Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 653
Täze ýyl baýramçygynyň öňüsyrasynda Babadaýhan etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň Garawekil obasynda täze çagalar bagynyň ulanmaga berilmegi oba ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy. Oba çagalary üçin gapylaryny giňden açan çagalar bagynyň döwrebap binasynyň açylyş dabarasy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Bu ýerde Täze ýyl baýramy bilen utgaşyp giden şadyýanlyk höküm sürdi. Baýramçylyk görnüşinde bezelen iki gatly mermer binanyň öňündäki meýdançada dürli şarlar we täze ýyl oýnawaçlary bilen öwşün atýan arça ýygnananlaryň has-da keýpini göterdi. Bu ertekilerdäki köşklere gaýra dur diýýän binada, onuň körpeje eýeleri joşgunly çykyşlary bilen myhmanlary garşylaýarlar.

1,5 gektar meýdany eýeleýän bu çagalar şäherjigi özboluşly binagärlik görnüşi bilen barha özgerýän Garawekili obasynyň bezegine öwrüldi. 180 orunlyk täze mekdebe çenli çagalar edarasy üç binadan ybarat bolup, bilim we terbiýe beriş desgalarynyň iň häzirki zaman standartlaryna gabat gelmek bilen körpe nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine mümkinçilik berer.

Bu toplum milli äheňlerde bezelipdir, onuň daş-töweregindäki çäklerde oňaýly telärler, oýun meýdançalary gurlup, çagalar bolan söýgi bilen abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri hem oturdylypdyr. Çagalar bagynyň howlusynda diňe bir bezeg agaç nahallary däl, eýsem, miweli agaçlar hem ekilipdir.

Saglygyny berkitmek, sazlaşykly ruhy-estetiki terbiýe ýaly ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemegiň esasy ugry bolup, entek has kiçi ýaşlaryndaka çagalarda bedenterbiýe we sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy höwes döredilýär. Täze çagalar bagynda 8 topar bolup, giň ýatylýan otaglardan başga-da, dürli görnüşli oýnawaçlar we aň-düşünjäni ösdürýän esbaplar bilen üpjün edilen otaglar hem bar. Çagalar bagynyň okuw toplumy daşary ýurt dillerini öwretmäge niýetlenen kompýuter we lingafon otaglaryndan, häzirki zaman okuw enjamlary bilen abzallaşdyrylan mekdebe taýýarlaýyş synplaryndan ybaratdyr. Bu ýerde saz we çeper hünärmentçiligiň başlangyçlaryny öwrenmek, şeýle hem lukmançylyk otaglary göz öňünde tutulypdyr.

Häzirki zaman türgenleşik sport gurallary bilen enjamlaşdyrylan sport otaglary bu çagalar merkezinde esasy orny eýeleýär. Tomusky we gyşky ýüzülýän suw howdanlary, ýapyk gimnastika otagy, ylgaw we welosiped ýodajykly açyk meýdançalar körpeleri begendirdi.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak meselelerine hemişe üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklar beýan etdiler. Ýurdumyzyň ähli beýleki çagalary ýaly, milletiň Lideriniň aladasy bilen gurşalyp alnan körpe garawekilliler üçin ajaýyp sowgat bolan çagalar bagy eziz Diýarymyzyň her bir ýaşajyk raýatynyň bagtly çagalygyny üpjün etmek baradaky wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu çagalar edarasy şu ýyl Babadaýhan etrabynda körpeler üçin gurlan täze binalaryň ikinjisidir. Öň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň bellenýän günlerinde etrap merkezinde çagalar bagy ulanmaga berildi.

Şanly waka mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.