Ï Türkmen halkynyň parahatçylygyň, döredijiligiň we hoşniýetliligiň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň parahatçylygyň, döredijiligiň we hoşniýetliligiň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany

view-icon 1311
Türkmenistanyň Prezidenti milli baýramçylygymyz bolan Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan özüniň şanly senelerinirň biri bolan milli baýramçylygyny, Bitaraplyk gününi giňden we dabaraly baýram edýär. Şu gün tutuş ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy, onuň merkezi bolsa türkmen paýtagty boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda biziň Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasynyň açylyş dabarasy boldy.

12-nji dekabr biziň Watanymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir we bu sene ýurdumyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen hemişelik ýazyldy. Dogry 16 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” ýörite Rezolýusyýany biragyzdan kabul etdi. Bu deňsiz-taýsyz resminama biziň ýurdumyzyň dünýä tejribesinde ilkinji gezek halkara hukuk derejesini tassyk etdi. Mälim bolşy ýaly, şol taryhy waka häzirki döwürde diňe bir Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugrunyň halkara bileleşigi tarapyndan ählumumy goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Paýtagtymyzyň merkezi köçeleriniň biri bolan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň başlanýan ýerinde, Aşgabadyň günortasynda gurlan Bitaraplyk binasy ýurdumyzyň halkara derejesiniň nesilleriň aňynda hemişelik galjakdygynyň kepilidir.

Ir bilen Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen bu ajaýyp desganyň ýanyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy, Aşgabat şäheriniň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, köp sanly myhmanlar, giň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar bar. Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň täze Galkynyş eýýamynda okgunly ösüşini we ýurdumyzyň dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolmagyny üpjün eden öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän we işjeň halkara başlangyçlaryny öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Hemişelik Bitaraplyk derejesine we biziň halkymyza mahsus bolan asylly ýörelgeler bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ugurlaryna eýerýän bu döredijilikli strategiýa Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň bagtly we abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolmak bilen, adamzadyň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýär.

Milli lybasdaky gyzlar Döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýar. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary bu günki bellenilýän baýramçylyk bilen gutlady.

Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada şanly sene mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Medeniýet we sungat ussatlary öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijiligiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy, türkmen halkynyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini, mähriban topragymyzda höküm sürýän parahatçylygy we ylalaşygy wasp etdiler.

Soňra binanyň etegine gül goýmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk binasyna ajaýyp wenok goýýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy we beýleki dabara gatnaşyjylar Bitaraplyk binanyň etegine gül desselerini goýýarlar.

Türkmen halkynyň bozulmaz parahatçylyk gatnaşyklarynyň we döredijilik ýörelgeleriniň, atalarymyzyň wesýet eden milletiň beýik ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň özboluşly nyşany bolan Bitaraplyk binasy paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde guruldy. Desgada milli binagärlik ýörelgeleriniň ajaýyp däpleri häzirki zaman inženerçilik çözgütler meýilleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Desganyň binagärlik ölçeglerinde taryhy sene bolan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry özboluşly beýan edilýär. Binanyň umumy beýikligi 95 metr bolup, çür başynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A. Nyýazowyň 12 metrlik heýkelini öz içine alýar.

Bitaraplyk binasy umumy diametri 100 metr we beýikligi 1,80 metr bolan tegelek münberiň üstünde oturdylypdyr. Köp derejeli desga tagan aýagynyň şekilindäki üç sany kuwwatly sütüniň üstünde gurlupdyr. Sütünler altynsow öwüşginli bürünç şekiller bilen bezelipdir. Olarda ilkidurmuş döwründen başlap, Garaşsyzlygymyza eýe bolan ajaýyp zamanamyza çenli türkmen döwletiniň taryhy döwürlerindäki ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapypdyr. Şol wakalar dürli şekilleriň üsti bilen yzygiderlilikde beýan edilýär. Olarda adamlaryň ilki durmuş zamanasyndaky ýaşaýşyny alamatlandyrýan şekiller, türkmen milli taryhynda örän ähmiýetli orny eýelän Oguz han eýýamynda nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň we onuň alty oglunyň şekilleri, “Dünýä siwilizasiýasynyň sallançagy” atlandyrylýan Türkmenistan Watanymyzyň çäklerinden tapylan gymmatly arheologik tapyndylaryň – ritonlaryň, dürli bezegleriň, türkmenleriň dünýäde ilkinjiler bolup oýlap tapan gurallarynyň we enjamlarynyň şekilleri, ahalteke bedewine atlanan türkmen ýigitleriniň, çarpaýa galýan bedewiň, düýeleriň, haly gölleriniň, biziň günlerimize çenli saklanyp galan kümmetleriň dikeldilen şekilleri, Gorkut ata Türkmen, Görogly beg Türkmen, Magtymguly eýýamyna degişli şekiller, şeýle hem türkmen durmuşyndan dürli görnüşler şekillendirilipdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzyň we türkmen halkynyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýeten belent derejeleri hem-de gazanan ajaýyp üstünlikleri hem sütünlerde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Bitaraplyk binasynyň kuwwatly üç sany sütüniň ýokarsynda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň nyşany bolan milli göllerimiz şekillendirilen özboluşly bezeg guşaklary aýlanýar.

Bitaraplyk binasynyň birinji, ikinji we üçünji derejelerini özboluşly şekiller bezeýär. Olarda türkmen halkynyň durmuşynyň taryhy we wakalary, onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylygy astynda ýurdumyzyň täze Galkynyş eýýamynda gazananlary öz beýanyny tapypdyr.

