Şu gün gadymy türkmen topragynda parahatçylygy, durnuklylygy, ähli döwletler bilen özara hormat goýmagyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary hem-de milletiň berk jebisligini alamatlandyrýan uly baýramçylyk bellenilýär.
Dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen gününden bäri geçen 16 ýylyň dowamynda ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi we ykdysady taýdan kuwwatlandy. Halkymyzyň durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Ýüzlerçe fabrikler we zawodlar guruldy. Diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem ähli welaýatlaryň keşbi düýpli üýtgedi. Daşary syýasatda gazanylýan oňyn netijeler bize öňe tarap ynamly gadam urmaga ýardam berýär, döwletimizi hem-de halkymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini has-da beýgeldýär.
Şu gün günortan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 16 ýyllylygna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary köpugurly “Aşgabat” stadionynda bolup geçdi, 20 müň tomaşaçy üçin niýetlenen bu stadion ýakynda paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde milletiň Lideriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şanly baýramçylyk mynasybetli bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň deputatlary, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Stadion baýramçylyga mahsus görnüşde bezelipdr. Bu ýerde uly dabaranyň geçirilmegine ykjam taýýarlyk görlüpdir. Sport meýdançasynda dünýäniň halklarynyň lybaslaryny geýnen ýaşlar Türkmenistanyň we BMG-niň agzalary bolup durýan döwletleriň baýdaklaryny ýokary göterip durlar. Olaryň ýanynda uly konsert taýynlan çagalaryň we talyplaryň tans toparlary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň folklor toparlary durlar. Köp sanly tomaşaçylaryň we dabara gatnaşyjylaryň ellerinde baýdaklar, dürli reňkdäki howa şarlary, baýramçylyk şygyrlary bar. Daş-töwerekde ruhubelent we joşgünly ýagdaý höküm sürýär.
Sagat 12.00. Uly baýramçylygyň başlanmagynyň alamaty hökmünde surnaýlar çalynýar. Stadionyň meýdançasynda ýigitler we gyzlar ýer şaryny hem-de Bitaraplygyň şanly senesini alamatlandyrýan “XVI” sany şekillendirýän kompozisiýany görkezýärler. Stadionyň esasy münberiniň gabadynda ýokarky iki bölekde Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň harby talyplary, dürli baýdajyklar arkaly dürli kompozisiýany—pannony suratlandyrýarlar, aşaky iki bölekde bolsa “BITARAP TÜRKMENISTAN” diýen ýazgy şekillendirilýär.
Sport toplumynda Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar. Artistleriň sesleri tomaşaçylaryň sesleri bilen sazlaşykly goşulyşyp, halkymyzyň mizemez agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýar. Dürli reňkdäki ýüzlerçe howa şarlar asmana uçurylýar. Bu ýere gelen adamlaryň her biriniň kalbyny ata Watanymyza buýsanç we bagtyýarlyk duýgulary gurşap alýar.
Stadionda dabarany alyp baryjynyň türkmen halkyny Bitaraplyk baýramçylygy bilen gutlaýan sesi ýaňlanýar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistan döwrüň derwaýys ähmiýetli meseleleriniň çözülmegine hil taýdan täzeçe çemeleşýändigini, ählumumy abadançylygyň we bütin dünýäde howpsuzlygyň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinýän döwlet bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe süren täze oňaýly başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan oňlanylýar, şol başlangyçlar sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de yzygiderli ösüşine degişli bolup, Bitarap türkmen döwletiniň parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideri BMG-niň howandarlyk etmeginde Türkmenistanda Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde parahatçylyk boýunça wekilçilikli maslahat geçirmek baradaky başlangyjy hem öňe sürdi. Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy dörediji hökmündäki ornunyň hemmeler tarapyndan ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän subutnamalaryň birine öwrüldi.
Teatrlaşdyrylan uly dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň çykyşy bilen başlanýar, olar stadionda dabaraly ýagdaýda milli ýaşyl tugumyzy, şeýle hem 1995-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky Rezolýusiýasyny biragyzdan goldan 185 döwletiň baýdaklaryny göterip, orta çykýarlar.
Meýdança çagalaryň tans toparlary çykýar, olar “Bagtyýar nesil” atly aýdym-sazly kompozisiýany ýerine ýetirýärler we meýdançada älemgoşaryň şekilini emele getirýärler. Bu joşgunly tanslar we ýakymly aýdymlar arkaly öz ajaýyp geljegine ynamly ýaşlaryň bagtyýar ykbaly we şatlygy beýan edilýär. Türkmenler asyrlarboýy öz çagalarynyň parahat hem-de asuda ýaşap, dogduk Diýaryň bähbidi üçin öz zehinini we ukyplaryny ösdürmegi barada arzuw edip geldiler. Ine, indi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlary halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmeginiň netijesinde türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hut şeýle mümkinçilik döredildi.
