Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 829
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň resmi däl mejlisine gatnaşmak üçin, 2011-nji ýylyň 19-20-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy M.Mütdikow Türkmenistany tanadyş günlerine bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin, 2011-nji ýylyň 19-21-nji dekabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Mersin şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

* * *
Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, halk köpçüliginiň ýokary hilli döwürleýin neşirlere bolan islegini kanagatlandyrmak, şeýle hem Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bilen dünýä halklarynyň tanyşmagyny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine goşundy “Neutral Turkmenistan” gazetini 2012-nji ýylyň ýanwar aýyndan iňlis dilinde neşir edip başlamak, “Neutral Turkmenistan” gazetini A3 ölçegde, 8 sahypada hepdede bir gezek çap etmek bellenildi.