Ï Baýramçylygyň öňüsyrasynda täze binalar ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylygyň öňüsyrasynda täze binalar ulanmaga berildi

view-icon 695
Şu gün şanly senäniň – Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda “Ýyly suw” şypahanasynyň täze binasy, şeýle hem Arçman obasyndaky Medeniýet öýi we ýaşaýyş jaý toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Däp boýunça ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda medeni we durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi täze Galkynyş eýýamynda türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýnynyň has-da ýokarlandyrylmagy we ýaşaýşynyň hiliniň hemme taraplaýyn gowulandyrylmagy üçin ähli şertleri döredýän döwletiň özgertmeler syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.

Milletiň saglygyny goramak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hasaplanýar. Şu ugurda ilata halkara standartlaryna laýyk gelýän derejedäki hyzmatldaryň giň topluynyň hödürlenmegini üpjün etmek, şol sanda türkmen şypahanalaryny täzeden dikeltmek işine degerli ýardam berýän döwrebap şypahana infrastrukturasynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Milletiň Lideriniň “Türkmenistan—melkemler mekany” atly ajaýyp kitaby täsin galdyrýan künjeklere we olardaky tebigy we bejeriş toplumlaryna bagyşlanýar, şonda Baharlydaky haýran galdyrýan çeşmeler barada aýratynlykda gürrüň berilýär.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşýän çeşmelerdäki mineral suwlaryň bejeriş häsiýetleri 1974-nji ýyldan bäri bellidir. Bu ýerde 46 gradusa barabar temperaturadaky kükürtli suwlaryň kömegi arkaly dürli keseller, şol sanda direg-daýanç apparatynyň, nerw—periferiýa we endokrin ulgamynyň bozulmagy bilen bagly keseller bejerilýär. Bu ýerdäki bejeriji çeşmeleriň 5-siniň 2-sinde düzüminde ýod we brom saklanýan mineral suwlar bar, bular aşgazan—içege ýollaryna, öt haltasyna, bagra degişli keselleri, aşgazanasty mäziň çişmesini, sowuklama bilen bagly keselleri bejermekde ulanylýar.

Bu ýerde düýpgöter durkuny täzelemegiň netijesinde suw arkaly bejerilýän ilkinji “Ýyly suw” şypahanasy guruldy, ol has kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi hem-de birbada 80 adamy kabul etmek üçin niýetlenendir. Mälim bolşy ýaly, durky täzelenen şypahana 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ine, bu gün, bary-ýogy iki ýyldan soňra 200 orunlyk täze bina şypahananyň infrastrukturasynyň üstüni ýetirdi, bu ýerde öz saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak isleýänlere hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlaryny berjaý etmegiň mümkinçiliklerini has-da artdyrmak we şol hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak üçin amatly şertler döredildi, munuň özi ajaýyp döwrebap binada şypahananyň işini täzeden ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Irden birkemsiz bezelen täze binanyň daş-töwereginde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürüp ugrady, bu ýerde aýdym-sazlar ýaňlandy, kalplary şatlykly duýgular bilen gurşalan köp sanly ýaşaýjylar we ýaşlar milli baýdaklary we ak şarlary saklap durlar. Bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, Umumymilli Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýaşulalar, saglygy goraýyş işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Tanymal tans toparlary we artistler aýdym-saz we tans arkaly öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Şypahananyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan ak mermerli binasy Germaniýanyň “Simens” kompaniýasynyň döwrebap medisina we anyklaýyş tehnikasy bilen üpjün edildi.

Bu ýerde anyklaýyş, suw bilen bejeriş we sagaldyş bölümleri ýerleşýär. Birinji gatda EKG, ultra ses arkaly barlamak, endoskopiýa boýunça iş otaglary, innowasion we ýokary derejede takyk işleýän enjamlar bilen üpjün edilen kliniki-biohimiki barlaghanalar ýerleşýär. Bu ýerde ginekologdan, terapewtden, otolaringologdan, newropatologdan we stomatologdan maslahat almak bolýar. Balneologik bölümde, suwa düşülýjn howuzlar, erkekler we zenanlar üçin aýratyn goýlan kükürtli-wodorodly we ýodly-wodorodly suw guýlan rahatlandyryjy wannalar, şol sanda gidromassaž üçin wannalar ýerleşýär. Bejeriş duşynyň ähli görnüşleri teklip edilýär. Ýeri gelende aýtsak, toplumlaýyn bejerişde klimat, balneofizioterapiýa arkaly bejeriş bilen birlikde, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly reflekso- we fitoterapiýanyň usullaryndan peýdalanylýar.

