Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa döwlet sapary dowam edýär.
Kuala-Lumpura saparyň ikinji güni Malaýziýanyň Patyşasy Mizan Zaýnal Abidin ibni al-Marhum Soltan Mahmud al-Muktafi Billah Şahyň we bu ýurduň Premýer-ministri Mohd Najib Tun Abdul Razagyň gatnaşmagynda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasyndan başlandy. Duşuşyk Malaýziýanyň Parlament öýünde geçirildi.
Bu ýerde, Parlament öýüniň baş girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Baştutanyny dostlukly ýurduň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Patyşasy dostlarça görşenlerinden soň, Malaýziýanyň premýer-ministriniň ugratmagynda bellenilen ýere geçýärler. Hormat garawulynyň rota serkerdesi belent mertebeli myhmana raport berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilende hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna 21 gezek top atylýar. Soňra milli Liderimiz hormat garawulynyň öňünden geçýär we Malaýziýanyň döwlet nyşanlaryny hormatlaýar.
Soňra iki ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Türkmen Liderini şeýle hem Malaýziýada işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýarlar.
Dabara tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Patyşasy şa kerweniniň ugratmagynda “Şangri-La” myhmanhanasyna tarap ugraýarlar. Maşyn kerweniniň ähli ýol ugrunda we Malaýziýanyň paýtagtynyň Türkmenistanyň Baştutanynyň maşyn kerweniniň protokol boýunça ugry geçýän beýleki esasy köçelerinde iki ýurduň Döwlet baýdaklary gerildi. “Şangri-La” myhmanhanasynyň girelgesinde Türkmenistanyň Prezidentini we Malaýziýanyň Patyşasyny myhmanhananyň baş direktory we Patyşa Köşgüniň dabaralary guraýjysy garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar belent mertebeli myhmanlara gül desselerini gowşurýarlar. Patyşa türkmen Liderini kabulhanasyna çenli özi ugradýar, soňra öz kabulhanasyna dolanýar.
Biraz soňra Türkmenistanyň Baştutany “Şangri-La” myhmanhanasyndan Malaýziýanyň Premýer-ministriniň “Perdana Putra” kabulhanasyna tarap ugraýar. Türkmen Lideriniň Malaýziýanyň hökümetiniň Baştutany Mohd Najib Tun Abdul Razak bilen gepleşiklerinden öň däbe öwrülen surata düşmek dabarasy boldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýazgy galdyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň Baştutany çakylyk hem-de döwlet saparynyň çäklerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, premýer-ministr bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Biziň ýurdumyzda Malaýziýanyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriniň biri bolandygyny oňat ýatlaýarlar. Birneme soňrak bolsa bu ýyurt ilki başda Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň maslahatynda, soňra bolsa Birleşen Milletler Guramasyynda biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini hem goldady.
Türkmenistanda biziň milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge uly goşant goşýan Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärler. 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň çäginde Malaýziýanyň maýalarynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 13-si hasaba alyndy.
Häzirki günde ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudaklary, saglygy goraýyş hem-de ýokary tilsimatlar ulgamy Türkmenistanyň Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň aýratyn geljegi uly ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz milli aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmegiň üstünde iş alyp barýarlar.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz aragatnaşygyň we teleulgamlaryň milli ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Nebitgaz pudagynda Malaýziýanyň “Petronas Çarigali” kompaniýasynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamasy üstünlikli amala aşyrylýar. 1996-njy ýyldan 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli döwürde bu kompaniýa degişli taslama ABŞ-nyň 4 milliard 500 million dollaryny goýdy.
Şu ýylyň dokuz aýynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 26 million 800 müň dollaryna deň boldy, emma welin bu görkeziji Türkmenistanyň we Malaýziýanyň eýe bolan mümkinçiliklerine doly gabat gelmeýär.
Mysal üçin, syýahatçylyk hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Malaýziýa her ýylda syýahatçylaryň 23 milliondan gowragy barýar. Olaryň sany boýunça ýyurt dünýäde dokuzynjy orny eýeleýär. Syýahatçylykdan alynýan girdeji bolsa ABŞ-nyň 14 milliard dollaryndan gowrak bolýar. Şu görkezijilerden ugur almak bilen Türkmenistan Malaýziýanyň syýahatçylyk ulgamynda toplan tejribesine , aýratyn-da, Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň özleşdirilmegi bilen baglylykda uly gyzyklanma bildirýär.
