Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi boldy.
Mälim bolşy ýaly, Prezident saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriler. Türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, halk häkimiýetliligini pugtalandyrmak, raýatlaryň öz döwletiniň ykbaly üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak ýaly ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilen bu saýlawlar her bir türkmenistanlyda öz ata-watanynyň ähli ulgamlarynda bolup geçýän düýpli özgertmelere dahyllydygyny duýmaga itergi berip, milleti has-da jebisleşdirmek arkaly aýratyn ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda geçmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi toparyň mejlisinde milli kanunçylyga laýyklykda 2011-nji ýylyň 14-nji dekabryndan başlap Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň hödürlenip başlanjakdygy habar berildi.
Mejlisiň barşynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň maglumatlary diňlenildi. Olar bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine doly taýýarlyk görlendigi barada hasabat berdiler. Hususan-da, saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi topar tarapyndan tassyklanan maksatnamanyň ähli düzgünleriniň ýerine ýetirilendigini habar berdiler.
Amala aşyrylan giň möçberli işlere jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Öňki geçirilen saýlawlar bilen deňeşdirilende has köp-2307, şol sanda daşary ýurtlarda 29 saýlaw uçastogy döredildi. Olaryň her biri aragatnaşyk serişdeleri we beýleki zerur enjamlar, maglumat-usulyýet edebiýatlary, şol sanda kadalaşdyryjy resminamalar, gollanmalar, kanunçylyk namalary bilen üpjün edildi. Uçastok saýlaw toparlarynyň düzümleri tassyklanyldy. Häzirki wagtda saýlawçylaryň sanawyny düzmek işleri tamamlanyp barýar. Ähli ýerlerde saýlaw toparlarynyň agzalary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň örän möhüm tapgyry bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça seminar-maslahatlar geçirilip, anyk wezipeler kesgitlendi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary wagyz işlerini dowam edip, saýlawçylara “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” Türkmenistanyň kanunynyň düzgünlerini, olaryň hukuklaryny we borçlaryny, ses bermegiň tertibini düşündirýärler.
Öňde boljak saýlawlarda milli synçylara aýratyn orun degişli bolar.
Türkmenistanyň demokratik partiýasy we ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hödürlenen milli synçylar saýlawlaryň has açyk we aýanlylyk ýagdaýynda geçmegine tagallalaryny goşarlar. Bu bolsa ilatyň ses bermegiň we saýlawlaryň jemlerine bolan ynamyny pugtalandyrar. Şunuň bilen baglylykda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň işçi toparynyň milli synçylar bilen häzirki wagtda geçirilýän işler baradaky maglumaty diňlenildi.
Ýerlerde geçirilýän işler barada Merkezi topara maglumatlar her gün yzygiderli gelip gowuşýar. Bu iş dowam edýär we ol geljek ýylyň 12-nji
fewralynda iň ýokary derejä ýeter hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň möçberini, türkmen halkynyň ösüş hem-de döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmek hyjuwynyň dolanuwsyzdygyny aýdyň görkezer.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary derejede geçirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns berildi.
Geljekki saýlawlary guramaçylykly geçirmäge degişli beýleki meselelere hem seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.