Ï Goňşokara – hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylygyň we dostlugyň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goňşokara – hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylygyň we dostlugyň nyşany

view-icon 961
Şu gün tutuş ýurdumyzda her ýylyň dekabr aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän Goňşokara baýramy mynasybetli dabaralar giňden geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk baýramynyň esasyny gadymdan gelýän goňşokara däbi düzýär. Oňa laýyklykda her bir adam gündelik durmuşda mümkinçiligine görä goňşulary bilen duz-çörek alşypdyr. Bu däp özünde birek-birege hormat goýmakda, mähirlilikde, dostlukda, ruhy we maddy goldawda öz beýanyny tapýan belent adamkärçiligiň ýörelgelerini jemleýär. Türkmenleriň edebiniň kadasyna öwrülen goňşokara biziň jemgyýetimiziň jebisliginiň mümkinçiliklerini öz içine alýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň öz goňşusy bilen hemişe agzybir ýaşamagy başarandygyny, «Kyýamat güni goňşudan!» diýen pähime eýerip, öz şatlygyny hem, gynanjyny hem öz goňşusy bilen paýlaşyp, oňa hemişe hormat goýandygyny belläp, mejlise gatnaşanlaryň üsti bilen ähli türkmenistanlylary Goňşokara baýramy bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, asuda we bagtly durmuşy arzuw etdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, goňşular bilen ysnyşykly gatnaşmak däbi halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleriniň biridir. Şeýle ajaýyp ýörelge goňşynyň-goňşa goýýan sylagyndan, hormatyndan, agzybirlikden, dost-doganlykdan nyşandyr. Häzirki döwürde halkymyzyň milli däplerinden gelip çykýan bu ýörelgeler döwlet derejesinde has-da ösdürilýär we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagynda aýdyň beýanyny tapýar.


Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň, ähli ilatly nokatlaryň wekilleri ir säher bilen duşuşyp, biri-birini “Hoş geldiňiz!” we “Hoş gördük!” diýip, dabaraly garşyladylar. Ýaşuly nesliň wekilleri we olaryň agtyklary, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar gadymdan gelýän türkmen däbine görä, duz-çörek alşyp, biri-birine milli tagamlary, süýji-kökeleri we gök önümleri hödür etdiler. Bu ýerde ýaňlanan adymlar we sazlar, joşgunly tanslar we folklor çykyşlary aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Paýtagtymyzyň Milli Garaşsyzlyk seýilgähinde ýerleşýän “Aşgabat” konser merkezi, şeýle hem welaýatlaryň baş sahnalary dabaralaryň esasy ýerine öwrüldi. Bu ýerlerde aýdym-saz, tans we döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandy.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda parahatçylygyň, agzybirligiň we jebisligiň aýdyň nyşanlarynyň biri hökmünde öz mynasyp dowamyna eýe bolan bu ajaýyp baýramçylyk türkmenistanlylaryň öz ata-babalarynyň parasatly däplerine üýtgewsiz wepalylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynda öz beýanyny tapdy. Biziň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eýeren hoşnietli goňşuçylyk kanuny şeýle hem Türkmenstanyň Bitaraplyk derejesinde aýratyn öwüşgüne eýe boldy. Biziň ýurdumyz bu gün dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, ylalaşdyryjylyk merkezine öwrüldi. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezi --

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky daýanç nokady üstünlikli işleýär. Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisleriniň wise-başlyklygyna yzygiderli saýlanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmegini aýdyň tassyklaýar. Türkmen döwletiniň Baştutany bu halkara guramanyň belent münberinden Zeminiň ähli halklarynyň bähbidine, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlary beýan etdi.

Şu ýyl – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýylygynyň bellenilen ýylynda Goňşokara baramynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň bähbidine we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen ýaýbaňlanan uly zähmet we ruhy galkynyş ýagdaýynda geçirilýändigini bellemek gerek.