Malaýziýa dünýäniň elektron enjamlaryny, kondisionerleri, radio we telewizion enjamlary öndürýän öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýär. 40 göterimine golaýy eksport üçin niýetlen elektron we elektrotehniki önümleri bu pudaklaryň öndürýändigi olaryň möhüm ugurlary bolup durýar. Olaryň hatarynda himiýa pudagyny, azyk senagatyny, ulag serişdeleriniň, reziniň, metaly gaýtadan işlemegiň önümçiligini görkezmek bolar. Şonuň üçin hem biziň ýurdumyzyň gös-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigi, şeýle hem Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyny we ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça Malaýziýanyň kompaniýalarynyň işlerini goldamaga taýýardygy öz-özüden düşnüklidir.
Bilim ulgamynda, gatnaşyklary mundan beýläk-dek ösdürmek, hususan-da, iki ýurduň Bilim ministrlikleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem giň möçberli wezipeleri çözmekde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde has işjeň gatnaşyklar örän köp zatlary wada berýär.
Türkmenistanyň Prezidengtiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ikiçäk görnüşde geçiren gepleşiklerinden soň iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümde duşuşygy boldy.
Premýer-ministr Mohd Najib Tun Abdul Razak Malaýziýanyň topragynda türkmen Liderini we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalaryny ýene bir gezek mähirli mübäreklemek bilen, hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alyşmaga we garaýyşlary deňeşdirmäge dörän nobatdaky mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Premýer-ministr Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa döwlet saparyny taryhy sapar diýip atlandyryp, ony kabul edýän tarapyň sapara örän ýokary baha berýändigini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanmagy hökmünde kabul edýändigini habar berdi.
Men Siziň ajaýyp ýurduňyza saparymy aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýaryn diýip, Malaýziýanyň hökümetiniň baştutany aýtdy. Şu saparyň öňüsyrasynda biz Size ýakymly howany we şonuň ýaly myhmansöýerligi wada berdik. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň gatnaşyklary hem güýç toplamagy, mundan beýläk-de üstünlikli ösmegi üçin hut şunuň ýaly mähirli bolmalydyr.
Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy onlarça esse artdy, ýöne munuň özi aňryçäk däldir diýip, Malaýziýanyň Premýer-ministri aýratyn nygtady. Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bizde ägirt uly mümkinçilikler bar. Elbetde, nebitgaz ulgamy, şol sanda nebiti gaýtadan işlemek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar, ýöne özara gatnaşyklaryň örän köp zatlary wada berýän beýleki birnäçe ugurlary hem bar. Malaýziýa tarapy biziň özara peýdaly hyzmatdaşlygymyzy berkitmek we maksada okgunly ösdürmek üçin ähli tagallalary eder diýip, jenap Mohd Najib Tun Abdul Razak belledi. Biz Türkmenistanyň siziň ýurduňyzy mundan beýläk-de ösdürmek işinde mümkin bolan ähli zatlary etmäge taýýar ygtybarly hyzmatdaş hökmünde kabul etmegini isleýäris diýip, Malaýziýanyň hökümetiniň Baştutany aýtdy.
Gepleşikleriň barşynda gumanitar hyzmatdaşlykdan we ilkinji nobatda bilim, ynsan mümkinçiliklerini ösdürmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ugry boýunça işleriň özüni ödemeginiň ýokary derejesine aýratyn üns berildi.
“Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyny ýakyn wagtlarda açmagy biziň maksat edinýändigimiz Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary işjeň ösdürmäge biziň taýýardygymyza şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň hem biziň ýurdumyzda diplomatiki wekilhanasyny açjakdygyna örän umyt edýäris” diýip, jenap Mohd Najib Tun Abdul Razak aýtmak bilen we Malaýziýa sapar bilen gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir gezek hoşallyk bildirip, uly hormat bilen Türkmen Liderine söz berdi.
