Türkmensitanyň Prezidenti “Ýyly suw” şypahanasyna bardy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky “Ýyly suw” şypahanasyna bardy.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy şypahananyň öňünde saklanýar, şol ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşylaýarlar.Milletiň Liderine milli lybasdaky gyzlar gül desselerini gowşurýarlar.
Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy bilen Türkmenistanyň şypahana ulgamynyň dürdäneleriniň biri bolan bu şypahana soňky ýýyllarda tanalmaz derejesinde özgerdi. Bu ýerde düýpli durkuny täzelemek işleriniň geçirilmegi netijesinde bir wagtda 80 adamy kabul etmäge niýetlenilen, öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Ýyly suw” şypahanasy guruldy. Mälim bolşy ýaly, täzelenen şypahananyň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda boldy. Şonda suw bilen bejerýän “Ýyly suw” döwrebap sagaldyş şypahanasynyň dabaraly açylyşyna gatnaşýanlara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz biz ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak we berkitmek, adamlaryň oňat dynç almagyny üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça alyp barýan işlerimizi ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýetde dowam etdirip, şu ýerde bu şypahananyň täze, 200 orunlyk binasyny gurmak barada karara gelendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyz barada edýän çäksiz aladalary netijesinde, ýakynda, 10-njy dekabrda bolsa öz saglygyny dikeltmek isleýänleriň hemmesine edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelden we hilini ýokarlandyran bu şypahaanyň düzümine 200 orunlyk täze bina goşuldy.
Hormatly Prezidentimiz “Ýyly suw” şypahanasynyň täze gurlan binasyny, onuň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşyny synlap, degişli ýolbaşçylara döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan halkyň saglygyny berkitmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany hut saglyk ulgamlaryny, sagdyn dynç alyş we syýahatçylyk düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň meşhur şypahanalaryny döwrebaplaşdyrmagyň we heniz az öwrenilen, ýöne ägirt bejeriş mümkinçiliklerine eýe bolan ýerleri özleşdirmegiň, şeýle hem Hazaryň kenar ýakasynda halkara derejesindäki “Awaza” deňiz şypahanasyny döretmegiň başyny başlady.
Şol şypahanalaryň her biriniň tebigy şertlere baglylykdaky özboluşlylygy bardyr. “Ýyly suw” şypahanasynyň çeşmeleriniň suwunyň bejeriş häsiýeti 1974-nji ýyldan bäri bellidir. 46 gradus ýylylykdaky atylyp çykýan kükürtli-wodorodly suwuň kömegi bilen bu ýerde dürli keseller, şol sanda daýanç-hereket ediş synalarynyň, nerw-periferiýa we endokrin ulgamlarynyň bozulmalary bilen baglanyşykly keseller bejerilýän bejeriş çeşmeleri düzüminde ýod we brom bolan mineral suwuny berýär. Şol suw aşgazan-içege ýollarynyň, öt haltasynyň, bagryň keselleri, aşgazanasty mäz çişmesini, sowuklama keselleri bejerilen mahaly ulanylýar.
2009-njy ýylda açylan häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen keselleri anykaýyş-bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerini birleşdiren täze bina guruldy. Ultrases barlag geçirilýän, endoskopiýa, fizioterapiýa we gidroterapiýa otaglarynda Germaniýanyň “Simens” kompaniýasynyň lukmançylyk we keselleri anyklaýyş enjamlary ulanylýar. Wannalar ýerleşen, şol sanda owkalamak üçin niýetlenilen balneologiýa bölüminde suwa düşmek arkaly bejerişiň ähli görnüşleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga hem, şypahanada dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen enjamlar bilen üpjün edilen kliniki-biohimiki barlaghana işleýär.
Şypahananyň 2011-nji ýylyň 10-njy dekabrynda açylan ak mermere örtülen täze binasynda keselleri anyklaýyş, suw bilen bejeriş we sagaldyş bölümleri göz öňünde tutuldy. Birinji gatda EKG, ultrasesli barlag geçiriş, endoskopiýa otaglary we ýokary takyklykdaky innowasion abzallar bilen üpjün edilen kliniki-biohimiki barlaghana ýerleşýär. Bu ýerden terapewt, gulak-burun we bokurdak, newropatolog, stomatolog we beýleki lukmanlaryň oňat hilli maslahatlaryny almak mümkindir. Bejeriş-bedenterbiýe otagy tok bilen işleýän ylgaw ýodajyklary, welosiped, duran ýeriňde ylgalýan enjamlar, dürli maşklary ýerine ýetirmek üçin düşekçeler bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde owkalamak usuly bilen bejerilýän 2 otag bar.
Şypahananyň ýokarky gatlary müşderileriň sagaldyş we lukmançylyk emlerini almagy, saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin niýetlenendir. Bu ýerde şypahanada dynç alýanlar, şeýle hem şypahana maşgalasy bilen gelýänler üçin ähli şertleri üpjün edýän ýagty we amatly bir, iki, üç hem-de dört orunly ýatylýan otaglar ýerleşýär.
Şypahanada Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň esasy önüm öndürijilerinden getirilen iň täze lukmançylyk enjamlary, şeýle hem bejerişiň iň häzirki zaman usullarynyň ulanylmagy netijesinde fizioterapewtiki we suw bilen bejerişiň doly tapgyryny geçmek hem-de dürli keselleri wagtynda anyklamak, oňat hilli lukmançylyk hyzmatlaryny almak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu ýerde işleýän lukmanlaryň ýörite taýýarlygy geçendigini belläp geçmek möhümdir, şonuň üçin hem bu ýerde edilýän lukmançylyk hyzmatlary halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelmek bilen, bejerişde dünýäniň iň oňat şypahanalaryndan hiç bir babatda pes gelmeýär.
