Ï Neşekeşlige garşy göreş – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Neşekeşlige garşy göreş – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

view-icon 2503
Şu gün Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülgede Türkmenistanyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde üstünlikli amala aşyran birnäçe çäreleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdeleriniň uly möçberini ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi.

Ýurdumyzyň hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky Döwlet utgaşdyryjy toparynyň hem-de Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy tarapyndan guralan bu çäre biziň döwletimiziň we jemgyýetiň döwrüň howply wehimleriniň birine garşy göreşmekdäki aýgytly hereketiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Binäçe iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň wekilleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda 489 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri ýok edildi.

Berk daňylan haltalar we içi neşe serişdeli beýleki gaplar biri-biriniň yzyndan bu çäre üçin ýörite gurnalan peje düşýärler. Olar bu ýere ýygnananlaryň gözüniň alnynda 800-1000 dereje gyzgynlykdaky otda küle we tüssä öwrülýärler. Eger islese, çärä gatnaşyjylaryň her biri öz elleri bilen neşe serişdelerini ýanyp duran oda oklap bilýärler. Bu peçler halkara kadalaryna laýyklykda guruldy we olara düşen neşe serişdeleriniň doly ýok bolýandygy kepillendirilýär. Şeýlelikde, neşe serişdelerini ýok etmek çäresi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gözegçiligi astynda, ýola goýlan düzgüne laýyklykda geçirildi.

Bu ýere ýygnananlar çäräniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak we yzygiderli ösüşi üpjün etmek, howpsuz ýagdaýy döretmek boýunça ählumumy tagallalara öz mynasyp goşandyny goşmak ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip bellediler. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň neşeleriň bikanun dolanyşygyna ygtybarly böwet bolmk baradaky hereketini, ýurduň bu ugur boýunça işjeň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar diýlip bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýerli edaralaryň, lukmançylyk merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen ýygjam aragatnaşykda alyp barýan utgaşykly hereketleri özüniň aýdyň netijesini berýär diýlip aýdyldy. Bellenilişi ýaly, hususan-da, neşekeşlik bilen baglanyşykly jenaýatçylygyň derejesi, şeýle hem neşe serişdelerini ulanýan adamlaryň sany peselýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Türkmenistan adamzat üçin howply bolan bu wehime garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreşe işjeň gatnaşýar. Munuň özi dünýäniň köp döwletleri üçin mynasyp nusga bolup biler. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurtda neşekeşliga garşy göreşmek boýunça döwlet gullugy döredildi. “Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş we neşe hem-de psihotropik serişdelerine bagly bolan adamlara kömek bermek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyna” laýyklykda neşe serişdeleriniň getirilmeginiň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we neşekeşligiň öňyni almak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ygtyýarynda iň häzirki zaman tehnikalar we täze enjamlar bar. Ýurdumyzyň serhet we gümrük gulluklary döwrebap rentgen we kompýuter enjamlary, gözegçi gämiler, barlag-tehniki we beýleki ýörite serişdeler bilen üpjün edilýär. Tutuş ýurdumyz boýunça wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Oňa hukuk goraýjy edaralar bilen bir hatarda saglygy goraýyş, bilim ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni alýan sagdyn durmuş ýörelgesi barha köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan bu ugur boýunça Birleşen Milletler Guramasy

bilen ylalaşykly hereketleri işjeň alyp barýar. Biziň ýurdumyz 1961-nji, 1971-nji we 1988-nji ýyllarda BMG-niň kabul eden neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek baradaky halkara Konwensiýalarynyň üçüsine-de işjeň gatnaşýar. Bu babatda Türkmenistanyň BMG-niň neşeler boýunça 2012-2015-nji ýyllar üçin Komissiýasynyň hataryna girmegi örän ähmiýetlidir.

Neşe serişdelerini ýok etmek boýunça geçirilen çäre neşeleriň bikanun dolanyşygyna we olaryň üstaşyr geçirilmegine garşy göreşmekde türkmen döwletiniň, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň we tutuş jemgyýetimiziň bu nägehan wehime garşy göreşmekdäki tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu günki çärä gatnaşyjylar sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen, ählumumy howpa garşy durmagyň çäklerinde türkmen tarapynyň geçirýän asylly işlerine goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.