Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalarynyň käbiri, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň gün tertibine Türkmenistanda ýaýbaňlanan, ýurdumyzyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen özgerdijilikli toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň ilkinji nobatdaky wezipeleri, welaýatlardaky we paýtagtymyzdlaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan beýleki birnäçe meseleleri girizildi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji bolup Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň hasabatyny diňledi, ol milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Premýer-ministr döwlet Baştutany tarapyndan öň berlen tabşyryklaryň, şol sanda iş haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny tölemäge degişldi tabşyrygyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem kärendeçi ekerançylar bilen özara hasaplaşyklaryň amala aşyrylyşy barada aýdyp, bu tölegleriň hemmesiniň ýurdumyzda öz wagtynda we bökdençsiz geçirilýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet ulgamynyň öňünde duran wezipeleri üstünlikli çözmegiň, onuň ähli pudaklarynyň sazlaşykly işlemeginiň, berk maliýe tertibiniň möhümdigini belläp, täze taryhy eýýamda Türkmenistanda geçirilýän ähli özgertmeleriň adamlar hakynda alada etmegiň esasy maksady bolup durýandygyny nygtady.
Mälim bolşy ýaly, durmuş ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň esasy bölegi gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga degişli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow çykyş etdi. Ol geçirilen işler we döwlet Baştutanymyzyň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda, hususan-da, bank ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli işler, şeýle hem milletiň Liderine ýurdumyzda iş haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny hem-de döwlet kömek pullaryny wagtynda tölemek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipelere, hususan-da, bu ulgamyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek babatdaky meselä ünsi çekip, bu barada anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi bolsa ýurdumyzda ýaýbaňlanan oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýewi çagyrdy, ol gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda geçirilýän işler hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada görülýär çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde ulag we telearagatnaşyk düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga döwletimiziň uly ähmiýet berýändigini belläp, bu pudaklaryň işine innowasion tilsimatlary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady, munuň özi häzirki günüň anyk ýagdaýlaryna we beýik özgertmeler eýýamynyň talaplaryna laýyk gelýär. Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam edip, ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmagy, şeýle hem türkmenistanlylary aragatnaşygyň ähli häzirki zaman görnüşleri, şol sanda Internede giňden aralaşmak bilen üpjün etmegi bu pudaklaryň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bilim ministri G.Mämmedowanyň hasabatyny diňledi, ol bu pudakda işleriň ýagdaýy, okatmaga häzirki zaman usullaryny we tilsimatlaryny giňden ornaşdyrmak, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ministr şeýle hem döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek baradaky çäreler hakynda habar berdi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, döwletimiziň ilkinji derejeli ähmiýet berýän meselesi bolan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleri bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň okuwy, mugallymlaryň işi üçin, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýänler we şol edaralaryň işgärleri üçin göwnejaý şertleri döretmek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň inžener-tehniki ulgamlaryny göwnejaý ýagdaýda saklamak we olaryň sazlaşykly işlemegi üçin wagtynda çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny görkezip, ministrden degişli gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynyň işi barada hasabat berdi. Wise-premýer bu babatda ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan täzeçil özgertmeler strategiýasynyň durmuşa geçirilişi hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem ýurdumyzyň lukmançylyk, syýahatçylyk we sport düzümleri bilen bir hatarda ylmy ösdürmäge çynlakaý üns berjekdigini nygtap, häzirki wagtda Türkmenistanda bu ulgamlary döwrüň talaplaryna we olaryň köpugurly mümkinçiliklerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli şertleriň hem-de mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Milletiň Lideri bu barada söz açyp, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge we şu maksatlar bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan sport toplumlaryny hem-de desgalaryny netijeli ulanmaga degişli meseleleri üns merkezinde saklamagy, şeýle hem bilim we terbiýeçilik edaralarynda gyş möwsüminde ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işini üpjün etmek barada wise-premýere tabşyryk berdi.