Premýer-ministriň mähirli kabul etmegi hem-de bilelikde işlemek üçin döredilen şertler üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, dünýä we sebit syýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanandygyny belledi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şu günki geçirilýän gepleşikler taraplaryň ähli ugurlar boýunça türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin bar bolan ähli serişdeleri netijeli peýdalanmaga taýýardygyna şaýatlyk edýär.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine, şeýle hem möhüm halkara meseleleri boýunça özara ylalaşykly hyzmatdaşlyga baha bermek üçin zerur bolan özara düşünişmek bardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Malaýziýanyň premýer-ministriniň şu ýylyň tomsunda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylandygyny ýatlap, hormatly Prezidentimiz hökümet wekiliýetiniň Malaýziýa şu saparynyň şol gatnaşyklary berkitjekdigini we giňeltjekdigini, onuň mazmunyny baýlaşdyrjakdygyny we iki ýurduň gatnaşyklaryny täze derejä çykarjakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz ikiçäk geçirilen gepleşikleriň tassyklaýyşy ýaly, Malaýziýa tarapynyň hem şeýle garaýşa eýerýändigini kanagatlanmak bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin gepleşikleriň gün tertibine geçmek bilen, onuň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýşyny häsiýetlendirdi. Daşary syýasatda hyzmatdaşlyk olaryň arasynda aýratyn orun eýeleýär, ol iki tarapyň däbe öwrülen özara düşünişmegi bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Biz halkara durmuşynyň esasy meseleleriniň köpüsi boýunça umumy ýörelgelere we garaýyşlara eýerýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu ilkinji nobatda dünýäde we Merkezi Aziýada, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek bolup durýar.
Biz ikitaraplaýyn görnüşde we iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy tassykladyk.
Aziýada özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlary berkitmek türkmen-malaýziýa syýasy gatnaşyklarynyň ýene bir möhüm meselesi bolup durýar. Bu ugurda biziň maksadymyz sebitde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly syýasy we hukuk şertlerini döretmekden ybarat bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnuklylygy we parahatçylygy gazanmak we berkitmek boýunça halkara bileleşiginiň hereketlerini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny belläp, terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygy ýaly häzirki döwrüň howplaryna garşy durmagyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini aýtdy.
Biz bu ugurda siziň ýurduňyz bilen halkara guramalaryň çäklerinde geljekde hem netijeli işleri dowam etmäge taýýardyrys, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary işjeňleşdirmek şunuň ýaly özara ylalaşykly hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany şeýle hem Aşgabatda we Kuala-Lumpurda iki ýurduň ilçihanalaryny açmak hakynda karara gelnendigini ýatlatdy.
Soňra döwlet Baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we ony ösdürmek boýunça anyk çäreleri kesgitlemegiň meselelerinde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge uly goşant goşýan Malaýziýanyň “Petronas Çarigali” kompaniýasyny netijeli gatnaşyklaryň mysaly hökmünde getirdi.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki ýagdaýy bizi kanagatlanmaýar, şonuň üçin ony iki ýurduň eýe bolan mümkinçiliklerine gabat gelýän derejä çykarmak üçin bilelikdäki anyk çäreleri işläp taýýarlamak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, dürli pudaklarda taslamalary amala aşyrmagyň, täze taslamalary kesgitlemegiň möhümdigini aýtmak bilen, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk ulgamyny, Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portuny üpjün etmek ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda bu meseleleriň aýratyn möhümdigini belledi. Biz bu taslamalary amala aşyrmaga Malaýziýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagyny goldarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutany şeýle hem uglewodorod çig malyny çykarmagy we gaýtadan işlemegi, nebit we gazhimiýa senagatynda işleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ýokary tehnologiýalar ulgamynda bolsa Malaýziýanyň baý tejribesi bar, ol okgunly ösýän Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup bilerdi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem biziň ýurdumyzyň Malaýziýanyň elektronika, radio we telewizion enjamlaryny, durmuş tehnikasyny öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini we himiýa, azyk senagaty, rezin-tehniki önümlerini öndürmekde, metaly işläp bejermekde we beýleki ugurlarda gatnaşyklar üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň telekeçilik guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagy, işewürler wekiliýetlerini alyşmagy teklip edip, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek we baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda ikitaraplaýyn işewürler maslahatyny geçirmek hakynda başlangyjyny beýan etdi.
