Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýramçylygymyz – Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi tüýs ýürekden, mähirli gutladylar.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, şeýle hem hormatly Prezidentimize ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köptaraply işlerinde egsilmez güýç-kuwwat we täze üstünlikler arzuw etdiler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň okgunly ösüşini we belent halkara abraýyny şertlendirýän döredijilikli syýasatynyň uly möçbere eýedigini we onuň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetldarlyk bildirip, öz egindeşlerini we tutuş türkmenistanlylary şanly baýramçylyk bilen gutlap, 16 ýyl mundan ozal, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde Rezolýusiýa kabul edildi, oňa laýyklykda biziň ýurdumyz halkara bileleşigi tarapyndan taryhda ilkinji bolup bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi diýip belledi. Bu waka asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistan we biziň halkymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 16 ýyllygyny çäksiz buýsanç we ýokary ruhubelentlik duýgulary bilen giňden dabaralandyrýar we halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän hoşniýetli dessurlaryny, ruhy gymmatlyklaryny ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň üsti bilen aýdyň bean edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Beýik özgertmeler eýýamynyň häzirki tapgyrynda biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir içerki durmuş-ykdysady özgertmelerimizi üsütnlikli durmuşa geçirmek üçin ileri tutulýan ugur bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Biziň döwlet we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmenk strategiýasyna has täzeçe çemeleşmelerimiz, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň başlangyçlarymyz, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan aýratyn gyzyklanmalaryny şertlendirýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Bitaraplygyň Türkmenistana dünýä syýasatynda üçünji müňýyllykda dünýäniň parahatçylyk dörediji merkezi diýen belent derejä eýe bolmagyna mümkinçilik berendigini nygtady.
16 ýylyň dowamynda BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen ýola goýulýan oňyn gatnaşyklar, üçünji müňýyllygyň global maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalar, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, dünýäniň ýurtlarynyň durnukly ösüşiniň hatyrasyna sebitleýin we halkara howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak esaslaryna daýanýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny pugta we yzygiderli ýörederis, adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer däplerini dowam etdirmek we dabaralandyrmak parahatçylyk, özara düşünişmek we dostluk ýörelgelerine çuňňur hormat goýan biziň halkymyzyň mizemez ýörelgeleridir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýän milli baýramçylyk bilen ýene bir ýola gutlady we olara berk jan saglyk, bagt we parahatçylygyň, döredijiligiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.