Ï Türkmenistan-Malaýziýa: ykdysady we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Malaýziýa: ykdysady we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

view-icon 1503
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýa döwlet sapary tamamlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýa döwlet sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Kuala-Lumpurda türkmen döwletiniň Baştutanynyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri jenap Mohd Najib Tun Abdul Razagyň arasyndaky gepleşikler üstünlikli geçirildi, şol gepleşikleriň barşynda iki ýurduň uzak möhletleýinlige, deňlige we özara bähbitlilige mahsus ýörelgelere esaslanyp, däbe öwrülen dostlukly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýyndygy has aýdyň tassyklandy. Gepleşikleriň netijesi boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Malaýziýanyň Patyşasy Mizan Zaýnal Abidin ibni al-Marhum Sultan Mahmud al-Muktafi Billah Şah bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Baştutanynyň Malaýziýada bolmagynyň jemleýji güni wajyp ähmiýetli waka - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Malaýziýanyň abraýly ylym-bilim merkezleriniň biri hasaplanýan “Petronas” Tehnologik uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakylmagyna beslendi.

Irden türkmen Lideri “Şangri-La” myhmanhanasyndaky kabulhanasyndan çykyp, Malaýziýanyň paýtagtynyň işewürçilik merkezine tarap ugrady. dünýäde belli 88 gatly iki sany belent bina –“Petronas Twin Tauers” biri-biri bilen ýeňil, nepis köpri arkaly birigýär. Polatdan edilen çür depesi 73,5 metre ýetýän bu örän uly belent jaýlar dünýäde has beýik binalaryň hataryna goşulýar. Olaryň umumy belentligi 451,9 metre barabardyr. Bu täsin desganyň minaralarynyň birinde “Petronas” döwlet nebit kompaniýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär, onuň resmi açylyş dabarasy 1999-njy ýylyň awgustynda bolup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy “Petronas Twin Tauersiň” esasy girelgesine tarap barýar, Şol ýerde “Petronas” kompaniýasynyň prezidenti we esasy ýerine ýetiriji direktory Dato Şamsul Azhar Abbas türkmen Liderini mähirli we göwnaçyk ýagdaýda garşylaýar. Şu ýerden döwlet Baştutany resmi adamlaryň ugratmagynda bina girýär. Bu ýerde belent mertebeli myhmany kompaniýanyň ýolbaşçylary we işgärleri, Malaýziýada okaýan türkmen talyplary, “Petronas” Tehnologik uniwersitetiniň professorlar-mugallymlar düzümi we talyplar, köp sanly myhmanlar garşylaýarlar.

Döredijilik toparynyň agzalary ajaýyp sazyň ýaňlanmagynda, Malaýziýa halkynyň gadymy tansyny ýerine ýetirip, belent mertebeli myhmana uly hormat goýmagyň nyşany hökmünde milli Liderimiziň ýöräp barýan ugruna gül ýapraklaryny düşeýärler.

Saza goşulyşýan “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti resmi adamlaryň ugratmagynda ikinji gata çykýar, bu ýerde “Nobat” zaly ýerleşýär. Şu ýerde bütin dünýäde belli kompaniýanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi Malaýziýa saparynyň üstünlikli bolmagy bilen gutlady hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna düýpgöter täze sahypany ýazandygyny belledi. Dato Şamsul Azhar Abbas öz ýurdunyň işewür toparlaryny halkara ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyna sazlaşykly goşulyşýan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatyna we onuň esasy pudaklarynyň mümkinçilikleriniň artýandygyna ýokary baha berýändigini nygtady. Şu jähetden dünýäde iri kompaniýalaryň biri hasaplanýan “Petronasyň” Türkmenistan bilen nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de dowam etdirilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmen Lideri bu ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýokary derejedäki şol duşuşyga Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-de berkeýändigini görkezýän subutnama hökmünde garaýandygyny hem-de şol gatnaşyklaryň barha has köp ugurlary gurşap alýandygyny aýtdy. Iki ýurduň, ykdysady, serişdeler we tehnologik mümkinçilikleri munuň üçin oňaýly şertleri döredýär.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna goşulýan Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we öz energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmek boýunça toplumlaýyn strategiýany amala aşyryp, şol sanda öňden bäri gatnaşyk edýän hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegini ugur edinýändigini, “Petronas” kompaniýasynyň şol hyzmatdaşlaryň hataryna goşulýandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Malaýziýanyň “Petrongas” kompaniýasy 1996-njy ýylda “Blok—1” çäginde önümi paýlaşmak hakynda baglaşylan Şertnama esasynda Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky uglewodorod serişdeli ýataklaryň özleşdirilmegine ilkinji bolup girişen daşary ýurt kompaniýasy bolup durýar. Taslamany amala aşyrmagyň barşynda gözleg, baha beriş we ulanyş guýularynyň 20-den gowragy burawlanyldy, Magtymguly, Diýarbekir we Garagol Deňiz ýaly ýataklar özleşdirmek üçin taýýar edildi, şol ýerlerde ugleworod çig malynyň uly möçberlerdäki gorlary ýüze çykaryldy.

