Ï Watanymyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary

view-icon 630
Şu gün ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda beýik özgertmeler eýýamynyň nobatdaky täze desgalary işe girizildi. Dabaralara gatnaşyjylar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli meselelere uly üns berýändigi, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreleriň netijeliligi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly hoşallyk bildirdiler.

Bellenilip geçilişi ýaly, şu gün açylýan täze desgalar, şol sanda häzirki zaman lukmançylyk we çagalar edaralary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan progressiw reformalarynyň we uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň äşgär netijesidir, olar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde biri-biriniň yzyndan gurulýar.

Şu şanly wakalar mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.

Balkan welaýaty

Şu gün Bereket etrabynyň dolandyryş merkezinde köp ugurly hassahana we saglyk öýi açyldy.

Täze saglygy goraýyş edaralarynyň işe girizilmegi uly baýramçylyk boldy, oňa häkimligiň wekilleri, ýaşulular, köp sanly şäher ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dürli reňkli baýdaklar we owadan howa şarlary bilen bezelen häzirki zaman lukmançylyk toplumynyň üç gatly binalarynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar ýaňlandy, horeografiki toparlar öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän Saglyk öýi bir günde näsaglaryň 100-sini kabul etmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde maşgala lukmanlary we belli bir ugurdaky hünärmenler näçaglary kabul eder. Kabul ediş, keselleri anyklaýyş we bejeriş otaglary ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň uly toplumyny etmek, öňüni alyş işlerini geçirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilendir.

130 sany ýatymlyk orunlar bolan hassahanada kabul ediş, terapewtiki, çagalar, hirurgiki, ginekologiki bölümler, şeýle hem “Tiz kömek” nokady ýerleşýär. Aýratyn binada çaga dogrulýan bölüm ýerleşýär.

Köp ugurly lukmançylyk merkezi häzirki zaman enjamlary we abzallary bilen esasan, Germaniýanyň bütin dünýäde meşhur “Siemens” kompaniýasyndan, şeýle hem beýleki ýewropa firmalaryndan getirilen enjamlar we esbaplar bilen üpjün edilendir. Bereketiň lukmanlarynyň iň ýokary tehnologiki enjamlary alandygyny belläp geçmeli. Mysal üçin, rentgeneskopiýa we rentgen arkaly surata düşürmek üçin köp ugurly sanly ulgamlar, ultrasesli keselleri anyklaýyş abzallary, UZI, EKG we başgalar näsaglary hemmetaraplaýyn keselleri anyklamak babatda barlag geçirmäge, keselleri takyk kesgitlemäge hem-de olary netijeli bejermäge mümkinçilik berýär, şolaryň kömegi bilen içki synalaryň ählisi barlanylýar.

Çaga dogrulýan bölüm we barlaghana zerur enjamlaryň ählisi bilen üpjün edildi, barlaghanada, hususan-da, ganyň dürli seljermeleriniň 16-syny geçirmek mümkindir, hassahananyň durmuş taýdan üpjünçilik ulgamlaryna, şol sanda suw we elektrik üpjünçiligine, ýyladyş we howany şemalladyjy merkezleşdirilen ulgamlara aýratyn üns berildi.

Mahlasy, saglyk öýüniň we hassahananyň ýagty hem-de giň iş otaglarynda, eýwanlarynda, näsaglar üçin niýetlenilen otaglarynda näsaglaryň oňaýlylygy hem-de lukmançylyk işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi, şol lukmançylyk işgärleri taýýarlygyň we hünäri ýokarlandyrmagyň ýörite okuwyny, şol sanda täze tehnikada işlemek baradaky okuwy geçdiler.

Bu babatda halkymyzyň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokarlandyrmak hakynda döwlet Baştutanynyň edýän aladasynyň, türkmen topragynyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belläp geçmeli.