Baýramçylyk dabarasy köp sanly türkmen türgenleriniň çykyşlary bilen dowam etdirilýär, olar sähelçe salymda stadionynyň meýdançasyny Olimpiýa şäherjigine we sportuň onlarça görnüşleri boýunça görkezme çykyşlarynyň ýerine ýetirilýän ýerine öwürdiler. Türkmenistanda “Saglyk adam üçin iň uly baýlykdyr, diýen ýörelgeden ugur alnyp, milletiň saglygy döwletiň baýlygyna deňelýär. Soňky döwürde tutuş ýurdumyz boýunça gurlan täze sport desgalarynyň onlarçasy bu ulgamy kämilleşdirmek babatda döwlet tarapyndan alada edilýändigini aýdyň tassyklaýar.
Hut şu ýylda, ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň – ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda sportuň gyşky görnüşleri boýunça 10 müň tomaşaça üçin nietlenen we Olimpiýa taýýarlygyna degişli sport mekdepli Sport toplumy, köp ugurly, 20 müň sany tomaşaçy üçin münberli we 2000 orunlyk myhmanhanaly “Aşgabat” stadiony hem-de Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda Halkara atçylyk-sport toplumy ulanmaga berildi. Bulardan başga-da, Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak we türkmen sportuny halkara derejesine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary boýunça 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan gije-gündiziň dowamynda işlejek “Sport” teleýaýlymy dörediler.
Joşgunly sazyň ýaňlanmagynda sportçular meýdançada Aşgabatda üsti ýapyk jaýlarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýylyny aňladýan “2017-lik” sany şekillendirýärler. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň yklym derejesindäki uly möçberli ýaryşlaryň guraljak ýeri hökmünde türkmen paýtagtyny saýlap almagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň giňden ösdürilmegine, Türkmenistanyň sport boýunça halkara derejesindäki çärelere goşulyşmagyna gönükdirilen uly möçberli işiniň aýdyň netijeleriniň birine öwrüldi.
Stadiona türkmen halkynyň buýsanjy hasaplanýan gelşikli ahalteke atlary çykýar. Jigitleriň ellerinde Türkmenistanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň we BMG-niň agzalary bolup durýan döwletleriň baýdaklary bar. Meşhur “behişdi bedewler” diňe bir milli däl-de, dünýäniň medeni mirasynyň gymmatly baýlygy hasaplanýar. Olar islendik halkara atçylyk-sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegidir.
Mälim bolşy ýaly, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda atçylygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň atçylygynyň belli ýörelgelerini saklamak we baýlaşdyrmak, dünýäde bedewleriň täsin ahalteke tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek, atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşlerini ösdürmek üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döretmek ugrundaky uly möçberli işi hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly ajaýyp kitaplarynyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk täze galkynyşa eýe bolýar. Milletiň Lideriniň başlangyjy bilen her ýylda owadan we syratly ahalteke bedewini saýlamak boýunça bäsleşigiň guralmagy, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňüleriniň ähli talaplaryna laýyk gelýän we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen atçylyk-sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň döredijilik toparlarynyň çykyşy bilen jemlenýär, şonda sungatyň üsti bilen halkymyzyň bagtyýar eýýamda öz däp-dessurlaryny we adatlaryny berjaý etmek arkaly, üstünlikli zähmet çekýändigi we öz baýramçylyklaryny giňden belleýändigi beýan edilýär. Bu toparlaryň çykyşlary halkymyzyň öz milli Lideriniň daşynda jebisleşendigini we agzybirligini aýdyň görkezýär. Artistleriň joşgunly we döredijilikli çykyşy milletiň rowaçlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna täze üstünlikleri gazanmaga çagyryş hem-de täze Galkynyş eýýamynyň özboluşly senasy hökmünde ýaňlandy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň, jebis we agzybir türkmen halkynyň hem-de ony ruhlandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanyna ýakymly arzuwlar aýdylýar.
Baýramçylyk dabarasy ahyrlap barýar. Meýdançanyň ortasynda şanly sene mynasybetli “XVI-lyk” san hem-de türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esaslarynyň mizemezliginiň nyşany hasaplanýan Bitaraplyk binasy şekillendirilýär.
Bu täsirli baýramçylyk dabarasy “Türkmen halkynyň Arkadagyna şöhrat!” atly meşhur aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi, şol aýdyma stadiondaky adamlar hem goşuldy.
“Aşgabat” stadionynda geçirilen ählihalk dabarasy paýtagtymyzda, Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we obalarynda dowam etdi, şonda konsertler, medeni-sport çäreleri we köpçülikleýin gezelençler guraldy.