2006-njy ýylda Diýarbekir ýatagy senagat taýdan ulanmaga girizilen mahalyndan başlap, bu ýerde işlenip çykarylan nebitiň umumy möçberi eýýäm 1,5 million tonnadan geçdi. Hazaryň kenar ýakasynda döwrebap infrastruktura, şol sanda deňiz konstruksiýalaryny gurnamak boýunça seh guruldy, şol konstruksiýalar, hususan-da, deňiz platformalarynyň gurluşygynda ulanylýar.

Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynda tebigy gazyň senagat taýdan işlenip çykarylyp ugralmagy Türkmenistanyň energetiki strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän subutnamalaryň birine öwrüldi. 2011-nji ýylyň iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri jenap Mohd Najib Tun Abdul Razagyň gatnaşmagynda Giýanly şäherçesiniň ýanynda gazy gaýtadan işleýän zawod we ýerüsti gaz terminaly ulanmaga berildi. Toplumyň birinji nobatdasynyň kuwatlylygy ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrine we gaz kondensatynyň 2,4 million tonnasyna barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzindäki ýataklaryň özleşdirilmegine umumy jemlenen baha boýunça ABŞ-nyň 5,6 milliard dollaryndan gowrak serişde gönükdiren “Petronas” kompaniýasynyň maýa goýumlary babatdaky işjek syýasatyna ýokary baha berip, malaýziýaly hyzmatdaşlara Türkmenistanda köp ýylyň dowamynda netijeli işleýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda bu hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin, toplumlaýyn häsiýetiň mahsusdygyny, şol sanda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin orta tehniki işgärlerden başlap, hünär taýdan ýokary derejeli inženerleri we ýolbaşçy düzüme degişli işgärleri taýýarlamak ýaly möhüm ähmiýetli ugurda özara arkalaşykly hereket edilýändigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, “Petronas” Tehnologik uniwersitetinde türkmen talyplary okadyldy we häzirki wagtda olaryň onlarçasyna tälim berilýär. Bulardan başga-da Malaýziýada hünärmenleri gysga möhletli okuwlarda taýýarlamak işi ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, “Petronasyň” ýolbaşçysy kompaniýanyň, düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň şaýatlyk etmegine görä, döwletiň hem geljekde-de bu ýurtda okaýan türkmen hünärmenleriniň sanyny artdyrmaga taýyndygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti söhbetdeşligi jemläp, dünýäde öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryň biri hasaplanýan “Petronasyň” ýolbaşçysyna gazanylan netijeler we köp ýyllaryň dowamynda işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Muňa jogap hökmünde, Şamsul Azhar Abbas özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçlaryny we bellenilen meýilnamalaryň hemmesini ýerine ýetirmek üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna türkmen döwlet Baştutanyny ynandyrdy hem-de Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.

Soňra mejlisler zalyna dabara gatnaşyjylardan başga “Petronas” Tehnologik uniwersitetiniň akademikleri, alymlar geňeşiniň agzalary ýygnandylar, bu ýere akademigiň lybasyny geýen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň ylmynyň wekilleri bilen birlikde gelýär.

Şol zalda Türkmenistanyň Prezidentine “Petronas” Tehnologik uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen adyň dakylmagyna bagyşlanan dabara bolup geçdi. Ozal habar berlişi ýaly, şu dabara mynasybetli, bu ýerde uniwersitetiň ylmy-barlaglary geçirmek arkaly häzirki döwrüň ylmynyň ösüşine uly goşant goşan akademikleri we alymlar geňeşiniň agzalary, Malaýziýanyň möhüm ähmiýetli ylym—bilim merkezleriniň biri diýlip hasaplanýan şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem köp sanly habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Olaryň ählisi dik durup, şowhunly el çarpmak bilen Türkmenistanyň baştutanyny garşylaýarlar.