Mysal üçin, birnäçe aý mundan öň, şu ýylyň awgustynda Bereketde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bilen önümçilik we medeni durmuş maksatly täze desgalaryň tutuş toplumy ulanylmaga berildi. Bu ýerde gurlan köp sanly desgalaryň hatarynda tikin we haly fabrikleri, Medeniýet öýi, çagalar bagy, umumy bilim berýän mekdep, ýaşaýyş jaýlary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy, söwda merkezi, 1000 abonent üçin telefon bekedi bilen poçta we telefon aragatnaşygynyň dolandyryş binasy, şeýle hem şäher häkimliginiň edara jaýy we myhmanhana bar.

Mundan başga hem Bereketde awtoulag kärhanasy döredildi. Onda häzirki zaman tehnikasynyň uly bölegi bar, şeýle hem awtoduralgaly täze awtowokzal guruldy. Etrabyň köp sanly täze gurluşyklarynda aýratyn isleg bildirilýän önümler bolan çagyly, ýuwlan çägäni, çagyl – çäge garyndylaryny, magdan däl gurluşyk materiallaryny “Bereket karýer müdirligi” atly täze kärhana öndürýär.

Täze demirýol lokomotiw deposy şäheriň iri kärhanasy boldy. Bereket bekediniň demirýolçularynyň gurulýan demirgazyk-günorta transmilli demirýolunyň esasy ulag çatryklarynyň biriniň wezipesini ýerine ýetirjekdigini aýratyn belläp geçmek gerek. Şol demirýol Ýewropa ýurtlaryndan Pars aýlagynyň portlaryna, Günorta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogara has gysga we amatly ugur bolar.

Lebap welaýaty

Şu gün “Watan” daýhan birleşiginiň Döwletabat geňeşliginde 240 orunlyk häzirki zaman çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze desga ähli ölçegleri boýunça ýurdumyzda kabul edilen ýokary bilim ülňülerine laýyk gelýär. Häzirki zaman çagalar şäherçesi, häzirki zaman timarlaýyş serişdelerini we gurnamalaryny peýdalanmak bilen özboluşly binagärlik görnüşinde guruldy we obanyň özgerýän keşbinde täze aýdyň bezeg boldy.

Bu ýerde ir bilen baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär, çagalaryň ruhubelent goşgulary, ýerli döredijilik toparlarynyň aýdymlary ýaňlanýar. Bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, obanyň köp sanly ýaşaýjylary bagtly çagalary jaý toýy bilen gutlamaga geldiler.

Çagalar bagynda ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Toplum öz aralarynda birleşdirilen iki gatly binalaryň üçüsinden ybaratdyr. Dürli ýaş toparlary üçin jaýlar körpelere öz gapylaryny myhmansöýerlik bilen açdylar, olaryň her birinde çagalaryň dynç almaklary we terbiýelenmekleri üçin ähli amatlylyklar göz öňünde tutuldy. Ajaýyp ýatylýan we oýun oýnalýan otaglar owadan hem-de ýumşak mebel bilen üpjün edildi, kiçeňräk naharhanalar göz öňünde tutuldy.

Täze oba çagalar bagynyň kompýuter we lingafon synp otaglary iň häzirki zaman tehnika we abzallar bilen üpjün edildi. Aýdym-saz hem-de sport zallary, üsti ýapyk suwa düşülýän howuz çagalaryň döredijilik hem-de beden ukyplaryny ösdürmek üçin niýetlenendir, lukmançylyk nokady bar.

Çagalar şäherçesiniň çäkleri abadanlaşdyryldy, yşyklandyryldy, bagy-bossanlyga öwrüldi, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezeldi. Bezegli tomusky eýwanlar, pawilýonlar we çäge dökülen ýerler bilen oýun oýnalýan meýdançalar körpelere uly şatlyk getirýär. Bu desga özbaşdak suw, ýylylyk we energiýa berýän ulgam bilen üpjün edildi.

Çagalar bagy “Döwlet daýanç” hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Onuň açylyş dabarasynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.