Ï Türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň täze basgançagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň täze basgançagy

view-icon 2415
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezildi

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň VII gurultaýy geçirildi.Onda bu hereketiň işiniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň geljek üçin strategiýasy kesgitlenildi we işiniň esasy wezipeleri hem-de ugurlary bellenildi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibine 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgärleri görkezmek meselesi girizildi.

Möhüm taryhy çözgütleri kabul etmäge gönükdirilen gurultaýyň türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň ýubileý ýylynyň ahyrynda geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Bu ýyl ýurdumyzyň parahatçylygyň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe gitmeginiň ýolunda möhüm sepgit boldy. Wekilçilikli forumyň milli galkynyş hereketiniň öňbaşçysynyň-Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 20 ýyllyk senesiniň bellenýän gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi hem bellärliklidir. Ýurdumyzyň öz Garaşsyzlygyny alan ýylynda döredilen bu iri jemgyýetçilik guramasy türkmenistanlylarda uly abraýdan peýdalanýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döwletiň we halkyň bähbitleriniň goragynda durup hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli özgertmelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, özüniň partiýa hatarlarynyň kämildigini we täze taryhy eýýamda onuň öňünde durýan maksatlara we möhüm wezipelere anyk düşünýändigini görkezýär.

Bu gurultaý hil taýdan täze taryhy şertlerde geçirilýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda ägirt uly özgerişlikler bolup geçdi. Türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädimler ädildi, durmuş-ykdysady we ruhy ulgamlary ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alyp, türkmen halkynyň doly goldawyna we makullamagyna mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýy görnetin artdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy, Türkmenistanyň dürli ýurtlar we iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ep-esli işjeňleşmegi türkmen Lideriniň amala aşyrýan oňyn syýasy ugrunyň giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzy, onuň ähli welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze strategiki maksatnamalary täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň oňyn we täze başlangyçlary ählumumy abadançylygyň bähbitlerine Türkmenistanyň köptaraply mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Öňdengörüjilik, oýlanşyklylyk we hoşniýetli erk-isleg şol başlangyçlaryň esasyny düzýär. Bularyň ählisi täze döwrüň syýasatynyň kuwwatly binýadyny goýdy. Täze döwür bolsa öň hatarlarda bolmaga borçly jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we ähli agzalarynyň işine täze talaplary bildirýär.

Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň VII gurultaýy täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryna bildirilýän talaplaryny nazara almak bilen, jemgyýetçilik guramalarynyň geljekki işiniň strategiýasyny kesgitlemäge bagyşlandy. Maslahata gatnaşmak üçin Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň binasyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan jemgyýetçilik guramalaryndan 532 wekil ýygnandy. Gurultaýa jemi 659 adam gatnaşýar. Zalda hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşikleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Ylymlar akademiýasynyň we paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Ýygnananlaryň ählisi mejlisiň başlanmagyna tolgunmak bilen garaşýarlar.

Mejlise başlyklyk edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň garamagyna gurultaýyň gün tertibini hödürleýär. Gurultaýa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen birinji mesele Türkmenistanyň Prezidenti, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda alnyp barlan işler baradaky hasabaty bilen baglanyşyklydyr. Ikinji mesele Türkmenistanyň Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň işini bes etmegi hakyndaky mesele boldy. Gurultaýyň gün tertibi biragyzdan tassyklanylýar. Döwlet Baştutanymyz egindeşlerine ýüzlenip, gün tertibiniň birinji we ikinji meselelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär. Bu teklip foruma gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanylýar.

Alyp baryjy-Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň Başlygynyň birinji orunbasary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň biriniji sekretary K.Babaýew gün tertibiniň birinji we ikinji meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berýär.

Milletiň Lideri gurultaýa gatnaşyjylara, watandaşlarymyzyň ählisine ýüzlenip, mähriban halkymyz meni bäş ýyl mundan ozal döwlet Baştutany wezipesine saýlap, maňa örän uly ynam bildirdi diýip belledi. “Geçen ýyllaryň dowamynda men Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Prezidentiň Kasamyny berjaý edip, maňa bildirilen beýik ynamy ödemek üçin öz Watanymyza, eziz türkmen topragymyza, onuň ruhubelent we zähmetsöýer halkyna buýsanç, çäksiz söýgi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini abraý bilen ýerine ýetirip gelýärin we öz Watanymyň ogly hökmünde oňa wepaly we ak ýürekden gulluk edýärin. Men ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan işlerimde hemişe mähriban halkymyň uly goldawyny duýýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny özgertmek boýunça soňky bäş ýylda geçirilen uly işiň anyk netijelerine ýygnananlaryň ünsüni çekip, biz öz öňümizde halkymyzyň, döwletimiziň we ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysynyň bähbitlerine laýyk gelýän beýik maksatlary goýduk diýip belledi.