“Petronasyň” prezidenti we ýerine ýetiriji baş direktory kompaniýanyň adyndan türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy Malaýziýa saparynyň üstünlikli bolmagy bilen gutlady hem-de bu saparyň netijeleriniň özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Ol şu gün, bu dabaraly pursatda biz çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidentine ýangyç-energetika ulgamynyň ösdürilmegine, Merkezi Aziýadaky döwletleriň yzygiderli ýagdaýdaky ösüşine uly goşant goşandygy, umumy adamzat gymmatlyklarynyň rowaçlanmagyna gönükdirilen başlangyçlary üçin “Petronas” Tehnologik uniwersitetiniň ylymlaryň Hormatly doktory diýen alymlyk derejesiniň berilýändigine türkmen halky bilen birlikde begenýäris diýip belledi.

Soňra uniwersitetiň prorektory çykyş edip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lumançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, dünýäniň iri ylmy merkezleriniň Hormatly doktory we professory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym boýunça geçen ýoly barada gürrüň berip, häzirki zaman ylmyna goşan gymmatly goşandyny beýan etdi. Şondan soňra ol “Petronas” uniwersitetiniň Alymlar geňeşiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Petronas” Tehnologik uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen adyň dakylmagy baradaky karary okaýar.

Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde häzirki wagtda Türkmenistanda uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy we şonuň netijesinde ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine batldy depgin bilen goşulyşýandygy we onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha beýgelýändigi bellenildi. Çykyşda türkmen döwletiniň Baştutanynyň häzirki döwürde Malaýziýa bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny aýdyp, gumanitar ulgamdaky, ilkinji nobatda bilim boýunça gatnaşyklaryň dostlukly döwletleriň we doganlyk halklaryň hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli ugruna öwrülendigi nygtaldy.



Soňra uniwersitetiň rektory, doktor Mahathir bin Mohammed şu günüň şanly, möhüm ähmiýetli waka hökmünde ýokary okuw mekdebiniň taryhyna girjekdigini belledi hem-de dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpmagynda Türkmenistanyň Prezidentine degişli diplomy gowşurdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, öz işine şeýle ýokary baha berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milletiň Lideri: “Men bu sylagy ilkinji nobatda, dostlugyň nyşany, Türkmenistana we onuň halkyna hormatyň nyşany hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň subutnamasy hökmünde kabul edýärin” diýip, “Petronas” kompaniýasynyň bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny, nebitgaz pudagynda örän netijeli işleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri häsiýetlendirip, olaryň esasy maksadynyň döwrebap, ösen we ilatynyň ýaşaýşyny ýokary derejä ýetiren döwletleriň hataryna goşulmakdan, milletiň intellektual kuwwatyndan peýdalanmak üçin ähli zerur şertlderi döretmekden ybaratdygyny belledi.

Türkmen Lideri bilim ulgamyny ösdürmegiň, adamlary, aýratyn-da ýaşlary häzirki döwürde ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmäge çekmegiň biziň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýanýandygyny hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri we bilim merkezleri bilen netijeli gtanaşyklary ýola goýmagyň şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda türkmen talyplarynyň onlarçasynyň “Petronas” Tehnologik uniwersitetinde okaýandygyny belläp, bu ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylygyna, professor-mugallymlar düzümine Türkmenistan üçin ökde hünärmenleriň taýýarlanmagyna goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýokary derejede ösen ýurtdugyny aýratyn belledi. Biz onuň täsin galdyrýan ykdysady modelini ünsli öwrendik we Türkmenistanyň hem ösüş boýunça öz milli modeline eýerýändigini ynamly aýdýaryn diýip, döwlet Baştutany belledi. Ýurdumyz diňe bir nebiti we gazy eksport etmek arkaly girdeji gazanmak bilen çäklenmeýär. Biz öz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa edýäris hem-de häzirki wagtda ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk, ýangyç-energetika toplumy ýaly pudaklary batly depgin bilen ösdürýäris. Gijikdirilmän öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde, dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünlik bize öz täsirini ýetirmedi.

