Ï Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze jaý toýlary tutulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze jaý toýlary tutulýar

view-icon 743
Däp bolşy ýaly, täze ýylyň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyz boýunça täze jaý toýlary giňden we şatlykly ýagdaýda bellenilýär. Şu gün Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda täze jaý toýlary tutulýar. Ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi hakykatdan-da baýramçylygyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgada öwrüldi. Bu jaýlara Gurtly obasyndaky maşgalalaryň 56-sy göçüp bardy.

Ak mermer bilen örtülen hem-de degişlilikde 24 we 32 öýlerden ybarat bolan 4 gatly ýaşaýyş jaýlary paýtagmyzy Ruhabat etraby bilen baglanyşdyrýan Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda döredilýän täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň çäklerinde bina edildi. Bular ýurdumyz boýunça üstünlikli amala aşyrylýan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde şu ýerde yzygiderli we çalt depgin bilen gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ikinji nobatdakysydyr.

Etrabyň durmuş düzümine degişli bolan beýleki köp sanly binalar ýaly, şu täze ýaşaýyş jaýlary hem “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 4-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan guruldy, şonda döwrebap gurluşyk we timarlaýyş materiallary ulanyldy. Döwrebap binagärlige laýyklykda gurlan jaýlarda dört sany girelge bar, şolarda üç we dört otagly öýler bolup, täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baranlar üçin oňaýly ýaşaýyş şertleri döredilipdir. Giň, ýagty otaglar asma potoklydyr, pollara parket düşelipdir, aşhana we beýleki otaglar amatly ýerleşdirilipdir, otaglar owadan we döwrebap mebel, täze durmuş tehniki enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Şu gün ulanmaga berlen dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň tutuş birinji gatynda dükanlaryň hem-de ilata dürli görnüşdäki durmuş hyzmatlaryny hödürleýän serwis salonlarynyň toplumy, şeýle hem dermanhana, ýerli aragatnaşyk bölümi ýerleşdirilipdir.

Ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi-de ulanmaga berilýän ähli döwrebap binalar ýaly, sowatmak we ýylatmak boýunça merkezleşdirilen ulgam bilen üpjün edilipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda çagalar üçin üsti açyk oýun meýdançalary, dabaralary we beýleki jemgyýetçilik çäreleri bassyrmanyň aşagynda geçirmek üçin niýetlenen ýer, awtoulaglar üçin duralgalar bar. Ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyryldy, bu ýerlerde agaç nahallary oturdyldy we yşyklandyryldy.

Häzirki eýýamda uly möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän we baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen ak mermerli ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi bilen bagly dabaralar ruhubelent ýagaýda geçirildi, bu dabaralara welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň wekilleri, ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk sözlerini aýtdylar. Hut döwlet Baştutanynyň tagallasy bilen, ýurdumyzda durmuşy ugur edinýän döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, şol syýasatyň esasy maksady bolsa, halkymyzyň adadançylygyndan hem-de ata Watanymyzyň ösüşinden we rowaçlygyndan ybaratdyr.

Dabaranyň çäklerinde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmeginiň şanyna, Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.