Türkmen-russiýa dostluk we doly möçberli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugraýar. Ýokary derejede Russiýanyň paýtagty Moskwada geçiriljek nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine deňhukukly, işjeň we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri giriziler.
Taraplaryň syýasy erkine daýanýan söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi we iki ýurduň halklaryny taryhda ýola goýlan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrmak bilen, häzirki döwürde türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär. Munuň özi hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçilikleri we Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň şeýle mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge, soňky ýyllarda öz ösüşinde täze itergä eýe bolan özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin bar blan mümkinçilikleri herekete girizmäge bolan meýilleri bilen şertlendirilýär.
Iki ýurduň Liderleriniň arasynda birek-birege düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň däp bolan döwletara gatnaşyklaryny iki tarapyň bähbidine we döwrüň talabyna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga bolan taýýarlygy hyzmatdaşygyň möhüm ugry hökmünde öňe çykýar. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän, şol sanda iri halkara häsiýetindäki çäreleriň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitleriniň çäklerinde ýola goýulýan duşuşyklar we gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň—Tatarystan Respublikasynyň, Sankt-Peterburgyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň we beýleki künjekleriň arasynda ýola goýulýan netijeli özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Türkmen bazarynda Russiýanyň belli kompaniýalarynyň birnäçesiniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy, şol sanda iki ýurt üçin hem strategik ugur bolan ýangyç-energetika pudagynda netijeli işleýän we işewür gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.
Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň sazlaşykly ösüşi, Türkmen-rus we Rus-türkmen işewür geňeşleriniň, Döwletara türkmen-russiýa toparlarynyň işjeň hereketleri döwletara gatnaşyklarynyň oňyn ösüşe eýediginden habar berýär. Taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, özara hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we onuň täze derwaýys görnüşlerini işläp taýýarlamaga, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge bu düzümler tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hakyndaky gürrüňi dowam etmek bilen, onuň gatnaşygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny bellemeli. Bilelikdäki tagallalary üstünlikli ösdürmek üçin söwda-ykdysady ulgamyndan we ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, senagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, öňdebaryjy tilsimatlar, syýahatçylyk we maýa goýum işi pudaklarynda hem täze oňaýly mümkinçilikler açylýar.
Gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklar türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýandygy we oňa taraplaryň aýratyn ähmiýet berýändigi gürrüňsizdir. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan artdyrylýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän orta mekdebi iki döwletleriň we halklaryň arasyndaky bozulmaz dostlugynyň özboluşly nyşanydyr. Onuň täze binasy iki ýyl mundan ozal gurlup ulanmaga berildi. Ýokary bilim ulgamynda we hünärli işgärleri taýýarlamakda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk hem işjeň häsiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine her ýylda türkmen talyplary yzygiderli ugradylýar. Aşgabatda Russiýanyň I.M.Gubkin adyndaky Nebit we gaz döwlet uniwersitetiniň şahamçasy açyldy we ol hereket edýär. Bu ugurlar bilen bir hatarda medeniýet we döredijilik alyş-çalyşlary täze itergä eýe boldyt we onuň üsti yzygiderli ýetirilýär. Bu bolsa däp bolan netijeli gatnaşyklaryň pugtadandyrylmagyny we baýlaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezekki iş sapary we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedew bilen boljak nobatdaky duşuşygy ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň, düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilmek we ol strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolmak bilen döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we işjeňleşdirmegiň ýolunda täze möhüm ädime öwrüler.