Öz nobatynda gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilýän işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty jemläp, şol bir wagtyň özünde göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda inžener-tehniki ulgamlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, ýyladyş ulgamlarynyň, ilkinji nobatda ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda işleýşine aýratyn üns bermek bilen, wise-premýerden we häkimden bu babatda bar bolan kemçilikleri haýal etmän düzetmegi hem-de bu meseläni, tutuşlygyna alnanda jemagat hojalygynyň işini hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow milli telewidenýämiziň täze “Sport” teleýaýlymynyň we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nyşanlarynyň taýýarlanan görnüşleri barada wise-premýeriň habaryny diňläp, şol nyşanlaryň hödürlenen nusgalaryny makullady.
Milletiň Lideri wise-premýere, şeýle hem şol bir wagtda göni aragatnaşyga çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe ýüzlenip, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin Aşgabatda iki sany bäş gatly 40 öýli täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň näderejededigi bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň mundan beýläk hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň hiç bir zada mätäçlik çekmän, jandan eziz görýän Türkmenistan Watanymyzyň parahatlygyny we asudalygyny berk goramaklary barada içgin alada etjekdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow öz gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň bazarlarynda azyk önümleriniň we harytlaryň bolçulygyny üpjün etmäge degişli Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler we Täze ýyly garşylamaga görülýän taýýarlyk hakynda habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz aýdylan hasabaty jemläp, Täze ýyl baýramçylygynda hiç zat türkmenistanlylaryň keýpini gaçyrmaly däldir diýip nygtady we wise-premýere munuň üçin ähli şertleri döretmek boýunça zerur çäreleri görmegi, şol sanda baýramçylyk günlerinde dürli harytlaryň bolçulygyny hem-de söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ähli guramalaryň we kärhanalarynyň işini sazlaşykly guramagy üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa çagyryldy, ol gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler, şeýle hem Täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny taýýarlamak barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygy iň söýgüli ählihalk dabaralarynyň biri bolmak bilen, däp boýunça bütin ýurdumyzda giňden we ruhubelentlik ýagdaýynda bellenip geçilýär diýmek bilen, ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu babatda tele we radio gepleşikleri hem goşmak bilen medeni maksatnamanyň taýýarlanylmagynyň zerurdygy dogrusynda söz açyp, şol maksatnama köp görnüşli, gyzykly hem-de mazmunly bolmalydyr we Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuny beýan etmelidir, adamlaryň şatlykly, göwnühoş ýagdaýlaryny döretmelidir diýip nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewi çagyrdy. Ol welaýatda geçirilýän işleriň barşy, şol sanda dürli maksatly täze desgalaryň gurluşygy, ilatyň durmuş derejesini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýerlerde medeni-durmuş we önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda adamlaryň döredijilikli zähmeti, mynasyp durmuşy we dynç alşy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmäge gönükdirilen milli özgertmeleriň amala aşyrylyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi jemläp, bu görkezmäniň ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň ýolbaşçylaryna degişlidigini nygtady.
