Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 655
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän dolandyryş ulgamynda alnyp barylýan işler we ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we buýrujylary bolup durýan iri gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy barada, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz döwlet dolandyryşy ulgamynyň anyk we sazlaşykly işiniň, onuň ähli düzümlerine häzirki döwrüň talaplaryna we ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň weziplerine doly laýyk gelýän täze, netijeli tilsimatlaryň giňden ornaşdyrylmagynyň derwaýysdygy barada aýtmak bilen, bu ugurda ähli durmuşa geçirilýän çäreleriň göwnejaý utgaşdyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda gurulýan möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny we onuň hilini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de olaryň görkezilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmalydygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady ulgama gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň maliýe we bank edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmek maksadynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji iýunynda gol çeken “2012-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda bu çäräni guramak bilen baglylykda jogapkär düzümler tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Döwlet toparynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär, habar beriş serişdelerinde bu çäräniň maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek boýunça işler amala aşyrylýar, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde we halkara ülňülerine laýyklykda gollanmalar we beýleki zerur bolan resminamalar işlenip düzülýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady. Onuň jemleýji maglumatlarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda soňky ýyllarda bolup geçen düýpli özgertmeler özüniň giň beýanyny tapar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazuwyň statistiki maglumatlarynyň "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigini belläp, bu möhüm çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minitsri R.Meredow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek boýunça DIM-niň alyp barýan işleri hakynda hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça bellenen çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda GDA başlyklygyna saýlanandygy hakyndaky çözgüt şu ýylyň sentýabrynda Duşanbe şäherinde geçirilen Arkalaşygyň Sammitinde kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän parahatçylyk, döredijilik syýasatynyň giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen oňlanan şol Konsepsiýa özünde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, bähbitlere jogap bolup durýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen dürli derejedäki birnäçe çäreleri öz içine alýar.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynda otuz bir çäräni geçirmek meýilleşdirilýär. Olaryň 10-syny Aşgabatda, galanlaryny Arkalaşygyň beýleki ýurtlarynda guramak göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, Türkmenistanda GDA gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň, Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň we Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň Ykdysady geňeşiniň mejlisleri geçiriler. Biziň ýurdumyzyň GDA ugry boýunça gatnaşmagy göz öňünde tutulan iri çäreleriň arasynda Arkalaşyga gatnaşýan döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 7-nji forumy, energetika we azyk howpsuzlygyna bagyşlanan halkara maslahatlar bar. Şeýle hem Türkmenistanda Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji mejlisini hem-de GDA-nyň oba senagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

GDA-nyň çäklerinde sport we sagdyn durmuş ýyly diýlip yglan edilen 2012-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrunda futbol boýunça açyk halkara ýaryşyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa GDA ýurtlary bilen birlikde beýleki daşary ýurt döwletleri

hem gatnaşyp bilerler. Wise-premýer Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu çäreleriň ählisini ýokary derejede guramak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem hasabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi baradaky gürrüňiň üstünde durup geçip, biziň ýurdumyz GDA assosirlenen agza bolmak bilen, GDA-nyň çäklerinde alnyp barylýan gatnaşyklar babatda yzygiderli işjeň orny eýeleýär diýip nygtady. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna ýola goýulýan özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyna doly laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek biziň ýurdumyz üçin hormatly wezipe bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde Türkmenistana örän uly jogapkärçilik ýüklenýär diýmek bilen, milli Liderimiz konsepsiýada görkezilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA başlykylyk edýän döwründe Türkmenistan netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine we Arkalaşygyň halklarynyň hem-de ýurtlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köp ugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň doly durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip nygtady.

Geljek hepdede Moskwa boljak iş sapary barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny däp bolan dostluk we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar we biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi ugrynda ähli tagallary eder diýip belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ähli ulgamlarda döwlet syýasatyny kadalaşdyrýan we täze Galkynyş eýýamynyň durmuş-ykdysady özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady üpjün edýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we ozal hereket edýänlerini kämilleşdirmek boýunça parlamentiň durmuşa geçirýän işleri barada maglumat berdi. Parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we halkara tejribesini öwrenmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem deputatlaryň ýerlerde, saýlaw okruglarynda we habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde alyp barýan giň düşündiriş, wagyz ediş işleriniň meseleleri barada aýratyn durlup geçildi.