Döwlet Baştutany öz çykyşyny dowam etmek bilen, biziň ýurdumyz syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde Malaýziýanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, malaýziýaly kompaniýalary Türkmenistanda syýahatçylyk işini ösdürmek, hususan-da, Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny gurmak boýunça işlere gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz giň gerimli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm we aýrylmaz ugry bolup durýan medeni-gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýratyn durup geçdi. Bu babatda döwlet Baştutany iki ýurduň baý medeni mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, türkmen we malaýziýa halklaryna biri-biriniň medeni – taryhy mirasy, bu ugurda gazanylan üstünlikleri bilen has ýakyndan tanyşmagynyň gyzyklanma döretjekdigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurda ilkinji ädim hökmünde 2012-2013-nji ýyllarda Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we Türkmenistanda Malaýziýanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak we ylmy-barlaglary geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, Malaýziýanyň uniwersitetinde we beýleki okuw merkezlerinde türkmen talyplaryny we hünärmenlerini okatmak üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, ýangyç-energetika toplumy, bilim ulgamynda we beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy seljerildi. Telekeçilik düzümleriniň özara gatnaşyklarynyň ugurlaryna, olaryň maýa goýum işlerine gatnaşmagyna hem garaldy. Taraplar hyzmatdaşlygy onuň esasy ugurlarynda, hususan-da, ykdysadyýetiň durli ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýere ýygnanlaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministr Mohd Najib Tun Abdul Razak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýa döwlet saparynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki türkmen-malaýziýa maglumatyna gol çekdiler. Bu resminama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkider we täze sepgitleri açar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2012-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekilýär.
Soňra bolan metbugat konferensiýasynda iki döwletiň ýolbaşçylary tamamlanan gepleşikleriň jemini jemlediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-minist jenap Mohd Najib Tun Abdul Razak jurnalistleriň öňünde çykyş edip, gepleşikleriň açyklyk, ynanyşmak we özara düşünişmek, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge iki tarapyň çalyşýandygy ýagdaýynda geçendigini bellediler.
Häzirki duşuşyk Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýän tapgyrlaýyn waka boldy diýlip, nygtalyp geçildi. Duşuşygyň barşynda halkara syýasatynyň meseleleriniň giň topary boýunça, ilkinji nobatda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna hem-de guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş alyp barmak ýaly ugurlarda ýurtlaryň nukdaýnazarynyň umumylygy ýa-da ýakynlygy tassyklanyldy. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde iki ýurduň ýakyndan gatnaşyklary şeýle düşünişmegiň anyk ýüze çykmasy bolup durýar. Malaýziýanyň Premýer-ministri bu barada söz açyp, gepleşikleriň jemlerine kanagatlanma bildirmek bilen, olary Türkmenistanyň we Malaýziýanyň köptaraply hyzmatdaşlygynyň ýyl ýazgysynda täze sahypanyň başlanmagy diýip atlandyrdy.
Işewür gatnaşyklaryň işjeňligini, işewürligi ösdürmek üçin şertleri üpjün etmek boýunça bilelikdäki işi artdyrmak ahyr netijede Türkmenistanyň we Malaýziýanyň maliýe-ykdysady taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam eder, soňra bolsa medeniýet, ylym we bilim ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mazmunyny baýlaşdyrmaga we biziň ýurtlarymyzyň halklaryny ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berer diýip, Premýer-ministr aýtdy.
Öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan we Malaýziýa halkara gatnaşyklarynyň adalatly hem-de sazlaşykly ulgamyny döretmegiň, ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almagyň esasynda bütindünýä syýasatynda ösýän ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň berk tarapdary bolup çykyş edýändiklerini belledi. Şu gün bolan duşuşyklar we gepleşikler iki tarapyň şu maksatlara ygrarlydygyny tassyklady.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, bu babatda milletiň Lideri energetika, ulaglar, telearagatnşyk ulgamlarynda, gurluşyk pudagynda, nebiti we gazy gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda, ýokary tilsimatlarda, syýahatçylykda we beýleki birnäçe ugurlarda, şol sanda iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň ugurlayr boýunça maýa goýumlaryny artdyrmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge Malaýziýanyň işewürleriniň gatnaşmagyny goldaýarys we türkmen işewürler üçin Malaýziýada bar bolan mümkinçilikleri giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Biz şeýle hem işjeň medeni we gumanitar hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek hakynda ylalaşdyk diýip, milletiň Lideri žurnalistlere habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti aýdylanlary umumylaşdyryp, geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berdi hem-de saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklar we kabul edilen resminamalar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, söwda-ykdysady, medeni, ylmy, gumanitar we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi berer diýip ynam bildirdi.
