Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 718
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başynda bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmenistanlylary gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagyny beýan edýän, ýetip gelýän milli baýramymyz bolan Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýän hemişelik Bitaraplyk derejesine Türkmenistanyň üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtap, türkmen Bitaraplygynyň 16 ýylynda biziň Watanymyzyň tanalmaz derejede özgerendigini, umumyadamzat ösüşine mynasyp goşant goşandygyny belledi. Türkmen döwleti hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldanyp, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen anyk teklipleri we başlangyçlary bu abraýly halkara guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürüp, BMG bilen hyzmatdaşlygy işjeň pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitlemek bilen ilkinji nobatda biziň ygtybarly hyzmatdaşlyk we ylalaşdyryjylyk arkaly halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýandygymyzy, üçünji müňýyllykda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işläp taýýarlaýandygymyzy aňladýar. Bu oňyn strategiýa garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä derejesinde abraýynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milletiň Lideri bu ýere ýygnananlary hem-de ähli türkmen halkyny ýetip gelýän baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Çykyş edenler geçirilen işler hakyndaky hasabatlardan öňürti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynlaşyp gelýän milli baýram bolan Bitaraplyk güni bilen, şeýle hem ýakynda uly üstünlik bilen tamamlanan Malaýziýa döwlet sapary we “Petronas” Tehnologiki uniwersitetiň hormatly doktory” diýen belent adyň milletiň Liderine berilmegi bilen mähirli we tüýs ýürekden gutladylar.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi, ol “Türkmenistanyň Milli baýramy—Bitaraplyk güni mynasybetli azatlykdan mahrum edilen iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamasynyň taýýarlanmagyna degişli mesele boýunça hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem jemgyýetimiziň we her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewiligini has-da berkitmek maksady bilen, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip nygtady.

Bu asylly däbe eýerip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow iş kesilen 754 sany adamyň ýurdumyzyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň bu çözgüdi bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlaryň ählisini Bitaraplyk baýramyna çenli tussaglykdan boşadyp, olaryň öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin ähli zerur işleri geçirmegi Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe tabşyrdy. Milletiň Lideri welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary işe ýerleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, maliýe-bank, şeýle hem salgyt we statistika edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň yzygiderli we okgunly ösüş depginini üpjün etmek boýunça maksadalaýyk işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň maliýe ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewe söz berildi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işler, ähli babatda ýyly üstünlikli jemlemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem ýakyn wagtda ulanylmaga beriljek Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky “Ýyly suw” şypahanasynyň 200 orunlyk täze binasynyň, Arçman obasynda ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de 500 orunlyk Medeniýet öýüniň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şeýle hem D.Myratberdiýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, welaýatda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Baharly etrabynda açyljak desgalaryň ähmiýetini belläp, olary ulanmaga bermek dabaralaryny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada durup geçmek bilen, bu meselä iňňän jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Şoňa görä-de, degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen bilelikde işläp, bu meseläniň ähli taraplaryny jikme-jik öwrenmegi hem-de zerur hasaplamalary geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem garamagyndaky gurluşyk desgalarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň we täze Galkynyş eýýamynda gurluşyk desgalaryna bildirilýän ähli talaplaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de döwlet dolandyryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ony ösdürmegiň ähli ugurlary boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny we usullaryny işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Bu babatda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy 4-6-njy dekabrda bu ýerde bolan, Owganystana bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, döwlet Baştutanynyň Buýrugyna laýyklykda GFR-iň Bonn şäherine iş saparynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Bellenip geçilii ýaly, bu wekilçilikli maslahatda owgan meselesine degişli Türkmenistanyň nukdaýnazary beýan edildi. Şunda bu ugurda biziň ýurdumyzyň geçirýän täsirli çäreleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

tarapyndan ýöredilýän Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy üpjün ediji syýasatynyň häzirki wagtda sebitleýin we giň möçberde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigi nygtalyp geçildi.

