Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy /Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny/ Ýatlama güni bellenilip geçilýär.
Şu gün irden hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, din işgärleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan gelen ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Gypjak obasyna ýygnandylar.
Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň ýanyndaky Kümmetiň öňündäki meýdança ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem geldi.
Döwlet Baştutany Kümmete girýär we gül goýýar. Milletiň Liderinden soň bu ýere ýygnananlar – hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, dürli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýýarlar. Hatyra dogalary okalýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary Kümmetiň aşaky gatyna – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň we onuň dogan-garyndaşlarynyň jaýlanan ýerine düşýärler, bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi biwagt aradan çykanlaryň jaýynyň jennet bolmagyny diläp, aýat-töwir okaýar.
Soňra milletiň Lideri sadaka bermek üçin ýörite gurnalan desga tarap ugraýar.
Döwlet Baştutany sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň düýbüni tutandygyny belläp geçdi. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny, medeniýetini ösdürmek babatda köp işleri geçirdi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti biziň halkymyzyň taryhyna we mirasyna uly sarpa goýýardy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Saparmyrat Türkmenbaşy biziň ýurdumyza köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk etmek bilen, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak barada uly alada etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hut ilkinji Prezidentiň tagallalary netijesinde biziň ýurdumyz Bitaraplyk derejesini aldy, ol häzirki zaman beýik özgertmeler eýýamynda özbaşdaklygymyzy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, dünýäniň ähli ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmek hem-de Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak işine täze kuwwatly itergi berdi diýip nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň müftüsine söz berdi, ol tebärek çykdy.
Sadaka tamamlanandan soň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň jaýynyň jennet bolmagy dilenip, aýat-töwir okaldy. Adamlar öz aýat-töwirlerinde gudraty güýçli Allatagaladan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde üstünlikler eçilmegini dileg etdiler.
Şu gün ýurdumyzyň beýleki metjitlerinde hem hatyralamak çäreleri boldy.
Goý, şu gün okalan aýat-töwirler we berlen sadakalar gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!