Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa döwlet saparyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa döwlet saparyna

view-icon 805
Türkmenistan-Malaýziýa: hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýa sapary başlanýar. Bu sapar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer hem-de geljek üçin uzakmöhletleýin meýilnamalary nazara almak bilen saparyň geljegini kesgitlär.

Şu sapar biziň ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar. Aziýa-Ýuwaş umman döwletleri bilen giň gerimli gatnaşyklary ösdürmek şol ugruň esasy bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda amala aşyrylýan sapar diňe iki ýurduň arasynda däl-de, eýsem geostrategik sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylandygy barada aýtmaga mümkinçilik berýär. Eger Türkmenistan Merkezi Aziýada esasy orny eýeleýän bolsa, onda Malaýziýa yklymyň günorta-gündogarynda bu wezipäniň hötdesinden üstünlikli gelmegi başarýar.

Esasy ykdysady görkezijiler boýunça Malaýziýa täze senagatly ýurtlaryň hataryna girýär. Ykdysady ösüşe daşary ýurt maýalarynyň we tilsimatlarynyň çekilmegine, senagat döwletleriniň öňdebaryjy tejribesini peýdalanmaga, senagatlaşdyrmagyň esasy gurallaryny—importyň ornuny tutýan harytlary öndürmäge we eksporta tarap alnan ugur, syýasy durnuklylygyň ýokary derejesi ýurda öz ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikleri gazanmaga, durmuş ulgamynda ep-esli öňe gitmäge mümkinçilik berdi.

Öz gezeginde durnukly, okgunly ykdysady ösüşi görkezýän we düýpli döwrebaplaşmagy, innowasion ösüşi we önümçilik ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinýän türkmen döwletine hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna teklip etmäge zady bardyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ýurdumyz senagatyň täze pudaklaryny, taýýar önümleri çykarmak bilen bagly bolan çylşyrymly tilsimatlary özleşdirmekde uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistanyň oýlanyşykly maýa goýum syýasaty we bu ýerde amala aşyrylýan oňyn özgertmeler biziň ýaş bitarap döwletimizi has depginli ösýän ýurtlaryň hataryna çykardy we dünýäniň işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini şertlendirdi.

Taraplaryň şeýle mümkinçiliklere eýe bolup duran wagty türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygy işjeň we uzakmöhletleýin häsiýeti, peýdaly gatnaşyklaryň anyk netijelerine gönükdirilenligi bilen tapawutlanýar. Onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady gatnaşyklar, öňdebaryjy tilsimatlar ugry, ykdysadyýetiň ýokary tilsimatly pudaklarynda maýa goýumlary we syýahatçylyk, bilim ulgamlary bar.

Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa sapar bilen gelmegi baradaky çakylyk Malaýziýanyň premýer-ministri jenap Mohd Najib Tun Abdul Razagyň şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda beýan edilipdi. Şonda türkmen-malaýziýa gepleşikleriniň jemleri boýunça hökümetara we pudagara derejelerinde hyzmatdaşlyk hakynda, şol sanda söwda-ykdysady we nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem halkara gatnaşyklary meseleleri boýunça ikitaraplaýyn möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Şonda şeýle hem Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy tarapyndan bina edilen täze gaz arassalaýjy toplumy işe girizmek dabarasy bolupdy. Şol kompaniýa Önümleri paýlaşmak hakynda şertnama laýyklykda Hazar deňziniň türkmen böleginiň “Blok 1” ýatagyny işläp taýýarlaýar.

“Biz Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk oňyn tejribesine eýediris, şol hyzmatdaşlyk bu gün açylýan giň mümkinçilikleri nazara alanyňda giň gerimli döwletara gatnaşyklaryna öwrülmek üçin ähli şertlere eýedir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze senagat desgasynyň açylyş dabarasynda belledi.

Şu ýylyň tomusynda Malaýziýanyň hökümeti Türkmenistanda ilçihanasyny açmak hakynda karar kabul edendigini bellemek gerek. Munuň özi Malaýziýanyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändiginiň we şol gatnaşyklary hemmetaraplaýyn, okgunly ösdürmäge taýýardygynyň ýene bir subutnamasy boldy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Malaýziýa şu saparynyň maksatnamasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Patyşasy Mizan Zaýnal Abidin ibni al-Marhum Soltan Mahmud al-Muktafi Billah Şah bilen we bu ýurduň premýer-ministri jenap Mohd Najib Tun Abdul Razak bilen duşuşyklary we gepleşekleri meýilleşdirildi. Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň gün tertibine söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, şeýle hum gumanitar ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge degişli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Gumanitar ulgamynda medeniýet, ylym, bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugry boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy we hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Eýýäm birnäçe ýyl bäri türkmen ýaşlary Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerine, şol sanda “Petronas” kompaniýasynyň Tenologik uniwersitetine okuwa iberilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa şu gün başlanýan döwlet sapary iki ýurduň gatnaşyklaryny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirmeginiň subutnamasy bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer, dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýadynda gurulýan türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açar.