Türkmenistan goňşy döwletler bilen däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly üns bermek bilen, Owganystan boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Milletiň Lideri tarapyndan BMG-niň belent münberinden öňe sürlen hem-de Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, diplomatiki gepleşikleri geçirmek usullary bilen düzgünleşdirmäge, bu ýurdy durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, bu ýerde döwlet häkimiýetiniň netijeli institutlaryny ösdürmäge degişli bolan döredijilikli başlangyçlar owgan meselesi boýunça göwnejaý çözgütleri işläp taýýarlamagyň maksatlaryna hyzmat eder. Şonuň bilen baglylykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurmak boýunça taslamanyň aýratyn ähmiýeti bellenildi, şol taslamany durmuşa geçirmek gürrüňsiz suratda owgan ykdysadyýetini ösdürmäge we tutuşlygyna alnanda bu ýurtdaky syýasy ýagdaýa oňyn täsir eder, möhüm durmuş meselelerini çözmäge ýardam berer.

Türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermegiň möçberini artdyrmaga, goňşy döwletiň ulag we hususan-da, demir ýol düzümlerini ösdürmäge, bu ýurt üçin işgärleri taýýarlamaga degişli başlangyçlaryň hem uly ähmiýeti bardyr.

Türkmen tarapynyň bu ähli teklipleriniň dünýä bileleşiginde ählumumy makullamaga we ykrar edilmäge eýe bolandygy öz parahatçylygy üpjün edijilik mümkinçiliklerini ähli adamzadyň eşreti üçin durmuşa geçirmäge çalyşýan we muny anyk işler bilen tassyklaýan Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyna şaýatlyk edýär.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer DIM-niň ýolbaşçysy Milli baýramçylygymyz bolan Bitaraplyk gününe we “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna taýýarlyk görlüşi hakynda hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk, “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyna Türkmenistanyň üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de tassyklap, biziň ýurdumyzyň dünýäniň dürli döwletleriniň we elbetde, ilkinji nobatda biziň ýakyn goňşularymyzyň arasynda işjeň ösýän dostlukly we netijeli özara gatnaşyklar bu ugruň gönüden-göni netijesi bolup durýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, parahat hem-de abadan durmuşa ymtylýan owgan halkyna raýdaşlyk bildirip, Owganystana täsirli kömek berýär. Biz geljekde-de owgan meselesi boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşarys, goňşy döwlete durmuş-ykdysady düzümi dikeltmekde hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip, milletiň Lideri aýtmak bilen, bu babatda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryny ösdürmegiň hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça mundan beýläk-de yzygiderli iş geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Bitaraplyk gününe bagyşlanylan Halkara maslahatyna taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, dünýäniň ykrar edilen parahatçylygy üpjün ediji merkezleriniň biri bolmak bilen, garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň geljekde-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitleri üçin sebitleýin hem-de giň möçberde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermegi maksat edinýändigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň deputatlarynyň durmuş we ykdysady reformalary, bazar özgertmelerini hukuk taýdan üpjün etmek, ýurdumyzda işewürlik we durmuş işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň kesgitlän wezipeleri bilen baglylykda alyp barýan kanunçykaryjylyk we jemgyýetçilik işi hakynda habar berdi. Mejlisiň komitetlerinde Ýaşaýyş jaý we Maşgala kodeksleriniň, beýleki täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, bar bolan namalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça birnäçe ulgamlarda kanunçylygy kämilleşdirmek babatda işler dowam edýär. Parlamentarileriň işiniň möhüm ugurlarynyň arasynda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmek işi hem bar. Mejlisiň ýolbaşçysy şeýle hem Bitaraplygyň 16 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleri we maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, kanunçykaryjylyk işiniň döwlet syýasatyny we milli özgertmeleri amala aşyrmagyň esasy guraly bolup durýandygyny belledi we deputatlaryň ünsüni parlamentiň işiniň möhüm ugurlaryna çekdi. Şol işler türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýat institutlarynyň berkidilmegine we jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň berkarar edilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň saýlanlaryny öz okruglarynda alyp barýan işlerini giňeltmäge, ýerli häkimiýetiň edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen ysnyşykly işlemäge çagyryp, ilat bilen yzygiderli duşuşyklaryň, ýerlerde bar bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy deputatlaryň işiniň esasy ugurlaryny kesgitlemelidir diýip belledi.

