Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Mejlisde ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem bu ulgama degişli gurluşyk desgalarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp we biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belläp, Aşgabatda bina edilýän möhüm desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagyň, olaryň hiliniň we ulanmaga bermek möhletleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň işini kämilleşdirmek, hökümet we pudaklaýyn edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, işi dolandyrmak ulgamyna täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew Halkara pul Gaznasynyň bilermenleriniň biziň ýurdumyza saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ykdysady we maliýe ýagdaýy hakynda hasabaty taýýarlandyklaryny we onuň netijeleri boýunça bu abraýly maliýe duzuminiň ýerine ýetiriji direktorlar Geňeşi tarapyndan ýokary baha berlendigini habar berdi. Halkara pul gaznasynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça jemgyýetçilik üçin aýan eden maglumatynda biziň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň häzirki ýagdaýyna we geljegine ýokary baha berlendigini belllemek bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ähmiýetli waka bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, ýokary makroykdysady görkezijiler maliýe-karz ulgamynda walýuta hümmetiniň we salgyt-býujet ulgamynyň gatnaşyklary babatynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, şeýle hem bank-maliýe düzümini kämilleşdirmek, halkara ülňülerine laýyklykda maliýe hasabatyny geçirmek we hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň uly üstünlige eýe bolmagyny şertlendirdi.
Şeýle hem hökümet Baştutanynyň orunbasary özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde ýurdumyzyň ilatyny iş bilen üpjün ediş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem ministrlikler hem-de pudak edaralary tarapyndan aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň doly tölenendigi hakynda hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, degişli düzümler bilen bilelikde ilatymyzy iş bilen üpjün etmek boýunça, hususan-da, işgärleri hem-de gullukçylary hünär taýdan kämilleşdirmek babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ulgamyň işini utgaşdyryjy kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, alnyp barylýan ileriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary hormatly Prezidentmiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerne ýetirilişi barada beren hasabatynda milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň standartlaşdyrylyş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen “Standart, hil we howpsuzlyk” ylmy-tehniki žurnaly neşir etmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara pul gaznasy tarapyndan berlen şeýle ýokary baha ähli türkmenistanlylaryň
Watanymyzyň rowaçlygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna çekýän agzybirlikli we öndürijilkili zähmetiniň netijesidir diýip belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady, maliýe guramalarynyň we bank edaralarynyň öňünde durmuş-ykdysady ösüşi, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamagy üpjün etmek maksady bilen täze möhüm wezipeler durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin zerur bolan çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda amatly maliýe-ykdysady ýagdaýy berkitmek boýunça derwaýys wezipeleri çözmek babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň ilatyny iş bilen üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmegiň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz iş üpjünçiligi, zähmet öndürijiligini we raýatlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegi olaryň durmuş taýdan goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz bu meseläni ýene bir gezek jikme-jik öwrenmegi, boş iş orunlaryny anyklap, haýsy ugurlar boýunça hünärmenleriň gerekdigini kesgitlemegi we şeýle işgärleri taýýarlamak barada çäreleri görmegi, bu işi zerur derejede guramak boýunça anyk tekliplerini taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz “Standart, hil we howpsuzlyk” ylmy-tehniki žurnaly neşir etmek hakynda hödürlenen resminama barada aýtmak bilen, onda standartlaşdyryş ulgamynyň üstünlikleri we ondaky täzelikler, dünýä tejribeleri we innowasiýalar, şeýle hem milli standartlaşdyryş ulgamynyň gazananlary hakyndaky habarlar öz beýanyny tapmalydyr diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamany oňlap, oňa gol çekdi we ähli degişli guramaçylyk meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan milli daşary syýasat strategiýamyzyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýerTürkmenistanyň Prezidentiniň 23-nji dekabrda Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlygyň meseleleri barada hem aýtdy.
Saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklarda häzirki döwürde täze itergä eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri gepleşikleriň gün tertibine giriziler diýip, R.Meredow belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp, özara peýdaly gatnaşyklaryň baý tejribesine we köpugurly mümkinçiliklere daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini aýtdy. Munuň özi söwda-ykdysady gatnaşyklarda bolşy ýaly, medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar, bu bolsa iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Moskwa boljak sapary türkmen-rus gatnaşyklaryny ähli möhüm ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we işjeňleşdirmegiň ýolundaky nobatdaky derwaýys ädimdir diýip belledi.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde deputatlar tarapyndan ýerlerde we habar beriş serişdelerinde amala aşyrylýan düşündiriş işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky”
Kodeksi, Ýaşaýyş jaý we Maşgala Kodekslerini işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar, ätiýaçlandyryş işi, býujet kodeksiniň taslamalary taýýarlanylýar, migrasiýa we syýasy partiýalar meselelerine degişli kanunlar kämilleşdirilýär, awtorlyk hukugy we intellektual eýeçilik babatda döwlet kadalaşdyrylyşyna degişli kanun taslamalarynyň toplumyny işläp taýýarlamak boýunça çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, döwrüň talaplaryny, täze taryhy eýýamyň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek baradaky işiň, şeýle hem strategiki döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň ösüşine we raýatlarymyzyň abadançylygyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny ilat köpçüligine ýetirmegiň we düşündirmegiň örän wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işleriniň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýakyn wagtda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen möhüm desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri hakynda habar berdi. Hususan-da, Aşgabatda we welaýat merkezlerinde gurulmagy meýilleşdirilýän mekdepleriň gurluşygynyň taslamalarynyň taýýarlanylyşy hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň öňünde özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge önjeýli goşant goşmak, ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi, adamlaryň döredijilikli zähmeti, oňaýly ýaşaýşy we döwrebap dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek ýaly möhüm wezipeler dur diýip belledi.
Türkmenistanda alnyp barylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyna degişli desgalara ünsi çekdi we desgalar gurlanda hem-de taslamalary taýýarlananda uzakmöhletleýinligi, binalaryň aýratynlygy bilen bir hatarda olaryň binagärlik keşbiniň özboluşlylygy hem häzirki döwrüň möhüm talaplary bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz her bir taslama işlenip taýýarlananda oňa döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz desgalar gurlanda şäherleriň we obalaryň ilatynyň bähbitleriniň üpjün edilmegi möhümdir, çünki ilatyň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokralandyrmagy ugur edinýän giň möçberli özgertmeleriň baş maksady şundan ybaratdyr diýip belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyza nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny, şeýle hem himiýa senagatyny we balyk hojalygynyň kärhanalaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudaklarynyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, şol sanda häzirki zaman düzümini döretmegiň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna pugtalandyrmaga mundan beýläk-de uly üns bermek wajypdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl iň gowy görülýän maşgala baýramçylyklarynyň biridir we şoňa görä-de, türkmenistanlylaryň bu baýramy ruhubelentlikde geçirmegi üçin ähli şertleri döretmek möhümdir diýip belledi. Ýurdymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürmelidir, hemme ýerde Täze ýyl arçalaryny ornaşdyrmak, köpçülikleýin şadyýan çäreleri geçirmek möhümdir. Biz Täze ýyly bir agzybir maşgala bolup hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze ajaýyp işleri amala aşyrmak üçin täze güýç-gaýrat bilen garşylamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra mejlisde hasabat bilen çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýewe söz berildi. Wise-premýer şu ýylyň 19-20-nji dekabrynda GDA döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň formal däl mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek boýunça ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň ýurdumyz Arkalaşyga assossirlenen agza bolmak bilen, döwletara derejede bolşy ýaly, GDA-nyň çäklerinde ýola goýulýan däp blan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge meýillidir diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň meselelerine degip geçmek bilen, Türkmenistanyň ilatyny telefon aragatnaşygynyň häzirki zaman görnüşleri bilen ýokary hilli üpjün etmegiň we “Altyn asyr” milli aragatnaşyk ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meseleleriniň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu meseläni üstünlikli çözmek üçin önümçilige öňdebaryjy tilsimatlaryň we täze enjamlaryň giňden ornaşdyrylmagynyň örän möhümdigine we onuň hökmandygyna ünsi çekdi. Ýokary tehnologiýaly enjamlara ussatlyk bilen erk edýän kämil hünärli işgärleriň öz wagtynda taýýarlanmagy hem derwaýys ugurlaryň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki döwürde Türkmenistanda telearagatnaşyk ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pudagyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, onuň işiniň ýokary hil talaplaryna laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şu möwsümde tabşyrylan pagta üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň geçirilişi, şeýle hem welaýatlarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümi ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli görülmeginiň möhümdigini belläp, döwlet mundan beýläk hem oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we kärendeçi daýhanlary höweslendirmek meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynda öndürilen harytlaryň VI ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň we haly önümçiliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň meselelerine ünsi çekdi. Millli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň dokma önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ähli zerur çäreler görülmelidir.
