Şu gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak babatda halkara-hukuk guraly boýunça sebitleýin seminar-trening öz işine başlady. ABŞ-nyň Hökümetiniň goldaw bermeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi taparyndan guralan üç günlük interaktiw treningiň işine Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurdunyň ählisiniň - Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň suw serişdelerini goramak hem-de dolandyrmak baradaky ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara hem-de sebitleýin maslahatçylary gatnaşdy.
Duşuşygyň maksady halkara suw hukugyna degişli meseleler boýunça bilimleri giňeltmekden we çuňlaşdyrmakdan, ähli Merkezi Aziýa döwletleriniň bähbitlerine netijeli serhetüsti suwdan peýdalanmak üçin sebitiň ýurtlarynyň hünärmenlerinde degişli endikleri ösdürmekden ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, suw hojalygyna, ähli Merkezi aziýa giňişliginde ekologiýa taýdan howpsuz we durnukly ösüş üçin şertleri döretmek meseleleri Merkezi Aziýanyň hyzmatdaş ýurtlarynyň sebitara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bu ugurda bilelikdäki özara ylalaşylan çözgütleri kabul etmäge örän işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Bas Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň münberinden aýdan başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň pikiriçe, serhetüsti suw serişdelerini toplumlaýyn we sazlaşykly peýdalanmagyň özara ýaramly usulyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly ähli meseleler sebitiň hemme döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen, diňe halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalarynyň hem-de ýörelgeleriniň esasynda çözülmelidir. Şunda Birleşen Milletler Guramasyna we hususan-da, BMG-niň Türkmenistandaky Sebit merkezine möhüm orun degişlidir, şol Merkeziň işi maglumatlary we häzirki döwrüň giň möçberli meseleleri boýunça tejribäni, şol sanda bu ugurda giňden alyşmak üçin şertleri döretmäge ýardam edýär.
Häzirki geçirilýän seminar muňa mysal bolup durýar, şol seminaryň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň halkara maslahatçylary halkara suw akymlaryny dolandyrmakda umumylykda kabul edilen hukuk kadalarynyň tanyşdyrylyşy, halkara ylalaşyklarynyň-ulanylýan Nýu-Ýork we Helsinki konwensiýalarynyň (BMG ÝYT) esasy düzgünleri bilen çykyş ederler. Treningiň çäklerinde serhetüsti suwdan peýdalanmak babatda hukuk gurallaryna, bu ugurda toplanan tejribä we halkara iş tejribesine garalar.
Şanly waka bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki forum sebitde we bütin dünýäde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň ýolunda sebitleýin tagallalary mundan beýläk-de jebisleşdirmäge goşant bolar.