“Biz şol maksatlardan ugur alyp, el-ele berip, beýik özgertmeler ýoly bilen, döwletde we jemgyýetde agzybirlik we jebislik, dostluk we ylalaşyk ýoly bilen ynamly öňe barýarys, beýik milli bähbitlerimize laýyk gelýän, ileri tutulýan ugurlary – Türkmenistany kuwwatly, gülläp ösen ýurda öwürmek, mähriban halkymyzy bagtyýar we abadan durmuşda ýaşatmak boýunça öňde goýan beýik maksatlarymyzy yzygiderli durmuşa geçirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biziň barýan ýolumyz, elbetde, ýeňil we aňsat ýol däldir, bu ýolda gabat gelýän kynçylyklary hem ýeňip geçmeli bolýar. Ýöne biz beýik özgertmeleri amala aşyrmak, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, innowasion ösüşi we ýaşaýyş-durmuşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmek baradaky syýasaty yglan etmek bilen, öz ýolumyzy saýlap aldyk. Häzir XXI asyrda Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar we kuwwatly, gülläp ösýän, berk binýatly, dünýäde giňden tanalýan döwlete öwrülýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň agzybirlik, ýokary ruhubelentlik bilen we Watana bolan çäksiz söýgüniň aýdyň ýüze çykýan ýagdaýynda uly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçilendigini ýatladyp, taryh üçin örän gysga döwürde türkmen halkynyň, wagtyň görkezişi ýaly, özboluşly we ýeke-täk dogry ýol bilen öňe gidip, Täze galkynyş we beýik özgertmeler syýasatyny hem-de onuň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini üstünlikli durmuşa geçirip, örän uly üstünlikleri gazanandygyny, belent sepgitlere ýetendigini bütin dünýä gördi diýip aýtdy.

Milletiň Lideri taryh üçin örän gysga döwürde biz demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýadyny döretdik we ýuwaş-ýuwaşdan bazar ykdysadyýetine geçýäris. Milli mirasymyzyň iň gowy däplerine eýerip, biz döwlet gurluşynda, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirmekde gymmatly halk tejribesini bu ugurda dünýäde gazanylan oňyn netijeler bilen utgaşdyryp, ýurdumyzy düýpli özgertmegi amala aşyrýarys diýip bellemek bilen, bu jogapkärli wezipeleriň ählisini üstünlikli durmuşa geçirmäge jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň örän işjeň gatnaşandyklaryny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň barşynda tertip-düzgüni we hukuk kadalaryny berkitmek, raýat we milletara agzybirligini we ylalaşygyny saklamak, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň demokratik ýörelgelerini has-da ösdürmek we olary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmak, adamyň we raýatyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek boýunça möhüm wezipeleriň çözülendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek meseleleri barada durup geçip, Türkmenistan, ine, eýýäm 16 ýyl bäri halkymyza asyrlarboýy mahsus bolan milli özboluşlylygyna we aýratynlyklaryna laýyklykda ylalaşdyryjy döwlet hökmünde öz taryhy wezipesini abraý bilen ýerine ýetirip gelýär diýip belledi. Milletiň Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde ýurdumyz halkara derejesinde täze, möhüm garaýyşlar we teklipler bilen çykyş edendigini belläp, Türkmenistanyň açyklyga we aç-açanlyga, dünýäniň ähli döwletlerine hormat goýmaga, dostluga esaslanýan daşary syýasaty geçirýändigini nygtady.

“Biz dünýäde ýüze çykýan islendik ýagdaýlary düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik serişdeleriň esasy serişdeler bolup durýandygyna pugta ynanýarys. Ileri tutýan milli bähbitlerimizden ugur alyp we dünýädäki syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar, ylmy-tehnologik, maglumatlar meselelerine giň möçberde we işjeň gatnaşmak üçin strategik ýoly saýlap aldyk we biz bu ýörelgä ýurdumyzyň içerki ösüşiniň aýrylmaz bir bölegi hökmünde garaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gysgaça çykyşyň dowamynda geçen bäş ýylyň içinde amala aşyrylan işleri sanap geçmegiň mümkin däldigini aýdyp, men ýörite maglumatlar ýygyndysyny taýýarladym we onda 2007-nji ýylda saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarymyň dowamynda olara beren ähli wadalarymy we olaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerini beýan etdim, bu ýygyndy sizde bar, siz onuň bilen tanyşmak arkaly geçen döwrüň içinde amala aşyrylan işleriň möçberlerine aýdyň göz ýetirip we olara baha berip bilersiňiz diýip belledi.

Hasabatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň özüniň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ýörelgesi bolandygyny we şeýle bolmagynda hem galýandygyny aýdyp, bu ýörelgäniň bazar özgertmelerini amala aşyrmak we ilatyň durmuş taýdan hemmetaraplaýyn goralmagyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydygyny nygtady.

“Bu ýetilen belent sepgit, elbetde, möhüm sepgitdir, ýöne ol Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik maksatlara tarap barýan ýolunda diňe bir tapgyrdyr. Bize öňde ajaýyp açyşlar, beýik işler we uly üstünlikler garaşýar! Biz özümize, öz mümkinçiliklerimize ynanýarys! Men öz halkyma, onuň belent we mizemez ruhuna, biziň ählimiziň bilelikde barha jebisleşip, eziz Türkmenistany has-da özgertjekdigimize, öz ajaýyp, bagtyýar geljegimizi gurjakdygymyza pugta ynanýaryn!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Döwlet Baştutanymyz gurultaýyň gün tertibiniň ikinji meselesine seretmegiň barşynda Türkmenistanyň içeri we daşary strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyran, Garaşsyz türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýelän Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň taryhy ähmiýetini belledi we onuň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň işine ýokary baha berdi.

“Türkmenistanyň Demokratik partiýasyny we ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalaryny öz düzümine birleşdirýän Umumymilli «Galkynyş» hereketi milli ruhy gymmatlyklarymyza daýanyp, halkymyzyň agzybirligine we jebisleşmegine, jemgyýetimiziň esaslarynyň berkemegine, ýaşlarymyzyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, türkmen halkynyň örän baý medeni mirasynyň dikeldilmegine ýardam bermek bilen, öz üstüne ýüklenen wezipeleriň ählisini doly ýerine ýetirdi” diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan jemgyýetçilik guramalarynyň mundan beýläk-de netijeli işlejekdiklerine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň işiniň anyk maksatnamasyny kesgitledi. Häzirki täze, taryhy eýýamda durmuş bizden raýatlyk jemgyýetini döretmäge, häzirki zaman döwlet edaralarynyň gurluşyny mundan beýläk-de ösdürmäge täzeçe çemeleşmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wezipeleri barada durup geçip, şol wezipeler syýasy taýdan sowatly, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, ýaramaz endikleri bolmadyk, diňe öz bähbitlerini aramaýan, durmuşa diňe sarp ediji hökmünde garamaýan, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan, beden we ruhy taýdan sagdyn, hakyky watançylary terbiýelemekden ybaratdyr diýip nygtady.

“Ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde hem örän möhüm wezipeler durýar. Olar öz agzalarynyň zähmet çekmäge hukuklarynyň hemişe goragynda bolmalydyrlar. Zähmetkeşleriň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini goramalydyrlar, döwlete degişli pudaklarda hem, hususy pudakda hem iş berijileriň öňünde zähmetkeşleriň bähbitlerini durmuş taýdan goramalydyrlar, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmek bilen yzygiderli meşgullanmalydyrlar, adamlaryň zähmet babatda başlangyçlaryny we zähmetde taplanmak boýunça endiklerini ösdürmelidirler, zähmetkeşleriň däplerini dowam edýän nesli terbiýelemelidirler, zähmetde öňdebaryjylara mynasyp baha berip, olaryň çekýän yhlasly zähmetini höweslendirmelidirler, raýatlarymyzyň talaba laýyk, oňat şertlerde dynç almaklary barada hemişe alada etmelidirler” diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Zenanlar guramasynyň öňünde hem köp sanly möhüm wezipeler dur. Bu wezipeler, ilkinji nobatda, zenanlaryň döwlet, zähmet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmekdir, eneligi we çagalygy goramakdyr, köp çagaly eneler, olaryň zähmet, ýaşaýyş-durmuş şertleri barada alada etmekdir, olara öz wagtynda maddy taýdan we beýleki zerur kömegi bermekdir. Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow weteranlar guramasynyň öňünde hem örän möhün wezipeleriň durýandygyny belläp, onuň uruş we zähmet weteranlary barada yzygiderli alada etmelidigini, olara uly hormat goýup hem-de ýaşuly nesli üns-alada bilen gurşap almalydygyny nygtady. “Weteranlarymyzy durmuş şertleri, saglygyny bejertmek, dynç almak üçin zerur bolan ähli şertler bilen üpjün etmek bu guramanyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýaşuly nesli ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işlere has giňden çekmeli, sebäbi olaryň yhlasly we tutanýerli zähmet çekmekde we Watany mertlerçe goramakda örän baý tejribesi bar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň täze tapgyrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň orny barada durup geçip, onuň işiniň esasy bölegini, öňküsi ýaly, ilatymyzyň dürli gatlaklarynyň arasynda ideologik işi alyp barmagyň düzýändigini belledi. Bu işde ýerlerdäki, zähmetkeşler toparlaryndaky, şäherlerdäki we etraplardaky ilkinji partiýa guramalaryna esasy orun degişlidir.

“16-njy dekabrda özüniň 20 ýyllygyny belleýän biziň Demokratik partiýamyz Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da berkedi, onuň abraýy öňküsinden hem artdy. Indi bu partiýa örän möhüm döwlet we jemgyýetçilik-syýasy meseleleri çözmekde işjeň jemgyýetçilik güýjüne öwrüldi. Şoňa görä-de, Demokratik partiýamyza döwletimiziň alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini guramakda we alyp barmakda esasy orun degişlidir” diýip, milletiň Lideri nygtady.

Ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyry her bir jemgyýetçilik birleşiginiň öňünde häzirki döwürde ýüze çykýan ýeňil bolmadyk meseleleri çözmek wezipesini goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. “Elbetde, bu meseleleri gysga wagtyň içinde, çalt çözmegiň usullary hem ýok. Ýüze çykýan her bir meseläni çözmegiň dogry usullaryny tapmak üçin, her gün bu ugurda oýlanyşykly iş alyp barmaly, häzirki döwrüň talaplaryna, öňde goýýan wezipelerine laýyklykda hereket etmeli” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milletiň Lideri häzirki döwürde her bir jemgyýetçilik birleşiginiň özbaşdak we döwrüň ruhuna laýyk hereket etmegi bilen birlikde, olaryň döwletiň we jemgyýetiň öňündäki öz jogapkärçiligini duýmagynyň hem möhümdigini belledi. “Ýurdumyzdaky ähli jemgyýetçilik birleşikleri kämilleşip, 20 ýylyň içinde hakyky jemgyýetçilik guramalaryna öwrüldiler. Olaryň ýeterlik syýasy we jemgyýetçilik tejribesi bar. Bu guramalaryň agzasy bolup durýan raýatlarymyzyň müňlerçesi olaryň alyp barýan işlerini goldaýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki tapgyrynda öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirendigini belläp, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň Tertipnamasynyň 5-nji bölüminiň 4-nji bendine laýyklykda bu guramanyň işini bes etmek hakyndaky karary şu gurultaýda kabul etmegi teklip etdi.

Gurultaýa gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyny üns bilen diňlediler.

Gün tertibiniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, dürli hünärdäki wekiller çykyş etdiler. Olaryň arasynda Türkmen politehniki institutynyň kafedra müdiri, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň agzasy Nurýagdy Suwhanow, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň müdiriniň orunbasary Oguldursun Taganowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri Bagtyýar Derkarow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Rahymmämmet Kürenow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Resul Gaýypsähedow, Balkan welaýatyndaky Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gülälek Öwezowa bar.

Çykyşlarda milletiň Lideriniň durmuşa geçirýän, türkmen halkynyň abadançylygyna, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň goldanylýandygy beýan edildi. Häzirki türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň dürli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler bellenildi. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekilleri döwletiň we jemgyýetiň işlerine işjeň gatnaşmak, ýurdumyzda, şeýle hem dünýäniň meşhur okuw mekdeplerinde bilim almak, öz zehin-başarnygyňy amala aşyrmak üçin ähli şertleri döredendigi üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirdiler.

Gurultaýa gatnaşyjylar Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň we oňa girýän jemgyýetçilik guramalarynyň işine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň işini bes etmek baradaky teklibiniň öz wagtynda öňe sürlendigini nygtap, bu teklibi goldadylar we täze döwrüň talaplaryna laýyklykda raýat jemgyýetiniň jemgyeýtçilik guramalaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, wagyz etmek işini işjeňleşdirmegiň we usullaryny täzelemegiň möhümdigini bellediler.

