Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň edara binasynyň açylyşyna we Lebapda gazy gaýtadan işleýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň türkmen paýtagtynda gurlan edara binasynyň açylyş dabarasyna hem-de Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazy gaýtadan işleýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Bu wakalar Türkmenistanyň Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen üstünlikli ösýän giň gerimli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň ýene bir subutnamasydyr. Bu kompaniýa biziň ýurdumyzda 2002-nji ýyldan bäri işleýär, 2007-nji ýylyň awgustynda bolsa Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow oňa Amyderýanyň sag kenarynyň gaz ýataklarynda gözleg we buraw işlerini geçirmek üçin baş potratçynyň ygtyýarnamasyny berdi.
XXI asyryň taslamasynyň – dünýäde iň uzyn Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy we onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýaňy-ýakynda şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda bolsa türkmen tebigy gazy Hytaýyň Ýuwaş umman kenarynda ýerleşýän Guandun welaýatyna baryp ýetdi. Şençžen şäherinde bu şanly waka mynasybetli geçirilen dabara Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäkleride hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda mundan beýläk halkara gaz geçirijisinden HHR-e her ýylda türkmen tebigy gazynyň 65 milliard kub metri akdyrylar. Şu ýylyň ahyryna çenli gazyň Şençžen şäherine, geljek ýylyň ikinji ýarymynda bolsa Gonkong şäherine baryp ýetmegine garaşylýar. Şunuň bilen meýilnamalar tamamlanmaýar: bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagyň üstünlikli tejribesi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini açýar.
... Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň esasy şaýollarynyň biri bolan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda bina edilen CNPC hytaý korporasiýasynyň edara binasyna geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy bu edaranyň abadanlaşdyrylan çäginde saklanýar, bu ýerde şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylar ýygnandylar.
Bu ýere ýygnananlar milletiň Liderini mähirli garşylaýarlar, milli lybasly gyzlar ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Edara binanyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada iki dostlukly döwletiň baýdaklary pasyrdaýar. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-saz çykyşlary ýaýbaňlanýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň baş girelgesine tarap ugraýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär: bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz toý bagyny kesip, CNPC-niň edara binasyny – türkmen paýtagtynyň täze işewürlik merkezinde ýene bir binagärlik toplumyny açýar.
Uzaklardan seredeniňde özboluşly ak mermerli binanyň ýüz tarapynda kompaniýanyň gyzyl-sary nyşany görünýär. Bu nyşanda HHR-iň döwlet baýdagynyň reňkleri we nebitgaz senagatynyň nyşany hökmünde alawyň şekili öz beýanyny tapdy. CNPC-niň işgärleriniň aýtmagyna görä, halka görnüşindäki nyşan korporasiýalaryň halkara ösüşiniň strategiýasyny we birleşmegini, 10 sany ýaprak onuň işiniň esasy ugurlaryny, gül şekili bolsa sosial jogapkärçiligi alamatlandyrýar. Çünki, CNPC-niň şygary energiýa serişdeleriniň we daşky gurşawyň sazlaşygyny döretmek bolup durýar. Nyşanyň merkezinde pajarlap ösüşi we geljegi alamatlandyrýan, dogup gelýän Gün şekillendirilipdir. “Özara bähbitlilik we iki tarapa-da peýda, umumy ösüş” diýen şygar kompaniýanyň hyzmatdaşlygynyň baş ýörelgesidir.
Döwlet Baştutanymyz hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen binanyň içine girýär. Umumy meýdany 16 müň 300 inedördül metr bolan, 500 iş orunlyk iki jaýdan ybarat 5 gatly binany “Myradym” hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular.
Dolandyryş binalarda kompaniýanyň işgärleriniň oňaýly zähmet çekmegi we dynç almagy, gepleşikleri hem-de işewür duşuşyklary, maslahatlary we okuwlary geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde şeýle hem sport toplumy we ýerasty awtoduralga ýerleşdirilipdir.