Döwlet Baştutanymyz maglumaty diňläp, Türkmenistanyň demokratik esaslarynyň çuňlaşdyrylmagy, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornunyň pugtalandyrylmagy, döwletara gatnaşyklarynyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi esasan parlamentiň alyp barýan işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna baglydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň işi Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynda milli ileri tutulýan ýörelgeler we bähbitler hem-de olaryň durmuşa geçirilişi aýdyň beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunlukda, milli Liderimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge we türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek maksadynda Mejlisiň we onuň düzümleriniň saýlawçylar, jemgyýetçilik guramalary we gyzyklanma bildirýän pudaklar bilen gatnaşygy pugtalandyrmagynyň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynyň işi, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäheriniň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň we paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşen seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň binagärliginiň özboluşly nusgasy hökmünde paýtagtymyzda gurluşyk işlerini alyp barmak meselelerine täzeçe çemeleşmegiň möhümdigini nygtady hem-de bu çemeleşmeler ýurdumyzyň täze gurluşyklarynyň ählisinde anyk taslamalary durmuşa geçirmekde öz aýdyň beýanyny tapmalydyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, hususan-da, seýilgähleriň we seýilbaglaryň durkuny täzelemek baradaky toplumlaýyn taslama aýratyn üns berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ajaýyp köşkleri, belent edara binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen gözel görke gelen Aşgabady häzir sebitiň “binagärlik merjeni” diýip atlandyrýarlar. Seýilgäh bezegi ulgamyndaky innowasiýalar hem bu derejäni tassyklamaladyr. Şoňa görä-de, şäheriň seýilgäh zolaklaryny, onuň köçelerini bezemek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamalaryň hem-de ýurdumyzyň paýtagtynda gurulýan desgalarda işleriň ýerine ýetirilişiniň hiline aýratyn talaplaryň bildiriljekdigini ýene-de bir gezek nygtap, bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde ýurdumyzyň ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, şu maksatnama laýyklykda, 2012-nji ýylda 300,8 kilometr gaz geçirijisini gurmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy bu ulgamda göz öňünde tutulan işleriň doly möçberde ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň her bir welaýatynda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmelidigini we ýokary hilli gurulmalydygyny belläp, bu talaplaryň, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň ýaşaýyş –durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

“Gündogar – Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy bu ugurda geçirilýän işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bu gaz geçirijisi ýurdumyzyň iri gaz ýataklarynyň ählisini “mawy halka” birleşdirer.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Gündogar – Günbatar” gaz geçirisiniň gurluşygy üçin gerek bolan maddy- enjamlaýyn serişdeleri Russiýa Federasiýasyndan satyn almak bilen baglanyşykly Karara gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, uzynlygy müň kilometre golaý bolan täze gaz geçirijisi Mary we Ahal welaýatlarynyň çäginden geçer hem-de Balkan welaýatyndaky “Belek” gaz gysyjy stansiýa birleşer. Onuň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam berer, türkmen gazyny halkara energetika bazarlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Ýazmuhammedowa söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamyndaky işler, şeýle hem 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan täze “Aşgabat” we “Sport” teleýaýlymlarynyň işiniň başlanmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hususan-da, häzirki güne çenli täze teleýaýlymlaryň işe başlamagyna degişli esasy guramaçylyk meseleleri, şol sanda işgärler we olaryň işini maddy-tehniki taýdan we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek baradaky meseleler çözüldi.