Toplumlaýyn bejerişde howa arkaly bejermek , balneofizioterapiýa bilen bir hatarda, türkmen topragynda ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly, refleksleýin we fitoterapiýa usullarynyň netijeli ulanylýandygy guwançlydyr, şol dermanlyk otlar Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, akademik Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde jikme-jik we giňişleýin beýan edildi.
Mahlasy, bu ýerde ähli zatlaryň – tebigy şertleriň, ýerli çeşmeleriň özboluşly häsiýeti we tämiz dag howasynyň bejerijilik aýratynlyklary hem-de elbetde, saglygy goraýyş işgärleriniň ýokary hünär taýýarlygy adamlaryň öz saglyklaryny tiz dikeltmäge ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde öz egindeşleri bilen bilelikde dermanlyk otlaryň jöwheri goşulan hoşboý ysly çaýdan içip, dermanlyk otlar bilen bejeriş usulynyň lukmançylykda möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygyny, onuň taryhynyň müňýyllyklardan başlanýandygyny belledi. Adamlar gadymy döwürlerden bäri ösümlikleriň bejeriş güýjüni açdylar, ony dürli keselleri bejermek üçin peýdalandylar. Häzirki wagtda halk tebipleriniň asyrlaryň dowamynda toplanan we nesilden-nesle aýawly geçirilip gelinýän tejribesi biziň ýurdumyzda öz ähmiýetini ýitirmän gelýär hem-de häzirki zaman ylmynda we iş tejribesinde giňden ulanylýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle şertleriň ýurdumyzdaky şypahanalaryň hemmesinde döredilmeginiň zerurdygyna ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Türkmenistanyň örän baýlygy bilen tapawutlanýan ösümlik dünýäsi ençeme müňýyllyklaryň dowamynda dürli sökelliklerden we kesellerden saplanmak üçin çäksiz derman çeşmesi bolup hyzmat edipdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tebigatynyň dermanlyk serişdeleriniň bu özboluşly toplumyna garamak bilen belledi. Biziň ýurdumyzyň çäklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk ösümliklere belet bolan, öz düýpli işleriniň birini şolara bagyşlan milletiň Lideri söhbetdeşligi dowam edip, bu ýere ýygnananlara eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigatynyň ynsanlara eçilen gymmatly peşgeşi bolan dürli dermanlyk peýdaly otlaryň her biriniň örän haýran galmaly häsiýetleri, baryp gadymy wagtlarda tebigat bilen ysnyşykly ýaşap şol häsiýetlere akyl ýetirmegi we ondan peýdalanmagy başaran ata-babalarymyzyň özboluşly tejribesi barada gürrüň berdi.
Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, biz türkmenistanlylaryň abadançylygy barada aladalanmak bilen, ýurdumyzyň ähli şypahanalarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän şertleri döretmäge çalyşýarys we türkmen topragynyň ajaýyp künjeklerinde täze şypahanalaryň gurulmagy Türkmenistanyň bu ugurdaky syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysalydyr, onuň düýp mazmuny bolsa “Döwlet—adam üçindir!” diýen şygarda beýan edilendir.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda örän gysga möhletlerde paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde hem-de obalarda häzirki zaman bejeriş –öňüni alyş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, “Ene mähri” merkezleri kämil enjamlar bilen üpjün edilen agyz suwuny arassalaýan zawodlar guruldy, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap”, “Baýramaly” şypahanalarynyň täze binalary guruldy. Türkmenistanyň bejeriş otlaryndan we ösümliklerinden derman öndürýän kärhana açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar sagaldyş merkezleri, stadionlar, iri sport toplumlary, seýilgähler we ajaýyp suw çüwdürimleri peýda boldy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça uly iş geçirildi. Saglygy goraýyş edaralarynda we ýöriteleşdirilen halkara lukmançylyk merkezlerinde işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti açyldy. Ol ýurdumyzyň iri ýokary okuw mekdepleriniň birine öwrüldi. Bularyň hemmesi Türkmenistanda adamlaryň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, türkmenistanlylaryň oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen tapgyrma-tapgyr hem-de yzygiderli işiň geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan türkmen jemgyýetiniň abadançylygyny üpjün etmegiň hem-de adamlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm usullarynyň biri hökmünde hut saglyk strategiýasynyň düýbi tutuldy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýşyny ösdürmäge goşan goşandy bizde ýokary watançylygyň hem-de ahlaklylygyň kemala gelmeginiň esasy bolup durýar, onuň esasynda lukmançylyk borjuna we öz halkyna ak ýürekden wepalylyk, mynasyp çözgütleri kabul etmekde paýhaslylyk hem-de akylly-başly hereketlerde tutanýerlilik, döredijilik taýdan ýadawsyzlyk we sagdyn pikir-oý özgerdijilik okgunlylygy we Türkmenistanyň ýagty geljegine ynam bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýyly suw” şypahanasyna şu gezekki baryp görmegi milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny berkitmek barada alada edýändiginiň we munuň üçin döredilýän şertlere pugta üns berýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy. Türkmen halky tarapyndan beýik özgertmeler eýýamy diýlip buýsançly atlandyrylýan häzirki eýýamda döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň saglygy goraýşyndaky uly möçberli özgertmeleriň esasy maksady hem şundan ybaratdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz öz egindeşleri bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.