Bu ýerde milli Liderimiz binanyň birinji gatynda ýerleşdirilen Geofam Petrel we Eclipse iş beketleriniň ýokary tehnologik üpjünçiligi bilen tanyşýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň geljegi uly ýataklarynda CNPC kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan ulanylýan gapdal we ýapgyt ugurly guýulary burawlamagyň häzirki zaman tilsimatlary hakyndaky habary aýratyn üns bilen diňledi.
Mälim bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň burawlaýjylary-da bu ugurda ep-esli tejribe toplady. Olar öz wagtynda elektrik buraw işlerini, telemetriki ulgamlary ulanmak bilen guýulary oňat hilli burawlamagy, ýapgyt we gapdallaýyn guýulary gurmagy özleşdirmek bilen burawlamak işinde tilsimat öwrülişiginiň başyny başlaýjylar bolup çykyş etdiler. Şol usullar önümli gatlaklardan ýangyç çig malyny almagy ep-esli artdyrmaga we mundan başga hem kiçeňräk we aralaşmasy kyn gatlaklarda iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, häzirki wagtda bu häzirki zaman tilsimatlar Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşen Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanylýar. Şol ýerde şu ýyl nebitiň iri ýataklary açyldy.
Milli Liderimiz bina bilen tanyşlygynyň dowamynda täze tehnika bilen enjamlaşdyrylan wideomaslahatlar zalyny gözden geçirýär. Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň wekilleri bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Prezidenti şu günki wakanyň şanyna Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Baştutany edara toplumynyň VIP zalyna geçýär. Şol ýerde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlik boldy.
CNPC kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çžou Szipin wagt tapyp şu günki dabara gatnaşandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda HHR-e uly üstünlik bilen bolan döwlet sapary hem-de Pekinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler bilen gutlady, şol gepleşikler hyzmatdaşlygy ähli köp taraply ugurlary boýunça, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze döwletara ylalaşyklarynyň tapgyryna gol çekmek bilen tamamlandy. Bellenip geçilişi ýaly, hytaý tarapy depginli ösýän, ägirt uly ykdysady we serişdeler mümkinçiliklere eýe bolan hem-de ygtybarly we borjuna wepaly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Hytaýyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaklaryny giňeltmäge hem-de doly möçberli, iki ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändkleri hut şu şertler bilen köp babatda şertlenendir diýip, Çžou Szipin nygtady. Şol hyzmatdaşlygyň çäginde bolsa eýýäm möhüm bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy bar. Şunuň bilen baglylykda, ol transmilli Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini aýratyn belledi, onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berilmegi halkara bileleşigi tarapyndan dünýä möçberinde hakykatdan hem taryhy waka hökmünde ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, uzakmöhletli strategiki hyzmatdaş bolan Hytaý bilen köp ugurly döwletara gatnaşyklaryna Türkmenistanyň üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady, Hytaý bilen hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelmek bilen bir hatarda, giň möçberde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup hem çykyş edýär.
Duşuşygyň çäklerinde CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy öň türkmen tarapy bilen önümleri paýlaşmak hakynda baglaşylan Ylalaşygyň çäklerinde Amyderýanyň sag kenaryndaky gazly meýdançalarda “mawy ýangyjy” çykarmak hem-de zerur önümçilik düzümlerini döretmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň barşy hakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlaryna innowasion tilsimatlary, iň täze ylmy tehniki işläp taýýarlamalary mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak baradaky işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Hususan-da, belli bir ugra gönükdirilen we gapdallaýyn guýulary burawlamak babatda hünärmenler hakynda gürrüň barýar. Döwlet Baştutanynyň belleýişi ýaly, şu maksat bilen geljek ýylda döredilmegi meýilleşdirilýän Nebit we gaz institutynda degişli kafedrany açmak maksadalaýyk bolardy.
Söhbetdeşligiň dowamynda bar bolan ikitaraplaýyn ylalaşyklary nazara almak bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Lebap welaýatynda badalga alýan bilelikdäki iri taslama bolan “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde ikinji gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ol Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisine tebigy gazyň eksporta iberilmeginiň goşmaça möçberlerini üpjün eder.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlyga oňyn çemeleşilýändigi üçin hoşallyk bildirip, CNPC kompaniýasynyň geljekde hem özüne bildirilen ýokary ynamy ödemäge çalyşjakdygyna we Türkmenistanda yhlasly işlejekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy. Şol ýerde häzirki wagtda daşary ýurt işewürligini ösdürmek üçin has amatly şertler döredildi.
