Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 611
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri, hususan-da, Diýarymyzyň obalaryny düýpli özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmek babatda welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy şu günki göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatynyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz öňi bilen Ahal welaýatynyň häkimi D. Myratberdiýewiň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň durmuşa geçirilişi, hususan-da, welaýatda Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýtdy we welaýatyň çäginde gurluşygyna badalga beriljek döwrebap obanyň hem-de şäheriň gurluşygynyň taslamasy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky meselä ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz täze guruljak ýaşaýyş jaý toplumynyň, täzeden guruljak Abadan şäheriniň gurluşygyna badalga bermek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan hem başga hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş ulgamy bilen baglanyşykly meselelerini çözmek, olaryň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S. Satlykowy çagyrdy. Häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň sebitde ýaşaýyş-durmuş hem-de senagat düzümini ösdürmäge degişli beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy hem-de obalary özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olarda gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyna ykjam taýýrlyk görülmelidigini, bazarlarda, dükanlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlygyň çäklerinde düzülen medeni maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň çäginde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz obalary özgertmek, ilatyň agyz suwy, elektrik togy bilen üpjünçiligi babatda alnyp barylýan işleriň talaba laýyk guralmalydygyny belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ý. Ýaýylow çagyryldy. Häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy, şeýle hem obalary düýpli özgertmek maksady bilen toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralar hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny bellemek bilen, Watanymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny, gülläp ösüşini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen gazanylýan üstünlikler has-da berkidilmelidir diýip aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde tertip-düzgüniň ýokary derejede üpjün edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işlemekleri boýunça anyk tabşyryklary berdi.



Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K. Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda, şol sanda oba hojalyk pudagynda welaýat boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim täze desgalaryň gurluşygyna görülýän taýýarlyk, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sebitdäki obalary düýpli özgertmek boýunça alnyp barylýan çäreler hem-de Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işlere ünsi çekip, sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň göwnejaý alyp barmak, täze hasylyň düýbüni tutmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň degişli düzümleriniň ýerlerde bolup, ilatyň hal-ýagdaýyny, arzuw-isleglerini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygy barada anyk tabşyryklary berdi. Mundan hem başga döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, ilatyň baýramçylyk saçaklarynyň ähli zerur bolan önümler bilen doly üpjün edilmelidigini nygtady.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şäheriň ulag-aragatnaşyk we beýleki durmuş ulgamlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýörite düzülen meýilnama laýyklykda ähli zerur bolan çäreleri durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler babatda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda binagärlik-şäher gurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, şäher ilaty üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ähli amatlyklary döretmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda ýşaýyş jaýlaryny, köçeleri abadanlaşdyrmak, täze seýilgäh zolaklaryny döretmek, arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek, ýaşlary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmek ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň möhüm bölegi bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Täze ýyl baýramçylygyny göwnejaý geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy. Mundan hem başga milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şäheriň bezeg işlerine, paýtagtymyzyň dürli öwüşginli yşyklandyrylyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtap, göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemledi we şu günki seredilen meseleleleriň möhümdigini aýtdy we şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň ähli babatda mynasyp durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işde uly üstünlikller arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.