Täze Galkynyş eýýamynyň ägirt uly özgertmelerinde demokratik hukuk döwletiň ideologik we ahlak esaslarynyň, onuň durmuş-ykdysady kuwwatynyň ösüşi jemgyýetiň serişdeleriniň herekete getirilişiniň derejesine baglydyr diýip, milli Liderimiz nygtady we parlamentarilere düşündiriş işlerini giňden geçirmek, şol sanda habar beriş serişdeleriniň üsti bilen geçirmek, elýeterli materiallarda we anyk mysallarda täze kanunlaryň, hukuk resminamalarynyň mazmunyny aýdyň we takyk beýan edip, olaryň ähmiýetini adamlara ýetirmegi maslahat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa medeniýet edaralary tarapyndan, şeýle hem beýleki ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Bitaraplyk gününiň hormatyna, şol sanda täze desgalaryň we Bitaraplyk binasynyň açylmagy mynasybetli taýýarlanylan çäreleriň maksatnamasy hakynda hasabat berdi.

Baýramçylyk maksatnamasyndaky çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň döwlet konserti bar, ol paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçer, Bitaraplyk binasynyň öňünde, şeýle hem “Aşgabat” sport toplumynda, Döwlet sirkinde, ýurdumyzyň teatrlarynda çykyşlar we başgalar bar.

Wise-premýer “Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Sport” teleýaýlymyny döretmek hakyndaky” hem-de “Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararlaryň taslamalaryny hem döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen bitaraplygynyň 16 ýyllygynyň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda aýdyň, täsirli we gyzykly çäreler bilen bellenilmelidigi barada söz açyp, ähli baýramçylyk dabaralarynyň, aýratyn hem paýtagtymyzyň täze “Aşgabat” stadionynda medeni çäre ýaly we beýleki köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylykly derejede geçirmek barada görkezme berdi.

Milletiň Lideri hödürlenen Kararlary makullap we olara gol çekip, täze sport ýaýlymynyň işläp başlamagy bilen ilatyň giň toparyny bedenterbiýe-sagaldyş hereketine çekmek, sportuň milli görnüşlerini wagyz etmek boýunça gepleşikleri guramagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutany biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp, täze ýaýlymy bu ulgamda uly mümkinçilikleri açmaga, gönüden-göni teletomaşaçylara, ilkinji nobatda ýaşlara we ösüp gelýän ýaş nesle täsir etmegiň üsti bilen özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini işe girizmäge gönükdirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmegiň meseleleriniň üstünde durup geçip, ýurdumyzda neşirýat işiniň bilim ulgamyny özgertmegiň, hünärli işgärleri taýýarlamagyň, täze Galkynyş eýýamynda täze ideologiýany kemala getirmegiň, jemgyýetimiziň ruhy medeniýetini ösdürmegiň wezipeleri bilen gönüden-göni utgaşmalydygyny nygtady. Milletiň Lideri häzirki günde çykarylýan önümleriň, ilkinji nobatda okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň, çeper, maglumat beriş, ylmy edebiýatyň, gazetleriň hem-de žurnallaryň hilini we möçberlerini ýokarlandyrmak bu babatda esasy wezipe bolup durýandygyny belläp, olaryň mazmun taýdan baýlaşmagyny eserdeň seljermegiň zerurdygyna ünsi jemlemek bilen gol çekilen Kararlaryň durmuşa geçirilişine zerur gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow nebitgag toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy we şu pudaklarda birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Hytaý Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) edara binasynyň açylyş dabarasyna we Lebap welaýatynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägindäki gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna görülýän taýýarlyk we 14-nji dekabrda bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gabatlanylan beýleki çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri öz hünär baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň ähli işgärlerini bu şanly sene bilen gutlap, milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan bu pudagynda önümçilik görkezijilerini mundan beýläk-de gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Amyderýanyň sag kenaryndaky geljegi uly ýataklary senagat taýdan abadanlaşdyrmagy çaltlandyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şol ýataklar hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikde önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk şertlerinde özleşdirilýär we olar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň esasy çig mal binýady bolmalydyr.