Metbugat konferensiýasy tamamlanandan soň belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Malaýziýanyň Premýer-ministriniň kabulhanasynda resmi nahar berildi. Iki döwletiň ýolbaşçylary çykyş edip, häzirki duşuşygyň netijelidigini, onuň işewür häsiýetini, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny has berkitjekdigini ýene-de nygtadylar. Türkmen-Malaýziýa gatnaşyklary döwrüň synagyndan geçdi we hiç haçan häzirkisi ýaly berk bolmandy diýip, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin Premýer-ministr jenap Mohd Najib Tun Abdul Razaga tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Resmi nahar tamamlanandan soň Türkmenistanyň Baştutany öz kabulhanasyna ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz saparynyň maksatamasyny dowam etdirip, agşam Patyşanyň “Istana Melawati” Köşgüne geldi. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny Patyşa we Premýer-ministr garşyladylar. Emele gelen däbe görä, türkmen Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy, soňra iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra Resmi kabul edişlikler zalynda Malaýziýanyň Patyşasynyň we türkmen Lideriniň duşuşygy boldy, oňa Premýer-ministr gatnaşdy.
Duşuşykda iki ýurduň daşary syýasat ugrunyň binýatlyk ileri tutulýan ugurlary, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak barada özara gatnaşyklaryň ugurlary we anyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýa topragynda şu duşuşygyň guralandygy, mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik görkezilendigi üçin Malaýziýanyň Patyşasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, dostluk, hyzmatdaşlyk we hormat goýmak däplerinde ösýän özara ynanyşmagyň we gatnaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan derejesine ýokary baha berdi.
Milletiň Lideri halkara işlerinde, ilkinji nobatda halkara guramalarynyň – Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ylalaşykly gatnaşýandygyny belläp, biziň ýurdumyzyň adalatly dünýä gurluşygynyň, deňhukuklylygyň, döwletleriň özbaşdaklygyna hormat goýmagyň ýörelgelerine, syýasy we durmuş-ykdysady gurluşyň öz seçip alan modellerine, ähliumumy meseleleri çözmekde ösýän ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmaga we oňa gatnaşmagynyň derejesine ygrarlydyklaryny nygtady.
Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen soňky on ýyllykda Malaýziýanyň ykdysadyýeti, söwdany, ýokary tilsimatlar ulgamyny, syýahatçylygy ösdürmekde ýokary görkezijilileri gazanýan ýurt hökmünde bizi gyzyklandyrýandygyny aýtdy. Biz Türkmenistanyň şertlerinde ulanmak mümkinçilikleri bilen bu tejribäniň gymmatly hem-de peýdaly taraplaryny özümiz üçin açyp, Malaýziýanyň tejribesini üns berip öwrenýäris.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlary boýunça uly möçberli özgertmeleriň ýoly bilen gadam urýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Mejlisiň-Türkmenistanyň Parlamentiniň hukuklary hem-de borçlary ep-esli giňeldildi, ykdysady we maýa goýum kanunçylygy iň ýokary dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döredýär, biziň ýurdumyzyň ösen dünýäniň iş ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýär. Biz Malaýziýanyň telekeçileriniň Türkmenistanda alyp barýan işini goldaýarys we giň möçberli hyzmatdaşlygy, şol sanda gumanitar ulgamda ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmek üçin iň amatly şertleri döretmegi maksat edinýäris diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdirdi.
Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklaryny esasy ruhy gymmatlyklaryň, diniň we däpleriň, ahlak ýörelgeleriniň umumylygynyň birleşdirýändigini, munuň halklara biri-birine oňat düşünmäge kömek edýän, özara hormat goýmagy pugtalandyrýan medeni gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Biz ylym we bilim ulgamynda, ýokary tilsimatlary döretmek babatda gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berýäris we bilim ulgamynda siziň tejribäňizi we gazanan üstünlikleriňizi öwrenmäge hem-de özleşdirmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtmak bilen, häzirki saparyň dürli ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlyga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Biz Siziň Alyhezretiňiziň Malaýziýanyň köp millionly halkynda uly abraýynyň bardygyny we çäksiz hormatlanylýandygyny bilýäris. Biz muny Malaýziýanyň abadançylygynyň, durnukly ösüşiniň we rowaçlygynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynyň ahyrynda aýtmak bilen, Patyşa döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna “Istana Milawati” Köşgünde Malaýziýanyň Patyşasynyň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.