Gurultaýa gatnaşyjylar durmuşa geçirilmeli meýilnamalar barada aýdyp, ýaşlary watançylyk ruhunda we ahlak taýdan terbiýelemek, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga türkmenistanlylaryň ýaş neslini giňden çekmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Milli Liderimiziň Watanymyzyň, onuň her bir raýatynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen strategiki döwlet maksatnamalaryny wagyz etmek, düşündirmek we durmuşa geçirmek mähriban topragymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrmak jemgyýetçilik guramalarynyň esasy wezipesidir diýip, olaryň wekilleri aýtdylar.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň öňünde goýan wezipelere çuňňur düşünilýändigi beýan edildi. Olar bu wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin ähli güýjüni sarp etmäge taýýardygyny nygtadylar.

Ara alyp maslahatlaşmalar tamamlanandan soň gün tertibiniň birinji we ikinji meseleleri boýunça Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň VII gurultaýynyň degişli kararynyň taslamasy sese goýulýar, ol biragyzdan kabul edilýär. “Türkmenistanyň Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň öz işini bes etmegi hakyndaky” Karara gol çekilýär.

Gysga wagtlyk arakesmeden soň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň birinji sekretary K.Babaýewiň alyp barmagynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Uruş weteranlary guramasynyň we Zenanlar birleşiginiň bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisler zalyna gelýär we öz ýerine geçip oturýar.

Bilelikdäki maslahatyň gün tertibine 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny esasynda dalaşgär hödürlemek meselesi çykarylýar. Şu mesele boýunça çykyş etmek üçin maslahata gatnaşyjylaryň birnäçesine—Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Meret Işangulyýewe, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar şäher birleşiginiň başlygy Emin Aşyrowa, Ruhabat etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Bekmyrat Amanowa, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň başlygy Bazargeldi Töräýewe, Mary welaýat partiýa işjeňi Hekimberdi Orazberdiýewe, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri Şemşat Annagulyýewa söz berilýär.

Jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, dürli ýaşdaky we dürli hünärdäki adamlar sahna yzly-yzyna münbere çykýarlar. Olaryň her biri öz çykyşyny anyk maglumatlar bilen esaslandyryp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Prezidentiniň ýokary wezipesine dalaşgär görkezdi. Milletiň Lideriniň başlangyjy bilen bilim we ylym, durmuş, oba hojalygy we medeniýet ulgamlarynda oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ruhubelentlik ýagdaýyny döredýändigi hem-de türkmenistanlylar tarapyndan gyzgyn goldanylýandygy biragyzdan bellenildi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen ilkinji gününden ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygyna gönükdirilen syýasaty gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirýär, raýatlarymyzyň zähmet çekmegi, dynç almagy, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy üçin amatly şertleri döredýär. Ilatymyza deňi-taýy bolmadyk köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi, her ýyl zähmet haklarynyň, kömek pullarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň ýokarlandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilendigine şaýatlyk edýär diýip, çykyş edenler bellediler. Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, milletiň Lideri türkmenistanlylaryň ählisine Watany çäksiz söýmegiň göreldesini görkezýär. Döwlet Baştutanymyz öz göreldesi bilen adamlary döredijilikli zähmete, sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge ruhlandyrýar.

Häzirki zamanyň ajaýyp syýasy we döwlet işgäri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylyk etmek zehini, tutanýerliligi we parasatlylygy netijesinde taryh üçin örän gysga döwrüň içinde Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly, ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlete öwrüldi. Biziň şäherlerimiz we obalarymyz tanalmaz derejede özgerdi, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman önümçilik toplumlary we dürli durmuş-medeni maksatly desgalar guruldy hem-de üstünlikli hereket edýär, iri halkara taslamalary durmuşa geçirilýär. Milletiň Lideriniň taýsyz tagallalary bilen milli sungatymyz täze öwüşgine eýe boldy, ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlary gaýtadan dikeldildi.

Ägirt uly özgertmeleriň diňe bir biziň ajaýyp paýtagtymyzy däl, eýsem, ýurdumyzyň alysdaky etraplaryny hem gurşap alandygyny bellemek ýakymlydyr diýip, çykyş edenler aýtdylar. Häzir olarda gurluşyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy, ähli ýerde ruhubelentlik we döredijilik ýagdaýy höküm sürýär. Çykyş edenler milletiň Lideriniň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlaryna ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga, innowasion tehnologiýalary ösdürmäge we umuman, bilimlere esaslanan maglumatlar jemgyýetini döretmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy işine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we ýadawsyz işi netijesinde Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýy has artdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler görnetin artdy diýlip nygtaldy. Türkmen döwletiniň Baştutanyna köp sanly daşary ýurt sylaglarynyň gowşurylmagy we hormatly atlaryň dakylmagy milletiň Lideriniň işine ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, çykyş edenler bellediler.

Jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri ýerlerde bolan mahaly adamlar bilen duşuşyp, halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň işini hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryna göz ýetirýändiklerini nygtadylar. Halkymyz hormatly Prezidentimizi özüniň Arkadagy diýip atlandyrdy. Olar milletiň Liderini Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlaryna dalaşgär görkezmek bilen, şunlukda, öz watandaşlarynyň millionlarçasynyň pikirini beýan etdiler.

Alyp baryjy çykyp geplemeleri bes etmek baradaky teklibiň biragyzdan kabul edilendigini habar berip we maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryny jemläp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy dalaşgär görkezmek boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinden Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryndan, ýönekeý raýatlardan hem müňlerçe teklipleriň gelip gowşandygyny aýtdy.

Gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Uruş weteranlary guramasynyň we Zenanlar birleşiginiň bilelikdäki maslahaty tarapyndan biragyzdan dalaşgär hödürlenýär.

Soňra 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär görkezmek boýunça Kararyň taslamasy okalýar. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” Kanuna laýyklykda, bu resminama Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara iberilýär. Bilelikdäki maslahata gatnaşyjylar bu Karary biragyzdan kabul edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Maslahata gatnaşyjylar özleriniň Prezidentiň wezipesine dalaşgäri—Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen gutlaýarlar. Şu günki waka halkymyzyň milletiň Liderine bolan çäksiz hormat-sarpasynyň we ynamynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň oňyn we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynyň başyny başlady.

Hormatly Prezidentimiz ýokary ynam bildirendigi üçin partiýa we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, men bu ýokary ynama, ilkinji nobatda, mähriban halkym bilen billelikde el-ele berip, döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny düýpli özgertmek boýunça başlan uly we möhüm ähmiýetli işimiziň oňyn netijeleriniň goldanandygy hökmünde düşünýärin diýip belledi.

“Maňa bildiren bu ýokary ynamy üçin men mähriban halkyma aýratyn minnetdarlyk bildirýärin! Eziz halkyma gulluk etmegi öz ömrümiň we alyp barýan işimiň iň ýokary maksady hasaplaýaryn!” diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlawlara gatnaşmak diňe bir uly hormat bolman, eýsem, örän uly jogapkärçilikdir. “Şoňa görä-de, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny alanyna 20 ýyl dolan şu ýylyň ahyrynda geçýän biziň bu duşuşygymyzy geçen döwürde eden işlerimiz barada halkymyzyň öňünde hasabat bermek we geljekde amala aşyrjak işlerimizi we öňümizde durýan wezipelerimizi kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik diýip hasaplaýaryn” diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Garaşsyz Watanymyzyň syýasy we ykdysady esaslary döredilen häzirki döwürde biziň öňümizde dünýädäki ýagdaýdan ugur alyp, berkarar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny özgertmegi talap edýän täze wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Täze taryhy eýýamda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek biziň esasy maksadymyz bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda biziň ähli amala aşyrýan giň gerimli özgertmelerimiziň maksady we mazmuny öz beýanyny tapdy” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklarynyň döredýän mümkinçilikleriniň mundan beýläk hem Watanymyzy çalt depginler bilen ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdiriljekdigini nygtady.

“Meniň bar aladam halkyma hyzmat etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, men öz halkymyň öňündäki borjumy raýatlarymyzyň abadan we parahat durmuşyna ynamly bolmagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmekde görýärin!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza ýüzlenip aýtdy.

“Men ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna, merdana halkym bilen bilelikde, el-ele berip, agzybirlikde işläp, öňümizde goýan belent maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrjakdygymyza pugta ynanýaryn!”. “Ýaşasyn merdana halkymyzyň Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamy! Ýaşasyn türkmen halky! “Ýaşasyn jan Watanym, Türkmenistan!”.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň işine işjeň gatnaşandygy üçin, hemmelere minnetdarlyk bildirip we ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, maslahaty ýapyk diýip yglan etdi.

Taryhy forum tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Gurultaýa gatnaşyjylar Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň halkyna Ýüzlenme kabul etdiler.