Öňde boljak serginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Eýranda öndürilen harytlaryň biziň ýurdumyzda guralýan nobatdaky sergisi türkmen bazarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin örän özüne çekijidiginiň we Türkmenistanyň hem-de Eýranyň iki goňşy halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi. Milli Liderimiz serginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda döwlet durmuş syýasatyny we ylmy hem-de bilimi ösdürmek boýunça milli maksatnamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Gökderede hereket edýän 12 sany çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde ýanwar aýynyň 2-10-y aralygynda mekdep okuwçylarynyň 6 müňe golaýynyň döwrebap dynç almagyny üpjün etmek maksadynda geçirilen pudagara maslahatyň hem şu meselä bagyşlanandygy bellenildi.
Çagalar üçin dürli medeni-dynç alyş çärelerini, gezelençleri, sport ýaryşlaryny we döredijilik çärelerini, ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, şeýle hem Täze ýyl mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryny birleşdirýän çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Mundan başga-da, wise-premýer paýtagtymyzda Döwlet arçasy baýramçylyk dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şol arça Kostitusiýa binasynyň golaýynda gurnaldy. Gyşky dynç alyş günlerinde paýtagtymyzdan we welaýatlardan çagalaryň müňlerçesi Maslahatlar köşgünde geçiriljek Döwlet arçasy baýramçylygyna gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, çagalaryň gyşky dynç alşyny talabalaýyk guramak meselesini aýratyn gözegçilikde saklamagy, çagalaryň sagaldyş we dynç alyş mekrezlerinde bolmagynyň arassaçylyk kadalarynyň we howpsuzlyk talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmegi, sagaldyş edaralarynyň işgärleriniň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagyna, mekdep okuwçylarynyň boş wagtlaryny peýdaly geçirmegini we saglygyny berkitmegini guramak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesle bilim we terbiýe bermek ýaly jemgyýetiň we ýurdumyzyň ileri tutulýan ulgamlary durmuş ugurly we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen syýasaty amala aşyrýan döwletiň hemişe üns merkezinde bolar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň okuwdan boş wagtlarynda talabalaýyk dynç almak üçin bar bolan mümkinçilikleri has netijeli ulanmak möhümdir. Munuň üçin sport desgalaryndan we medeni edaralaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we çagalar üçin täze ýyl çärelerini ýokary derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, ägirt uly zähmet üstünliklerine beslenen 2011-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, Täze ýyla çenli az wagt galandygyny belledi we biz geçip barýan ýylda uly işleri amala aşyrdyk, köp sanly täze, tutumly işleriň başyny başladyk diýip aýtdy. Asylly däplerimize eýerip, biz başlan işlerimiziň ählisini şu ýylda doly tamamlamak üçin zerur bolan ähli çäreleri görmelidiris diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryna gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda alnyp barylýan işleri ýene-de bir gezek seljermegi hem-de bu işleriň depginini birjik-de gowşatman, dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etmek bilen, mähriban halkymyzyň Täze ýyl baýramyny ýokary ruhubelentlikde, uly dabaralara besläp garşylamagy üçin ähli zerur şertleri döretmelidiris, şunuň bilen baglanyşykly, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärlerine aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň doly tölenendigini ýene-de bir gezek seljeriň! Eger-de, tölenmän galan zähmet haklary bar bolsa, onda olaryň ýylyň ahyryna çenli doly tölenmegini üpjün ediň diýip aýtdy.
Halkara pul gaznasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde gazanan üstünliklerimize ýokary baha berendigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz bu biziň üçin örän ýakymlydyr, ýöne, gazanylan üstünlikler bizi birjik-de arkaýynlaşdyrmaly däldir, biziň öňümizde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça tutanýerli işlemegimizi talap edýän örän möhüm wezipeler dur diýip belledi.
Men öňümizde duran bu jogapkärli wezipeleri abraý bilen, üstünlikli durmuşa geçirjekdigimize, mähriban halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde we jebislikde yhlasly zähmet çekip, täze, ajaýyp üstünlikleri gazanjakdygymyza berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara öz öňlerine goýlan möhüm we jogapkärli wezipelerde uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.