Ï Iň eýjejik Garpamyk kim?
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iň eýjejik Garpamyk kim?

view-icon 973
Türkmenistanyň bilim ministrligi we Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gurnalan bäsleşige gatnaşmak üçin täze ýylyň öňisyrasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaş Garpamyklar geldiler we Aýazbabanyň agtygy adyna mynasyp bolmak üçin bäsleşdiler.

Bäsleşik „Watan“ kinokonsert merkezinde geçirilip, bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda 36 sany, ýagny her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 6 sany Garpamykdan gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmak hukugyny etrap, şäher, welaýat derejelerinde we paýtagtymyzda geçirilen bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolan Garpamyklar gazandy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry gatnaşyjylar üçin agyr synag boldy. Olar emin agzalarynyň we tomaşaçylaryň öňünde deň derejede öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny açyp görkezip, birinjilik üçin çynlakaý çemeleşdiler.


Bäsleşigiň bir şerti boýunça gatnaşyjylar geçip barýan 2011-nji ýylyň möhüm wakalary barada tomaşaçylara ýatlatdylar. Beýleki bir şerti ýerine ýetirmek bilen bäsleşige gatnaşyjylar sahnada täsin galdyryjy baýramçylyk şowhunyny döretdiler. Olar arçany bezemekde çalasynlygyny görkezdiler, aýdymlary, goşgulary we tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Emin agzalaryna „Garpamyk-2012“ adyna mynasyp boljak gatnaşyjyny saýlamak ýeňil bolmady. Eminleriň ylalaşmagy netijesinde alty sany ýeňiji Garpamyk saýlandy. Garpamyklar täze ýylda okuwçylaryň dynç alyş günlerinde şaherlerde, etraplarda we welaýatlarda geçiriljek arça baýramçylyklaryna işjeň gatnaşarlar. Olar ertekileriň we täze ýyl baýramçylyk şowhunlarynyň esasy alyp baryjylary bolarlar.

Aýazbabanyň esasy kömekçileri, ýagny agtyklary adyna kim mynasyp bolduka? Ine olar, ýagny „Garpamyk-2012 “ adyny alan gatnaşyjylar: Nurana Pirnazarowa (Daşoguz welaýaty), Mähri Kullaýewa (Ahal welaýaty), Güljahan Paýgamowa (Lebap welaýaty), Jeren Orazdurdyýewa (Mary welaýaty), Sülgün Kömekowa (Balkan welaýaty), we Melike Gaýypnazarowa (Aşgabat şäheri)

Bäsleşigiň şowhunly bolmagyna ýaş zehinler hem öz goşandyny goşdular. Her şertiň arasynda dürli bäsleşikleriň, şol sanda „Merjen däneleri“ döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri hem çykyş etdiler we tomaşyçylaryň söýgülerini ýene bir gezek gazandylar.

Ýeňijiler baýraklara we şowhunly el çarpyşmalara eýe boldular. Orun almadyk Garpamyklar hem ünsden düşürilmedi. Olar döredijilik bäsleşiginiň gurnaýjylarynyň höweslendiriji sowgatlaryna mynasyp boldular.