Döwlet Baştutany özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy ugruna Türkmenistanyň ygrarlydygyny nygtap, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri hem-de ony netijeli durmuşa geçirmegi taraplaryň maksat edinýändigi işewür gatnaşyklary giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýär diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda hytaý kompaniýasynyň hünärmenlerine işde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow CNPC-niň edara binasyndan çykyp, Aşgabadyň halkara howa menziline bardy, şol ýerden ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýene-de bir häzirki zaman desgasynyň—Hojambaz etrabyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin Lebap welaýatyna ugrady. Bu desga Türkmenistan—Hytaý gaz geçiriji ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler we türkmen tebigy gazynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.
Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde milletiň Liderini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçiligiň wekilleri mähirli we duz-çörek bilen garşyladylar. Bu ýerde welaýatyň aýdym-saz we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Ýaşulular bilen bolan gürrüňdeşlikde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow lebaplylaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy, olaryň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ruhubelentlik döredýändigi barada aýdan sözlerini kanagatlanmak bilen kabul etdi. Şol özgertmeleriň üstünligi ýurdumyzyň ähli ýerinde, şol sanda Lebap welaýatynda äşgär görünýär. Welaýatda gurulýan senagat we durmuş maksatly desgalaryň sany barha artýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar.
Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Lebap welaýatynyň döwletiň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän esasy sebitleriň birine öwrülýändigini nygtady. Bu ýerde ýangyç serişdeleriniň çykarylyşy yzygiderli artdyrylýar. Häzirki zaman gazy gaýtadan işleýän toplumlar gurulýar, gaz geçirijileriň düzümi çalt depginler bilen ösdürilýär.
2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň açylmagy welaýatyň we tutuş ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka boldy. Mälim bolşy ýaly, şol turbageçiriji arkaly 30 ýylyň dowamynda türkmen tebigy gazynyň uly möçberleri iberiler. Bu ägirt uly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky iň täze energetika strategiýasynyň halkara goldawyna mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirip we olaryň ählisine berk jan saglyk we mundan beýläk-de üstünlik arzuw edip, dikuçara tarap ugrady. Milletiň Lideriniň dikuçary asmana galýar we “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde ikinji gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygynyň başlanmagy mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine ugraýar.
Mälim bolşy ýaly, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi ýangyç serişdelerine örän baýdyr. Munuň şeýledigini köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylan geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri hem tassyklaýar. Şol işleriň barşynda tebigy gazyň uly ýatagy ýüze çykaryldy. Munuň özi türkmen alymlarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň garaşsyz bilermenleriniň beren bahalarynda hem tassyklanyldy. Şol barlaglaryň netijesinde Samandepe we “Altyn asyr” tebigy gaz ýataklarynyň toplumy, şeýle hem gazkondensat ýataklarynyň birnäçesi açyldy. Hytaýly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan Baş ylalaşygy durmuşa geçirmek maksadynda düzüminde iki ýurduň alymlary we hünärmenleri bolan iş topary ysnyşykly hyzmatdaşlykda Amyderýanyň sag kenaryndaky “mawy ýangyjyň” gorlarynyň möçberlerini kesgitlmek boýunça hasaplaýyş işlerini amala aşyrdylar. Taraplar ýerli howa şertlerini we gaz ýataklarynyň ýagdaýyny düýpli öwrenip, çäreleriň anyk meýilnamasyny bellediler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen baglaşylan önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama laýyklykda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägine girýän şu we beýleki ýataklary abadanlaşdyrmak we özleşdirmek işlerini Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) amala aşyrýar.