Milletiň Lideri welaýatyň jemagat hojalygynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, häkime ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek barada birnäçe görkezmeleri berdi, şeýle hem welaýatyň kärhanalarynyň we edaralarynyň işgärlerine iş hakyny wagtynda tölemäge hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara hasaplaşyklary geçirmäge degişli meselä berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdirildi. Welaýatyň ýolbaşçysy welaýatda alnyp barylýan işler we döwlet Baştutany tarapyndan berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada çykyş edip, hususan-da, Bereketde täze hassahananyň gurluşygynyň tamamlanandygyny, onuň ulanylmaga bermäge taýýardygyny habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowy göni aragatnaşyk boýunça maslahata çagyrdy. Ol özüne ynanylan ulgamda işleriň ýagdaýy hem-de öňdebaryjy tilsimatlary işjeň ulanmagyň, lukmançylyk ylmyny höweslendirmegiň we onuň gazanan üstünliklerini iş tejribesine işjeň ornaşdyrmagyň esasynda bu pudagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Milletiň Lideri adamlaryň saglygy we abadançylygy barada alada etmek we bu babatda ýurdumyzyň lukmançylygyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, ministre degişli meseleleriň ählisini, şol sanda ýerlerde saglygy goraýyş düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga degişli meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklamak barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýerde “Keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň aňsatdyr” diýen ýörgünli sözi mysal getirip, aýratyn hem gyş döwründe sowuklama keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimine ýüzlenip, welaýatyň durmuş we senagat düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek onuň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini amala aşyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew demirgazyk welaýatda işleriň ýagdaýy barada habar berip, bu ýerde geçirilýän gurluşyk işleriniň depginleri, ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda, şeýle hem ýerlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça belli bir maksada gönükdirilen çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşy baradaky aladanyň ileri tutulýan döwlet wezipesi bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny ýene-de bir gezek nygtap, bu ugurda zerur guramaçylyk işleriniň yzygiderli geçirilmelidigini hem-de welaýatyň ýolbaşçylarynyň çynlakaý üns bermeginde bolmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz durmuş häsiýetindäki meseleleri, şol sanda zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenilmegini mydama üns merkezinde saklamagy häkime tabşyryp, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamaga oňat taýýarlyk görmek barada hem degişli görkezme berdi.
Öz nobatynda welaýatda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamasy babatda geçirilen işler hakynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat berdi. Ol welaýatyň iri gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak baradaky çäreler, kärendeçiler bilen gutarnykly hasaplaşyklaryň geçirilişi, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek hakynda hormatly Prezidentimize habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň iri senagat welaýatlarynyň biri bolan welaýaty ösdürmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy talap edip, durmuş-ykdysady desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, bu babatda adamlaryň abadançylygyna, Lebabyň we bütin ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmagyň maksatlaryna hyzmat etjek täze gurluşyklaryň birkemsiz hiliniň we wagtynda işe girizilmeginiň esasy ýörelgedigini we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Milletiň Lideri ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada görülýän çäreleriň ýokary netijeliligini üpjün etmegi, şeýle hem lebaplylaryň, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde mynasyp medeni çärelerini guramak barada aladalanmagy hem häkime tabşyrdy.
Soňra hasabat bilen Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow çykyş etdi. Häkim welaýatda geçirilýän işler, hususan-da, welaýatyň durmuş-üpjünçiligi ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek barada görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimize welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, kärhanalaryň hem-de edaralaryň zähmetkeşlerine iş hakynyň wagtynda tölenilişi, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi.
Milletiň Lideri hasabaty jemläp, welaýatyň inžener-tehniki düzümleriniň, onuň ähli halkalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Başjtutanymyz welaýatda gurulýan desgalar barada durup geçip, olaryň oňat hilli bolmagy hem-de bellenilen möhletlerde işe girizilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak, ýerlerde durmuş-ykdysady düzümleri kämilleşdirmek maksady bilen, ähli tagallalary etmegi hem tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewany çagyrdy. Ol milletiň Liderine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler babatda milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän işler hem-de Täze ýyly dabaraly garşylamaga taýýarlyk görmek barada habar berdi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman, döwrüň talabyna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadynyň kemala getirilmegi türkmen döwletiniň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürilmeginiň, ýurdumyzyň gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urmagynyň esasy şertleriniň biridir diýip nygtap, ýerlerde iş alyp barmak we hususan-da, öz okruglarynyň durmuş-ykdysady meselelerini çözmekde ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen gatnaşygy ýola goýmagyň Mejlisiň deputatlarynyň esasy borçlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkyň saýlanlarynyň her biri öz saýlawçylarynyň bähbitlerini goramalydyr we olara ýüze çykýan meseleleri çözmekde ýardam etmelidir diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz geçirilen düýpli söhbetdeşligiň jemini jemläp, şu gün garalan, ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönüden-göni degişli bolan meseleleriň ilkinji derejede möhümdigine ene-de bir gezek ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine saglyk we işde hem-de öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.