Ï Ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklar şugla saçdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklar şugla saçdy

view-icon 814
Şu gün ýurdumyzyň baş arçasynda söýgüli we uzak garaşdyrylan, jadyly hem-de syrly, şadyýan we hoşniýetli täze ýyl baýramçylygynyň basym geljekdigini habar berip, ýurdumyzyň baş arçasynda aýdyň yşyklar şugla saçdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança uly täze ýyl dabaralarynyň merkezi boldy, şol ýerde ýurdumyzyň iň belent owadan arçasy oturdyldy we hakyky ertekiler şäherçesi ýaýbaňlandy. Şu günden başlap bu ýerde meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň, teatr toparlarynyň, ýaş artistleriniň we elbetde, ertekileriň söýgüli gahrymanlarynyň gatnaşmagy bilen paýtagtymyzdaky esasy täze ýyl dabaralary geçiriler.

Aýdyň oýnawaçlar we monjuklar, jäjekler, çyralar we girlýandlar bilen bezelen baky ýaşyl öwüsýän owadan arçanyň ýanynda Aýaz baba we onuň agtygy Garpamyga garaşyp ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen ýaş türkmenistanlylar, halk döredijiligi hem-de tans toparlary, paýtagtymyzyň teatrlarynyň we Sirkiň owadan lybasdaky artistleri ýygnandylar.

Ajaýyp ahalteke bedewlerinde ýöriş edýän ezber jigitleriň ugratmagynda Aýaz babanyň, Gar pamygyň we olaryň dostlarynyň paýtuny Konstitusiýa binasyna gelýär. Baýramçylygy guramaçylaryň düzen ugry netijesinde bu dabara gatnaşyjylaryň hemmesi öz ýaş raýatlarynyň saglygyna, bilim we terbiýe almagyna, boş wagtlaryny gyzykly geçirmegine hem-de dynç almagyna türkmen döwletiniň Baştutanynyň ägirt uly üns berýändiginiň we şolar barada ýadawsyz alada edýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan türkmen paýtagtynyň täze desgalary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar.

Mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ajaýyp binalary, Döwlet gurjak teatry hem-de “Ertekiler dünýäsi” seýilgähi, “Çagalar dünýäsi” söwda dynç alyş merkezi we sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy türkmen paýtagtynyň ýaşajyk raýatlarynyň öz ertekilerdäki dostlary üçin geçiren syýahatynyň “maksatnamasyny” düzdi. Gelýän ähli ugry boýunça şadyýan täze ýyl ýörişini şatlyk bilen mübärekleýän türkmen paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary bu täsin baýramçylyga tomaşaçylar boldular.

Soňra ajaýyp karnawal ýurdumyzyň baş arçasynyň öňündäki meýdança goşuldy. Bu ýerde täsin ertekiler şäherçesinde açyk asmanyň astynda paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, sungat mekdepleriniň ýaş artistleriniň, şeýle hem bu söýgüli baýramçylyga öz döredijilik sowgatlaryny taýýarlan meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň hem-de çagalar tans toparlarynyň gatnaşmagy bilen şadyýan täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy. Owadan lybasdaky çagalar Aýaz babany we Gar pamygy şatlykly, göçgünli gutlag sözleri hem-de şadyýan aýdymlary bilen garşyladylar.

Ýaş türkmenistanlylaryň we dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Aýaz baba hem-de onuň ajaýyp hemrasy bolan Gar pamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkyna gelip ýeten Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollap, bagt hem-de saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda üstünlikleri arzuw etdiler. Olar çagalar hakynda ýadawsyz alada edýändigi, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirýärler.

Elbetde, çagalaryň arzuw etmegi boýunça we Aýaz babanyň jadyly taýajygynyň güýji bilen şugla saçan owadan arça şadyýan Täze ýyl çykyşlarynyň jemleýji pursaty boldy. Şondan soň biziň ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň esasy meýdançalarynda oturdylan täze ýyl arçalarynyň hemmesi täsin yşyklar bilen şugla saçdy, şol ýerde täsin Täze ýyl çykyşlary geçirilýär, goşgular hem-de aýdymlar ýaňlanýar, bagtly çagalar arçanyň daşynda şadyýan pyrlanýarlar. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ilkinji dabaralar Täze ýyly garşylamaga bagyşlanylan şadyýan aýdymlary ýerine ýetiren çagalar horunyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda uly konsert bilen tamamlandy.

Täze ýyly garşylamagy gaýtalanmajak we ýatda galýan çärä öwüren bu hakyky ertekiler baýramçylygy örän köp dürli çäreleriň ilkinji giň baýramçylyk maksatnamasy uly ýaşlylaryň hem-de çagalaryň hakydasynda uzak wagtlap galar.

Bütin ýurdumyzyň millionlarça teletomaşaçylary bu aýdyň baýramçylygy şaýatlary boldular.