Bu örän iri energetika desgasynyň gurulmagy Türkmenistanyň energiýa strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidir. Türkmen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek şol strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar diýip, milletiň Lideri nygtady we golaýda Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň barşynda gol çekilen täze ylalaşyklara laýyklykda ýakyn geljekde hytaý ýaly, iri dünýä bazarlarynyň birine türkmen gazyny ibermegiň möçberini ep-esli artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň amala aşyrýan oňyn bitaraplyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň artykmaçlyklary äşgär görünýär. Şol syýasat bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda beýleki ýurtlar bilen halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri hakyndaky hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer medeni-dynç alyş seýilgähleriniň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol türkmen paýtagtynda Bitaraplyk binasynyň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki Aşgabadyň binagärlik keşbi onuň ýurdumyzyň baş şäheriniň belent derejesine, täze Galkynyş eýýamynyň ruhuna doly derejede laýyk gelmelidigini nygtap, şu maksatlar üçin ep-esli serişdeleriň bölünip berilýändigini we olaryň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi. Bu babatda döwlet Baştutany paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berdi. Milletiň Lideriniň aýdyşy ýaly, Aşgabat sebitiň “Binagärlik dürdänesi” diýlip, mynasyp atlandyrylýar, ony häzirki wagtda ajaýyp köşkler, edara jaýlary, has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumlary bezeýär. Seýilgäh bezegi ulgamynda innowasiýalar hem bu derejäni tassyklamalydyr we şonuň üçin hem şäheriň seýilgäh zolaklaryny, onuň köçelerini bezemek aýratyn möhüm bolup durýar.

Biziň esasy maksadymyz adamlaryň ýaşamagy we işlemegi üçin oňaýly gurşawy döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu ähmiýetli işde ownuk zat ýokdur, hemme zat, täze desgalarda gurluşyk işleriniň hili we möhletleri, ulag hem-de jemagat düzümleriniň ýagdaýy, arassaçylyk kadalarynyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelmegi möhümdir. Munuň özi häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy depginli ösdürip, halkara gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulýandygy bilen hem şertlenendir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Biziň ýurdumyzyň awtomobil ýol ulgamy tutuşlygyna alnanda we aýratyn hem Türkmenistanyň paýtagtynda dünýäniň ösen ýurtlarynda kabul edilişi ýaly, ýokary hiliň, ygtybarlylygyň, howpsuzlygyň we oňaýly hereketiň häzirki zaman talaplarynyň ählisine doly derejede laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutany bu barada söz açyp, türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly meseleleri toplumlaýyn çözmegi üpjün etmegi talap etmek bilen, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Köpetdagyň dag eteginde Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günorta böleginde gurlan ajaýyp Bitaraplyk binasynyň açylmagy barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutany täze bina parahatçylyk we döredijilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň özboluşly nyşany bolmak bilen, türkmen halkynyň edim-gylymyny, parahatçylyk söýüjiligiň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň ýörelgelerini beýan etmelidir diýip belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk toplumynyň pudaklarynda işleriň ýagdaýy hakyndaky 2011-2012-nji ýyllaryň gyş möwsüminde ýyladyş ulgamlarynyň durnukly işlemegini ýola goýmak hakynda döwlet Baştutanynyň öň beren görkezmelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer şeýle hem “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň “Bereket-Etrek” böleginde we Bereket stansiýasynda gurulýan lokomotiw deposynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty jemläp, häzirki wagtda ýurdumyzda onuň ähli şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga aýratyn üns berilýändigini nygtady. Jemagat düzümlerini ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, şolarda innowasion ýokary tilsimatlaýyn çözgütler, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň gazanan üstünlikleri talap edilýär.

Adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly gurşawy döretmekde, bu ulgamda tagallalary utgaşdyrmakda degişli döwlet toparyna aýratyn orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylardan gyş döwründe ýyladyş desgalarynyň bökdençsiz işlemegini zerur derejede guramagy talap etdi.

Milletiň Lideri gurulýan Demirgazyk-Günorta halkara polat ýolunyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan Gyzylgaýa-Bereket-Etrek demir ýolunyň gurluşygynyň barşyny tehniki taýdan üpjün etmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen pudagyň ýolbaşçylaryna bu taslamany durmuşa geçirmegiň depginlerini çaltlandyrmaga we oňat hilli amala aşyrmaga gönükdirilen anyk tabşyryklary berdi, oňa ýudumyzyň gurluşykçylary, demir ýolçulary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar gatnaşýarlar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada habar berip, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymynyň tamamlanýandygyny, güýzlük galla ekinlerine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň doly möçberde ýerine ýetirilýändigini, maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň talaba laýyk gyşladylmagy üçin degişli çäreleriň görülendigini aýtdy.

Şeýle hem 6-8-nji dekabrda geçirilen pagta önümleriniň I Halkara sergi-ýarmarkasynyň we “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara ylmy maslahatyň netijeleri barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, daşary ýurtly işewür toparlary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilen forumyň çäklerinde gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda iri halkara guramalary hem-de pagta önümlerini öndürmek we ýerlemek ulgamynda, dokma we beýleki pudaklarda ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp we pagtaçylygyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň strategiki pudagy bolup durýandygyny nygtap, pagtanyň milli dokma senagatynyň esasy çig malydygyny hem-de gymmatly eksport önümidigini belledi we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmegiň, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Bu ulgamda öňde duran wezipeleri üstünlikli çözmek üçin obasenagat ulgamynyň önümçilik düzümini hemmetaraplaýyn ösdürmek möhümdir, Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek babatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini çözmäge oýlanyşykly çemeleşilmegini üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny we ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow dokma senagatynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň ýagdaýy hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde geçirilýän iş hakynda çykyş edip, 2011-nji ýylyň 14-16-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi, şol sergide dostlukly döwletiň işewür toparlary dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli öz tekliplerini hödürlemäge taýýardyrlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagatynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýändigini nygtap, pudagy döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milletiň Lideri türk haryt öndürijileriniň eksport önümleriniň öňde boljak ykdysady gözden geçirilişine taýýarlyk görmek meseleleriniň üstünde durup geçip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmek işinde onuň ähmiýetini belledi. Halkara derejesindäki şular ýaly çäreler öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýän ähli gatnaşyjylara tejribe alyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlyga degişli meseleleri çözmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdirdi hem-de şular ýaly forumlar iş ýüzündäki netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ady agzalan sergi üstünlikli ösdürilýän, köpugurly, netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, wise-premýere we jogapkär ýolbaşçylara şol sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň häzirki zaman ylmyny ösdürmegiň döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýere ýurdumyzyň ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirmek meselesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, döwlet mundan beýläk hem ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge uly üns berer, türkmen alymlaryna öz öňlerinde goýlan gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek üçin zerur bolan şertleriň ählisini döreder diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şu maksatlar bilen häzirki zaman sport desgalarynyň hemme ýerde gurulýar. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri wise-premýere jemgyýetde sagdyn-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlary sporta giňden çekmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlara saparlarynyň barşynda şol döwletlerde okaýan türkmen talyplary bilen yzygiderli duşuşyklaryň geçirilýändigini belläp, häzir türkmen ýaşlarynyň dünýäniň meşhur okuw mekdeplerinde bilim almaga ähli mümkinçiligi bar diýip nygtady. Döwlet mundan beýläk hem bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berer, ýaşlaryň halkara ülňüleriniň derejesinde bilim almagy üçin ähli şertleri döreder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, işde we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.