Ikinji gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygynyň başlanmagy senagat we gaz geçiriji düzümiň iri möçberli toplumynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol türkmen gazynyň Hytaýa uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün eder. Meýilnama laýyklykda “mawy ýangyç” Hytaýa çig mal çeşmeleriniň ikisi boýunça amala aşyrylýar. Olaryň biri Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň ýataklarydyr. Hytaýyň CNPC kompaniýasy olary önümi paýlaşmak şertlerinde özleşdirýär. Transaziýa turbageçirijisine gazy ibermegiň beýleki çeşmesi hökmünde bolsa Malaý we Üçajy ýataklar toparlary hyzmat edýär. Şu ýataklarda alynýan çig maly ugratmak üçin Malaý- Bagtyýarlyk turbageçirijisi guruldy. Mälim bolşy ýaly, ol Türkmenistandan Hytaýa çekilen Transaziýa gaz geçirijisiniň ilkinji halkasyna öwrüldi.
Tebigy gazy uzakmöhletleýin ibermek barada Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Transaziýa gaz geçirijisi arkaly iberilýän “mawy ýangyjyň” möçberini her ýyl tapgyrlaýyn artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu wezipäni çözmek üçin ikinji gazy gaýtadan işleýän zawody gurmak göz öňünde tutuldy. Bu zawod 9 milliard kub metre golaý gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Ol Ýaşyldepede ýerleşýän “Altyn asyr” ýataklar toparyna hyzmat eder.
Zawody iki tapgyrda gurmak meýilleşdirilýär. Ol özüne desgalaryň uly toplumyny-gazy arassalamak we taýýarlamak boýunça awtomatlaşdyrylan tehnologik desgany, merkezi gaz ýygnaýjy nokady, esasy edara binasyny, tehnologik işleri dolandyrmagyň we gözegçilik etmegiň awtomatlaşdyrylan merkezini, kompressor stansiýasyny, kuwwatly elektrik podstansiýasyny, gazy geçirijilerini, ulanyş guýularynyň toplumyny, tehnologik ulgamlary we beýleki desgalary birleşdirer. Ýakyn ýyllaryň dowamynda gaz geçirijisiniň birinji we ikinji önümçilik şahalary gurlar. Ikinji tapgyryň gurluşygyny 2014-nji ýylyň iýunynda tamamlamak göz öňünde titulýar. Şonda gaz geçirijisiniň üçünji we dördünji önümçilik şahalary tabşyrylar. Munuň özi Türkmenistan-Hytaý gazulag ulgamyna iberilýän “mawy ýangyjyň” möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Ikinji zawodyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça şertnamada göz öňünde tutulan ýangyjyň möçberini, ýagny her ýyl kükürtden we wodorotdan arassalanan tebigy gazyň 13 milliard kub metrini ibermäge mümkinçilik berer. Şu gaz geçirijisi boýunça galan 27 milliard kub metr gaz “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ugradylar.
Şu gün Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän iri “Bagtyýarlyk” gazkondensat ýatagynda ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Hemmeler häzirki zaman türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhyna aýdyň sahypa bolup girjek waka tolgunmak garaşýarlar. Gazçylaryň şäherjigi baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Daş-töwerekde köp sanly ýaşyl baýdaklar parlaýar, ägirt uly plakatlar we bannerler nebitgaz pudagynyň täze Galkynyş eýýamynda gazanarlaryny we Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan giň möçberli wezipeleri çözmek boýunça amala aşyrylýan çäreleri şöhlelendirýärler, ýatakda durmuşa geçiriljek özgertmeler barada düşünje berýärler.
Ýörite taýýarlanan diwarlykda desganyň gurluşygy barada jikme-jik maglumat berýän ikinji gazy gaýtadan işleýän zawodyň maketi ýerleşdirilipdir. Dört sany döwletiň çäginden geçýän gaz geçirijisiniň ugry şöhlelendirilen kartada Amyderýanyň sag kenarynda ýangyç çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistandan Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen “mawy ýangyjyň” Hytaýa akdyrylyşy görkezilipdir.
Bu ýerde şeýle hem gurluşykçylarda bar bolan we bu nebitgaz senagatynyň desgasyny gurmak boýunça geljekki işleriň möçberini görkezýän kuwwatly häzirki zaman ýöriteleşdirilen tehnikalaryň-ýük awtomobilleriniň, ekskowatorlaryň, buldozerleriň, beton garyjylaryň, uly ýük çekýän maşynlaryň nusgalary goýlupdyr.
