Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri, hususan-da, senagat-gurluşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda welaýatlarda we paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy şu günki göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyň gün tertibine girizildi.
Döwlet Baştutanymyz öňi bilen Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewiň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem D.Myratberdiýew ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýtdy we welaýatyň çäginde täze Galkynyş eýýamynyň ruhuna kybap gelýän, täze, döwrebap obanyň gurluşygy boýunça taslamalary görkezdi.
Milli Liderimiz öňi bilen meýdan işleri baradaky meselä ünsi çekip. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini we depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz täze guruljak ýaşaýyş jaý toplumy özünde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň iň ösen tejribelerini jemlemelidir, olarda türkmen jemgyýetiniň ösen talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler döredilmelidir diýip, görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Täze kemala gelýän obada bina edilýän desgalaryň binagärlik aýratynlygyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz ol ýerde ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini we bir wagtda ugurdaş düzümleriň desgalarynyň hem gurulmalydygyny, şeýle hem olaryň ýerleşýän ýerlerini kesgitlemek boýunça örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany çagyrdy. Milli parlamentimiziň ýolbaşçysy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça deputatlaryň alyp barýan işleri, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde alyp barýan işleriniň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahata Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň sebitde ýaşaýyş-durmuş hem-de senagat düzümini ösdürmäge degişli beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz welaýatda şu ýyl gurlup gutarmagy meýilleşdirilen desgalaryň ýagdaýlary bilen gyzyklandy we olarda gurluşyk işleriniň depgininiň haýal barýandygyny belläp, gurluşyk işleriniň guralyşyndan nägilelik bildirdi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak babatda zerur çäreleriň görmegi häkimden berk talap etdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahata
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamuhammedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Balkan welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň öz möhletinden yza galýandygyny aýdyp, işleriň gidişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we sebitde ähli ugurlar boýunça has-da ýokary netije gazanmakda durmuşa geçirilýän çäreleriň depgininiň pesdigi üçin wise-premýeriň işine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ýol berilýän kemçilikleriň günibirin düzedilmegi ugrunda ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ulgamda alnyp barylýan işleriň netijeleri bilen gyzyklanyp, saglygy goraýyş ugruna degişli täze gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy we özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminde tertip-düzgüniň gowşamagyna ýol berendigi, saglygy goraýyş ulgamynda gurulýan desgalaryň tabşyrylmaly wagtyndan gijä galýandygy üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowa berk käýinç yglan etdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, welaýatyň çäginde şu ýylyň dowamynda gurlup gutarylmagy meýilleşdirilen desgalarda alnyp barylýan işler we olaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň çäginde şu ýylyň ahyryna çenli gurulmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýagdaýyny kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň şu ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Türkmenistanyň pagta önümleriniň I halkara sergi-ýarmarkasyna” görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, pagta taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çärelere ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň guralmalydygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini artdyrmakda halkara çäreleriniň möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp, paýtagtymyzda geçirilýän pagta önümleriniň birinji halkara sergisiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, serginiň çäklerinde ähli ugurdaş düzümleriň talabalaýyk hereket etmelidigini belledi we bu ugurda ähli zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy, şeýle hem welaýatda dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda görülýän çäreler we Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralary hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar, Watanymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny we gülläp ösüşini üpjün etmek maksady bilen, üstünlikler has-da berkidilmelidir. Hut şonuň üçinem döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyny üpjün etmek boýunça ähli çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Welaýatda pagta taýýarlamak boýunça pes netijeleriň gazanylandygyny nazarda tutup, döwlet Baştutanymyz ýygym möwsüminiň guramaçylyk işleriniň talap edilýän derejeden pes bolandygy üçin häkimiň işine nägilelik bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, şol sanda oba hojalyk pudagynda welaýat boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem hakim täze desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda alnyp barylýan çäreler hakynda, Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli gurlup gutarylmagy meýilleşdirilen desgalarda alnyp barylýan işler, şeýle hem täze guralmagy göz öňünde tutulýan binalaryň taslamalary barada aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba senagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi boýunça ýerine ýetirilýän işlere ünsi çekip, güýzlük bugdaý ekilen ýerlere ideg işlerini göwnejaý alyp barmak, täze hasylyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işleri agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary, umuman oňlap, olara käbir düzedişleri girizdi we Bitaraplyk baýramçylygymyz mynasybetli düzülýän medeni maksatnamalaryň ýokary derejede bolmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowy we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde gurulmagy meýilleşdirilýän käbir desgalaryň hem-de durky düýpli täzelenýän binalaryň taslamalaryny görkezdi.
Öz nobatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şäheriň ulag-aragatnaşyk we beýleki durmuş ulgamlaryny kämilleşdirmek, paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde we paýtagtymyzda binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyryp, halkymyz üçin häzirki zaman hemme amatlyklary döretmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny, köçeleri abadanlaşdyrmak, täze seýilgäh zolaklaryny döretmek, arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalaryň binagärlik aýratynlygyna üns bermegiň zerurdygyny belledi we görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy, degişli düzedişleri girizdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew çagyryldy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ol ýurdumyzda gurulýan ulag ýollary we Lebap welaýatynyň çäginde çekilýän demir ýollarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda ähli zerur çäreleri görmegi belläp, diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň halk hojalyk toplumy üçin uly ähmiýeti bolan demir ýoluň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagy barada anyk tabşyryklary berdi.
Wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, dokma, söwda we hyzmatlar pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýere özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda durmuş ulgamyna degişli meseleleriň göwnejaý çözülmegi, ilatymyz üçin döredilýän şertleriň ýokary derejede üpjün edilmegi babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ulgamda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy belläp, teleýaýlymlaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli ýurtda geçiriljek dabaralaryň medeni maksatnamasynyň ýokary derejede bolmalydygyny aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ykdysady düzümini, bank-maliýe ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady we maliýe özgertmeleriniň netijelerine ünsi çekip, bu ulgamda yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreler halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işiniň has-da kämilleşdirilmegini üpjün eder diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz salgyt ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň häzirki günüň talabyny ödemeýändigi üçin wise-premýeriň işine nägilelik bildirdi we bu ugurda işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli söhbetdeşligiň jemini jemläp, şu günki seredilen meseleleriň möhümdigini nygtady we şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň ähli babatda mynasyp durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işde uly üstünlikleri arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.