Patyşa Mizan Zaýnal Abidin ibni al-Marhum Sultan Mahmud al-Muktafi Billah Şah Malaýziýa gelip görmäge çakylygy kabul eldendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň özara gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyna hem-de Türkmen Lideriniň şu saparynyň gürrüňsiz suratda diňe bir iki ýurduň arasynda däl, eýsem, tutuşlygyna alnanda Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň gerimini ýene has-da giňeltjekdigine ynam bildirdi. Malaýziýa hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmek we biziň halklarymyzyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin geljekde-de ähli çäreleri görer diýip, Patyşa aýtdy. Malaýziýanyň Patyşasy biziň ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler we reformalar bilen Türkmenistanyň Baştutanyny gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet işinde üstünlikleri, ähli türkmenistanlylara bolsa abadançylygy we rowaçlygy arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti gysgaça jogap sözi bilen çykyş edip, şu gün bolan, anyk mazmun bilen baýlaşan duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň üstünlikli we netijeli bolandygyny ýene-de belläp, şunuň bilen baglylykda sapary hem-de ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamaga gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi.
Biz Malaýziýanyň ýöredýän, bütin dünýäde tapawutlanýan netijeli we oýlanyşykly syýasatyna, siziň ýurduňyzyň Aziýada we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde tutýan möhüm we oňyn ornuna uly hormat bilen garaýarys diýip, türkmen Lideri bu ýurduň ýolbaşçylaryna ýüzlenip aýtdy. Öz nobatynda Malaýziýanyň we onuň ýolbaşçylarynyň biz bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny hem-de taýýardygyny, Türkmenistan tarapyndan seçilip alnan milli ösüş modeline we onuň daşary syýasat ugruna hormat goýmak bilen çemeleşýändigini, biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygyny aýdyň bilýäris.
Geljege ynamly garamaga, adamlaryň abadançylygynyň hatyrasy üçin mundan beýläk-de özgertmeleri amala aşyrmaga biziň ýurdumyzda ähli esaslar bar, biziň ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ep-esli derejede Onuň Alyhezretiniň we Premýer-ministriň şahsy goşandynyň netijesidir diýip milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan siziň hoşniýetli we wepaly dostuňyzdyr diýip, iň gowy arzuwlaryny we geljekde-de Malaýziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine berk ynam bildirýändigini aýtdy.
Agşamlyk nahar tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň maşyn kerweni “Şangri-La” myhmanhanasyndaky kabulhanasyna tarap ugrady.
Milletiň Lideriniň Malaýziýa sapary dowam edýär. Garaşylyşy ýaly, ertir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Petronas” kompaniýasynyň ştab-kwartirasyna barar we onuň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirer.
Habar beriş serişdeleri hem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu döwlet saparyna Malaýziýanyň ýolbaşçylarynyň ýokary ähmiýet berýändigine aýdyň şaýatlyk edýärler, şolarda şu günler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga, onuň mümkinçiliklerine we geljegine, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklara degişli meselelere esasy orun berildi, olar synçylaryň pik iriçe iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda tapgyrlaýyn waka bolar, netijeli gatnaşyklary ösdürmegi täze gerime çykarar, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar.
Şu günüň ikinji ýarymynda “Şangri-La” myhmanhanasynda Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyk boldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary, şu saparda milletiň Lideriniň ýanynda bolýan adamlar gatnaşdy.
Şular ýaly duşuşyklar Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen ýaşlary okamaga iberilýän ýurtlara saparlary üçin däbe öwrüldi we şol duşuşyklar milletiň Lideriniň türkmenistanlylaryň mynasyp nesillerini terbiýelemäge we olara bilim bermäge, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda ýurdumyz üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga berýän ünsüniň ýene-de bir subutnamasy bolup hyzmat edýär.
Ýatlanyp geçilişi ýaly, şu gün bolan türkmen-malaýziýa hökümet gepleşiklerinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu ugurda ýurtlar tarapyndan netijeli gatnaşyklaryň uly tejribesi toplanyldy. Köp ýyllaryň Türkmenistanyň raýatlary Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerine, şol sanda “Petronas” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetine iberilýär, şol uniwersiteiň uçurymlary eýýäm Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge öz goşantlaryny goşýarlar.
Talyplar bilen duşuşykda nygtalyp geçilişi ýaly, ýaşlaryň mümkinçiliklerini we ukyplaryny açmak üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döretmek bilen biziň ýurdumyz olara uly umyt bildirýär. Geljekki hünärmenler öz nobatynda öz işiniň hakyky hünärmenleri bolmak hem-de öz zähmetleri bilen Watanymyzyň rowaçlygyny artdyrmak üçin ähli tagallalaryny bilim almakda sarp etjekdiklerini ynandyrdylar.

* * *