Milletiň Lideri Malaýziýada okaýan we şol taryhy pursatda bu dabara gatnaşan türkmen talyplaryna ýüzlenip, olaryň bilim alyp, ata Watanymyza ýokary derejede taýýarlykly hünärmenler, dünýäde öňde baryjy ylym, tehnika we tehnologiýalar boýunça soňky ylmy gazanylanlary iş ýüzünde ulanmaga ukyply adamlar bolup dolanyp gelmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmenistan—siziň Watanyňyz! Siz—onuň geljegi. Ýöne Malaýziýada okan döwrüňizde, siz bu ýurduň kanunlaryna we adatlaryna hem-de bu halkyň medeni däp-dessurlaryna hormat goýmalysyňyz” diýip belledi.

Türkmen milletiniň Lideriniň bu sözlerini zaldaky malaýziýalylar şowhunly el çarpmak bilen garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birek-birege ynam bildirmegiň ýörelgelerine esaslanýan dostlukly, deňhukukly gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygyny belledi.

Biziň halklarymyz umumy gymmatlyklara we garaýyşlara ygrarlydyr, türkmen we malaýziýa halklarynyň däp-dessurlar we ruhy - ahlak ýörelgeler babatda umumy ýagdaýlar az däldir. Munuň özi gumanitar ugurda hemme taraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, bilim, ylym we medeniýet boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly esas diýlip hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz geljekde-de bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur şertleri dörederis, biziň halkalyrymyzyň birek-biregi has oňat tanamagy üçin ýakynlaşmagyna hemme taraplaýyn ýardam bereris” diýip belledi.

Türkmen Lideri şu döwlet saparynyň barşynda täze ylalaşyklaryň baglaşylandygyny we möhüm ähmiýetli resminamalara gol çekilendigini belläp, munuň iki döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli we maksada laýyk görnüşde ösdürilmegine täzeden güýçli itergi berjekdigine hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda ylym we bilim boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde “Petronas” Tehnologik uniwersitetiniň möhüm we görnükli orny eýeleýändigini aýdyp, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryna we italyplaryna täze belent sepgitleri eýelemegi hem-de işde, okuwda we ylym dünýäsinde uly döredijilik üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy bu ýere ýygnanan köp sanly adamlar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Petronas” kompaniýasynyň, Tehnologik uniwersitetiň ýolbaşçylary hem-de şu günki ýatdan çykmajak dabara gatnaşýandygyna çäksiz begenen türkmen talyplary bilen birlikde surata düşdi.

Şondan soňra, türkmen döwletiniň Baştutany “Petronas Twin Tauersi” synlady. Şunda türkmen Lideri bu iki sany belent binanyň döredilişiniň taryhy bilen tanyşdyryldy. Taslamanyň awtory amerikan binagäri Sezar Pelli şol wagta çenli köp sanly belent binalary döredipdir. “Petronas” kompaniýasy esasy buýrujy boldy, Malaýziýanyň beýleki firmalary hem çykdajylaryň belli bir bölegini öz üstüne aldylar.

Belent binalar yslam medeniýetine mahsus elementler bilen birlikde, Malaýziýanyň milli däp-dessurlaryny göz öňünde tutmak arkaly guruldy. Daşyndan synlanyňda olar musulman nyşanlaryna mahsus bolan sekizburçly ýyldyzlaryň ikisini ýatladýar. Binalaryň çür depesi gümmezlidir, olaryň sudurlary metjitleriň şekiline meňzeşdir. “Petronas Twin Tauersde” ýerleşýän jaýlaryň umumy meýdany 213 müň inedördül metrden gowrak bolup, munuň özi futbol meýdançalarynyň takmynan 48-sine barabardyr.

Uly toplumyň içinde edara jaýlaryndan başga-da, konsert, sergi we mejlisler zallary, çeperçilik galareýasy, restoranlar we kafe bar. Alty derejeli sergi merkeziniň meýdany 93 müň inedördül metre barabardyr we onuň ýokarsy tegelek şekillidir, ol binalaryň aşagynda ýerleşýär. Şonuň gatlarynyň birinde “Benzin muzeýi” açyldy, şunda çagalara nebitiň we gazyň Malaýziýanyň ykdysadyýeti üçin ähmiýeti düşündirilýär. Her bir binada iki gatly liftleriň 29-sy gurnalypdyr. Belent binalaryň aşagyndaky duralgada 5400 sany awtoulag ýerleşýär.

“Petronas Twin Tauers” diňe bir uly ölçegleri däl-de, gurluşlarynyň çylşyrymlylygy bilen hem tapawutlanýar. Binalaryň gurluşygynda esasan, Malaýziýada öndürilýän materiallary ulanmak makul görüldi. Şoňa görä-de, bu iki belent bina üçin düzümi boýunça özboluşly “çeýe” we “maýyşgak”, berkligi boýunça polat bilen deňelýän beton işlenip taýýarlanyldy.