Döwlet Baştutany täze Galkynyş eýýamyndaky özgertmelerde, jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmekde medeniýet ulgamynyň we milli habar beriş serşdeleriniň ähmiýetiniň has-da artýandygyny belläp, täze teleýaýlymlaryň işe başlamagynyň möhüm ähmiýete eýedigini hem-de wajyp ähmiýetli maglumatlary ýaýratmagyň we şol maglumatlary täsirli bermegiň, ýurdumyzyň gazananlaryny wagyz etmegiň we watançylyk terbiýesiniň, türkmen ýaşlarynyň döredijilige islegini höweslendirmegiň we olaryň ukyplarynyň ösdürilmeginiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny berkarar etmegiň olaryň esasy wezipelerine degişlidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol wezipeleri berjaý etmek üçin medeni-köpçülikleýin işiň täze görnüşleriniň gözlenilmegini işjeňleşdirmegiň, dünýäde şu ugur boýunça toplanan oňaýly tejribäniň öwrenilmeginiň möhümdigini belläp, telewideniýäniň we beýleki habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär taýdan taýýarlygynyň derejesini we hünär ussatlygyny yzygiderli ýagdaýda kämilleşdirmegiň, habar beriş serişdeleriniň işiniň döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri täze “Aşgabat” we “Sprot” teleýaýlymlarynyň işinde kämil maglumatlar tehnologiýalaryny, meşhur we aň-düşünje berýän gepleşikleri taýýarlamagyň kämil usullaryny we tärlerini ulanmagy, has möhüm ähmiýetli wakalary göni ýaýlymda ýokary hilli derejede görkezilmegini giňden ulanmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutany ýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň gyzykly we many-mazmun taýdan täsirli bolmagyny göwnejaý guramagy tabşyryp, täze ýaýlymlaryň işine gözegçilik edilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen habar beriş serişdeleriniň ýurdumyzyň durmuşyndaky hem-de ilkinji nobatda, gazanylan netijeler we gündelik özgertmeler baradaky ygtybarly habarlaryň, jemgyýetçilik-syýasy, ylmy, medeni we beýleki ugurlara degişli täzelikleriň üsti bilen, Türkmenistan baradaky düşünjeleri ýaýratmak arkaly, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny beýgeltmekdäki ähmiýetiniň artýandygy baradaky gürrüňi dowam edip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine goşundynyň iňlis dilinde neşir ediljekdigini aýtdy. Milletiň Lideri ýurdumyzyň maglumatlar babatdaky giňişlikde eýeleýän ornuny giňeltmekde we onuň maglumatlar boýunça dünýädäki giňişlige goşulyşmagynda ýene-de bir möhüm ädime öwrüljek bu wajyp ähmiýetli işi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, Awtomobil ulaglary ministrliginiň Trolleýbus hojalygy müdirligini ýapmak boýunça alnyp barylýan işler barada, şeýle hem Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak üçin goňşy döwletleriň aragatnaşyk operatorlary bilen gepleşikleri geçirmäge we gurluşyk işlerine girişmäge ygtyýar bermek barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag düzüminiň we telekommunikasiýalar babatda ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, bu pudaklara iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden çekmegiň we olary döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz häzir Türkmenistanda telekommunikasiýa ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Hususan-da, milli Liderimiz häzirki wagtda Türkmenistanda Internetiň we aragatnaşygyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň her bir raýatymyz üçin elýeterli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär, telekommunikasiýalary yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýär diýip nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygy üpjün etmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük galla ekinlerine ideg etmek, şeýle hem gowaçadan boşan meýdanlary ýaz ekişine taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň gyşladylyşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi barada durup geçip, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, öňdebaryjy agrotehnikanyň ornaşdyrylmagynyň, azyk ulgamynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geljek ýyl milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biriniň okgunly ösmegine itergi berjek giň möçberli özgertmeler dowam etdiriler. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we azyk senagaty bilen baglanyşykly döwlet hem-de hususy kärhanalara berilýän goldaw ýurdumyzyň alyjylar bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, ony köp dürli, ýokary hilli we elýeterli bahadan özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O. Gurbannazarow çykyş edip, gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem 2012-nji ýylyň birinji çärýeginde daşary döwletler bilen bileleikde geçiriljek halkara maslahatlaryny we sergileri guramak bilen bagly işler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň aýtmagyna görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlardan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanda ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýän halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdüriler. Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ýöriteleşdirilen VI sergisini geçirmek, Belgiýa Patyşalygynyň Walloniýa daşary söwda we maýa goýum agentliginiň (AWEX) wekilleriniň sapary, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçiriljek “2012-nji ýyl üçin döwlet buýurmasy” Bütinrussiýa maslahatyna – sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany hasabaty jemläp, şunuň ýaly halkara derejeli çäreleriň geçirilmegini daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, ýurdumyzyň eksport bilen bagly mümkinçiliklerini ösdürmek, Diýarymyzyň telekeçileriniň öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk bilen bagly meselelere jogapkärli çemeleşmegiň hem-de bellenilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdayy, 21-nji dekabrda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.Nyýazowyň Ýatlama gününe bagyşlanyp, Gypjakda geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň edara-kärhanalary üçin ylmy barlaglara niýetlenen häzirki zaman enjamlaryny we barlaghana serişdelerini satyn almak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadany pugtalandyrmak maksady bilen ylmy enjamlary öndürijileriň tejribelerini, onuň halkara ülňülerine laýyklygyny, şeýle hem kompaniýalaryň bökdençsiz hyzmat ulgamyny üpjün etmek hem-de ony ulanmak boýunça taýýarlygy ýola goýmak üpjünçiligini nazara almak bilen, olaryň teklipleriniň jikme-jik öwrenilendigini, şeýlelikde, hödürlenen taslamalarynyň saýlanyp alnandygyny habar berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.Nyýazowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan çäreleriň milli däp-dessurlaryna laýyk gelmelidigini, oňa ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi.

“Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň edara-kärhanalary üçin ylmy barlaglara niýetlenen häzirki zaman enjamlaryny we barlaghana serişdelerini satyn almak hakyndaky” Karara gol çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşyna, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy ylmy tejribäni giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen uly wezipeleri nazara almak arkaly bu resminamanyň derwaýysdygyny we öz wagtynda kabul edilýändigini belledi. Biz geljekde-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkideris, Watanymyzyň ylmy kuwwatynyň pugtalandyrylmagyny, önümçilige iň täze ylmy gazananlaryň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýän ylmy-barlaglara hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip, milletiň Lideri nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli beýleki meseleleriň hem ençemesine garady hem-de olar boýunça birnäçe resminamalara gol çekdi. Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hemmelere jan saglyk, ata Watanymyzyň abadançylygy we rowaçlygy ugrundaky işde uly üstünlikleri arzuw etdi.