Bitaraplyk binasynyň birinji guşagynyň birinji zolagy Oguzhanyň, Parfiýa şalygynyň we Göktürkmen döwletiniň eýýamlaryny şekillendirýän ulgamy emele getirýär.

Bitaraplyk binasynyň ikinji guşagyndaky şekiller Beýik Seljuk türkmenleriniň, Gorkut atanyň, Köneürgenç türkmenleriniň, Görogly beg—türkmeniň we Magtymguly Pyragynyň zamanasyna bagyşlanýar. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň we biziň ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän bütindünýä belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleriniň şekilleri beýan edilipdir.

Bitaraplyk binasynyň üçünji guşagynyň birinji zolagynda Diýarymyzyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda dürli ulgamlardaky gazananlary şekilleriň üsti bilen teswir edilýär. Türkmen döwletiniň bozulmaz esaslaryny we biziň ýurdumyzyň oňyn ösüşlerini, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan şekiller paýtagtymyzda bina edilen bu belent başly desganyň bezeg işleriniň esasyny düzýär.

Binanyň iki sany syn ediş meýdançasyndan, şeýle hem desganyň merkezi okunda ýerleşen aýnaly liftiň içinden ak mermerli Aşgabadyň gözel ýerlerine, paýtagtymyzyň soňky ýyllarda ajaýyp desgalara häzirki zaman binagärlik toplumlaryna syn etmek bolýar.

Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerinde Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baýdaklary pasyrdaýar. Şeýle hem bu ýerdäki seýilgäh zolagynda özboluşly suw çüwdürimleri hereket edýär, dynç alyş zolaklary döredilipdir.

Binanyň içinde üç zaldan ybarat bolan Bitaraplyk muzeýi ýerleşýär. Onuň gymmatlyklary biziň ýurdumyzyň alyp barýan netijeli içeri we daşary syýasaty, täze Galkynyş eýýamynyň möhüm wakalary barada gürrüň berilýär.

Muzeýiň tekjelerindäki gymmatlyklar häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ählumumy möçberde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, tutuş adamzadyň abadançlygynyň hatyrasyna özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine gürrüňsiz hyzmat edýändigi barada gürrüň berýär. Bu şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 16 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatynyň geçirilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr. Şol wekilçilikli çärä gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýokary abraýa eýe bolan Türkmenistan häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdine hil taýdan täzeçe çemeleşmeleri we öz üstüne alan borçlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny beýan edýär. Garaşsyz, Bitarap türkmen döwleti halkara bileleşiginiň netijeli hyzmatdaşlyk esasynda ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalarynyň durmuşa geçirilmegine ägirt uly goşant goşýar.

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesi bilen BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny işjeň ýagdaýda pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan yzygiderli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýändigi we bu hyzmatdaşlygyň çäginiň barha giňelýändigi, onuň syýasy, ykdysady we medeni -- gumanitar ulgamlardaky täze anyk gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli mümkinçiliklerini iş ýüzünde doly durmuşa geçirmäge çalyşmak bilen, BMG-niň belent münberinden sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen işjeň başlangyçlary we teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden ýurdumyzyň meýillerini tassyk eden we sebit hem-de ählumumy derejede durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermäge, üçünji müňýyllygyň belent maksatlaryna ýetmäge, möhüm halkara meselelerini çözmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny kemala getirmäge gönükdirilen täze başlangyçlar toplumyny beýan etdi. Şeýlelikde, bu teklipleriň Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolmagy Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň barha belende galýandygyndan, biziň ýurdumyzyň durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk strategiýasynyň ählumumy ykrar edilýändiginden nyşandyr.

Bitaraplyk binasynyň syn ediş meýdançasynan ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp görnüşi, okgunly özgerýän binagärlik toplumlarynyň keşbi has-da owadan görünýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramynyň bellenen ýyly tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly binalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Olaryň hatarynda paýtagtymyzda gurlan birnäçe edara jaýlary, ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýän häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary we gara ýollary bar.

Şu ýylyň oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dürli ähmiýetli birnäçe iri desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezi, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň täze jaýy, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezi, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplum, “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezi, “Aşgabat” myhmanhanasy, şeýle hem paýtagtymyzyň ady dakylan köp ugurly stadion, Halkara atçylyk sporty toplumy bar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen alnyp barylýan toplumlaýyn şäher gurluşyk maksatnamasy yzygiderli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda köp sanly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen paýtagtyny döwrebaplaşdyrmak we abadanlaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler Aşgabady diňe bir dünýäniň owadan şäherlnriniň birine öwrülmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem adamlaryň durmuş derejesi üçin ähli oňaýlyklaryň döredilmegini şertlendirer.

Aşgabatda başy başlanan giň möçberli özgertmeler häzirki döwürde tutuş ýurdumyzy gurşap aldy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgelerine esaslanýan hem-de ýurduň ykdysady, ylmy we medeni mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

Dabara tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

* * *
Agşamara Bitaraplyk binasynyň ýanynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, meşhur artistleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda şanly senä bagyşlanan uly konsert boldy. Ak mermerli Aşgabadyň tyllaýy öwüşginlere beslenen agşamky asmanynda emele gelen baýramçylyk feýerwerkleri, olaryň ruhuňy göterýän owadan şekilleri paýtagtymyzda guralan baýramçylyk dabaralaryny jemledi.