Türkmen halylary düşelen ýörite meýdança dabaraly waka gatnaşyjylaryň köp sanlysy ýygnandy. Olaryň arasynda hökümet agzalary, Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatyň we etraplaryň häkimleri, hormatly ýaşulular, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, elleri baýdakly, şarly we gül desseli ýaşlar, nebitgaz senagatynyň işgärleri bar.
Milletiň Lideriniň dikuçary “Bagtyýarlyk” ýatagynyň senagat düzüminiň esasy desgalarynyň biriniň-geljekki ikinji gazy gaýtadan işleýän zawodyň çäginde gonýar. Dikuçaryň ýanynda milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Soňra milletiň Lideri haly düşelen ýodajyk boýunça Lebap welaýatynyň medeniýet müdirliginiň aýdym-saz toparlarynyň çykyş edýän ýerine tarap ugraýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi nebitgaz pudagynyň işgärleri mähirli mübärekleýärler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, ýörite taýýarlanan çadyra tarap ugraýar. Bu ýerde täze gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygynyň başlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabara gatnaşylara eýýäm ХХI asyryň örän iri halkara taslamasy hökmünde häzirki zaman dünýä taryhynyň ýyl ýazgysyna giren Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň haýran galdyryjy möçberleri we esasy tapgyrlary barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.
Türkmen-Hytaý gaz hyzmatdaşlygynyň taslamasy iki ýurduň bähbitlerine Hytaýyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň kabul eden strategiki çözgüdiniň miwesidir. Bu taslama şeýle hem özara bähbitli, dlstlukly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar we şunuň bilen birlikde energetika strategiýasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de iki ýurduň ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berýär. Bu bilelikdäki taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen, ykdysady we beýleki ugurlarda döwletleriň gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem Hytaýyň we Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrýar.
Hytaýyň we Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygyny ägirt uly strategiki desgasynyň gözbaş alýan ýeri Bagtyýarlyk diýlip atlandyrylýar. Şol atda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, onuň gazananlary, iki döwletiň we halklaryň abadançylygyna gönükdirilen üstünlikleri jemlenendir.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, nebitgaz pudagynyň hünärmenlerini we işgärlerini olaryň hünär baýramy bilen gutlady hem-de olara ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.
Milletiň Lideri öz çykyşynda Türkmenistanyň amala aşyrýan, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasy jähedinden bu wakanyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Şu gün ir bilen Aşgabatda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) edara binasy açyldy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi. Türkmen Lideri hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny bu waka bilen gutlap, soňky dört ýylyň dowamynda biziň konsernlerimiziň we korporasiýalarymyzyň hytaýly dostlarymyz bilen bilelikde iki ýurduň Hökümetleriniň arasyndaky Baş ylalaşyk esasynda amala aşyrylýan taslamany-ХХI asryň taslamasy diýen ady alan “Türkmenistan-Hytaý” gaz geçirijisini gurmak we ulanmaga bermek boýunça ähli zerur işleri geçirendiklerini bellemek isleýärin diýip aýtdy.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 8800 kilometre barabardyr. Ony sözüniň doly manysynda “asyryň gurluşygy” diýip atlandyrmak bolar. Şunuň bilen birlikde, bu ägirt uly gaz geçirijisiniň 185 kilometri Türkmenistanyň çäginden, 530 kilometri Özbegistanyň çäginden, 1304 kilometri Gazagystanyň çäginden, 6811 kilometrden gowragy bolsa Hytaýyň çäginden geçýär. Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda-şu ýylyň 24-nji noýabrynda biziň Şençžen şäherinde Hytaýyň Guandun welaýatyna türkmen tebigy gazynyň ilkinji kub metrleriniň gelip gowuşmagy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýlelik bilen, bu giň gerimli taslamanyň üstünlikli amala aşyrmagy täze önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegine we netijede täze iş orunlarynynyň döredilmegine uly itergi berer.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Amyderýanyň bu kenarýaka sebitiniň dünýä ýurtlarynyň nebitgaz kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyk etmek üçin has uly gyzyklanma bildirýän ýeri bolup durandygyny belledi. Täze, geljegi uly bolan ýataklaryň birnäçesiniň açylmagy bilen, häzirki döwürde nebit we gaz gorlaryna baý bu sebitiň ähmiýeti has-da artdy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milletiň Lideri Türkmenistanyň “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlaryna eýedigini bellemek bilen, “Galkynyş” (öňki ady Günorta Ýolöten-Osman) gaz ýatagynda Beýik Britaniýanyň belli “Gaffney, Cline & Аssоciates” kompaniýasynyň geçiren garaşsyz barlagynyň netijeleri sözüň doly manysynda bütin dünýäni haýran galdylan waka öwrülip, bu sebitiň ähmiýetiniň artýandygyny tassyklaýan aýdyň mysallaryň biri boldy diýip nygtady. Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bu gaz ýatagyny senagat taýdan abadanlaşdyrmagyň ilkinji tapgyryny amala aşyrmaga girişdiler.