Şypahananyň ýokarky gatlary adamlaryň sagaldyş we bejeriş, saglygy dikeltmek we dynç almak bilen bagly amallardan peýdalanmagy üçin niýetlenendir. Bu ýerde şypahana gelenleriň özlerini amatly duýmagyna ýardam berýän ähli şekrtler döredilipdir hem-de 1, 2, 3 we 4 orunlyk ýatylýan otaglar, şeýle hem şypahana maşgala bolup gelýänler üçin otaglar bar.

Şypahanada Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň dünýäde öňde baryjy önüm öndürijileriniň has täze lukmançylyk enjamlarynyň goýulmagy, şeýle hem bejerişiň döwrebap usullarynyň ulanylmagy netijesinde, bu ýerde fizioterapewtiki we suw bilen bejeriş, dürli keselleriň öňüni almak we gijikdirmän ýüze çykarmak boýunça doly tapgyrdan geçmek, oňat hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýeri gelende aýtsak, täze binada işleýän saglygy goraýyş işgärleri täzeden ýörite taýýarlandy, şoňa görä-de bu ýerde berjaý edilýän lukmançylyk hyzmatlary dünýäniň belli şypahanalaryndaky bejerişden pes bolman, halkara standartlaryna doly laýyk gelýär.

Sagaldyş merkezleriniň Baharly etrabynda döredilen ajaýyp toplumy—“Arçman” şypahanasy we suw arkaly bejerýän “Ýyly suw” şypahanasy ýurdumyzyň gözel tebigy künjeklerinde gurlan şypahana infrastrukturasyna degişli bolan beýleki täsin desgalar bilen birlikde, türkmen topragynyň keşbiniň özgerendigini aýdyň görkezip, Türkmenistanyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýan syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesi bolup durýar.

Şu gün Arçman obasynda medeni we durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar hem möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ozal görlüp-eşidilmedik möçberinde gerimli özgertmeler ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap almak bilen, oba ýerlerinde durmuşyň täzeden sazlaşykly ösüşine, ýaşaýşyň täze standartlarynyň ugur edinilmegine badalga berip, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ähli şertleri döretdi. Şu gün ulanmaga berlen täze binalar—ajaýyp Medeniýet öýüniň we oba adamlary üçin niýetlenip, belli “Arçman” şypahana—sagaldyş merkeziniň golaýynda gurlan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy obada hil taýdan düýpli özgertmeleriň bolup geçýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.

Ruhubelent we şadyýan ýagdaýda geçen dabaralara welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň wekilleri, ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.

36 öýli iki sany we 27 öýli iki sany ýaşaýyş jaýlary ak mermer bilen örtülip, welaýatyň durmuş infrastrukturasyna degişli beýleki desgalaryň aglabasy ýaly, amatlylygy döretmek boýunça häzirki wagtda bildirilýän ähli talaplary göz öňünde tutmak we örtmek üçin täze görnüşdäki materiallary ulanmak arkaly guruldy. Otaglarynyň, aşhanalaryň we beýlekileriň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýjylar üçin ähli oňaýly şertler döredildi. Ilata durmuş hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlemek üçin bir binanyň birinji gatynda dükanlaryň we dürli hyzmatlaryň berjaý edilýän toplumy ýerleşdirildi.

Ýaşaýyş jaýlarynda howany salkynlatmak we ýylatmak üçin merkezleşdirilen ulgam bar. Ýaşaýjylaryň we olaryň çagalarynyň hereket etmek arkaly dynç almagy üçin oýun oýnalýan we sport meýdançalary hökmany desgalar hökmünde ýerleşdirildi. Şeýle hem dabaralary we çäreleri geçirmek üçin ýörite ýerler bellenildi. Binalaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, yşyklandyryjylar goýuldy, güller we ösümlikler bilen bezeldi.