Belent binalar bäsdeşligi döretmek we işdäki öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin kompaniýalaryň ikisi tarapyndan guruldy. Alty ýyllap dowam eden gurluşygyň bahasy ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna barabar boldy. Belent binanyň düýbüni tutmak möhüm ähmiýetli tapgyra öwrüldi. Bu iş üç günüň dowamynda 100 metre barabar çuňlukda alnyp baryldy: her 90 sekuntdan soňra ýörite maşynlaryň kömegi bilen, binanyň binýadyna beton guýuldy, şonda betonyň 3 müň kub metri ulanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki dabarany guraýjylaryň ugratmagynda toplumyň 42-nji gatyna çykdy, bu ýerde bir binadan beýleki bina geçmek üçin, bu iki binany baglanyşdyrýan köpri hökmünde üsti ýapyk geçelge gurnalypdyr. Ol Günorta Koreýada Samsung Heavy Industries firmasy tarapyndan ýygnalyp gurnaldy. Şondan soňra ony ýüzlerçe böleklere bölüp, Malaýziýa getirdiler. Kuala-Lumpurda köpri gurluşygyň alnyp barylýan ýerinde ilki bilen, ýerde ýygnaldy we soňry ýokary göterildi. Onuň esasy böleginiň uzynlygy 41 metre, ini 5 metre, boýy 9 metre barabardyr. Diregleri we beýleki gurluşlary göz öňünde tutlyp aýdanyňda. Köprüniň umumy agramy 750 tonna ýetýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas Twin Tauersiň” gurluşygynyň aýratynlyklary, şunda ulanylan innowasion tehnologiýaolar we inženerçilik çözgütleri, onuň gurnalyşy, dizaýni we enjamlar bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy.

Türkmenistanda uly möçberli taslamalaryň we ösüşe degişli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny göz öňünde tutanyňda, milletiň Lideriniň şeýle gyzyklanma bildirmegi ýöne ýerden däldir, şonda durmuş—medeni, önümçilik we dolandyryş infrastrukturasyny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak möhüm ähmiýetli ugur hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyzyň özgertmeler boýunça strategiýasynyň nyşany hasaplanýan döwrebap Aşgabat batly depgin bilen sebitiň iri işewürçilik we medeni merkezine öwrülýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda şäher gurluşygyna degişli uly möçberli maksatnama ýaýbaňlandyryldy we ol ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň hem-de gurluşyk we binagärlik, dizaýn we şäheri abadanlyşdyrmak boýunça täze işläp taýýarlamalaryň ulanylmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany dünýäde toplanan iň oňat tejribäni öwrenmegiň möhümdigini hem-de şol tejribäniň sazlaşykly ösýän Türkmenistanda iş ýüzünde giňden ulanylyp bilinjekdigini belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Petronass Twin Tauersi” synlap, 86-njy gatda ýerleşýän gözegçilik meýdançasyna bardy we şol ýerde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerden şäheriň we onuň täze binalarynyň keşpleri aýdyň görünýär. Ýeri gelende aýtsak, Kuala-Lkmpuryň Işewürçilik merkeziniň binagärlik toplumynda 420 metrlik telewizion diň hem bar. Belent iki binanyň sag tarapynda iri korporasiýalaryň biri hasaplanýan “Menara Maksisiň” 49 gatly we boýy 212 metre ýetýän edara jaýy ýerleşýär. “Petronass Twin Tauersiň” daş-töwereginde owadan seýilgäh we metjit ýerleşýär.

Syn etmek tamamlanandan soňra, belet mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna “Petronas” Tehnologik uniwersitetiniň rektory doktor Mahathir bin Mohammediň adyndan öýlänlik nahar berildi.

Kabul edişlik tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuala-Lkmpur şäheriniň Halkara aeroportuna bardy.

Bu ýerde türkmen Liderine uly hormat goýulyp, dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň resmi wekilleri bilen hoşlaşyp, uçara münýär we şonuň bilen Aşgabada tarap ugrady.

Türkmen paýtagtynyň Halkara aeroportunda milletiň Liderini Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümetiň agzalary ýurdumyzyň ministrlikleriniň, we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar, olar döwlet Baştutanyny Malaýziýa döwlet saparynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutladylar.