Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň söwda we senagat ministri jenap Anwar-ul-Hak Ahadini kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda köp ugurly döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdi we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň salamyny ýetirdi. Belent mertebeli myhman öz gezeginde döwlet Baştutanymyzy Täze, 2012-nji ýyl bilen gutlady, doganlyk türkmen halkyna bolsa bagt, abadançylyk, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk owgan halkyna Owganystanyň ykdysady taýdan täzeden galkynmagynyň girewi bolup durýan parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze üstünlikler arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan goňşy ýurtda raýat ylalaşygynyň ýola goýulmagynyň tarapdary bolmak bilen, mundan beýläk-de owgan halkynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara bileleşiginiň oňyn tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny belledi we bu babatda biziň döwletimiziň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we gumanitar usullaryň ulanylmagyny ugur edinýändigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, owgan halkynyň içerki gapma-garşylygynyň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini esasy öňe süren döwletleriň hatarynda bolmak bilen, Türkmenistan şu ýyllaryň dowamynda özüniň günortadaky goňşy ýurdunyň parahatçylykly, döredijilikli durmuş esaslarynyň pugtalandyrylmagyna we durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine yzygiderli kömek berip gelýär. Türkmenistan bu ýurda ýeňillikli bahadan elektroenergiýany iberýär, senagat we durmuş ähmiýetli desgalary gurýar, Owganystanyň serhet ýakasyndaky ilatyna yzygiderli ynsanperwerlikl kömegi berýär.
Anwar- ul-Hak Ahadi berilýän hemmetaraplaýyn kömek, şeýle hem owgan meselesiniň oňyn çözülmegine täzeçe çemeleşmeleri teklip edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi, ol teklipler türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem myhman Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde geosyýasy deňeçerligiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginde möhüm ugur bolup durýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berilýändigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň söwda we senagat ministri iki ýurdyň däp bolan dostluk we hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassykladylar hem-de soňky ýyllarda öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna taýýardygyny nygtadylar. Milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri hakynda bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady pudagy, elektroenergetika, ulag, medeni-gumanitar ulgamlary, şeýle hem başga-da birnäçe pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler we bu babatda giň mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.
Ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklar, has takygy bolsa iki tarapyň pikiri boýunça tutuş sebit üçin möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek söhbetdeşligiň esasyny düzdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berditmuhamedow hem-de Owganystanyň söwda we senagat ministri Anwar-ul-Hak Ahadi hoşlaşanlarynda türkmen we owgan halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyrýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.
Duşuşyga Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi hem gatnaşdy.