Şu günden başlap, Arçman obasyndaky möhüm ähmiýetli medeni çäreleriň ählisi täze ajaýyp Medeniýet öýünde geçiriler, bu ýerde ýaş nesli hemme taraplaýyn sazlaşykly ösdürmek, wagtyňy peýdaly geçirmek we dynç almak üçin ähli şertler döredildi. Medeni toplumda 500 orunlyk tomaşa zaly, sergi guralýan holl, dürli ugurlar bilen meşgullanmak üçin 20-den gowrak otaglar, şol sanda uly okalgaly kitaphana, internet-kafe, şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli hem-de drama, aýdym-saz we tans toparlary üçin otaglar bar. Açyk howada baýramçylyk konsertlerini we tomaşalary guramak üçin, binanyň ýanynda amfiteatr guraldy. Bu ýerde ýaş arçmanlylara zehini bilen sungat dünýäsinde özlerini görkezmäge mümkinçilik döredildi. Dutarçylaryň we folklor toparlarynyň çykyşlary şu günki dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamanyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigi, döwlet Baştutanynyň milletiň abadançylygyny we türkmen halkynyň rowaçlygyny esasy ugur edinýän parasatly we döredijilikli syýasaty ýöredýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bu şanly wakalar mynasybetli, ata Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

* * *
Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňýanynda we barha ýakynlaşýan Täze ýylyň öňüsyrasynda Amyderýa jülgesinde täze desgalaryň ýene-de 4-si işe girizildi. Desgalaryň açylyş dabarasyna welaýat we ýerli häkimlikleriň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, şeýle hem gurluşykçylar gatnaşdylar. Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Beýik Galkynyş eýýamynda türkmen halkynyň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy, tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Welaýat merkezi Türkmenabat şäherinde bina edilen nobatdaky köp gatly ýaşaýyş jaý bu gün öz eýelerini kabul etdi. Bu gezek 16 maşgala ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar. Zelili köçesinde ýerleşýän bu jaýy “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary bina etdiler. Onda ýaşaýjylaryň rahat ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen iki hem üç otagly öýler bar. Beýik potolokly, göwnejaý timarlanan, amatly aşhanalary we eýwany bolan öýler ýaşaýjylaryň şatlygyny artdyrdy. Penjireler we gapylar häzirki zaman gurluşyk materiallaryndan ýerine ýetirilipdir. Merkezi ýyladyş, energiýa, gaz ulgamy bilen üpjün edilipdir. Ol ýerde çagalar oýnar ýaly ýörite meýdança hem bar.

Bu bina Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bellenilen ýylynda Amyderýanyň kenaryndaky şäherde ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň sekizinjisidir. Ýerli hünärmenleriň taslamalary boýunça owadan binagärlik äheňinde gurlan özboluşly dört gatly jaýlar şäheri bezeýär. Olardaky ýokary amatly öýleriň sany 16-dan başlap 40-a ýetýär. Şäherde ýaşaýyş jaý gurluşygy barha ösýär. Täze, 2012-nji ýylda hem olaryň uly tapgyry ulanmaga berler.

Bu gün Farap etrabynyň merkezinde hem baýramçylyk dabarasy boldy. Bu ýerde 365 orunlyk täze, häzirki zaman sport mekdebi körpe we ýaş türgenleriň ygtyýaryna berildi. Özboluşly binagärlik bezegi bilen tapawutlanýan bu sport mekdebini gurluşyk ugrunda oňat tanalýan Serdarabat etrabynyň “Guwanç” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular. Bu desga öňki şuňa meňzeş binalar ýaly milli haşamlar bilen bezeldi.

