Ï Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi

view-icon 551
Ösüşiň täze basgançagyna gadam basan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri, ýurdumyzda we dünýäde standartlaşdyrmak ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de täzelikleri, standartlaşdyrmagyň milli ulgamynyň döwrebap halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagy arkaly kämilleşdirilişini, täze ölçeg enjamlaryny, innowasiýalary we tehnologiýalary yzygiderli beýan etmek, şeýle hem, “Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenstandartary” baş döwlet gullugyna täze “Standart, hil we howpsuzlyk” ylmy-tehniki žurnalyny Türkmen standartlar maglumat merkezinde 2012-nji ýyldan çärýekde bir gezek neşir edip başlamaga we şu žurnalda türkmen, iňlis we rus dillerindäki dürli makalalary we maglumatlary çap etmäge ygtyýar berildi.