Ï Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 614
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Biri-birleri bilen mähirli salamlaşyp, iki döwletiň Baştutanlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen birek-biregi gutladylar. Türkmen we türk halklaryna bagt, rowaçlyk, abadançylyk we durmuşa geçrilýän düýpli özgertmeleriň ýolunda uly üstünlikler arzuw etdiler.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül köp ugurlaýyn döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esaslarda hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, giň möçberli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem bilelikdäki çärelere we sergilere türk kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýandyklaryny bellediler, şol sergilerde bolsa olar özleriniň ylmy we inženerçilik-tehniki pähimleriniň iň soňky gazananlaryny görkezýärler, olar Türkmenistanda dürli desgalaryň gurluşyklarynda üstünlikli ulanylýar. Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitleýin syýasatyň käbir ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Liderleri asyrlaryň dowamynda iki halky baglanyşdyryp gelen jebis, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny gyşarnyksyz berkitmäge, bilelikdäki işiň baý tejribesine esalanýan köp ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Baştutanlary ýokary hökümet derejesinde ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar we umumy pikire görä, ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan däbe öwrülen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ýola goýmaga çemeleşmeleri ylalaşdylar.

Syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegine ýokary baha berip, söhbetdeşler dostlukly ýurtlaryň ikisiniň hem sebitiň halklarynyň gülläp ösüşine we abadançylygyna hyzmat edýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ymtylýandyklaryny bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül hoşlaşanlarynda birek-birege ýene bir gezek ähli gowluklary, iki doganlyk halka bolsa parahatçylyk, durnuklylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw etdiler.