Sport toplumynda iki sany – uly we kiçi zal, türgenleşik zaly bar. Olar döwrebap türgenleşik gurallary bilen abzallaşdyrylandyr. Onda tälimçiler üçin otaglar, lukmançylyk nokady, durmuş hyzmatlary otagy bar we özbaşdak sowadyş we ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Bu sport mekrezinde agyr atletika, göreş, boks we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri ýetişdirmek, köpçülikleýin ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Lebapda indi 12-nji sport mekdebi bolan bu desganyň çäginde açyk sport şäherjigi hem ýerleşýär. Onda futbol, woleýbol, basketbol, tennis oýnamak üçin meýdançalar, ylgaw ýodajyklary bar.

Öň habar berlişi ýaly, düýn Lebap welaýatynyň demirgazygynda gümrük gullugynyň Gazojak täze binasy açylypdy. Bu gün bolsa iki goňşy ýurduň Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhet ýakasynda ýerleşýän Döwletli etrabyndaky “Tallymerjen” gümrük geçelgesiniň işgärleri täze binany kabul etdiler. Täze iki gatly edara jaýy Türkmenistanyň gümrük gullugynyň buýurmasy boýunça “Ybraýym Hoja” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.

Gümrük desgasy döwrebap enjamlar –kompýuter ulgamy, häzirki zaman aragatnaşyk enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr. Onda gümrük işgärleriniň gözegçilik-geçiriş işlerini tiz we göwnejaý amala aşyrmaklary, göwnejaý dynç almaklary üçin hem degerli şertler bar. Şeýle häzirki zaman gümrük ulgamynyň işe girizilmegi Döwlet serhediniň şu böleginden gadagan edilen bikanun ýükleriň öňüne böwet bolar.

Bitaraplyk gününiň öňýanynda Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýerlemek boýunça toplum düýpli abatlaýyş işlerinden soň ulanmaga berildi. Onda täze çelekler, häzirki zaman enjamlary oturdylyp, estakada gatnawlary çekilipdir we beýleki abadanlaşdyryş işleri geçirilipdir. Toplumyň kuwwatlylygy üç esse artdyryldy. Indiden beýläk bu ýerde 1800 kubmetr möçberinde ýangyç we çalgy materiallaryny kabul edip, sakalp we ýerläp bolar. Desgada abatlaýyş işleri “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky Lebap bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy.

Täze desgalaryň işe girizilmegi mynasybetli dabaralarda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenilip düzülen we gyşarnyksyz amala aşyrylýan beýik Galkynyş zamanasynyň düýpli özgerişlikler maksatnamasy türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşine kuwwatly itergi berdi diýip nygtadylar.

Dabaralaryň ahyrynda täze desgalaryň işe girizilmegi mynasybetli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna baýramçylyk sadakalary berildi.

* * *
Şu gün ýurdumyzyň demirgazygynda beýik Galkynyşlar eýýamynda döwletimiziň ykdysady kuwwatymyzyň we ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini alamatlandyrýan dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralary boldy.

Türkmen halkynda gadymdan bäri täze ýurda göçmek iň sarpalanýan baýramçylyklaryň biridir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ilatyň abadançylygynyň gyşarnyksyz ösmegi, esasanam soňky döwürde adamlaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiliginiň hiliniň ýokarlanmagy bu dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy. Şäheriň “Nowruz-2” etrapçasynda köp öýli ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga derilmegi täze öýlere göçüp barýanlaryň, olaryň dogan-garyndaşlarynyň şatlygyna, dürli baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Bu jaýyň we dürli maksatly köp sanly beýleki desgalaryň bina edilmegi "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Merkezileşdirilen býujetiň hasabyna “Ömür” hususy kärhanasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen bu dört gatly 48 öýli jaý biri-birine ýakyn ýerleşen üç sany bir görnüşli jaýdan ybarat bolan binagärlik toplumynyň bir bölegini düzdi. Öýleriň ýerleşdirilişiniň esasy aýratynlygy jaýyň her gatynda iki görnüşli iki we üç otagly öýleriň bolmagydyr. Olar biri-birinden diňe bir ýaşaýyş meýdanynyň möçberi bilen däl-de eýsem otaglarynyň ýerleşdirilişi boýunça-da tapawutlanýarlar.

