Ï Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli täze jaý toýlary

view-icon 551
Şu gün – Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününde deňiz ýakasyndaky şäherde häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmeginrň dabarasy boldy, ony Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň gurluşyk bölümleri bina etdiler.

Täze jaýyň ulanmaga berilmeginiň dabarasyna şäheriň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, galyberse-de, elbetde, täze öýleriň bagtýyar eýeleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar durmuş taýdan gönükdirilen syýasaty üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler, şol syýasat arkaly ähli welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işçileriniň, inžener-tehniki işgärleriniň we gullukçylarynyň maşgalalarynyň 24-si otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlarynyň bagtyýar eýeleri boldular. Täze jaý toýlaryna ýygnananlar aýdym-sazly aýdyň öwüşginli baýramçylyga, nebitçileriň Medeniýet köşgüniň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna gatnaşyjylar boldular.

Şäheriň Azatlyk we Asudalyk köçeleriniň çatrygynda gurlan ak mermere beslenen dört gatly jaý täsin binagärlik usulynda gurlandygy bilen tapawutlanýar, ol binagärlik bezegçiligiň häzirki zaman usullaryny we milli binagärlik däplerini özünde sazlaşykly utgaşdyrýar. Bu jaý Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öz maýa goýumlarynyň hasabyna, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň täze görnüşde gurlan toplumynda ýerleşýär. Häzirkizaman gurluşyk materiallaryny ulanmak arkaly gurlan iki, üç we dört otagly öýler nebiti gaýtadan işleýjilere gozgalmaýan emläklere 30 ýyllyk möhlete goýberilýän ýeňillikli karzlaryň hasabyna berildi. Öýleriň bahasynyň 50 göterimini üzlüşmek bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşarylýar.

Şol günüň özünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň gazy dolduryjy stansiýasynyň ýanynda suwuklandyrylan gazy sarp edijilere ýetirmek üçin niýetlenen propan daşaýjy uly ýük awtoulaglarynyň 100-si üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulag duralgasy açyldy.

Häzirki zaman äheňlerinde gurlan täze ýöriteleşdirilen awtoulag duralgasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň gurluşyk-gurnama bölümleri tarapyndan guruldy. Täze gurluşygyň çäklerinde aýratyn telärleriň onusy enjamalşdyryldy, abatlaýyş-mehaniki ussahana guruldy, tehniki we ýangyna garşy zerurlyklar üçin suw sygymlyklary gurnaldy, awtoulaglara tehniki taýdan hyzmat etmegiň beýleki desgalary hem bar. Olaryň ýanaşyk çäkleri senagat bezegçiliginiň we ekologiýa howpsuzlygynyň hereket edýän standartlaryna laýyklykda abadanlaşdyryldy.

Nebiti gaýtadan işleýjileriň hünär baýramynyň hormatyna we täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli nebitçileriň Medeniýet köşgünde aýdym we tans sungatynyň ussatlarynyň konserti boldy. Dabaralar tamamlanandan soň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.