Biz bu ýerde geçirilýän işlere daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzy çekmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, bu ägirt uly ýatagyň gorlarynyň ulanmaga berilmegini has-da tizleşdireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu taslamalaryň ählisi energetika pulagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, giň halkara seslenmesini döretdi. Munuň özi biziň amala aşyrýan bu taslamalarymyzyň Merkezi Aziýanyň çäklerinden has uzaklarda hem ägirt uly ykdysady, geosyýasy we ýaşaýyş-durmuş ähmiýetine eýedigini aýdyň görkezýär diýip, milletiň Lideri nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilän bu taslamalar energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli alnyp barylmagyna, ählumumy energetika howpsuzlygynyň meseleleriniň çözülmegine, ykdysady gatnaşyklaryň, parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalanmagyna we biziň halklarymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir diýip belledi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany Hytaýyň döwlet ýolbaşçylaryna we ähli halkyna bagtyýarlyk, saglyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edip, biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan hakyky dostluk we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem döwletlerimiziň bähbitlerine, şeýle hem Merkezi we Gündogar Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmegiň hatyrasyna has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda ruhubelentlik döretdi we olaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen garşylandy.
Soňra Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Çžou Szipine söz berildi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny şu gün bolup geçýän möhüm, hakyky taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlap we kompaniýanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklap, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallalarynyň gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň gurluşygynyň we gaz ýatagyny özleşdirmegiň depgininiň çaltlandyrylmagyny üpjün etjekdigine ynam bildirdi. Myhman özüniň kompaniýasynyň köp sanly işgärleriniň adyndan bildirilen hormat-sarpa we ynam üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Ol kompaniýanyň hünärmenleriniň göz öňünde tutulan işlere girişmäge taýýardygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzy hytaý tarapynyň öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň düýbüniň tutulýan ýerine ugraýar. Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär—milli lybasly çagalaryň haýyşy boýunça, ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz geljekki nesillere gönükdirilen ýüzlenme hatyna gol çekýär we ony ýörite gutujyga salýar. Gutujyk geljekki gazy gaýtadan işleýän zawodyň binýadyna goýulýar. Soňra milletiň Lideri birnäçe pil beton atyp, nebitgaz pudagynyň täze ägirt uly senagat desgasynyň gurluşygyna simwoliki badalga berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine hormatly ýaşulular we beýleki dabara gatnaşyjylar hem eýerýärler.
Dabara tamamlanandan soň döwlet Baştutanymyz täze gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygynyň başlanmagy mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdy. Bu ýerde Lebap welaýatynyň sungat ussatlary täze Galkynyş eýýamyny, ata Watanymyzy, edermen türkmen halkyny, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazlary we joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly düşelen ýodajyk boýunça dikuçara tarap ugraýar. Welaýatyň ýaşaýjylary, nebitgaz pudagynyň işgärleri döwlet Baştutanymyzy şowhunly elçarpyşmalar bilen ugradýarlar. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara münýär. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Türkmenabada tarap ugur alýar. Şol ýerden milletiň Lideri uçarynda Aşgabada ugrady.