Şeýle taslamanyň gurluşyga ornaşdyrylmagy ýaşaýjylara öz isleglerine görä saýlamaga şert döredýär. Ondan başga-da, soňky ýyllarda Daşoguzda gurulýan beýleki jaýlar ýaly täze ýaşaýyş jaýy öýleriň has giňligi we ýokary amatly şertleriň döredilendigi bilenem özüne çekýär. Jaýyň ýaşaýyş meýdany 3228 metre deň bolup, iň uly otaglaryň uzynlygy 7 metre, ini bäş ýarym, potologynyň beýikligi bolsa üç ýarym metre çenli ýetýär.

Döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen oňat däbe öwrülen kada boýunça täze jaýdaky öýleriň biri ýaş maşgala berildi. Olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegi dabarasyny welaýat we şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, din wekilleri, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Bu bina şu ýyl Daşoguz şäherlerinde gurlup ulanmaga berlen köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň biridir.

Soňra dabaralar şäheriň beýleki çetinde, Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina edilen 365 orunlyk sport mekdebiniň ulanmaga berilmegi bilen dowam etdirildi. 2020-nji ýyla çenli döwür sebitleri özgertmegiň milli maksatnamasynyň çäklerinde “Ak durna” hususy kärhanasynyň gurup ulanmaga beren bu sport mekdebi özara birikdirilen iki gatly we bir gatly binalardan ybaratdyr. Ol şunuň sport desgalaryna bildirilýän iň ýokary talaplara laýyk gelýär.

Mekdebiň esasy aýratynlygy onda diňe bir sport we sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmaga döredilen şertlerden başga-da ýylyň islendik wagty sport ýaryşlaryny geçirip bolýanlygydyr. Munuň üçin onuň esasy zallarynda tomaşaçylar üçin münberler, lukmançylyk otaglary we beýlekiler ýerleşdirilendir. Mekdebiň bökdençsiz işlemegini özbaşdak ýyladyş, energiýa hem suw ulgamy üpjün eder. Onda woleýbol, basketbol, gandbol, tennis, boks, gündogar başa-baş söweşi we sportuň dürli beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga şertler bar. Abadanlaşdyrylan açyk meýdança arassa howada bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, futbol oýnamak, ylgamak üçin zerur gurallar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Welaýat merkezinde öňem bir sport mekdebi gurlupdy, ýene biriniň bolsa “Nowruz” etrapçasynda gurluşygy alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde şäherde Al-Horezmi köçesinde ýerleşýän bedenterbiýe-sagaldyş toplumy abatlanylýar.

Soňra welaýatyň Gubadag etrabynyň merkezinde 1500 tomaşaça niýetlenen stadiony bolan sport desgasyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň etrap bölüminiň gurluşykçylarynyň bina eden bu desgasy sebitde gurulýan şuňa meňzeş beýleki binalar ýaly obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň çäklerinde amala aşyryldy. Ol ýokary derejede dürli ýaryşlary geçirmek, saglygyňy bejertmek üçin bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullanmak üçin ýörite bölümleri bolan häzirki zaman sport merkezidir. Onuň esasy bölegini gök ot örtükli futbol meýdançasy bolan stadion we ylgaw ýodajygy düzýär. Onuň münberleriniň aşagyndaky jaýlarda myhmanhana, lukmançylyk üçin otaglar we beýleki edara ediş otaglary ýerleşýär. Kiçi futbol, tennis, basketbol, woleýbol oýnamagy halaýanlar üçin daşy germewli açyk meýdançalar hem bar. Desganyň töweregi abadanlaşdyrylandyr. Bu ýerde öň ulanmaga berlen 365 orunlyk sport mekdebi bilen birlikde täze sport toplumy şäherçede döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän bitewi bir merkezi emele getirip, ilatda, esasanam ýaşlarda sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaga höwes döreder.

Desgany ulanmaga bermek dabarasy baýramçylyk şatlyk-şowhuny aýdym-saz we türgenleriň görkezme çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň halkyň abadan we asuda durmuşynyň girewi bolup durýandygyny bellediler. Aýratyn tapawutlanan gurluşykçylary gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şanly wakalar mynasybetli Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milli Lideriň baş saglygyna sadakalar berildi.