Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň Aşgabat şäher bölümi edara binasyny, has takyk aýdanymyzda gulluk desgalarynyň toplumyny sowgat aldy.
Giň meýdanda iki gatly edara binasy, abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmek üçin tehniki jaýlary bolan ýörite ulaglar üçin niýetlenen boks, gözleg we halas ediş işlerinde ulanyljak itleri saklamak üçin demir gözenekli jaýlar ýerleşen. Aragatnaşyk merkezinde gije-gündiziň dowamynda bolup geçýan wakalar we hadysalar barada maglumatlar kabul edilýär. Bu ýerde ýörite halas ediji operatiw topar hadysanyň bolan ýerine gitmäge hemişe taýýar dur.
Binada ýerleşen trenažor zaly hemmetaraplaýyn enjamlaşdyrylan we Aşgabat halas edijiler topary doly taýýarlykly bolmak üçin bu ýerde bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýarlar.
Toparyň düzüminde lukmanlar hem bar. Olar nobatçy halas ediş topary bilen bilelikde wakanyň ýa-da hadysanyň bolan ýerlerine baryp, gerek bolan halatynda hassahana çenli zerur bolan ilkinji lukmançylyk kömegini berýärler.
Dürli görnüşli ýörite awtoulaglaryň arasynda meýdan şertlerinde hemmetaraplaýyn lukmançylyk kömegini bermeklige niýetlenen göçme hassahana hem bar.
Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň Aşgabat şäheriniň halas ediş toparynyň nobatçysy Merdan Owlýagulyýewiň belleýşi ýaly, halas edijiler islendik wagtda kömek işlerini geçirmäge doly taýýar. Operatiwlilik, ussatlyk we ynsanperwerlik- ine şu hakyky halas edijiniň häsiýetleridir. Işlemek üçin bu ýerde ähli mümkinçilikler we şertler döredilen.
Türkmen halas edijileriň birleşdirilen toparlary, bilelikdäki okuwlarda türgenleşikleri geçirmekden daşary, döwletara ylalaşyklara laýyklykda öz ussatlyk derejelerini ýokarlandyrýarlar. Hususan-da halas edijiler öz hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen Belarus respublikasynyň adatdan daşary ýagdaýlary institutynda türgenleşik okuwlaryny geçýärler.