Ozal habar berlişi ýaly, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine saýlawlarda dalaşgär hökmünde görkezildi. Halkymyzyň döwlet Baştutanyna uly ynam bildirýändigine şaýatlyk edýän bu şanly waka ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki taryhy maslahatynda bolup geçdi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Kärdeşler arkalaşyklary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasy we Zenanlar birleşigi köp sanly türkmenistanlylaryň pikrini öňe sürmek bilen, häzirki
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde görkezmek baradaky Karary biragyzdan kabul etdiler. Döwlet Baştutany hasabat görnüşindäki çykyşynyň barşynda maglumatlardan ybarat bolan “2007-2011-nji ýyllarda gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler” atly ýörite ýygyndyny maslahata gatnaşyjylara hödürledi, şonda döwlet Baştutanynyň 2007-nji ýylda saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň barşynda saýlawlaryň öňüsyrasynda beren wadalary we olary ýerine ýetirmek boýunça gazanylan netijeler beýan edilýär. Täze neşir giň jemgyýetçilik seslenmesini döredip, döwlet Baştutanynyň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky jikme-jik hasabaty bilen tanyşmaga hem-de şol işleriň gerimine we ähmiýetine baha bermäge amatly mümkinçilik döretdi. Munuň özi milli Liderimiziňbäş ýylyň dowamynda amala aşyran ägirt uly işleriniň diňe bir bölegidir.
Maglumatlaryň ýygyndysy täze taryhy eýýamda döwletiň syýasy strategiýasynyň many-mazmunyny açyp görkezmek bilen, ýurdumyzyň Prezidentiniň jogapkärli wezipesine geçen ilkinji günlerinden başlap, türkmen döwletiniň ählihalk tarapyndan saýlanylan Baştutany
Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz öňünde we tutuş jemgyýetiň öňünde goýan belent sepgitler barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Bu neşirdäki maglumatlar, şol sanda grafikalar, tablisalar, foto suartlar milletiň Lideriniň özgertmelere gönükdirilen işiniň köp ugurlylygyny aýdyň beýan edýär. Okyjy bu ýygyndynyň mazmuny bilen tanşyp, Türkmenistanyň Baştutanynyň döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny beýgeltmek, bilimi we ylmy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we onuň welaýatlaryny ösdürmek, uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary we halkara taslamalaryny amala aşyrmak boýunça iş ýüzünde durmuşa geçiren ädimleri bilen tanyşýar.
Durmuşa geçirilen işleriň yzygiderli beýan edilmegi milletiň Lideriniň progressiw syýasatçy-reformator hökmünde kämilleşmegini hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yglan edilen “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň gündelik durmuşda berjaý edilişini aýdyň görkezýär. Halkymyz tararyndan täze Galkynyş eýýamy diýlip atlandyrylan täze taryhy eýýamda gazanylan üstünlikler hut şol işlerden emele gelýär.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň hakyky ýagdaýlara strategiki garaýyşlary bilen tapawutlanandygy bellenilýär. Milletiň Lideri gündelik meseleleri çözmek arkaly elmydama geljegi göz öňünde tutýar, täze neşir täze Galkynyş eýýamynda döwrebap Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlary barada düşünje bermek bilen, häzirki wagtda türkmen jemgyýetiniň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde durýan strategiki maksatlara we wezipelere düşünmäge ýardam edýär.
Ýeri gelende aýtsak, maglumatlaryň ýygyndysy garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda parahatçylyk söýüjiligiň, ynsanperwerligiň we adalatlylygyň ýörelgelerine esaslanýan strategiýasynyň durmuşa geçirilişi baradaky hasabat bilen başlanýar. Hut
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmelere esaslanýan işleri amala aşyrmagy, halkara derejesinde oňyn başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurt, ählumumy abadançylygy we ösüşi ugur edinýän ýurt hökmünde halkara derejesinde uly at-abraýa eýe boldy.
2011-nji ýylyň ahyrynda bary-ýogy bäş ýyl mundan ozal göz öňünde tutulan işleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasatynyň ýöredilmegi we özboluşly maksada okgunlylygy, güýç-kuwwaty we zehini arkaly hakykata öwrülendigine we üstünlikli durmuşa geçirilýändigine duşunmek diýseň ýakymlydyr.
Maglumatlardan ybarat bolan täze, göwnejaý bezelen resmi neşiriň Türkmenistanyň täze taryhy boýunça syýasaty öwreniji alymlar, seljeriş geçirijiler, şeýle hem okyjylaryň giň köpçüligi tarapyndan uly isleg bildirlýän täsirli okuw gollanmasyna öwrüljekdigini ynam bilen aýtsa bolar. Onuň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyndaky syýasaty wagyz etmek, ýurdumyzda bolup geçýän uly möçberli özgertmeleri göwnejaý we täsirli beýan etmek işinde uly ähmiete eýe boljakdygyna söz ýokdur.