Ï Magtymguly etrabynda täze desgalar açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly etrabynda täze desgalar açyldy

view-icon 506
Şu gün bu ýerde, etrap merkezinde 80 orunlyk çagalar bagy, Ýankel geňeşliginiň Garakel obasynda 170 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep öz gapylaryny giňden açdylar.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, obalaryň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Watanymyzyň rowaçlygy we türkmen halkynyň abadançylygy barada edýän ýadawsuz aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler. Çagalar we ýaşlar döredejilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary we tanslary dabara baýramçylyk öwüşgününi çaýdy.

Magtymguly şäherçesinde gurlan çagalar bagy täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda şeýle desgalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Häzir biziň ýurdumyzda ösüp gelýän nesli terbiýelemek, onuň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmek milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrularynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Bu mekdep ýaşyna çenli edarada oňat enjamlaşdyrylan oýun we sport zallary, amatly ýatakhanalar bar. Bu ýerde çagalaryň köptaraplaýyn ösmegi, olaryň kompýuteri, aýdym-sazy, surat çekmegi öwrenmegi, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi. Çagalar bagynda giň mejlisler zally, naharhana, kömekçi otaglar bar, binanyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi üçin zerur bolan kommunikasion ulgamlar hereket edýär. Abadanlaşdyrylan howluda hem oýun meýdançalary ýerleşýär, ýaş agaç nahallary oturdyldy.

Ýagty we giň synp otaglary, lingafon we beýleki ýöriteleşdirilen otaglary bolan täze häzirki zaman mekdebi Garakel obasynyň hakyky bezegine öwrüldi. Mekdebiň otaglary iň täze kompýuter we okuw – laboratoriýa enjamlary, interaktiw tagtalar bilen üpjün edildi. Olar okatmagyň öňdebaryjy usullaryny halkara ülňüleriniň derejesinde ulanmaga mümkinçilik berýär. Zähmet okuwy otaglarynda mekdep okuwçylarynyň dürli zähmet endiklerini ele almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Oglanlar agaç we demir ussasy hünärleri, gyzlar bolsa tikinçilik hem-de nahar taýýarlamak endiklerini özleşdirýärler. Mekdebiň uly sport zaly trinažorlar we beýleki sport enjamlary, şeýle hem futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin meýdançylar bilen üpjün edildi.

Şanly wakanyň hormatyna, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.