatdaky saýlawlaryň hem birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagynda, hakyky bäsleşik esasynda, demokratiýa, açyklyk we aç-açanlyk ýörelgelerine laýyklykda geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň işini kämilleşdirmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berýäris diýip belledi. Şu maksat bilen, Merkezi toparyň ähli zerur gulluklar, kompýuter enjamlary we ähli welaýat saýlaw toparlary bilen elektron aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilen täze binasyny doly enjamlaşdyryp ulanmaga berdik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, zerur bolan taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Biz bu saýlawlara ýerli synçylardan başga-da, daşary ýurtlardan hem synçylary çagyrdyk. Şeýlelikde, nobatdaky Prezident saýlawlary ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimiziň durmuşyna halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ornaşdyrmakda ýene-de bir möhüm ädim bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwletiň alyp barýan içeri syýasatynyň, öňküsi ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlanýandygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini durnukly derejede saklanýar. Ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň ählisi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimizde öndürilen jemi içerki önümiň möçberi, öňküsi ýaly, ýokary derejede saklanýar. Geçen döwür bilen deňeşdirilende ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdejili bölegi, öňküsi ýaly, onuň çykdajyly böleginden has ýokarydyr. Geçen döwür bilen deňeşdirilende ykdysadyýetimize goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 123,1 göterime golaý artdy, aýlyk zähmet haklarynyň möçberi hem 113,5 göterim ýokarlandy. Gurulmagy göz öňünde tutulan senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, söwda merkezleri we beýleki desgalar bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berildi diýip, milletiň Lideri nygtady.
Döwlet Baştutanymyz milli energetika syýasaty barada durup geçip, döwletiň ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alyp barýan syýasatynyň hem üstünlikli dowam edýändigini aýtdy. Mysal üçin, 13-nji dekabrda Lebap welaýatynda gazy arassalaýan ýene-de bir kuwwatly zawodyň düýbi tutular. Bu zawodyň gurlup, ulanmaga berilmegi bize Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, milletiň Lideri belledi.
«Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan» gaz geçirijisini gurmak boýunça deslapky işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Häzirki döwürde bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Konsorsiumy döretmek boýunça zerur işler geçirilýär.
Biz 2012-nji ýyl üçin oňat Döwlet býujetini kabul etdik diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Döwlet býujetinde pensiýalaryň, kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga ep-esli serişdeleri gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Geljek ýylyň Döwlet býujetinde bu ugra gönükdiriljek serişdelerden başga-da, Hökümetimiziň ätiýaçlyk gorundan bu maksatlar üçin goşmaça serişdeler goýberiler. Bu bolsa bize «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek boýunça amala aşyrýan özgertmelerimiziň çäklerinde ýurdumyzyň medeni-durmuş toplumyny ösdürmekde durmuşa geçirýän işlerimizi has-da çaltlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi
Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.